+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

     Her birimiziň göwnümizdäki mukama, dilimizdäki dessana öwrülen Garaşsyz we Baky Bitarap Watanymyz Beýik Ýüpek ýolunyň uly çägini öz içine alýar. Muňa Türkmenistanyň her bir welaýatynda Beýik Ýüpek ýolunyň geçendigine we onuň yzlaryna şaýatlyk edýän gadymy kerwensaraýlar, söwda merkezleri subutnamadyr. Ýurdumyzyň her welaýatynda Beýik Ýüpek ýolunyň yzlaryna degişli taryhy ýadygärlikler Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň merkezidigine güwä geçýär. Şeýle geografiki amatlyk esasynda Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen 2018-nji ýylyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip bellenilmegi halkymyzy begendirdi we buýsandyrdy.

     2018-nji ýylda – geljekde Beýik Ýüpek ýolunyň uly çägindäki Diýarymyzy gülletmek, eşretli geljege ýetirmek, ykdysady ösüşler bilen özgertmek üçin Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işgärleri özleriniň güýjini gaýgyrman, halal zähmeti, ätiýaçlandyryş ulgamyndaky alyp barýan işleri bilen uly goşant goşarlar.