+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

       Raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş şahsy we emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, işi amala aşyrmak bilen baglanyşykly üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zelel onuň obýekti bolup durýar.

       Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn alsaňyz, ol size ýetirilen beden ýa-da emläk zelel üçin maddy jogapkärçiligi çekmäge kömek eder.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

  • üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýandan;
  • üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýandan.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga degişli edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykandygy barada ykrarnamasyny;
  • bejeriş edarasyndan we içeri işler edaralaryndan delihatyny;
  • (Ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykan halatynda) aradan çykandygy hakyndaky şahadatnamanyň kepillendiriş tertibinde güwä geçilen göçürme nusgasyny;
  • mirasa hukuk üçin şahadatnamasyny;
  • üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zeperi görkezýan suratlaryny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: