+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Hormatly Türkmenistanyň raýatlary Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramçylygy bilen gutlaýarys!

Garaşsyzlyk-bu Türkmenistanyň özbaşdak, özygtyýarly döwletdiginiň subutnamasydyr.

Her bir adamyň aňynda Garaşsyzlyk Watan gymmatlygyny kemala getirýän, iň mukaddes baýram hökmünde şöhlelenýär.

Garaşsyzlyk baýramynyň 26 ýyllygynyň Türkmenistany bütin dünýä tanadan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen 2017-nji “Sagdynlyk we ruhubelentlik” ýyly bilen gabat gelmegi özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Garaşsyzlygyň beren bagty hasaplanýan Baky Bitaraplygy, V Aziýa oýunlaryny özünde jemleýän Garaşsyzlyk Türkmenistanyň abraýyny ýene bir gezek arşa ýetiren baýramdyr.

Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ildeşlerimizi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň adyndan gyzgyn gutlaýarys. Sagdynlygy we ruhubelentligi esasy ýörelge edinen mähriban halkymyzyň elmydama asudalygynyň, agzybirliginiň nyşany hasaplanýan  Garaşsyzlygy  eşretli durmuşymyzyň esasy bolup ýaşasyn!

Mähriban halkymyza we Hormatly Prezidentimize ähli zadyň seresi bolan jan-saglygy, rowaçlygy, ýurt parahatçylygyny arzuw edýäris.