Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin meýletin ätiýaçlandyryş

Edara-kärhanalaryň serişdeleriniň hasabyna işgärleri betbagtçylykly hadysalardan köpçülikleýin ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, işgärleriň öz gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahaly bolup geçen betbagtçylykly halat netijesinde ömre we saglyga ýetirilen zelel onuň obýekti bolup durýar. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisini satyn alsaňyz, ol öz borçlaryny ýerine ýetirýän mahaly, şeýle hem işe barýan ýa-da gaýdyşyn ýolda öz işgärleriňizi dürli ýakymsyz ýagdaýdan goramaga kömek eder.

Hasaplaň

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

Ömri we saglygy

Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?

Haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (lukmançylyk, derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga edaralara habar bermeli) habar bermeli;

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli

  • Ätiýaçlandyryşa degişli işgärleriň sanawyny düzmeli

Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?

  • Ätiýaçlandyryş halaty hakda arzany

  • Atiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis)

  • (Şikes ýeten ýagdaýynda) bejeriş edarasynyň delilhatyny

  • Betbagtçylykly hadysa barada ykrarnamasyny

  • (Ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykan halatynda) aradan çykandygy hakynda şahadatnamasynyň kepillendiriş tertibinde güwä geçilen nusgasyny

  • Mirasa bolan hukuk hakyndaky şahadatnamasyny

Giňişleýin maglumat almak üçin Size amatly bolan usul arkaly bize ýüz tutup bilersiňiz