+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Title

Howa gämilerini we awiagatnadyjylaryň jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş howa gämisine eýeçilik etmek, ondan peýdalanmak we oňa ygtyýarlyk etmek bilen baglanyşykly emläk bähbitleriniň netijeli goragy bolup durýar.

Ätiýaçlandyryş obýektleri:

          - üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine, ýolagçylara, el goşlara ýa-da ýüke ýetirilen zyýan üçin awiagatnadyjynyň raýat jogapkärçiligi.

Ätiýaçlandyryş polisi howa gämisini garaşylmadyk dürli wakalardan gorar we awiagatnadyjylaryň howpsuzlygyny üpjün eder.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

  • heläk bolmagyndan ýa-da oňa zeper ýetmeginden;
  • howa gämisiniň ýa bolmasa gönüden-göni oňa degişli bolan bölekleriniň ogurlanylmagyndan (alnyp gaçylmagyndan);
  • tebigy betbagtçylyklar: ýer titremesinden, tupandan we başgalardan;
  • üçünji taraplaryň öňündäki jogapkärçilikden;
  • ýolagçylaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçilikden;
  • ýük üçin raýat-hukuk jogapkärçilikden.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis) satyn almak üçin näme etmeli?

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli;
  • „Howa gämisiniň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnama”;
  • „Howa gämisiniň uçuşlara ýaramlydygy hakyndaky şaýatnama”.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

  • haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga degişli edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakynda arzany;
  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis);
  • ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarnamasyny;
  • howa gämisi bilen bolup geçen hadysalaryň hasaba alnandygy hakyndaky resminamalaryny;
  • howa gämisine zeper ýetenden soň ony gözden geçirmegiň tehniki güwänamasyny;
  • Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş babatda bähbidiniň bardygyny tassyklaýan, howa gämisine onuň eýeçilik (eýelik etmek, peýdalanmak) hukugynyň bardygyna güwä geçýän resminamalaryny;
  • ätiýaçlandyryş halatynyň ýagdaýlaryna we hakykatda ýetirilen zelele degişli beýleki resmi namalar we töleg resminamalaryny.

Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: