+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Sorag-jogap


Ätiýaçlandyryjy – bu ätiýaçlandyryş guramasy, Siz bolsa Ätiýaçlandyrýan.

Bolýar. Şertnama bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş baýragy ýyllyk ätiýaçlandyryş baýragyndan aşakdaky ýaly möçberlerde hasaplanylýar:

1 aý möhlete ätiýaçlandyrylanda – 20%,  2 aýa – 30%,  3 aýa – 40%,  4 aýa – 50%, 5 aýa – 60%, 6 aýa – 70%, 7 aýa – 75%, 8 aýa – 80%, 9 aýa – 85%, 10 aýa – 90%, 11 aýa – 95%.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekili bu hakda Ätiýaçlandyryja dessine ýazmaça habar bermelidir.

Ýok, bes edenok. Ätiýaçlandyrylan emläge bolan eýeçilik hukugy başga bir şahsa geçen ýagdaýynda ätiýaçlandyryş şertnamasy, ätiýaçlandyryş guramasy bilen ylalaşylandan soň, emläge eýeçilik hukygy geçen adama gaýtadan resmileşdirilip bilner.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy 1 ýyl möhlete baglaşylýan bolsa, Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş baýragyny 2 möhletde: 50%-ini şertnama baglaşanda we 50%-ini şertnama güýje girenden soň 3 aýdan gijä galman töläp biler.

Ol barada ätiýaçlandyryş guramasyny dessine mälim etmeli, resminamalaryň dublikaty alnan ýagdaýynda bolsa, olaryň maglumatlaryny ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Bolar. Her bir ätiýaçlandyryş obýekti boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi taraplaryň ylalaşygy esasynda bellenilýär.
Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli resminamalar alnandan soň ýedi günüň dowamynda tölenilýär.
Franşiza – umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy Ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär.
Şertli franşiza bellenilende Ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Hökmany franşiza bellenende Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär.
Daşary ýurtlara gidýän raýatlaryň saglygynyň meýletin ätiýaçlandyryşynda Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy wagtyndan öň ýatyrylsa, Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň geçmedik döwri üçin ätiýaçlandyryş gatanjyny (baýragyny) dolulygyny gaýtaryp berýär.
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy – polis ýitirilen halatynda Ätiýaçlandyrýana onuň ýazmaça arzasy esasynda dublikat berilýär, ondan soň ýitirilen polis bolsa güýjüni ýitiren hasap edilýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryş gatanjy (baýragy) tölenen wagtyndan baglaşylan hasap edilýär.

“Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň kanunynda ulanylýan esasy düşünjeler

  • bähbit görüji– Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
  • bilelikde ätiýaçlandyryş – ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça birnäçe ätiýaçlandyryjylar tarapyndan bir wagtda ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriniň (jogapkärçiliginiň) kabul edilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan iş we onuň bilen baglanyşykly gatnaşyklar, şunda olaryň jogapkärçiligi öz aralarynda baglaşylýan bilelikde ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda paýlanylýar;
  • ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;
  • ätiýaçlandyryjy– ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we şu Kanun esasynda ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolupdurýar;
  • ätiýaçlandyryş wekili –berlen ygtyýarlyklara laýyklykda ätiýaçlandyryjynyň adyndan we onuň tabşyrygy bilen, ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak boýunça araçylyk işini amala aşyrýan, Türkmenistanyň fiziki ýa-da ýuridik şahsy;
  • ätiýaçlandyryş dellaly – degişli ygtyýarnamanyň esasynda ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş meseleleribarada maslahat beriş hyzmatlary boýunça işi, şeýle hem öz adyndan we ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) tabşyrygy boýunça ätiýaçlandyryş we (ýa-da) gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak boýunça araçylyk işini amala aşyrýan, Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy;
  • ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) – Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipdeätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;
  • ätiýaçlyk gorlary– ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) matematika statistikasynyň hasaplamalary esasynda baha berilýän hereket edýän ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamalary boýunça borçnamalary;
  • ätiýaçlandyryşyň görnüşi – ätiýaçlandyryjy tarapyndan işlenip taýýarlanylýan we ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak arkaly hökmany (döwlet) we meýletin (döwlet däl) ätiýaçlandyryşyň çäginde ätiýaçlandyrýana berilýän ätiýaçlandyryş önümi;
  • ätiýaçlandyryş halaty – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;
  • ätiýaçlandyryş kadalary – ätiýaçlandyryjy tarapyndan tassyklanylan we ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara bilen ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga tertipde ylalaşylan, ätiýaçlandyryşyň belli bir görnüşi boýunça ätiýaçlandyryşyň şertlerini kesgitleýän kadalaşdyryjy hukuk resminamasy;
  • ätiýaçlandyryş nyrhy –ätiýaçlandyryşgatanjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň birliginden ýa-da ätiýaçlandyryş obýektinden alynýan, ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň(ätiýaçlandyryşöwezini doluş tölegi) töleglerini geçirmek, ätiýaçlandyryşätiýaçlyk gaznalaryny, öňüni alyş çäreleriniň gaznasyny we başga gaznalary döretmek üçin¸ şeýle hem işiň alnyp barylmagy we ätiýaçlandyryjylaryňösdürilmegi boýunça çykdajylaryň ödelmegi üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň emele gelmegini üpjün edýän möçberlerde bellenilýän töleg haky;
  • ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi– ätiýaçlandyryş şertnamasyna we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
  • ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnypbellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy– ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana we (ýa-da) ätiýaçlandyrylan şahsa berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;
  • ätiýaçlandyrylan şahs – emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
  • ätiýaçlandyryş şertnamasy – ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenilmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýerine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki we ýuridik şahslaryň emläk we beýleki bähbitleriniň goralmagynyň tertibi we şertleri bellenilýär;
  • ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi (jogapkärçiligi) – ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi;
  • gaýtadan ätiýaçlandyryş – ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça kabul edilen ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriniň (jogapkärçiliginiň) ählisiniň ýa-da olaryň bir böleginiň soňra gaýtadan ätiýaçlandyryjy bilen baglaşylýan gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda berilmegi bilen baglanyşykly ýüze çykýan iş we onuň bilen baglanyşykly gatnaşyklar;
  • gaýtadan ätiýaçlandyrýan – özi tarapyndan kabul edilen ätiýaçlandyryş töwekgelçiliklerini (jogapkärçiligini) gaýtadan ätiýaçlandyryşa berýän ätiýaçlandyryjy ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyryjy;
  • gaýtadan ätiýaçlandyryjy –degişli ygtyýarnamanyň esasynda gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşmak we ýerine ýetirmek tertipnama işiniň esasy bolup durýan telekeçi ýuridik şahs (gaýtadan ätiýaçlandyryş guramasy);
  • hususy tutum– gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykdaätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde öz hasabyna jogapkärçilik çekýän bölegi;
  • ömrüň toplaýyş ätiýaçlandyrylyşy – ömri ätiýäçlandyrmagyň ätiýaçlandyrýan tarapyndan möhletli toplaýyş serişdeleri hökmünde yzygiderli tölenilýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyňätiýaçlandyryjyda toplanylmagy göz öňünde tutulýan görnüşi;
  • franşiza– umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Hökmany franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;
  • prudensial ölçegler – tölege ukyplylygyň we maliýe durnuklylygynyň, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan bellenilýän we ätiýaçlandyryjylar (gaýtadan ätiýaçlandyryjylar) tarapyndan berjaý edilmegi hökmany bolan ölçegleri;
  • satyn alyş pul möçberi – toplaýyşätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi möhletinden öň bes edilende ätiýaçlandyrýanyň almaga hukugy bolan pul möçberi;
  • şahsy töwekgelçilik (şahsy töwekgelçilik boýunça jogapkärçilik)–ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilen ätiýaçlandyryş obýektleriniň her biri boýunça çak edilýän wakanyň (töwekgelçiligiň görnüşi) bolup biljek ýüze çykmasy.

Halkara ätiýaçlandyryşda ulanylýan esasy düşenjeleri

  • Abandon – ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş pul möçberini doly alanyndan soň ätiýaçlandyrylan meselesine (gämä, ýüke) bolan hukugyndan ätiýaçlandyryjynyň peýdasyna ýüz döndürmegi.
  • Addendum – baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasyna goşmaça ätiýaçlandyryş polisiniň berilmegi.
  • Akwizitor – täze ätiýaçlandyrýanlary ätiýaçlandyryşa çekmek bilen meşgullanýan ätiýaçlandyryş wekili ýa-da dellaly.
  • Aksiz (ilkinji derejeli salgyt) – köpçilikleýin ulanylýan (çaý, araka, maşynlara we ş.m.) harytlara we hyzmata bölekleýin salynýan salgyt.
  • Aksiýa (paýnamalar) – paýdarlar jemgyýetiniň göýberýän gymmatly kagyzy we oňa eýesine paýdarlar jemgyýetiniň girdeýjisinden belli bir bölegini almaga hukuk berýär.
  • Anderraýter – ätiýaçlandyryş guramada töwekgelçiligi ätiýaçlandyryşa kabul etmäge hukugy bolan adam.
  • Annuytet – ätiýaçlandyrýan şertnama boýunça ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş tölegini bölekleýin tölemegi, soň bolsa ätiýaçlandyryjy kesgitlenen möhletde ätiýaçlandyrýana kepil geçilen pul möçberini tölemegi.
  • Autsaýdery - ätiýaçlandyryş kompanýasy, dellalçylyk firmasy we ş.m. Autsaýderler ätiýaçlandyryş soýuzynyň degişli agzasy bolup durmaýarlar, assosiasi özüniň işinde mümkün bolan nyrh ylalaşygynda bäsdeşlik tarapy höküminde çykyş etmekligiň geregi ýok hasaplanýar.
  • Bonus – ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş halatynyň öňüni alanlygy üçin ätiýaçlandyryş baýragyndan (töleginden) azaltmagy ýa-da bir bölegini gaýtaryp berimegi.
  • Bordero – ätiýaçlandyryşa kabul edilen we gaýtadan ätiýaçlandyryşa degişli töwekgelçiligiň sanawy.
  • Broker (dellal) – kompaniýa ýa-da aýratyn tarap ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň arasynda araçy bolup çykyş edýänler. Özüniň ygtyýary boýunça ätiýaçlandyrýanyň wekili bolup durýar we oňa ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda zyýanyň öwezini dolmasyny kepillendirmäni üpjün edýän ätiýaçlandyryjyny gözläp tapmaga borçli. Wekil komission baýragyny ätiýaçlandyryjyden alýar we olaryň öňünde ätiýaçlandyryş baýragynyň tölenmegi üçin jogapkärçilik çekýär.
  • Brutto-baýragy - ätiýaçlandyryş baýragy (tölegi) brutto-möçberi boýunça hasaplanýar.
  • Brutto-möçberi –ätiýaçlandyryş baýragynyň doly nyrh möçberi bolup ätiýaçlandyryş halaty bolanda haky üpjün edýän pul möçberiniň netto-möçberi göz öňünde tutulýar, netto-möçbere ýükleniş we üstüne goýmak, göz öňünde tutulmadyk çykdajylaryň ýerini dolmaklygy, duýduryş çärelerini geçirilmegi, işleri alyp barmaklygy we maksatnama peýdasyny toplanmagy üçin bellenendir.
  • Depozit – bankdaky aýratyn hasaba girdeji almak maksady bilen goýulýan pul möçberi.
  • Diwersifikasiýa – boş ýatan puly mejbury döwlet obligasiýasyna we beýleki bahaly gagyzlara goýdurylmagy.
  • Diwidend – banka goýulan puldan we gymmatly kagyzdan peýda, girdeýjini paýnamanyň eýesiniň almagy.
  • Inwestisiýa (maýa goýma) – pul serişdelerini her hili önümçilik pudagyna, ylyma we tehnika, garyşyk biznese (halkara we öz syýahata) goşmaça peýda almak maksady bilen difersifikasiýe görnüşi etmek.
  • Ipoteka – hereket etmeýän emläge (öý gurluşygyna, ýer titiremeginden soky dikeldiş işlerine) serişde goýmak.
  • Kargo – fraht almak maksady bilen deňiz gämisinde daşalýan ýükleriň ýa-da emlägiň ätiýaçlandyryşy.
  • Kasko –ýolagçylaryň, daşalýan emläkleriň, üçünji tarapyň öňündäki jogapkärçiligiň ätiýaçlandyryşy goşulman, ulag serişdeleriniň durkynyň ätiýaçlandyryşy (gämini, uçary, awtoulagy). Kwota ätiýaçlandyryşy – ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryşa gatnaşmak paýy (gaýtadan ätiýaçlandyryşa bolsa gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň).
  • Kotirowka – nyrh tölegi boýunça ätiýaçlandyryjynyň degişli töwekgelçiligi ätiýaçlandyryşa kabul etmegi.
  • Keptiwnyýe kompanii – täjirçilik ýa-da paýdarlar kompanýasynyň özlerine degişli töwekgelçiligi hemmesini ýa-da bölekleýin ätiýaçlandyrmak maksady bilen döredilen ätiýaçlandyryş kompanýasydyr.
  • Maliýe lizingi – telekeçileri goldamak üçin iberilýän serişdeler. Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägi – ätiýaçlandyryş polisde bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň iň ýokarsy ätiýaçlandyryş şertnamasynda gökezilenler.
  • Lloýd – anderraýterleriň hersi öz töwekgelçiligini ätiýaçlandyryşa kabul edýän, hususy ätiýaçlandyryjyleriň korporasiýasynyň tejiribesinde “Lloýd” atlandyrylýar.
  • Netto – möçber – ätiýaçlandyryş nyrhynyň esasy bölegi (brutto – möçberiň), gaznasynyň toplanylmagy üçin bellenen, ätiýaçlandyryş haky üçin ulanylýar.
  • Netto – möçber derejesini (pul görkezjisinde) kesgitleýän esasy takyklygy, hasabat maglumaty ýa-da bilermeniň (ekspert) bahasynyň esasynda kesgitlenilýän bolaýjak ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
  • Offşor ätiýaçlandyryş kompaniýasy – serişdeleri serhetden aňryk çykarmak (eksporot) bilen meşhurlanýan daşary ýurt hukuk tarapy.
  • Penalti – şertnama borçnamalaryny ýerine ýetirilmänliginde ulanylýan jerimeleriň bir görnüşi.
  • Polis – hukuk tarapdan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tassyklanmagy.
  • Presedent – geşen wagtda wakanyň bolmagy we häzirki wagt üçin meňzeş hereketleriň esasynda ýüze çykan sebäpler ýa-da halatlar.
  • Prinsipal – ätiýaçlandyryjynyň adyndan hereket edýän wekil.
  • Pul – umumy kotel, hemme töwekgelçiligiň gaýtadan ätiýaçlandyryşa degişli hemme ätiýaçlandyryş portfeli boýunça ýa-da ätiýaçlandyryşyň aýratyn görnüşleri boýunça hususy tutumyndan ýokary geçýän pul möçberini iberilýän ýeri.
  • Regress - ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda, günäli tarapa ýetiren zyýanynyň öwezini doluş pulyny alynmak maksady bilen ätiýaçlandyryjynyň talap bildirmäge hukugy.
  • Reýs çarteri – gämini reýse frahtowat etmek şertnamasy.
  • Rekwizity – degişli resmi namalary doldurylmagy talap edilmegi kanunyň güýjinde bellenen.
  • Reklamasiýa – şertnama tarapyň biriniň özüniň şertnamawekiline olaryň özüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeýäniň talaby.
  • Renta – ýerdäki, obligasiýadaky, ätiýaçlandyryşdäki serişdelerden wagtly-wagtyna alynýan girdejiler we ş.m., telekeçilikden we ýekebara işlerinden alýanlardan talap edilmeýär.
  • Retroseden – ätiýaçlandyryş ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyryş kompanýalarynyň ätiýaçlandyryşa alynan töwekgelçiligi retrosessiýa berýän.
  • Sanksi – täjirçilik geleşigiň şertine laýyklykda haýsyda bolsa bir tarap beýleki tarapdan geleşigi ýerne ýetirmänligi sebäpli degişli öwezini dolmany talap etmäge hukugy bardyr.
  • Sinaýa karta – awtoulag serişdeleriniň eýeleriniň raýat jogapkärçylygynyň şertnamasyny ätiýaçlandyryş kompanýalarynyň arasynda ykrar edilmeginiň ylalaşygy.
  • SIF –harydyň bahasy, ätiýaçlandyryş, fraht.
  • Slip - ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyryja gaýtadan ätiýaçlandyryşa hödürlemäge iberýän resmi namalary.
  • Sýurweýr – ätiýaçlandyryjynyň ýa-da ätiýaçlandyrýanyň haýyşy boýunça gämini we ýüki görüp olaryň ýagdaýy barada netijenama berýän bilermen.
  • Treteý sudy – arbitraj, jedelleri çözmegiň usuly, haçanda taraplar kazyýet edaralaryna ýüz tutman, aýry taraplara – arbitro ýa-da treteý sudyna ýüz tutmagy.
  • Fors – major – ýeňip bolmajak güýç, adatdan daşary ýagdaý, (uruş, köpçilikleýin – syýasy ýöreşlery) ätiýaçlandyryjy we ätiýaçlandyrýan öz borçlaryndan boşadylýan ýagdaýlar.
  • Franşiza – ätiýaçlandyrýanyň çekýän zelelleriniň ätiýaçlandyryşyň şertlerine laýyklykda ätiýaçlandyryjy tarapyndan öweziniň dolunmagyna degişli bolmadyk belli bir bölegi.
  • Şertli franşiza – franşizanyň çägini tutýan pul serideleriniň möçberindäki zyýanyň pul möçberiniň öwezi dolunmaýar. Mysal üçin, eger şertli franşiza – 100 dollar, ýitginiň pul möçberi – 90 dollar, şeýlelikde ätiýaçlandyryş öweziniň haky tölenmeýär. Eger-de zyýanyň pul möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda zyýanyň öwezi doly tölenýär. Mysal üçin, eger birinji mysalda zyýanyň pul möçberi 200 dollar bolsa, onda zyýanyň öwezi doly tölenýär.
  • Şertsiz franşiza – zyýanyň islendik pul möçberinden franşiza aýrylýar. Mysal üçin, şertsiz franşiza – 100 dollar we ýitginiň pul möçberi – 200 dollar, franşiza möberi doly aýrylýar we ätiýaçlandyrýana 100 dollar haky töltnýär.
  • Fraht– gämide daşalýan ýükler ýa-da suw ulagynda daşalýan ýolagçylar üçin berilýän kireý.
  • Hedjirowat – daşary ýurt pulunda ätiýaçlandyryşyny we täjirçilik töwekgelçiligini geljekde puluň hümetiniň ýakymsiz üýtgemeginden goralmagy.
  • Sedent – töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyryşa berýän ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş jemgiýeti.
  • Sessiner ýa-da sessinar- kesgitlenen töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyryşa kabul edýän gaýtadan ätiýaçlandyryjy, ätiýaçlandyryş jemgiýeti.
  • Sessiýa – kanun adalgalary, kesgitlenen hukugyň berilmegini aňladýar. Mysal üçin, gaýtadan ätiýaçlandyryşa berilýän töwekgelçiliginiň işiniň gidişi.
  • Şomaj – ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmagy netijesinde önümçiligiň togtamagy bilen bagly serişdäniň ýitirilmegi sebäpli peýdany ýitirmegiň ätiýaçlandyryşy.
  • Ekstrapolýasiýa – ekssedent zyýanyň şertnamasy boýunça gaýtadan ätiýaçlandyryş hasabynyň usuly.
  • Ýurusdiksiýa – adyllyk. Deňiz polisinda ätiýaçlandyryş şertinden çykýan jedelleri haýsy ýurdyň kazyýetinde çözülmäge degişli bolsa görkezilýär.