+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany şahsy ätiýaçlandyrmasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 4550 belgili Karary bilen „Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany şahsy ätiýaçlandyryşy“ girizildi.

Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany şahsy ätiýaçlandyrmasy

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 4550 belgili Karary bilen „Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany şahsy ätiýaçlandyrmasy“ girizildi.
  • Hökmany ätiýaçlandyryşyň bu görnüşinde işgäri goragy bilen üpjün etmegi we onuň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly betbagtçylykly halat we hünär keseli ýa-da saglygyna başga hili zeper ýetmegi netijesinde ýetirilen zähmet şikesi üçin ätiýaçlandyryş pul möçberlerini tölemegi maksat edilýär.
  • Betbagtçylykly hadysa işgäriň zähmet borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly bolup, şonuň netijesinde şikes alnan, hünär keseli ýüze çykan ýa-da ol hakykatdan hem tötänleýin aradan çykan, öňünden görülmedik waka aýdylýar. Hünär keseli diýlip zyýanly önümçilik şertleriniň täsirinden soň ýüze çykan kesele düşünilýär. Kärhanalar, birleşikler we guramalar öz serişdeleriniň hasabyna ýokary derejedäki töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärlerini hökmany ätiýaçlandyryş bilen üpjün etmäge borçludyr.
  • Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir senenama ýyly üçin (1-nji ýanwardan 31-nji dekabr aralygynda), işgärleri hökmany ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan, 1-nji ýanwardan soň döredilen täze kärhanalar, birleşikler we guramalar boýunça bolsa – olar döredilen pursatyndan degişli ýylyň 31-nji dekabry aralygynda baglaşylýar.
  • «Türkmenstandartlary» Baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň maliýe ministrligi, degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşyp, Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň hökmany şahsy ätiýaçlandyrymasyna degişli bolan ýokary töwekgelçilikli önümçilik işleriň sanawy tassyklanyldy.
  • Ätiýaçlandyryş pul möçberi her bir Ätiýaçlandyrylan işgär üçin Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly bellenen durmuş töleglerini hasaplamak üçin binýatlyk möçberiniň 100 essesinden geçmeli däldir. Ätiýaçlandyrylan işgär aradan çykan halatynda ýa-da şikes alanda, şonuň ýaly-da hünär kesellerinden kesellände durmuş üpjünçiligi boýunça oňa ýa-da mirasdaryna berilmeli pul möçbere (maýyplyk üçin ýa-da eklenjini ýitirenligi üçin berilýän pula) garamazdan ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenilýär.
  • Kazyýetde seredilýän ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak bilen bagly jedelli ýagdaýlardan başga halatlarda, ätiýaçlandyryş pul möçberi soňky resminama alnandan soň 7 bank gününden gijä galman tölenilýär.
Giňeşleýin maglumaty almak üçin Bize ýüz tutup bilersiňiz: