Bitaraplyk - baky bagtymyz

18.11.2020

Bitaraplyk - baky bagtymyz

 

Garaşsyz Türkmenistana BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berlen güni - 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen döwletiniň halkara abraýynyň ýokarydygyny, ýurdumyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynyň dünýä derejesinde ykrar edilendigini aýdyň görkezen taryhy senedir. 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Hormatly Prezidentimiz başlangyjy bilen her ýylyň 12-nji dekabryny Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmek baradaky Rezolýusiýany kabul etmegi bolsa, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň bütin dünýäde uly goldawa eýediginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Bu günki gün gözbaşyny Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmeginden alyp gaýdan täze baýramçylyk - Halkara Bitaraplyk güni parahatçylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, halklar we sebitler bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň dünýä giňişligindäki abraýyny has-da pugtalandyrýar we gadymy dostluk ýörelgelerimizi, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarymyzy dabaralandyrýan aýratyn ähmiýetli baýram hökmünde giňden bellenilýär.

Toýlary toýlara ulaşýan Diýarymyzda şu günler hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli dürli çäreler dürli pudaklarda ýokary ruhubelentlikde geçirilýär. Şolaryň çäginde eziz Watanymyzyň ösüşine, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylan oňyn özgertmelere, ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga we senagatlaşdyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn milli Maksatnamalarymyzyň ähmiýetine bagyşlanan maslahatlar geçirilýär. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini öňküden-de gowulandyrmak maksadyna gönükdirilen täze desgalar dabaraly ýagdaýda açylýar.

Türkmenistan oňyn Bitaraplygyň esasy ýörelgelerinden ugur alyp, sebitiň we dünýäniň halklarynyň bähbidine gönükdirilen işjeň daşary syýasaty amala aşyrýar. Halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine eýermek bilen, halkara giňişliginde mynasyp orny eýeleýär. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalary hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri, dünýäniň beýleki iri guramalary bilen hyzmatdaşlygy täze ösüşlere eýe bolýar.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ätiýaçlandyryş ulgamy hem ýylba - ýyldan has kämilleşýär, ulgamyň hyzmatlary dünýä hil ülňüleriniň derejesine ýetirilýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň uly dabaralara beslenýän ýylynda «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem ätiýaçlandyryşyň raýatlarymyzyň bähbitlerine gönükdirilen birnäçe hökmany we meýletin görnüşleriniň täzeden işlenip kabul edilmegi «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatymyzyň rowaçlyklara beslenýändiginiň nyşanydyr.

Biz hem eziz Watanymyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk-de gülläp ösdürmeklige, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen işlere goşandymyzy goşmakda yhlasymyzy gaýgyrmarys.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň eşretli şu güni we nurly geljegi üçin beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun, tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!

 

Ilgeldi Orazgeldiýew,

Balkan welaýatynyň döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň Ätiýaçlandyryş amallary we

ykdysady seljeriş bölüminiň başlygy.