Durnukly ösüş we ykdysady kuwwat
Durnukly ösüş we ykdysady kuwwat
Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýy barha artyp, dünýä derejesinde tutýan orny has-da bekeýär. Parahatçylyk, dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarly ýurdumyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary netijeli ösdürmek boýunça ýeten belent sepgitleri muny doly aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy ýurdumyzda döwrüň talaplaryna we möhüm wakalaryna bagyşlanyp, her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky ýörelge indi asylly däbe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýyly «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýip şöhratlandyrdy. Döwletimiziň 25 ýyldan bäri buýsanç bilen göterip gelýän hemişelik Bitaraplyk derejesi Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi. Indi birnäçe ýyldan bäri 12-nji dekabrda bütin dünýä biziň bilen toý toýlaýar, çünki BMG-niň Baş Assambleýasy «Halkara Bitaraplyk güni» baradaky Rezolýusiýany biragyzdan kabul etdi. Bu bolsa Milli Liderimiziň aýdyň paýhasyny şamçyrag edinip, biziň barýan ýolumyzyň ygtybarlydygyny, bagtyýar durmuşymyzyň bakydygyny nobatdaky gezek subut etdi.
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy jemgyýetde durnuklylygy we ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň we ähli dünýäniň döwletleri bilen onuň dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içerki we daşarky syýasatynyň esasy bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen türkmen döwletiniň hemişelik Bitaraplyk syýasaty dünýäniň iň iri halkara guramasy bolan BMG bilen hyzmatdaşlygy täze, has ygtybarly ugurlaryny açýar.
Hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine, parahatçylyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan Türkmenistan taryhy taýdan gysga döwrüň içinde dünýä giňişliginde belent abraýa mynasyp bolup, sazlaşykly ösýän ykdysadyýeti bolan döwletleriň hataryna girdi. Häzirki ösen senagatly innowasiýalary, ylmyň we tehnikanyň ýokary gazananlaryny ugur edinýän, önümçilik kuwwatlyklaryny yzygiderli ösdürýän döwlete öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ykdysady taýdan durnukly ösüşini saklamakda, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün etmekde alyp barýan ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda yzygiderli ösüşler, özgerişler amala aşyrylýar hem-de ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda, şol sanda ätiýaçlandyryş bazarynda hem uly üstünlikler gazanylýar.
Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde belleýişi ýaly, ätiýaçlandyryş ulgamy köp wezipeleri ýerine ýetirýändigi netijesinde bazar gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýär, ilaty durmuş taýdan goramagyň gurallaryny amala aşyrýar hem-de maýa goýumlarynyň möhüm çeşmesi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz bu ulgamyň döwletiň we jemgyýetiň, raýatlaryň hem-de ýuridik şahslaryň bähbitleri bilen baglydygyny nygtady.
«Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylan 2020-nji ýylda ätiýaçlandyryş ulgamy hem günsaýyn kämilleşýär. Ätiýaçlandyrýanlaryň şahsy, emläk we raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmegi has-da güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň hukuk binýady kämilleşdirildi, hereket edýän ätiýaçlandyryş görnüşleri döwrebaplaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran Karary esasynda «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda» Düzgünnamanyň täzeden kabul edilmegi, 2020-nji ýylyň 22-nji awgustynda çykaran Karary bilen bolsa, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizilmegi ätiýaçlandyryş ulgamyny ösdürmekde amala aşyrylýan işleriň aýdyň beýanydyr. Milli Liderimiziň başlangyçlary bilen, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda bu işi halkara ülňilerine laýyk getirmekde köp sanly işler durmuşa geçirilýär. Bu kanun ýerli düzüm bilen bir hatarda Türkmenistanyň çäginde öz işini alyp barýan daşary ýurt kompaniýalarynyň, daşary ýurt fiziki şahslaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň ätiýaçlandyryş hyzmatlaryndan peýdalanmaga bolan hukuk bilen üpjün edýär.
Bulardan başga-da, fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerini goramak maksady bilen, Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 11-nji sentýbrynda çykaran Karary bilen täzeden işlenip kämilleşdirilen «Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa, deňiz, derýa, awtomobil ulaglarynyň ekipaž agzalarynyň we demir ýol ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda Düzgünnama» tassyklandy.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň we sanly ulgama geçmegiň wezipeleri nazara alyndy, şeýle hem milli ätiýaçlandyryş bazaryny ösdürmek we durnuklylygyny pugtalandyrmak, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny we maýa goýum mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen, halkara standartlaryny hasaba alyp, şahsy, emläk bähbitlerini we jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş babatda hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş kadalaryny kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça işler geçirilýär. Halkara ätiýaçlandyryş işewürleriniň tejribelerine esaslanyp, döwlet ätiýaçlandyryş guramalarynyň hünärmenleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlary yzygiderli geçirmek işleri göz öňünde tutulan.
Ätiýaçlandyryş ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan döwrüň talabyna laýyklykda häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň özleşdirilmegi üçin yzygiderli işler alnyp barylýar. Ätiýaçlandyryş işini awtomatlaşdyrmak boýunça ýöriteleşdirilen hereket edýän programma üpjünçiligini kämilleşdirmek işleri dowam etdirilýär. Welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde ýerleşýän guramalaryň ählisi bilen optiki süýümli aragatnaşyk arkaly özara maglumat dolanyşygy amala aşyrylýar, şeýle hem wideoşekilli konferensiýalar we okuwlar gurnalýar.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy häzirki wagtda müşderilere hökmany ätiýaçlandyryşyň 6 sany görnüşini we meýletin ätiýaçlandyryşyň 42 sany görnüşlerini hödürleýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny welaýatlardaky, etraplardaky we şäherlerdäki ätiýaçlandyryş guramasyna gelip ýa-da ätiýaçlandyryş wekilleriniň üsti bilen gysga möhletde we amatly şertlerde şertnamalary baglaşmaga mümkinçilik döredilen.
Ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan ösüşler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň we hemişelik Bitaraplygymyzyň şuglasyndan güýç alýandyr. Şonuň üçin-de Garaşsyzlyk we Bitaraplyk ähli halkymyz üçin deň derejeli mukaddeslikdir. Bu mukaddesligi gözümiziň göreji ýaly goramak biziň her birimiziň raýatlyk borjumyzdyr.
Sadat Abdullaýewa,
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň baş hünärmeni.