+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş

Biz kimi ätiýaçlandyrýarys?

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Türkmenistanyň fiziki we ýuridiki şahslary bilen Türkmenistanda hasaba alnan we onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridiki şahslary, olaryň şahamçalaryny we wekilhanalaryny goşmak bilen, şeýle hem, Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtlaryň fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlary bilen Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýar.

Ätiýaçlandyryş ätiýaçlandyrýanyň öz peýdasyna, şeýle-de, üçünji şahsyň peýdasyna geçirilip bilner.

Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrylan şahs daşary ýurda gelende, duýdansyz kesellemegi ýa-da betbagtçylykly hadysanyň bolup geçmegi bilen baglanyşykly talap edilýän gyssagly saglygy goraýyş kömegi, şeýle hem, oňa gerek bolanda saglygy goraýyş awtoulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýär.

Biz nämäni ätiýaçlandyrýarys?

 Ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletinde, ätiýaçlandyryş çägine gelen wagtynda bolup geçen ätiýaçlandyryş halaty netijesinde onuň ömrüne ýa-da saglygyna zelel ýetirilmegi bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar:

-betbagtçylykly hadysa – ätiýaçlandyryş çägine gelen wаgtynda ätiýaçlandyrylan şahs bilen ýüze çykyp biljek islendik duýdansyz ýa-da çak edilmeýän wakanyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna zelel ýetmegi ýa-da onuň aradan çykmagy;

-duýdansyz kesellemek – ätiýaçlandyrylan şahsyň beden ýagdaýynyň öňünden duýulmadyk islendik ýagdaýdaky üýtgemesiniň ýüze çykmagy, ätiýaçlandyryş çäginde bolup geçýän we saglygy goraýyş edarasynda ýa bolmasa oňa hususy lukmançylyk iş tejribesi bilen meşgullanmaga döwlet tarapyndan berlen rugsatnamanyň çäklerinde işleýän lukmandan gyssagly saglygy goraýyş kömegini almagyň zerurlygyny ýüze çykarýan ýagdaý.

 Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagyň tertibi

Ätiýaçlandyryş şertnamasy Türkmenistanyň çäklerinden daşyna anyk gidişlik (syýahat, iş sapary, okuw, sport ýaryşlary we beýlekiler) üçin baglaşylýar.

Haçanda ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryş çägine giren pursatynda ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilýän möhletiniň hereketi başlanýar we onuň ätiýaçlandyryş çägini goýup giden pursatynda ätiýaçlandyryş hereketi bes edilýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy Türkmenistanyň çäklerinden daşynda ätiýaçlandyryş çäklerinde işlenilen we dynç alnan wagty, işewürlik bilen sapar bolan wagty, dynç almak maksady bilen gezelenç edilen mahaly, okuwa gidilen mahaly we sport ýaryşyna gatnaşmak üçin gidilen mahaly bir gije-gündizde 24 sagatlap hereket edýär.

Ätiýaçlandyryş polisini baglaşmak üçin haýsy resminamalar gerek?

1)   Türkmenistanyň raýatynyň daşary ýurda gitmek üçin ulanýan pasportynyň asyl nusgasy we göçürmesi (Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyrylan şahs bolmadyk ýagdaýynda Türkmenistanyň raýatynyň döwlet pasportynyň asyl nusgasy we göçürmesi gerek)

2)   Ätiýaçlandyrýan 18 ýaşa ýetmedik ýagdaýynda, ynanç hatynyň asyl nusgasy we göçürmesi.

3)   Arza

 Ätiýaçlandyryş pul möçberi

Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna zelel ýetirilmegi bilen baglanyşykly gyssagly saglygy goraýyş kömegini etmek baradaky çykdajylaryň, oňa öwezini doluş tölegini tölemek boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (jogapkärçilik çäginiň) möçberi ätiýaçlandyryjynyň we ätiýaçlandyrýanyň arasyndaky ylalaşyk boýunça bellenilýär.

Ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň möçberi

Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletinde—ätiýaçlandyryş çäginde, ýagny ätiýaçlandyryş halaty netijesinde saglygy goraýyş edarasynyň görkezmesi boýunça zerurlyk ýüze çykanda, ätiýaçlandyrylan şahsa geçirilen gatnaw bejergi we hassahana ýerleşdirmek üçin saglygy goraýyş hyzmatlarynyň çykdajylaryny tölemegi kepillendirýär.

Ätiýaçlandyryjy saglygy goraýyş kömeginiň şu aşakdaky görnüşleri boýunça çykdajylaryň öwezini dolýar:

  • saglygy goraýyş taýdan gözden geçirmek we bejermek, şol sanda hassahanada ýatymlaýyn bejermek (haçanda näsagyň ýagdaýy ony raýatlygy bolan ýa-da hemişelik ýaşaýan ýurduna ibermäge mümkinçilik berýänçä);

  • gyssagly ýagdaýda hirurgiki taýdan gatyşmak we bejermek;

  • göwreliligiň 28 hepdeden köp bolmadyk möhletinde gyssagly ginekologiki we akuşerlik kömegi;

  • lukmanyň ýazyp beren zerur bolan dermanlaryny satyn almak;

  • ýiti diş agyrysy mahaly gyssagly stomatologiki kömek.

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) - ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş boýunça kabul edilen töwekgelçilikleriň ýerine ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan beýleki şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja tölenilýän pul möçberidir.

Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş pul möçberi kesgitlenen pul birliginde tölenilýär.

Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) bir wagtda nagt pul serişdesinde ýa-da nagt däl hasaplaşyk ýoly bilen ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda tölenýär. Töwekgelçiligiň derejesine (sport türgenleri, adamyň ýaşy we ş.m.) baglylykda ätiýaçlandyryş gatanjy (baýragy) boýunça ýokarlanýan koeffisiýentler ulanylyp bilner.

Ätiýaçlandyryş halaty

Ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilýän möhletinde, ätiýaçlandyryş çägine gelen wagtynda bolup geçen şertlerde duýdansyz kesellemegi, betbagtçylykly hadysa uçramagy, şeýle hem, aradan çykmagy ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär.

Ätiýaçlandyrylan şahs (onuň aradan çykan halatynda – mirasdarlar) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny we ätiýaçlandyryjynyň öwezini dolmaga degişli çekilen çykdajylarynyň möçberini subut etmäge borçludyr.

  •  Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan haýal etmän, ätiýaçlandyryş polisinde görkezilen hyzmat ediji kompaniýanyň belgisine jaň etmeli
  • Ätiýaçlandyrylan şahs barada maglumatlary, onuň ätiýaçlandyryş polisiniň belgisini, bolup geçen waka barada giňişleýin habar bermeli, ätiýaçlandyryş halaty boýunça ähli resminamalary üpjün etmeli we bejergi, dermanlary satyn almak, daňy serişdeleri boýunça harajatlaryň hasaplamalaryny almaly.

Ätiýaçlandyryjy şular üçin ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boşadylýar we jogapkärçilik çekmeýär:

  • öňüni alyş barlaglarynyň islendik görnüşleri, bilermen görkezijileri bolmazdan barlaglar, umumy lukmançylyk gözden geçirmeleri, öňüni alyş alamatlary (sanjym), hassahana ýerleşdirmek bilen baglanyşykly çykdajylar üçin;

  • 28 hepdeden köp möhletdäki göwrelilik mahaly çaga dogrulmagy, göwreliligiň çylşyrymlaşmagy, onuň getirýan netijeleri bilen baglanyşykly çykdajylar üçin, şeýle hem, göwreliligiň togtadylmagy bilen baglanyşykly çykdajylar üçin;
  • öňüni alyş çäreleri, ýörite iýmit, şypahanada bejergi üçin;
  • howply täze dörän çişleri, şeýle hem, şolar bilen şertlenen çylşyrymlaşmalary, şol sanda, çiş häsiýetli ganyň keselini, gemofiliýany, orak görnüşli-öýjükli gan keselini, nerw merkeziniň ulgamynyň ähli çişlerini bejermek üçin;
  • beterlemek tapgyryndan daşary dowamly keseller bilen baglanyşykly saglygy goraýyş hyzmatlary üçin;
  • dowamly keselleriň netijeleri we çylşyrymlaşmagyny gyssagly saglygy goraýyş kömegine degişli bolman, bejerilen ýagdaýlary üçin;
  • jynsy ýollar bilen geçýän keselleri bejermek, immun ýetmezçiliginiň wirusy, WIÇ goşaňda we onuň getirýän netijeleri bilen baglanyşykly çykdajylar üçin;
  • sözenek keselleri bejermek we öňüni almak üçin;
  • süýji keseli bilen baglanyşykly çykdajylar üçin;
  • ruhy keselleri, ýa bolmasa ýüze çykarylmagynyň möhletine garamazdan, akyl taýdan üýtgemeleri bejermek üçin;
  • kliniki görnüşine we dowam etmeginiň tapgyryna garamazdan, inçekesel, polimiolit, neýroýokanç, adaty däl pnewmoniýa wirusy, gyrgyn, mergi, örgünli garahassa ýaly ýokanç keselleri we olaryň getirýän netijelerini bejermek üçin we wagtynda sanjym geçirmek bilen olaryň öňüni almak üçin;
  • immunirlemegi geçirmek üçin;
  • fotodermatidi bejermek üçin;
  • çuň mikozlary, psoriazy bejermek üçin;
  • himiki, fiziki, biologiki sebäpleriň, senagat tozanynyň, aýry-aýry synalara we ulgamlara artyk agram düşmeginiň täsiri bilen baglanyşykly hünär kesellerini bejermek üçin;
  • semremegi ýa-da adamyň bedeniniň agramynyň üýtgemegini hirurgiki taýdan bejermek, adam bedenini modifikasiýalaşdyrmak üçin;
  • eger munuň özi ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýän möhletinde betbagtçylykly hadysa netijesinde alnan şikesi bilen şertlenmedik bolsa, plastiki/kosmetiki, dikeldiş we meýilnamalaýyn hirurgiýa bilen baglanyşykly çykdajylar üçin;
  • eger munuň özi beden taýdan zelel ýetmegine getiren we saglygy goraýyş kömegini talap edýän betbagtçylykly hadysa ýüze çykan mahaly lukman tarapyndan öň maslahat berlen sazlaýjy saglygy goraýyş enjamlaryny ýa-da esbaplaryny çalyşmak bilen baglanyşykly bolmasa, sazlaýjy saglygy goraýyş enjamlaryny ýa-da esbaplaryny (äýnekler, eşidiş abzallary, eşidiş gurallary, kontakt linzalary, protezler) satyn almak (taýýarlamak), abatlamak üçin;
  • islendik görnüşdäki protezlemek, adamyň beden agzalarynyň we (ýa-da) dokumalarynyň transplantasiýasyny (oturdylmagy) başga ýere geçirmek üçin;
  • öz-özüňi öldürmäge, bilkastlaýyn beden agzalaryna zelel ýetirmäge synanyşygyň, alkogolly içgileri, neşe serişdelerini sarp etmegiň getirýän netijeleri üçin;
  • ätiýaçlandyrylan şahsyň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna gönükdirilen ýa bolmasa onuň ýüze çykaryp getiren bilkastlaýyn hereketleri üçin (zerur goranyş ýagdaýynda amala aşyrylan hereketler muňa girmeýär);
  • ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň ýa-da radioaktiw zäherlenmäniň, harby hereketleriň, raýat urşunyň, halk hereketleriniň, köpçülikleýin topalaňlaryň, heläkçilikleriň, terrorçylyk hereketleriniň täsirinden ýüze çykan zelel ýetmegi ýa-da onuň aradan çykmagy üçin;
  • haçanda olar ýerli bejergä laýyk gelýän we syýahaty dowam etdirmäge päsgel bermeýän, kesel bilen kesellän ýa-da zelel alan halatynda hemişelik ýaşaýan ýurduna gitmegi üçin;
  • daýwing, suw lyžasy, suw motosikl, motoçapyşyk, awtoçapyşyk, tramplinden suwa bökmek, paraşýutdan bökmek ýaly güýmenjeleriň has dartgynly görnüşleri bilen meşgullanmak netijesinde alnan zelel üçin;
  • eger syýahat ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna ýaramaýan bolsa we/ýa-da bar bolan keselini güýçlendirýän bolsa (onuň ýitileşmegine sebäp bolsa), ätiýaçlandyrylan şahsyň olar barada bilendigine we şolar boýunça bejergi geçirilendigine ýa-da geçirilmändigine garamazdan, şeýle hem, ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilýän möhletiniň we/ýa-da ätiýaçlandyryş çägine gitmegiň başlanmagyna çenli bar bolan keselleri bejermek ýa-da zerur bejermek üçin;
  • ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilýän möhletiniň hereketi başlanmazyndan öň, ätiýaçlandyrylan şahsa mälim bolan dowamly kesel ýa-da kesel sebäpli satyn alnan dermanlar üçin, uzak möhletli işe ukypsyzlygyň öňüni almak üçin, halas ediş ýa-da hökmany saglygy goraýyş taýdan gatyşylýan halatlar muňa girmeýär;
  • hassahana, lukman ýa-da şepagat uýasy tarapyndan edilýän hyzmatlar üçin, şolarda kesel anyklaýşy ýa-da bejergi bellemek üçin zerurlyk ýok we/ýa-da olara ýiti däl häsiýetdäki kesel ýa-da ýeňil zelel ýetmek ýüze çykan mahaly kömek edilmegi üçin;

  • meýilleşdirilen operasiýalar we şolar boýunça ýiti zerurlyk ýok bolan operasiýalar üçin;

  • maşgala agzalary we ýakyn dogan-garyndaşlary tarapyndan ideg edilmegi we bejerilmegi üçin;
  • duýdansyz kesellenilmegi, zelel ýetmegi bilen baglanyşykly bolmadyk saglygy goraýyş anyklamasy we gözden geçirilmesi üçin;
  • ätiýaçlandyrylan şahs tarapyndan uçýan abzallary (uçar, dikuçar, deltaplan we ş.m.) dolandyran mahaly bedene zelel ýetmegini bejermek üçin;
  • hünär işi bilen ýüze çykan betbagtçylykly hadysanyň getirýän netijesini bejermek bilen baglanyşykly hyzmatlar üçin;
  • ýörite stomatologiki bejergi, äňiň ortopediýasyny, dişiň ortodontozyny bejermek, diş kanallaryny aýyrmak, koronkalary we köprüleri goýmak üçin;
  • däp-dessur hyzmatlary we jaýlamak boýunça çykdajylar üçin;
  • gyssagly hassahana ýerleşdirmek we gyssagly saglygy goraýyş kömegini etmek bilen baglanyşykly bolmadyk saglygy goraýyş awtoulag çykdajylary üçin

Jesetleri ibermek

Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda:

  • ätiýaçlandyrýan barada habar bermeli;

  • ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş halaty boýunça gerekli resminamalary bermeli.

Şu ýagdaýda ätiýaçlandyryjy hyzmat ediji kompaniýanyň üsti bilen ätiýaçlandyrylan şahsyň jesediniň iberilmegi üçin hemme zerur çäreleri görer we/ýa-da raýatlygy bolan ýa hemişelik ýaşaýan ýurdunda jaýlamak, çak edilýän has ýakyndaky howa menziline eltmek üçin edilen çykdajylary töleýär, munuň özi, şol sanda, jesedi kesip öwrenmek we oňa güwä geçmek, halkara gatnatmalary üçin talap edilýän tabyt hem-de jesediň galyndylaryny jaýlanylýan ýurdundaky howa menziline eltmek üçin çykdajylary hem öz içine alýar.

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu halatlarda bes edilýär:

  • hereket edýän möhleti geçende;

  • ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalar doly möçberde ýerine ýetirilende;

  • şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenmedik ýagdaýynda.