+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna 25 ýyl!

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna 25 ýyl!

Garaşsyz Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda esaslandyrylan—asyryň bir çärýegini, ýagny 25 ýylyny arka atan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy üçin bu gün—2017-nji ýylyň 18-nji awgusty ajaýyp günleriň biridir. Bu gün guramamyzyň işine badalga berlen,  ätiýaçlandyryş ulgamynyň esaslandyrylmasy hasaplanýan günidür.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy adamlaryň saglygyndan başlap, olaryň, şeýle hem, döwlet emlägine çenli ätiýaçlandyryp goramakda,  goldamakda abadançylygy paýlaýan,  adamlary ygtybarly gorag we howpsuzlyk bilen üpjün edýän, jemgyýetiň gelejege ynamly garamagyna mümkinçilik döredýän gurama hökmünde kemala geldi.  

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işgärlerine peşgeş berlen täze bina üçin, Hormatly Prezidentimize alkyşlarymyzyň, begenjimiziň çägi ýok. Bu täze binanyň berilmegi guramamyzyň esaslandyrylmagynyň 25 ýyllygy we Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň ýyly bilen gabat geldi. Guramamyzyň täze binasy Hormatly Pezidentimiz tarapyndan berlen toý sowgadydyr. Şeýle Şa serpaýy geljekde ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş ulgamynyň işiniň has öňe  we uzak gitmegi, abraýynyň galmagy üçin  guramamyzyň  her bir işgäriniň has işjeň işlemegine, müşderiler bilen agzybir gurşawy saklamagyna ýardam berýär.

Hormatly PrezidentimiziňTürkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna işlemekde ähli şertleri döredip berýändigi, ýurdumyzy ösdürmek, eşretli geljek üçin alyp barýan döwlet ähmiýetli, halk bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn, jany sag, ömri uzak bolsun!

Hormatly Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işgärleri! Guramamyzyň işiniň has ilerläp ösmegi üçin halkymyza ätiýaçlandyryş hyzmatlaryny wagyz etmekde, ätiýaçlandyryş işlerini alyp barmakda  her biriňiziň öz mynasyp goşandyňyzy goşmagyňyzy, maşgala abadançylygyny, Size berk jan-saglyk,  yurt parahatçylygyny arzuw edýäris.