Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 11-nji noýabrynda çykaran 14993 belgili Karary bilen «Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasynyň» şertleri halkara standartlaryna laýyk getirildi. Awtomobil ulag serişdesiniň eýesi (gatnadyjy) Türkmenistanyň çäklerinde ulanylýan ähli awtomobil ulag serişdeleri boýunça öz rayat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmaga borçludyr. Awtomobil ulag serişdeleriniň eýeleri (gatnadyjylar) diýilende awtomobil ulag serişdelerini özlerine degişli bolan eýeçilik hukugy, hojalygy ýöretmek hukugy, operatiw dolandyryş hukugy boýunça ýa bolmasa beýleki esaslar boýunça ulanýan edara görnüşli taraplar we şahsy adamlar göz öňünde tutulýar.

Hasaplaň

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

Ýol-ulag hadysalarynyň netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zelelden

Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?

Haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli

Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy

  • ätiýaçlandyryş kanuny

  • ygtyýarly edaralar tarapyndan betbagtçylykly halatyň bolandygyny tassyklaýan resminamalar (zerur bolanda)

Giňişleýin maglumat almak üçin Size amatly bolan usul arkaly bize ýüz tutup bilersiňiz