Iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary Türkmenistanyň ýuridik şahslary we ýuridik şahslary döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary we Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän we öz işini amala aşyrýan daşary ýurt ýuridik şahslarynyň, olaryň şahamçalaryny we wekilliklerini goşmak bilen iş berijiniň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Önümçilikde betbagtçylykly hadysalar we/ýa-da hünär keselleri netijesinde ätiýaçlandyrylan işgäriň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça onuň borçnamasy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň bähbitleri ätiýaçlandyryş obýektleri bolup durýar. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertleşilen ätiýaçlandyryş gatanjynyň tölegi üçin ätiýaçlandyrýanyň işgäriniň zähmet (gulluk) boruçnamalaryny ýerine ýetiren mahaly ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda, ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemek borçnamasyny ätiýaçlandyryş guramasy öz üstüne alýar.
HasaplaňBiz nämeden ätiýaçlandyrýarys?
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhletiniň dowamynda önümçilikde bolup geçen betbagtçylykly hadysa we(ýa-da) hünär keseliniň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne, saglygyna we zähmete ukyplylygyna (maýyplyk almagyna) zyýan ýetmeginden.
Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?
Haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar
-
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arzasy
-
ätiýaçlandyrylýan şahslaryň sanawy
Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?
-
ätiýaçlandyryş halaty barada arza
-
saglygy goraýyş edarasynyň Delilhaty
-
B-1 görnüşdäki ykrarnama
-
hemaýata mätäçligi anyklaýan toparyň beren maýyplygyň bellenilendigi barada delilhatynyň nusgasy
-
şahsyýetine güwä geçýän resminamasynyň nusgasy
-
ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) nusgasy
-
döwlet notarial edarasy tarapyndan berlen mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamanyň nusgasy (ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan ýagdaýynda)
-
ätiýaçlandyrylan şahsyň ölümi hakynda şahadatnamanyň nusgasy