+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden ätiýaçlandyryşy şahsy ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Ätiýaçlandyrylan şahsyň betbagtçylykly hadysanyň ýa-da keselleriň netijesinde saglygyna zyýan (zelel) ýetirilmegi bilen baglanyşykly şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasy Siziň durmuşyňyzda betbagtçylykly hadysanyň we keselleriň netijesinde ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaýlardan we harajatlardan gorar.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes almagy;

  • betbagtçylykly hadysanyň netijesinde şikes almagy we oňa I, II, III topar maýyplyk bellenmegi;

  • duýdansyz kesellemegi we keselhana ýerleşdirilmegi ýa-da ambulatoriýada kesel bejerilmegi.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmegi hakyndaky arza;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

  • stasionarda ýatyp, özüni bejerdýän syrkawyň kesel taryhynyň ýazgysyndan göçürme, ambulatoriýada keselini bejerdýän syrkawyň bolsa saglygy goraýyş güwänamasynyň asyl nusgasy ýa-da kesel bejeriş edarasynyň möhüri bilen tassyklanan saglygy goraýyş kartasynyň nusgasy;

  • ygtyýarly edaralar tarapyndan betbagtçylykly halatyň bolandygyny tassyklaýan resminamalar (zerur bolanda);

  • saglygy goraýyş edarasynyň möhüri bilen tassyklanan Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygy goraýyş kartasynyň nusgasy (maýyplyk bellenende, duýdansyz kesellände we keselhana ýerleşdirilende ýa-da ambulatoriýada kesel bejertmelerde).

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: