+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Türkmenistana gelýän ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan daşary ýurt raýatlarynyň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň saglygyny ätiýaçlandyryşy şahsy atiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri we saglygy bilen baglanşykly şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasy Sizi Türkmenistanyň çäklerinde bolan döwrüňizde betbagtçylykly hadysanyň we keselleriň netijesinde ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaýlardan we harajatlardan gorar.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

Betbagtçylykly hadysalardan we kesellerden.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galmanýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • arza;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnama;

  • Ätiýaçlandyrylan şahsyň pasportynyň nusgasy;

  • ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen, betbagtçylyk hadysasynyň bolandygyny tassyklaýan resminama;

  • keseliniň saglygy goraýyş anyklamasy;

  • alynan bejeriş barada saglygy goraýyş edarasynyň güwänamasy;

  • saglygy goraýyş edarasy tarapyndan edilen ähli hyzmatlaryň sanawy, bejerişiň möhleti, olaryň bahasyny görkezmek bilen hasapnamalar.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: