BITARAPLYK – BAKY BAGTYŇ SAKASYDYR

18.11.2020

BITARAPLYK – BAKY BAGTYŇ SAKASYDYR

 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň esasynda “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli göz öňünde tutulan çärelere Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy işde netijeli tejribe toplap, fiziki we ýuridik şahslaryň emläk, şahsy we jogapkärçilik bähbitlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmekde ýerli düzümler bilen bir hatarda Türkmenistanyň çäginde öz işlerini alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda hem özüniň ygtybarly hyzmatdaşdygyny subut etdi.

Ynha biz, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy baýramçylygynyň bosagasynda. Bu gysga taryhy we baky bagty özünde jemleýän ujypsyz döwrüň içinde Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän döwletimiz Türkmenistan, parahatçylygy, ähliumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi bilen, halkara guramalar bilen sazlaşykly gatnaşyklary ýola goýmakda, halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze we netijeli ýollaryny hem-de ugurlaryny kemala getirmek babatynda gymmatly tejribeleri toplady.

Hormatly Prezidentimiziň «Bitaraplyk we parahatçylyk düşünjeleri biri-birinden aýrylmazdyr» diýen jümlesi hem, biz ykdysatçy hünärmenlerde beýik Watana, baky parahatçylyga bolan köp sanly duýgulary oýarýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2017-nji ýylda geçirilen 71-nji mejlisinde 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi baradaky Kararnamasynyň biragyzdan kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli kuwwatynyň uly ähmiýete eýediginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyz dünýäde ylalaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň köpugurly ýörelgesini işläp taýýarlamaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant goşýandygyna buýsanmaga haklydyr.

Ýene-de bir esasy bellemeli zatlaryň biri, özüni sebit hem-de dünýä möçberinde howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň netijeli guraly hökmünde görkezen türkmen Bitaraplygynyň üstünligi Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde kabul edilen möhüm ähmiýetli resminamada, «2021-nji ýyl - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamada ýene-de bir gezek ähliumumy ykrarnama eýe boldy.

Türkmenistan ösüş babatda saýlap alan ýoly bilen, BMG-niň beren derejesini toplumlaýyn özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin ulanýar hem-de halklaryň ýakynlaşmagyna we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýän milli, sebit we halkara ähmiýetli iri düzümleýin taslamalary amala aşyryp gelýär.

Eziz Watanymyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan resmi taýdan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolandygyny nazara alsaň, bu waka dünýä diplomatiýasy üçin möhüm wakalaryň birine öwrüldi.

Garaşsyzlygymyzyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistan özüni parahatçylyk dörediji döwlet hem-de Milletler Bileleşiginiň strategik hyzmatdaşy hökmünde ykrar etdirip, bu belent ady anyk ädimleri bilen berkitdi.

Milli Liderimize Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, durmuşa geçirýän parasatly we öňdengörüjilikli daşary syýasy strategiýasynyň esasy bolan Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ýokary baha berýändigini ýene biz gezek belläp, berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, tutuş adamzadyň durnukly ösüşiniň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleriň ýaran bolmagyny arzuw edýäris.

 

Öwezow Begenç,

Mary welaýatynyň döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň işgärler boýunça hünärmeni.