Harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmagyň we olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň TERTIBI
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
K A R A R Y
«18» fewral 2022 ý. № 2604 Aşgabat ş.
Harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmagyň we olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň Tertibini tassyklamak hakynda
«Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky», «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakyndaky» we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, karar edýärin:
1. Harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmagyň we olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň Tertibini tassyklamaly (goşulýar).
2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1) «Harby gullukçylaryň we harby borçlularyň, içeri işler edaralarynyň hatarçylar hem-de ýolbaşçylar düzüminden bolan adamlaryň hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 31-nji martynda çykaran 11018-nji kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2010-njy ýyldaky 3-nji ýygyndysynyň 812-nji maddasy) ikinji bölegini;
2) «Türkmenistanyň Prezidentiniň käbir kadalaşdyryjy hukuk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we olaryň käbirini güýjüni ýitiren hasap etmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 4-nji iýunynda çykaran 13034-nji kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2013-nji ýyldaky 6-njy ýygyndysynyň 2621-nji maddasy) I babynyň kyrk ikinji bölegini.
3. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli Orunbasarlary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Goranmak ministri, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri, Türkmenistanyň Içeri işler ministri, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Türkmenistanyň Prezidentiniň
2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda
çykaran 2604-nji karary bilen tassyklandy
Harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmagyň
we olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň
TERTIBI
I bap. Umumy düzgünler
1. Harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmagyň we olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň Tertibi (mundan beýläk - Tertip) «Harby gullukçylaryň hukuk ýagdaýy hakyndaky», «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky», «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakyndaky» we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
2. Şu Tertip harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary, şeýle hem içeri işler edaralarynyň işgärlerini (mundan beýläk - ätiýaçlandyrylan şahs) hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmak (mundan beýläk - hökmany ätiýaçlandyryş) we olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemek bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
3. Ätiýaçlandyrylan şahsyň harby gullugy (harby ýygnanyşyklary) ýa-da gullugy (mundan beýläk - gullugy) geçýän döwründe wepat bolmagy (aradan çykmagy), maýyp bolmagy, şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesellemegi, şeýle hem gullukdan boşadylan (tamamlan) gününden soň, bir ýylyň dowamynda gullugy geçen döwründe şikes almagynyň (ýaralanmagynyň, synasyna şikes ýetmeginiň, seňselemeginiň), kesellemeginiň netijesinde aradan çykmagy, maýyp bolmagy ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
4. Hökmany ätiýaçlandyryş Türkmenistanyň Goranmak ministrligine, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligine, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyna, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna (mundan beýläk - Ätiýaçlandyrýanlar) Türkmenistanyň Döwlet býujetinden bölünip berilýän serişdeleriň, şeýle hem şertnamalar esasynda içeri işler edaralaryna ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan, kärhanalardan, edaralardan we guramalardan gelýän serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
5. Ätiýaçlandyrýanlar Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) bilen hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasyny kanunçylyga laýyklykda bir ýa-da şondan köp ýyl möhlete baglaşýarlar.
Hökmany ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi her ýylyň 1-nji ýanwaryndan 31-nji dekabry aralygyna bir senenama ýyly üçin şu Tertibe goşundyda görkezilen möçberlere laýyklykda kesgitlenilýär. Şunda senenama ýylynyň jemi boýunça Ätiýaçlandyrýanlaryň her biri babatda hakyky tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberi (Ätiýaçlandyryjynyň 2% hyzmat tölegini goşmak bilen) olaryň kesgitlenilen ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberinden köp bolanda, şol ýylyň ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi köp bolan möçbere barabarlykda köpeldilýär.
Eger senenama ýylynyň jemi boýunça Ätiýaçlandyrýanlaryň her biri babatda hakyky tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberi (Ätiýaçlandyryjynyň 2% hyzmat tölegini goşmak bilen) olaryň kesgitlenen ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberinden az bolanda, şol ýylyň yzyndan gelýän senenama ýyly üçin ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi az bolan möçbere barabarlykda kemeldilip kesgitlenilýär.
Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da onuň mirasdaryna hakyky tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 2%-ne deň hyzmat tölegini ätiýaçlandyryş işini alyp barmagy hem-de çykdajylaryny maliýeleşdirmegi üçin öz hasabynda galdyrýar.
6. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyryjy şu Tertibiň on bäşinji böleginde görkezilen resminamalaryň resmileşdirilişiniň doly hem-de dogrudygyny barlap, kabul edip alýar we ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da onuň mirasdaryna ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegi üpjün edýär.
7. Ätiýaçlandyryjy her çärýekde hasabat çärýeginden soň gelýän aýyň 10-na çenli hakyky tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň jemi hakyndaky maglumaty Ätiýaçlandyrýanlara degişlilikde iberýär.
8. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegi şu aşakdaky tertipde amala aşyrýar:
1) Ätiýaçlandyrylan şahs gullugy geçýän döwründe wepat bolsa (aradan çyksa), şeýle hem gullukdan boşadylan (tamamlan) gününden soň, bir ýylyň dowamynda gullugy geçen döwründe şikes almagynyň (ýaralanmagynyň, synasyna şikes ýetmeginiň, seňselemeginiň), kesellemeginiň netijesinde aradan çyksa, onuň mirasdaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň (mundan beýläk - binýatlyk mukdary) 200 essesi möçberinde;
2) ätiýaçlandyrylan şahs gullugy geçýän döwründe ýa-da gullukdan boşadylan (tamamlan) gününden soň, bir ýylyň dowamynda gullugy geçen döwründe şikes almagynyň (ýaralanmagynyň, synasyna şikes ýetmeginiň, seňselemeginiň), kesellemeginiň netijesinde:
a) I topar maýyplygy bolan adama binýatlyk mukdarynyň 30 essesi möçberinde;
b) II topar maýyplygy bolan adama binýatlyk mukdarynyň 25 essesi möçberinde;
ç) III topar maýyplygy bolan adama binýatlyk mukdarynyň 20 essesi möçberinde;
3) harby gullugy geçýän ätiýaçlandyrylan şahs gullugy geçýän döwründe şikes almagynyň (ýaralanmagynyň, synasyna şikes ýetmeginiň, seňselemeginiň), kesellemeginiň netijesinde harby gulluga ýaramly däl diýlip ykrar edilen ýagdaýynda binýatlyk mukdarynyň 20 essesi möçberinde;
4) gullugy geçýän döwründe ätiýaçlandyrylan şahs:
a) agyr ýaralananda binýatlyk mukdarynyň 20 essesi möçberinde;
b) ýeňil ýaralananda binýatlyk mukdarynyň 15 essesi möçberinde;
ç) şu bendiň «a» we «b» kiçi bentlerinde görkezilenlerden beýleki ýagdaýlarda şikes alanda (ýaralananda, synasyna şikes ýetende, seňselände) ýa-da kesellände binýatlyk mukdarynyň 5 essesi möçberinde.
9. Kanunçylykda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemekden ýüz döndermäge haklydyr.
Ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemek meselesini çözmek üçin zerur bolan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýanlar gulluk derňewleriniň netijeleri boýunça degişli resminamalaryň nusgalaryny Ätiýaçlandyryja bermelidirler.
II bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenilmegi üçin
resminamalary resmileşdirmek
10. Ätiýaçlandyrylan şahs gullugy geçýän döwründe gulluga ýaramly däl diýlip ykrar edilen ýagdaýynda, onda oňa harby bölüm ýa-da Merkezi harby-lukmançylyk topary ýa-da Harby-lukmançylyk topary tarapyndan talap edilen ýere bermek üçin saglyk ýagdaýy sebäpli harby gulluga ýaramly däldigini tassyklaýan näsaglyk şahadatnamasynyň nusgasy berilýär.
11. Ätiýaçlandyrylan şahs gullugy geçýän döwründe agyr ýa-da ýeňil ýaralansa we onuň netijesinde gullukdan boşadylmaga degişli däl bolsa, onda onuň gulluga ýaramlydygyny kesgitleýän degişli Merkezi harby-lukmançylyk topary ýa-da Harby-lukmançylyk topary tarapyndan ýaralanmanyň nähili alnandygy barada güwänama berilýär.
Alnan keseliň we şikesiň agyrlygynyň derejesi Merkezi harby-lukmançylyk topary ýa-da Harby-lukmançylyk topary tarapyndan Türkmenistanyň Goranmak we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň buýrugy bilen tassyklanýan Harby gulluga çagyrylmaga degişli raýatlaryň we harby gullukçylaryň harby gulluga ýa-da harby hünärler boýunça gulluga çäklendirilen ýaramly ýa-da ýaramly däl, şeýle hem barlanylmaga we bejerilmäge mätäç diýlip ykrar edilmegine esas bolýan keselleriň hem-de şikesleriň Sanawy esasynda kesgitlenilýär.
Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýerinde Merkezi harby-lukmançylyk topary ýa-da Harby-lukmançylyk topary bolmadyk ýagdaýynda, saglygy goraýyş edaralary kesel taryhynyň doly göçürmesini Merkezi harby-lukmançylyk toparyna ýa-da Harby-lukmançylyk toparyna ýa-da Harby-lukmançylyk toparynyň hukugy bolan lukmançylyk toparyna ibermelidirler. Merkezi harby-lukmançylyk toparynyň ýa-da Harby-lukmançylyk toparynyň ähli netijenamalarynda (güwänamalarynda) ýaralanmanyň derejesi we nähili ýagdaýda alnandygy görkezilmelidir hem-de harby bölümleriň serkerdeleri (başlyklary) ýa-da degişli Ätiýaçlandyrýanlaryň ýolbaşçylary tarapyndan tugraly möhür bilen tassyklanmalydyr.
12. Ýaralanma hakyndaky güwänama ýitirilende ýa-da ýok edilende, Merkezi harby-lukmançylyk topary ýa-da Harby-lukmançylyk topary tarapyndan şol güwänamanyň asyl nusgasy bilen deň güýji bolan öwezligi berilýär.
13. Ätiýaçlandyrylan şahs wepat bolan (aradan çykan) ýagdaýynda, onuň mirasdarynyň mirasa bolan hukuk hakyndaky şahadatnamasyny kanunçylyga laýyklykda resmileşdirmegi üçin, ätiýaçlandyrylan şahsyň ýaşaýan ýeri boýunça Ätiýaçlandyrýanlara (harby wekillige) mirasdar ýüz tutan halatynda, Ätiýaçlandyrýanlar (harby wekillikler) tarapyndan mirasdara bellenilen görnüşde güwänama berilýär.
14. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenmegi baradaky arza Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan gününden başlap, 3 (üç) ýylyň dowamynda berilmelidir.
15. Ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi üçin degişlilikde şu resminamalar resmileşdirilýär we Ätiýaçlandyryjynyň ýerlerdäki ätiýaçlandyryş guramasyna berilýär:
1) Ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da onuň mirasdary tarapyndan:
a) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenmegi barada arza;
b) ätiýaçlandyrylan şahsyň ýa-da onuň mirasdarynyň pasportynyň ýa-da şahsyýetini tassyklaýan beýleki resminamasynyň nusgasy;
ç) ätiýaçlandyrylan şahsyň ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň nusgasy;
d) ätiýaçlandyrylan şahsyň ölüm hakyndaky lukmançylyk şahadatnamasynyň nusgasy;
e) Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň ätiýaçlandyrylan şahsyň maýyplygyny, haýsy topara degişlidigini, sebäbini hem-de wagtyny kesgitleýän kepilnamasynyň nusgasy;
ä) ätiýaçlandyrylan şahsyň mirasdarynyň mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamasynyň nusgasy;
2) Ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan:
a) ätiýaçlandyrylan şahsyň şahsy düzümiň sanawyndan çykarylandygy baradaky degişli Ätiýaçlandyrýanlaryň buýrugyndan göçürmesi ýa-da nusgasy;
b) zerur bolan halatlarda Ätiýaçlandyrýanlaryň geçiren gulluk derňewleriniň netijesinden göçürme;
ç) Merkezi harby-lukmançylyk toparynyň ýa-da Harby-lukmançylyk toparynyň ätiýaçlandyrylan şahsyň gullugy geçýän döwründe ýaralanmagynyň, synasyna şikes ýetmeginiň, seňselemeginiň, kesellemeginiň derejesi baradaky ýa-da gulluga ýaramly däldigini tassyklaýan näsaglyk şahadatnamasynyň nusgasy;
d) ätiýaçlandyrylan şahsyň näsaglyk şahadatnamasynyň nusgasy.
Şu bölekde görkezilen resminamalar Ätiýaçlandyryja elektron görnüşinde hem berlip bilner.
III bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň tertibi
16. Ätiýaçlandyryş halatlary ýüze çykan ýagdaýynda, ätiýaçlandyrylan şahsyň ýa-da onuň mirasdarynyň ýaşaýan ýeri boýunça Ätiýaçlandyryjynyň ýerlerdäki ätiýaçlandyryş guramasy ätiýaçlandyryş pul möçberini ätiýaçlandyrylan şahsyň ýa-da onuň mirasdarynyň islegine görä, pulhanasyndan nagt görnüşinde töleýär ýa-da olaryň bank hasabyna geçirýär.
Eger mirasdar kämillik ýaşyna ýetmedik ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş pul möçberi, kanunçylyga laýyklykda karz edarasynda mirasdaryň ýa-da onuň kanuny wekilleriniň adyna açylan bank hasabyna geçirilýär hem-de bu barada degişli hossarlyk we howandarlyk edarasyna habar berilýär.
Şunda, ätiýaçlandyryş pul möçberini bank hasabyna geçirmek karz edaralary tarapyndan töleg almazdan kanunçylyga laýyklykda ýerine ýetirilýär.
17. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň ätiýaçlandyrýan şahslarynyň aýry-aýry toparlarynyň, gulluk geçişiniň aýratynlyklaryna laýyklykda, agzalan ministrlikler ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenmegi üçin şu Tertibiň on bäşinji böleginde görkezilen degişli resminamalary goşup, Ätiýaçlandyryja resmi ýüz tutýarlar. Şeýle ýagdaýda, Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini onuň ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da onuň mirasdaryna gowşurylmagy üçin, degişlilikde Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň hasabyna geçirýär.
18. Ätiýaçlandyryş pul möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan degişli resminamalaryň kabul edilen gününden soň, 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda tölenmelidir.
Ätiýaçlandyryjy kanunçylyga laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemekden ýüz dönderen ýagdaýynda, bu barada 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda sebäplerini görkezip, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da onuň mirasdaryna, şu Tertibiň on ýedinji böleginde görkezilen halatda degişli ministrlige hat üsti bilen habar berilmelidir. Ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da onuň mirasdary we degişli ministrlik ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemekden ýüz dönderilmegi bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda kazyýete şikaýat edip biler.
19. Ätiýaçlandyrylan şahsa çagyryş boýunça harby gullugy geçýän döwründe maýyp bolmagy, şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesellemegi bilen bagly tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberi, onuň islegine görä, ol gullukdan boşadylandan soň hem tölenilip bilner.
IV bap. Jemleýji düzgünler
20. Ätiýaçlandyrýanlar degişlilikde:
1) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenmegi üçin hasaba almagyň ýörite kitabynda tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň maglumatlaryny ýöredýärler;
2) Merkezi harby-lukmançylyk topary ýa-da Harby-lukmançylyk topary tarapyndan berilýän şahadatnamanyň (güwänamanyň) kanunalaýyk berlişine gözegçiligi amala aşyrýarlar;
3) Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ähli resminamalary görkezýärler we hödürleýärler;
4) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenmegi üçin toplanylyp hödürlenilýän resminamalaryň dogry doldurylmagyna we resmileşdirilmegine gözegçilik edýärler.
21. Hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmak bilen bagly şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
Harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmagyň we olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň Tertibine goşundy
Harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň)
MÖÇBERLERI
T/b |
Ätiýaçlandyrýanlar |
Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) bir ýyl üçin möçberi (manatda) |
1 |
Türkmenistanyň Goranmak ministrligi |
200 000 |
2 |
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrligi |
50 000 |
3 |
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi |
100 000 |
4 |
Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugy |
20 000 |
5 |
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy |
80 000 |
6 |
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy |
20 000 |
7 |
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy |
20 000 |