+993 (12) 48-48-60
Bize jaň ediň
Sorag bermek

Gurama barada

instmOf.png

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy 1992-nji ýylyň 18-nji awgustynda ykdysady subýektleriň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini aňrybaş doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi. Guramanyň esasy wezipesi döwletiň ätiýaçlandyryş syýasatyny durmuşa geçirmek, fiziki we ýuridik şahslary emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmekden ybaratdyr.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnamanyň, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe ministrligi tarapyndan berlen ygtyýarnamanyň esasynda hereket edýär. Guramanyň düzüminde Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ýerleşen 41 sany özbaşdak ätiýaçlandyryş guramalary bardyr.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy häzirki wagtda müşderlere  hökmany ätiýaçlandyryşyň 6 görnüşini we meýletin ätiýaçlandyryşyň 40 görnüşini hödürleýär. Ätiýaçlandyryş hyzmatlary halkara ätiýaçlandyryş bazaryna gabat gelýän ülňülere laýyklykda ýerine ýetirilýär. Şol sanda ýurdumyzyň ykdysady bähbidini goramakda halkara ätiýaçlandyryş tejribesi ulanylýar.

Gurmanyň döredilen gününden häzirki wagta çenli ätiýaçlandyryş guramasy ätiýaçlandyryş işlerini kämilleşdirmek boýunça baý iş tejribesini toplady.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Türkmenistanyň Prezidentiniň karary bilen tassyklanan Türkmenistanda ätiýaçlandyryş işini ösdürmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2011-2015-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna laýyklykda täze ätiýaçlandyryş önümlerini işläp taýýarlady we hereket edýän ätiýaçlandyryş önümlerini kämilleşdirdi. Bu Maksatnamanyň ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda ätiýaçlandyryş bazarynyň ösmegine uly itergi berdi.

Iri töwekgelçilikleri ätiýaçlandyrmagy amala aşyrmak bilen, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ýurdumyzda alnyp barylýan iri maýa goýumly taslamalara we iri desgalara ykdysady goragy kepil geçýär hem-de ykdysadyýetimize uly goşant goşýan pudaklaryň ykdysady durnuklylygyny üpjün edýär.

Şu günki günde guramanyň merkezi edarasynda we welaýat guramalarynyň hemmesinde täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan programma üpjünçiligi ornaşdyryldy. Bu bolsa maglumaty netijeli alyşmaga mümkinçilik berýär. Bu programma üpjünçiliginiň esasy artykmaçlygy bolsa onuň maglumatlaryň goragyny üpjün edýänligidir. Bu ulgamyň ornaşdyrylmagy onlaýn usulynda ätiýaçlandyryş guramalarynyň arasynda maglumat alyş-çalşygyny ýeňilleşdirýär. Ol bolsa wagtyň tygşytlanmagyna we gerekli maglumaty öz wagtynda ulanylmagyna getirýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna programma üpjünçiliginiň girizilmegi bilen welaýat, şäher we etrap guramalarynyň arasynda elektron resminama dolanyşygyny  amala aşyrýar.

Döwletiň ätiýaçlandyryş ulgamynda özgertmeler örän wajypdyr. Sebäbi ykjam ösüp barýan ýurt halkara standartlarynyň ähli taraplaryny öz içine almalydyr. Watanymyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler ätiýaçlandyryş işleriň depgininiň ýokarlanmagyna we geriminiň giňelmegine getirýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy döwletiň ätiýaçlandyryş barada syýasatyny durmuşa geçirmek bilen, geljekde hem fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerine, şeýle hem döwletimiziň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine täsir edip biljek töwekgelçiliklerden goramagy yzygiderli üpjün eder. Şu maksat bilen ätiýaçlandyryşyň täze usullary döredilýär.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hünärmenleri öz işlerini döwrüň talabyna laýyk alyp barmak bilen, Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady pudagyň, hususan-da ätiýaçlandyryşyň öňünde goýan belent wezipelerini ýerine ýetirmek, milli ykdysadyýetiň, Watanymyzyň batly gadamlar bilen ösmegine goşant goşmak üçin bilimlerini we başarnyklaryny gaýgyrman zähmet çekerler.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy müşderileriň ählisi üçin ynamly hyzmatdaş bolup durýar. Töwekgelçilikler dünýäsinde ätiýaçlandyryş polisi bilen goragly bolmak – munuň özi biziň her birimiz üçin bähbitlidir.