Poçta ugratmalaryny meýletin ätiýaçlandyryş

Ähli ulag serişdeleri bilen poçta ugratmalary daşalanda, poçta ugratmalara (hatlar, poçta kartoçkalary, banderollar, bukjalar, ýollamalar (posylkalar), degişli gapdaky neşir önümleri, sekogrammalar, aerogrammalar) zyýan ýetmegi, onuň ýitirilmegi we (ýa-da) ýok bolmagy bilen bagly ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Hasaplaň

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

Poçta ugratmalaryna zyýan ýetmeginden, onuň ýitmeginden we (ýa-da) ýok bolmagyna getiren garaşylmadyk, tötänlikde we duýdansyz zyýan ýetirilmeginden.

Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?

Haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça ý-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (lukmançylyk, derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga degişli edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde ýüz tutmaly.

Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?

  • 1) ätiýaçlandyryş halaty barada arza;

  • 2) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy);

  • 3) ätiýaçlandyryş halaty barada Ykrarhaty;

  • 4) ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan ygtyýarly edaralaryň resminamasy;

  • 5) ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde poçta ugratma ýetirilen zyýanyň möçberini tassyklaýan ygtyýarly edaralaryň resminamasy;

  • 6) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan bähbit görüjiniň resminamasynyň nusgasy;

  • 7) poçta ugratmalaryň kabul edilende ulanylýan poçta kwitansiýasyny ýa-da başga kwitansiýany, iberilýän, daşalýan poçta ugratmalarynyň ýazgysyny, eger-de ol düzülen bolsa; ýan haty we beýleki resminamalary, fakturalary we hasaplary;

  • 8) poçta ugratmalarynyň içindäkisine zyýanyň ýetendigini (onuň ýitendigini, ýetmeýändigini) tassyklaýan resminama ýa-da daşaýjy tarapyndan iberilýän bar bolan beýleki resminama.

Giňişleýin maglumat almak üçin Size amatly bolan usul arkaly bize ýüz tutup bilersiňiz