Gaýtadan ätiýaçlandyryş amallaryny geçirmegiň TERTIBI
Gaýtadan ätiýaçlandyryş amallaryny geçirmegiň
Tertibi
030.150.010
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi hem-de
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan
2005-nji ýylyň 29-njy dekabrynda tassyklanyldy
(Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýygyndysy, 2012ý., №1 (14), I bölek, 24-nji sahypa)
1. Şu Tertip «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda çykaran №2821 karary bilen tassyklanan, ätiýaçlandyryş guramalarynyň we dellallarynyň işlerini ygtyýarlandyrmak hakyndaky Düzgünnama laýyklykda işlenip düzüldi we ol Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş guramasy) tarapyndan gaýtadan ätiýaçlandyryş amallaryny geçirmekligiň tertibini kesgitleýär.
2. Ätiýaçlandyryş guramasynyň bellenilen ölçeglerden daşary kabul eden borçnamalary Türkmenistanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda we ätiýaçlandyryjylarynda gaýtadan ätiýaçlandyrylmalydyr, üpjün edilmedik töwekgelçilik bolsa daşary ýurtlaryň ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş kompaniýalarynda (ätiýaçlandyryş dellallarynda) gaýtadan ätiýaçlandyrylmalydyr.
Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini gaýtadan ätiýaçlandyryşa berýän ätiýaçlandyryş guramasy bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şonda ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamasy doly möçberde galýar.
3. Gaýtadan ätiýaçlandyryşa berilýän töwekgelçiligiň anyk möçberi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan ätiýaçlandyryş guramasynyň maliýe mümkinçiliklerinden we töwekgelçiligiň derejesinden ugur alnyp kesgitlenilýär.
Eger bu Türkmenistanyň Prezidentiniň 1996-njy ýylyň 11-nji oktýabrynda çykaran №2821 karary bilen tassyklanan, ätiýaçlandyryş guramalarynyň we dellallarynyň işlerini ygtyýarlandyrmak hakyndaky Düzgünnamasy bilen kesgitlenen geçirilýän amallaryň töleg ukyplylygyna baha bermek ölçeglerinden ýokary bolmasa daşary ýurt gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda töwekgelçilik gaýtadan ätiýaçlandyrylanda her bir şertnama boýunça töwekgelçiligiň 15 göteriminden az bolmadyk möçberi ätiýaçlandyryş guramasynyň özünde galdyrylmalydyr.
4. Töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyryşa berýän ätiýaçlandyryş guramasy daşary ýurt ätiýaçlandyryjysynyň (ätiýaçlandyryş dellalynyň) töleg tölemek ukybyna baha bermek üçin ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçiligini edýän gurama şu aşakdaky resmi namalary bermelidir:
- ätiýaçlandyryş işini (gaýtadan ätiýaçlandyryş işini) geçirmäge gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň, gaýtadan ätiýaçlandyryş boýunça dellalçylyk işini geçirmäge – ätiýaçlandyryş dellalynyň ygtyýarnamasynyň nusgasyny;
- daşary ýurtly gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň (ätiýaçlandyryş dellalynyň) geçen ýyl üçin hasabatynyň nusgasyny;
- ýyllyk hasabat baradaky auditorlyk netijenamasynyň nusgasyny;
- gaýtadan ätiýaçlandyryşyň Baş şertnamasynyň nusgasyny.
5. Ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan erkin ýörgünli pullarda kabul edilen töwekgelçilik Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş we gaýtadan ätiýaçlandyryş guramalaryna, ýerleşdirilmedik töwekgelçilikleri bolsa daşary ýurtly gaýtadan ätiýaçlandyryjylara (ätiýaçlandyryş dellallaryna) berilýär.
Bu halatda ätiýaçlandyryş tölegleri, ätiýaçlandyryş öwezini dolmalary we ätiýaçlandyryş pul möçberleri, komission sylaglary, franşiza erkin ýörgünli pullarda amala aşyrylýar.
6. Gaýtadan ätiýaçlandyryş amallarynyň tölegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda nagt däl hasaplaşyk arkaly amala aşyrylýar.
7. Ätiýaçlandyryş guramalarynyň gaýtadan ätiýaçlandyryş amallary boýunça işine döwlet gözegçiligi Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi tarapyndan amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan
2006-njy ýylyň 22-nji fewralynda bellige alyndy.
Bellige alyş sany 372.