Title

True Slider by BIS-Expert

Demir ýol ulaglarynyň ätiýaçlandyryşy emläk ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Ätiýaçlandyrýanyň demir ýol ulaglaryna eýelik etmegi, peýdalanmagy, dolandyrmagy bilen baglanyşykly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasy Sizi demir ýol ulagyna ýetirilen zyýanyň netijesinde ýüze çykan garaşylmadyk harajatlardan gorar.

Biz nämeden ätiýaçlandyrýas?

Heläkçilikden ýa-da relsden çykmagyndan, demir ýol ulagynyň ýanmagyndan, ýarylmagyndan, tebigy betbagtçylyklardan, üçünji taraplaryň bikanun hereketleri netijesinde demir ýol ulagyna bilkastlaýyn zeper ýetirilmeginden ýa-da ýok edilmeginden, ogurlanmagyndan.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin näme etmeli?

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly näme etmeli?

haýal etmän ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak üçin ätiýaçlandyryş gurama haýsy resminamalar bermeli?

  • ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmegi hakyndaky arza;

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

  • degişli edaralaryň düzen hasaplamasy we zyýanyň möçberini tassyklaýan resminamalary.

Для получения подробной информации обратитесь к нам удобным для Вас способом: