“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş
“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan ätiýaçlandyryşy şahsy ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Ätiýaçlandyrýanyň (Ätiýaçlandyrylan şahsyň) ömrüne we saglygyna, ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde zelel (zyýan) ýetirilmegi bilen bagly bolan şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasy Sizi bank goýumçy bolan ýagdaýyňyzda betbagtçylykly hadysalarynyň netijesinde ýüze çykan garaşylmadyk harajatlardan gorar.
HasaplaňBiz nämeden ätiýaçlandyrýarys?
Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne we saglygyna zelel (zyýan) ýetirilmegine getiren wakalardan.
Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?
haýal etmän ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar
-
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli.
Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?
-
ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmegi hakyndaky arza;
-
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;
-
Ätiýaçlandyrylan şahsyň şikes almagy boýunça bejeriş hakynda saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty;
-
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan şahsyň şahsyýetine güwä geçýän resminama.