+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Habarlar

Hormatly Türkmenistanyň raýatlary Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygy bilen gutlaýarys!

Garaşsyzlyk-bu Türkmenistanyň özbaşdak, özygtyýarly döwletdiginiň subutnamasydyr.

Her bir adamyň aňynda Garaşsyzlyk Watan gymmatlygyny kemala getirýän, iň mukaddes baýram hökmünde şöhlelenýär.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna 25 ýyl!

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna 25 ýyl!

Garaşsyz Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda esaslandyrylan—asyryň bir çärýegini, ýagny 25 ýylyny arka atan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy üçin bu gün—2017-nji ýylyň 18-nji awgusty ajaýyp günleriň biridir. Bu gün guramamyzyň işine badalga berlen,  ätiýaçlandyryş ulgamynyň esaslandyrylmasy hasaplanýan günidür.

Iri töwekgelçilikleri ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň düzüminde iri töwekgelçilikleri ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş bölümi hereket edýär, bu bölümiň işi iri töwekgelçilikleri ygtybarly ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmeklige gönükdirlendir. 

Ätiýaçlandyryş-bähbitli hyzmatdaşlyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlary bilen bir hatarda ätiýaçlandyryş işi hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Ätiýaçlandyryşyň hut özi ätiýaçlandyrýanlary maliýe we durmuş babatynda düýpli özgermelerden, dürli tebigy hadysalardan we betbagtçylyklardan, ekologiki taýdan zyýanly önümçiliklerden goramaga ukyply serişdeleriň birine öwrülýär.
Hormatly raýatlar we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary!

Hormatly raýatlar we edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary!

Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyryş polislary resmileşdirmegiňizi Size ýatladýarys.

Hormatly ene-atalar! Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Siziň okuwçy çagalaryňyzy betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin çagyrýar