+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Karz alyjylaryň ömrüni ätiýaçlandyryşy şahsy ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Karz alyjy bolup durýan Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna zelel ýetirilmegi bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyrýanyň şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasy Sizi karz alyjylaryň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça betbagtçylykly hadysalaryň netijesinde ýüze çykan garaşylmadyk harajatlardan gorar.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

betbagtçylykly hadysanyň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsa I ýa-da II maýyplyk toparynyň bellenmegi. 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza;

  • Ätiýaçlandyrýan şahsyň pasportynyň göçürme nusgasyny;

  • kanunçylykda bellenilen tertipde tassyklanan karz şertnamasynyň göçürme nusgasyny;

  • kanunçylykda bellenilen tertipde tassyklanan karz şertnamasyny üzmegiň iş tertibiniň göçürme nusgasyny;

  • ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan gününde karzyň galyndysynyň pul möçberini görkezmek bilen, Bähbit görüjiniň delilhatyny bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • arzany;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

  • alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminama;

  • hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň maýyplygy bellemek baradaky notarial edarasynyň güwä geçilen delilhatynyň göçürme nusga;

  • kesel anyklanmasyny we bejermegiň möhletlerini görkezmek bilen, maýyplygyň bellenilen halatyny tassyklaýan, möhür bilen güwä geçilen saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty;

  • bejermegiň ähli döwri üçin keseliň taryhyndan göçürme.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: