Suw ulag serişdeleriniň utgaşdyrylan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň Baş direktorynyň
2005-nji ýylyň 17-nji oktýabryndaky cykaran
68 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy
SUW ULAG SERIŞDELERINIŇ UTGAŞDYRYLAN MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞ KADALARY
- Umumy düzgünler
- Şu Kadalar Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat bitewi kanunyna, «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 29-ynda çykaran №3001 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
- Şu Kadalar Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bilen (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) edara görnüşindäki taraplaryň we şahsy adamlaryň, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinde iş alyp barýan daşary ýurtly raýatlaryň arasynda (mundan beýläk - Ätiýaçlandyrýan) suw ulag serişdesinde gurnalan maşynlary, enjamlary we abzallary bilen, üçünji taraplaryň, ýolagçylaryň öňündäki zaýalanan ýa-da ýitirilen ýük (goş) üçin jogapkärçiligini içine almak bilen, suw ulag serişdeleriniň utgaşdyrylan meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça özara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
- Suw ulag serişdeleriniň utgaşdyrylan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça Ätiýaçlandyryjy şertnamada şertleşilen töleg boýunça (ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy)) şertnamada göz öňünde tutulan halat ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýana ýa-da başga, peýdasyna şertnama baglaşylan adama (Peýda alyja) ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen kesgitlenen pul möçberiniň çäklerinde bu ýagdaý sebäpli ätiýaçlandyrylan deňiz (derýa) gämisine ýetirilen zyýanyň, şeýle hem üçünji taraplaryň emlägine, saglygyna ýa-da ömrüne ýetirilen zelel sebäpli bolan ýitgileriň öwezini dolmaga (öwezini doluş tölegini tölemäge) borçlanýar.
- Üçünji taraplar - suw ulag serişdeleriniň utgaşdyrylan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň taraplary bolup çykyş etmeýän, olara degişli bolan emläkleriniň zyýan çekmegi sebäpli ýetirilen ýitgileri, şeýle hem Ätiýaçlandyrýan (Peýda alyjy) tarapyndan suw ulag serişdesi dolandyrylanda şahsy adamyň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan sebäpli ýüze çykan ýitgileri bolan edara görnüşindäki taraplar we şahsy adamlardyr.
- Suw ulag serişdesi (mundan beýläk – emläk) ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça kanun, başga hukuk namasy ýa-da şertnama esasynda bu emlägi goramakda bähbidi bolan başga tarapyň (Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Peýda alyjynyň) peýdasyna ätiýaçlandyrylyp bilner.
- Ätiýaçlandyryş goragy diňe ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen çäklerde (ýa-da ýolunda) üpjün edilýär.
- Ätiýaçlandyryş obýektleri
- Ätiýaçlandyryş obýekti bolup Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelmeýän suw ulag serişdesine, ýüke eýeçilik etmek, ony ulanmak we dolandyrmak bilen bagly bolan, maşynlary, enjamlary, takelažy, içki bejergisini we beýlekileri içine almak bilen, şeýle hem Ätiýaçlandyrýanyň şahsyýetine ýa-da şahsy adamyň emlägine, şeýle hem edara görnüşindäki tarapa ýetiren zeleliniň öwezini dolmagy bilen, emläk bähbitleri çykyş edýärler.
- Şu Kadalar boýunça suw ulag serişdesi diýlip deňiz (derýa) gämisiniň düzüm gurluşyna: ýangyç-ýaglaýjy we beýleki çykdajy materiallaryny aýyrmak bilen, gabarasyna, hereketlendirijisine, gäminiň enjamlaryna we abzallaryna düşünilýär.
- Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça deňiz (derýa) gämileri olaryň etmeli işine, ýüzmeli ýerlerine, gurulan materialyna, hereketlendirijisiniň kysymyna baglylykda we aşakdaky toparlara bölünişine görä ätiýaçlandyrylyp bilinýärler:
- etmeli işi boýunça – söwda, gulluk, sport, balykçylyk, ýolagçy, gezelenç (lihterler, tirkeg gämileri, buz döwüji gämiler, paromlar, baržalar, katerler we ş.m.).
Söwda gämileri daşaýan ýüküniň häsiýetine baglylykda aşakdakylara bölünýärler:
- gaba salynan we gaplanylmadyk gury ýükleri daşamak üçin niýetlenilen gury ýük daşaýan gämiler (refrižeratorlar, agaç daşaýjylar, däne daşaýjylar, konteýner daşaýjylar, paket daşaýjylar we ş.m.);
- suwuk ýükleri guýup daşamak üçin niýetlenilen suwuk ýükleri daşaýjylar (tankerler we ş.m.).
- Şular ätiýaçlandyryşa kabul edilmeýär:
- gurluş parçalary (hereketlendirijileri, gabarasy, gurluşy, gämiçilik we beýleki gämi gurnawlary, maşynlary we enjamlary) awariýa ýagdaýynda bolan suw ulag serişdeleri;
- gämileriň döwlet ýazgysyna girizilmedik we degişli buz toparynyň resmi bellige alnyşy bolmadyk suw ulag serişdeleri;
ç) suw gämilerinde bolan we Ätiýaçlandyryýana degişli bolmadyk we şertnama gatnaşyklarynyň netijesinde alynmadyk emläk.
- Jogapkärçiligiň möçberi
- Gämileriň gabarasynyň ätiýaçlandyryşy boýunça (kasko) jogapkärçiligiň möçberi aşakdaky şertleriň biriniň esasynda kesgitlenilýär:
3.1.1. “Ýok bolmak we zeper ýetmek üçin jogapkärçilik bilen”
Bu şertlerde baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça aşakdakylaryň öwezi dolunýar:
- oduň, ýyldyrymyň, boranyň, tüweleýiň we beýleki tebigy betbagtçylyklaryň, çakyşmagyň, ýalpaklyga batmagynyň, buzy içine almak bilen, başga gämi ýa-da islendik hereketsiz ýa-da ýüzýän obýekt bilen çakyşmagynyň netijesinde, ýa-da gäminiň agdarylmagynyň ýa-da gark bolmagynyň netijesinde, şeýle hem ýük ýüklenilende, ýerleşdirileninde we düşürilende ýa-da ýangyç alynanda bolan betbagtçylykly hadysanyň netijesinde, gämide partlaýyşyň bolmagynyň, gazanlaryň ýarylmagynyň netijesinde gäminiň doly (hakykatda ýa-da gurluş taýdan) ýok bolmagynyň netijesinde ýüze çykan ýitgiler;
- goramak üçin ýa-da ýangyny söndürmek üçin edilen çäreleriň netijesinde gämä zeper ýetmeginiň ýitgileri;
ç) umumy heläkçilik boýunça çykdajylar we ýitgiler;
d) gämileriň çakyşmagy sebäpli Ätiýaçlandyrýanyň beýleki gäminiň eýesine tölemäge borçly bolan ýitgileri;
e) gämini halas etmek we gorap saklamak üçin, şeýle hem ýitginiň möçberini azaltmak üçin maksada laýyk edilen harajatlaryň, eger ýitgileriň öwezi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça dolunýan bolsa.
- “Zeper ýetmegi üçin jogapkärçilik bilen»
Bu şertlerde baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça aşakdakylaryň öwezi dolunýar:
a) islendik sebäpler boýunça ýüze çykan gäminiň, onuň mehanizmleriniň, maşynlaryň ýa-da enjamlaryň zeperlerini aýyrmak boýunça çykdajylar;
b) gämi boýunça umumy heläkçiligiň çykdajylary we ýitgileri;
ç) ýitginiň öňüni almak üçin we möçberini kesgitlemek üçin edilen zerur we maksada laýyk harajatlar, eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça ýitgileriň öwezi dolunýan bolsa.
- «Diňe gäminiň doly ýok bolmagy üçin jogapkärçilik bilen, halas etmegiň çykdajylaryny içine almak bilen»
Bu şertlerde baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça diňe gäminiň ýok bolmagynyň ýa-da dereksiz ýitmeginiň ýitgileriniň, şeýle hem gämini halas etmek üçin edilen zerur we maksada laýyk çykdajylaryň öwezi dolunýar. Hiç bir hili beýleki ýitgileriň, şol sanda umumy heläkçilige degişli bolanlaryň öwezi dolunmaýar.
3.1.4. «Diňe gäminiň doly ýok bolmagy üçin jogapkärçilik bilen»
Bu şertlerde ätiýaçlandyryş boýunça gäminiň ýok bolmagynyň ýa-da dereksiz ýitmeginiň ýitgileriniň öwezi dolunýar. Gämini halas etmek üçin edilen zerur we maksada laýyk çykdajylaryň öwezi dolunmaýar.
3.1.5. “Zeper ýetmegi üçin jogapkärçilik bolmazdan, diňe çakyşmak halatlary muňa girýär”
Bu şertlerde ätiýaçlandyryş boýunça zeper ýetmegiň ýitgileri diňe olaryň sebäbi çakyşmak, ýalpaklyga batmak, ýangyn ýa-da gämidäki partlaýyş, gämileriň çakyşmagy ýa-da gäminiň islendik hereketsiz ýa-da ýüzýän obýekt bilen çakyşmagy (buzy içine almak bilen), agdarylmagy ýa-da gäminiň gark almagyndan goramak we ýangyny söndürmek üçin edilen çäreler bolsa, öwezi dolunmaga degişlidir. Ätiýaçlandyryşyň bu şertleri boýunça aşakdakylaryň hem öwezi dolunýar:
- gäminiň dereksiz ýitmeginiň ýitgileri;
- umumy heläkçilik boýunça çykdajylaryň we ýitgileriň;
ç) gämileriň çakyşmagy sebäpli Ätiýaçlandyrýanyň beýleki gäminiň eýesine tölemäge borçly bolan ýitgileri;
d) gämini halas etmek üçin edilen zerur we maksada laýyk harajatlar.
3.1.6. “Hususy heläkçilik üçin jogapkärçiliksiz”
Bu şertler boýunça umumy heläkçilige degişli bolan ýitgileriň, zeper gäminiň gabarasyna we roluna däl-de, enjamlara, maşynlara we gazanlara degişli bolsa öwezi dolunýar. Diňe ýangyny söndürmegiň ýa-da halas ediş amallary döwründe başga gämi bilen çaknyşmagyň netijesinde gämä ýetirilen zeper sebäpli bolan zyýanyň öwezi dolunýar we gäminiň ýalpaklyga batmagy, gämide ýangynyň we partlaýyşyň bolmagy, gämileriň çakyşmagy (halas ediş amallary wagtynda däl) ýa-da gäminiň islendik hereketsiz ýa-da ýüzýän obýekt bilen çakyşmagy (buzy içine almak bilen), agdarylmagy ýa-da gäminiň gark bolmagy netijesinde emele gelen ýitgileriň öwezi dolunmaýar.
- Gämi eýesiniň jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy boýunça aşakdaky töwekgelçilikler ätiýçlandyrylyp bilinýär:
- hasaba alnan gäminiň kapitanynyň, deňizçisiniň ýa-da ekipažynyň agzasynyň aradan çykmagynyň, ten şikeslerini almagynyň ýitgileri ýa-da öwezini dolmalary;
- gämide ýüki işläp taýýarlamak üçin hakyna tutulan islendik adamyň ýüki işläp taýýarlaýan wagty aradan çykmagynyň ýa-da ten şikeslerini almagynyň ýitgileri ýa-da öwezini dolmalary;
- kapitanyň ýa-da ekipažyň agsazynyň ölümi, ten şikesleri sebäpli kanun, ýa-da köpçülikleýin ýa-da ýörite ylalaşyk boýunça çekilen çykdajylar;
- hasaba alnan gäminiň kapitanynyň, ekipažynyň islendik agzasynyň ýurduna eltilmeginiň çykdajylary;
- eger zerur bolsa, aradan çykanyň ýa-da ýurduna äkidileniň ýerine ekipažyň agzalaryny hakyna tutmagyň çykdajylary;
- kapitana ýa-da ekipažyň agzasyna ýok edilen emläginiň bahasyny tölemegiň çykdajylary;
- heläkçilik ýagdaýyna düşen deňizçileri boýunça gämi eýesiniň çeken çykdajylary;
- biletsiz ýolagçylary, ten şikeslerini alan adamlary we kesellileri düşürmek ýa-da geçirmek bilen bagly bolan port we dewiasiýa çykdajylary;
- ömri halas etmek boýunça çykdajylar, eger olar kasko ätiýaçlandyryjylary tarapyndan dolunmaýan bolsa;
- çaknyşyk ýagdaýyna jogapkärçilik;
- ýokardaky bölümçede görkezilen çaknyşygyň ýitgisiniň öwezini dolmasyndan ýokary (meselem, ýokary galma, ýok etmek, gark bolan gämini ýagtylandyrma we ş.m.), çaknyşyk sebäpli bolan çykdajylar we harajatlar;
- islendik porta, doka, bende, ýere, suwa ýa-da başga hereketsiz ýa-da hereket edýän obýekte (ýöne beýleki gämä ýa-da ondaky emläge däl) ýetirilen zyýan we zeper. Suwlaryň nebit önümleri bilen zaýalanmagynyň zyýany;
- gämileriň çaknyşyk sebäpli bolmadyk zyýanlary;
- tirkege almak hakyndaky şertnamalar boýunça jogapkärçilik, eger bu adaty gäminiň gabarasyny ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça dolunmaýan bolsa;
- heläkçilik çeken hasaba alnan ätiýaçlandyrylan gämini galdyrmak, aýyrmak, ýok etmek, yşyklandyrmak ýa-da bakenler bilen belgilemek boýunça çykdajylar we harajatlar;
- gämide äkidilýän ýük boýunça gämi eýesiniň borçnamalaryny bozmagy ýa-da ýüküň ýa-da başga emlägiň zaýalanmagy üçin jogapkärçilik;
- ätiýaçlandyrylan gämide äkidilýän ýüke çaknyşyk sebäpli ýetirilen ýitgiler üçin jogapkärçilik;
- ätiýaçlandyrylan gäminiň heläk bolmagy ýa-da heläkçilik çekmegi boýunça bähbitleri goramak ýa-da derňemek boýunça çykdajylar;
- ýerli häkimiýet edaralarynyň goşulmagyny düzgünleşdirmek maksady bilen, çekilen çykdajylar we harajatlar;
- gämi eýeleriniň kazyýet we beýleki harajatlary.
- Ýokarda agzalan ähli şertlerde aşakdakylaryň netijesinde bolan zyýanyň öwezi dolunmaýar:
- talaňçylygyň, ogurlygyň, beýleki jenaýatçylykly ýa-da bilkastlaýyn hereketleriň, eger olar Ätiýaçlandyrýan ýa-da Peýda alyjy tarapyndan edilen bolsa;
- gämi ýola düşmäkä onuň ýüzüş ukybynyň ýokdugyny Ätiýaçlandyrýanyň, Peýda alyjynyň ýa-da olaryň wekilleriniň bilmekleri;
ç) gäminiň etmeli işinde göz öňünde tutulmadyk we/ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilmedik maksatlar we şertler üçin ulanylmagy;
d) gäminiň ätiýaçlandyryş şertnamasynda ylalaşylan ulanylmaly ýerinden başga ýerde ulanylmagy, eger bu öňüni alyp bolmajak güýjüň netijesinde bolmadyk bolsa;
- gäminiň, onuň bölekleriniň, maşynlarynyň, enjamlarynyň ýa-da degişli zatlarynyň könelmegi, poslamagy;
ä) gäminiň buz topary bilen bellenilmedik şertlerde ulanylmagy;
- islendik atom energiýasyny we böleklere bölünýän maddalary ulanmak sebäpli radiasiýanyň ýa-da radioaktiw ýokuşmanyň göni ýa-da gytaklaýyn täsiriniň netijesinde;
- harby hereketleriniň ýa-da harby çäreleriniň we olaryň zyýanly netijeleriniň, raýatçylyk uruşynyň, halk tolgunyşyklarynyň, zähmet jedelleriniň netijesinde ýüze çykan ýitgileriň;
- gämini we ekipažy saklamagyň çykdajylary;
- tehniki ulanyş kadalary bilen bellenenden artyk ýolagçylaryň we agyr ýüküň daşalmagy;
- hökümet edaralary tarapyndan ätiýaçlandyrylan gämä ýetirilen ýitgileriň, diňe Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça jogapkärçilik çekýän zelel çeken gäminiň hapalanmak howpuny ýok etmek ýa-da aýyrmak üçin geçirilen çäreleriň netijesinde ätiýaçlandyrylan gäminiň ýok bolmagynyň ýa-da zelel çekmeginiň ýitgilerinden başga.
- Şu Kadalaryň 3.1.1. bölümçesinde sanalan sebäpler boýunça ýüze çykan awariýa wagtyndaky frahtyň ýitirilmeginden emele gelen ýitgileriň öwezi dolunmaga degişlidir.
Öwezini dolmanyň möçberi frahtyň bir gije-gündize ylalaşylan möçberini awariýada duran günleriniň sanyna, doly 3 gije-gündizi aýyrmak bilen, köpeltmek arkaly hasaplanylýar, ýöne, eger başgaça ylalaşylmadyk bolsa, awariýa ýagdaýynda 180 günden köp durmaly däl.
Awariýada durmagyň möhleti ätiýaçlandyryş halatynyň bolan wagtyndan hasaplanylýar we halas ediş amallaryny we ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde bolan zelelleriň öňüni almak boýunça bejeriş işlerini öz içine alýar.
Gämini bejerilýän ýerine äkitmegiň wagty ätiýaçlandyryş halaty sebäpli gämi gatnawyny bes etmäge mejbur bolup, derrew bejeriş işlerine äkidilmeli şertinde awariýada duruş möhletine girizilýär.
Ätiýaçlandyryş halaty sebäpli zelelleri aýyrmak boýunça bejerişde gäminiň durmagy netijesinde frahty ýitirmegiň ýitgileri, bu bejeriş ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň 24 aýyň dowamynda geçirilen bolsa dolunýar.
Frahty ýitirmegiň ýitgileri gämi doly (hakykatda ýa-da gurluşy babatda) ýok edilen halatynda tölenilmeýär.
- Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryjynyň haýyşy boýunça töwekgelçiligiň derejesini kesgitlemek üçin gerek bolan islendik maglumatlary bermäge borçludyr.
3.6. Ätiýaçlandyryjynyň bir ätiýaçlandyryş halaty sebäpli ýüze çykan ähli ýitgiler boýunça jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen çäklendirilýär.
- Taraplaryň ylalaşygy esasynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri üýtgedilip, doldurylyp ýa-da başga şertler bilen çalşylyp bilner.
- Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak
- Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça görnüşindäki arzasynyň esasynda gämi hakynda şu takyk maglumatlary görkezmek bilen baglaşylýar (№1goşundy):
- onuň kysymy, baýdagy, gurulan ýyly, görkeziji topary, umumy sygymy;
- ätiýaçlandyryş pul möçberini (gämi boýunça we goşmaça enjam boýunça aýratynlykda), ätiýaçlandyryş şertlerini, ätiýaçlandyryş möhletini – belli möhlete ýa-da bir gatnawa.
Bir gatnawa ätiýaçlandyrylanda gatnawyň başlanýan we tamamlanýan ýerleri, onuň dowamlylygy we girmeli ýerleri, möhlete ätiýaçlandyrylanda bolsa – ýüzüş sebiti we ätiýaçlandyryş möhleti görkezilýär.
Mundan başga-da, Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyrylan obýektiň borçlaryna baha kesmek üçin özüne mälim bolan düýpli ähmiýetli ýagdaýlaryň hemmesi hakynda, şeýle hem ätiýaçlandyrylan emläkdäki islendik düýpli özgeriş, şonuň ýaly-da onuň zaýalanmak ýa-da ýok bolmak howpunyň artýandygy hakynda ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermelidir.
Soňky halatda ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) möçberiniň köpeldilmegini talap etmäge ýa-da birtaraplaýyn tertipde ätiýaçlandyryş şertnamasyny togtatmaga haky bardyr.
Gämi ätiýaçlandyryşa kabul edilende Ätiýaçlandyryjy öz wekiliniň gatnaşmagy bilen dokda gämini gözden geçirmäge haky bar.
- Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny - polisi gowşurmaga borçludyr (№2 goşundy), mundan soň öňki ätiýaçlandyryşy tassyklaýan resmi namalar güýjüni ýitirýärler.
- Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) diňe ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny - polisi alandan soň tölemäge borçludyr.
- Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.
- Eger ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) öz wagtynda geçirilmese, Ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.
- Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli Ätiýaçlandyrýan wznos (baýrak) geçirmegi ýa-da göterimleri tölemegini gijikdirse, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
- Töwekgelçilik gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhlarynyň möçberleri halkara ätiýaçlandyryş bazaryndaky töwekgelçiligiň bahalanyşyny we gaýtadan ätiýaçlandyryş şertlerini hasaba almak bilen, taraplaryň ylalaşygy boýunça bellenilýär.
- Gämi Ätiýaçlandyrýanyň yglan eden pul möçberine ätiýaçlandyrylan hasap edilýär.
Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş gymmatyndan ýokary bolsa, Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägi gäminiň ätiýaçlandyryş gymmaty bolup durýar.
Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş gymmatyndan pes bolsa, zelel ätiýaçlandyryş pul möçberiniň gäminiň ätiýaçlandyryş gymmatyna bolan gatnaşygynda tölenilýär.
- Eger ätiýaçlandyryş gymmaty ätiýaçlandyryş polisinde görkezilmese, onda Ätiýaçlandyrýan bilen ylalaşmagyň esasynda ätiýaçlandyryş gymmaty diýlip bu hili gäminiň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylýan döwründe hereket edýän dünýä bazaryndaky bahalary hasap edilýär.
- Şertnamada franşiza göz öňünde tutulyp bilner (şertli ýa-da şertsiz). Şertli franşiza bellenende Ätiýaçlandyryjy, eger çekilen zeleliň möçberi franşizanyň möçberinden geçmeýän bolsa, çekilen zelel üçin jogapkärçilikden boşadylýar we, eger onuň möçberi franşizanyň möçberinden geçýän bolsa, çekilen zelel dolulygyna öwezi dolunmaga degişli bolýar. Şertsiz franşizada bolsa Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi, franşizany aýryp, çekilen zeleliň möçberi bilen kesgitlenilýär.
Franşiza taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine göterim gatnaşygynda ýa-da doly ululykda bellenilýär.
Eger bir ätiýaçlandyryş halaty sebäpli birnäçe ýitgiler ýetirilen bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen franşiza ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden diňe bir gezek tölenilýär.
- Ätiýaçlandyryş şertnamasy möhlete ýa-da gatnawa baglaşylýar. Möhlet ätiýaçlandyryşynda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen senelerde sagat 24-de (polisiň berlen ýeriniň wagty boýunça) başlanýar we tamamlanýar. Eger ätiýaçlandyrylan gämi möhletiň tamamlanan wagtynda ýüzüşde bolsa ýa-da heläkçilik çekse, ýa gaçalga ýa-da giriş portunda bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi gelmeli portuna gelýänçä uzaldylan hasap edilýär.
Bu ýagdaýda Ätiýaçlandyryjynyň şertnamanyň uzaldylan möhletine degişlilikde ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) almaga hukugy bar.
- Gatnawa ätiýaçlandyrylanda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi gäminiň ugraýan portunda urgasy çözülenden ýa-da labyry taşlanandan soň başlanýar (eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça gepleşilmedik bolsa) we barmaly portunda duralga gelip daýanandan soň ýa-da labyry taşlandan soň tamamlanýar.
- Ätiýaçlandyryjy diňe ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ýüzüş sebitlerinde ýa-da diňe şol gatnaw boýunça ýüze çykan ýitgiler üçin jogapkärçilik çekýär.
Gämi ýüzüş sebitlerinden çykan ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertleşilen ýoldan üýtgän halatynda (dewiasiýa) ätiýaçlandyryş ýatyrylýar.
Emma şu we beýleki halatda gäminiň ýüzüş sebitinden çykýandygy ýa-da gatnawyň üýtgedilýändigi hakynda Ätiýaçlandyryja habar edilse we eger Ätiýaçlandyryjy tarapyndan soralan goşmaça ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) Ätiýaçlandyrýan tölemäge razy bolsa, onda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyny güýjünde galdyryp bilýär.
Adam ömrüni, gämileri we ýüki halas etmek üçin bellenen ýoldan sowulmak ýa-da ýüzüş sebitinden çykmak, şeýle hem gatnawyň howpsuzlygyny üpjün etmek zerurçylygy sebäpli soňraky ýoldan sowulmak ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bozulandygyny aňlatmaýar. Şu hili islendik sowulmalar hakynda Ätiýaçlandyrýan özüne belli bolan badyna Ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr.
- Ätiýaçlandyrýan özüne belli bolan badyna töwekgelçilikde bolan düýpli üýtgeşmeler hakynda Ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr, ýagny, meselem: gatnawyň saklanýandygy, gäminiň şertnamada göz öňünde tutulan gitmeli ýolundan sowulýandygy, ýüzüş sebitinden çykýandygy, ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda göz öňünde tutulmadyk buzlarda ýüzýändigi, ätiýaçlandyrylan gäminiň beýleki gämileri tirkege alýandygy ýa-da ätiýaçlandyrylan gäminiň kärendä berilendigi we ş.m. hakynda.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandan soň töwekgelçilikde bolan we töwekgelçiligiň möçberini köpeldýän üýtgeşmeler Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şertlerini üýtgetmäge we goşmaça ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) tölenilmegini talap etmäge hukuk berýär.
Eger Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertleriniň üýtgedilmegine ýa-da goşmaça ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölemäge razy bolmasa, ätiýaçlandyryş şertnamasy töwekgelçilikde üýtgeşmeleriň bolan wagtyndan ýatyrylan hasap edilýär.
Ätiýaçlandyrylan gäminiň synag gatnawlaryny etmegi, heläkçilik edýän gämilere kömek etmegi ýa-da tirkege almagy, ýa-da onuň özüniň kömege mätäç bolup başga gäminiň tirkeginde bolmagy, ýa-da tirkegde bolup ýüzmek ýerli adatlara ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyk gelmegi ýaly halatlar töwekgelçilikde düýpli üýtgeşmeler diýlip hasaplanylmaýar.
- Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylan wagtynda gäminiň toparynyň hereketiniň üýtgedilen, tamamlanan ýa-da duruzylan ýagdaýynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny wagtyndan öň ýatyrmaga haky bardyr.
Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryjynyň wekiline ätiýaçlandyrylan gämini gözden geçirmäge mümkinçilik bermäge borçludyr.
Gözden geçirilişiň netijeleri boýunça Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny ýatyrmaga hukugy bardyr.
Gämi hakykatda doly ýa-da gurluş taýdan ýok bolan halatynda ätiýaçlandyryş şertnamasy ýatyrylýar.
- Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň wagtyndan öň ýatyrylan halatynda Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny ýatyrmazdan bir aýdan az bolmadyk möhletde öňünden Ätiýaçlandyryja ýazmaça habar bermäge borçludyr.
Bu ýagdaýda wznos (baýrak), hasaplanylan wznos (baýrak) bilen, işi alyp barmagyň çykdajylaryny aýyrmak bilen, ätiýaçlandyryşyň hakyky möhleti üçin wznosyň (baýragyň) aratapawudy möçberinde gaýtarylýar.
- Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda taraplaryň borçlary
- Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda Ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekili şulara borçludyr:
- ýitginiň öňüni almak üçin, ony azaltmak üçin mümkin bolan ähli çareleri görmäge, şeýle hem zelel çeken gämini Ätiýaçlandyryjynyň wekilleriniň gözden geçirmeklerine we ykrarnama düzmeklerine çenli abat saklanylmagyny üpjün etmäge, günäkär tarapa talap hukugyny bildirmäge;
- Ätiýaçlandyryjyny ýa-da onuň wekilini ätiýaçlandyryş halaty barada habardar etmäge;
ç) Ätiýaçlandyryja bolan ýagdaý sebäpli zeleliň möçberlerini, hakykylygyny we sebäbini kesgitlemek üçin zerur resmi namalary bermäge;
d) Ätiýaçlandyryjynyň subrogasiýa hukugyny amala aşyrmaga (jogapkärçilik ätiýaçlandyryşyndan başga);
- üçünji taraplaryň özüne bildirilen nägileligi ýa-da talaby hakynda şobada Ätiýaçlandyryja habar bermäge, degişli maglumatlary we resmi namalary bermäge;
ä) ätiýaçlandyryş halatynyň alamatlary bolan ýagdaýyň ýüze çykmagynyň sebäplerini anyklamak we zeleliň möçberini hasaplamak üçin beýleki zerur bolan resmi namalary bermäge;
- bolan ýagdaýyň netijelerini aýyrmak üçin abatlaýyş kärhanasyny (doky ýa-da gämi ussahanasyny) saýlamagy ylalaşmaga. Eger abatlaýyşyň wagty we ýeri Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşylmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi Ätiýaçlandyryjy (ýa-da çekilen bilermenler) tarapyndan abatlaýyş üçin ýerlikli we maksada laýyk edilen çykdajylardan ugur alnyp kesgitlenilýär.
- Abatlaýyşyň öwezi doluş bahasy gämini ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylan döwründäki ýagdaýyna getirmek üçin zerur bolan çykdajylaryň möçberi hökmünde seredilýär, munda gäminiň aýry bölekleriniň zelelini aýyrmagyň bahasy könelişmegini nazara almazdan dolunýar.
- Eger ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde gämi gatnawyny duruzmaga we abatlaýyşa gitmäge mejbur bolsa, gämini abatlaýyş ýerine äkitmek we getirmek üçin esasly we maksada laýyk edilen çykdajylar dolunmaga degişlidir.
Ähli beýleki halatlarda ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde alnan zelelleri aýyrmak üçin gämini soňky giriş nokadyndan abatlaýyş ýerine äkitmegiň çykdajylary bu hili sürüp äkidiş wagtynda edilýän ulanyş çykdajylaryndan ýokary geçmeýän möçberde dolunýar.
- Abatlaýyşyň bahasynyň öwezi dolunýan bölegine diňe zyýan çeken bölegine düşýän gäminiň gabarasyny arassalamak we reňklemek boýunça çykdajylar, gäminiň zyýanyny aýyrmagyň abatlaýyşy gäminiň gabarasynyň soňky reňklenmesinden soň 12 aýyň dowamyndan bolan şerti bilen girizilýär.
- Gämini doka salmagyň we ondan çykarmagyň, ýa-da elling bilen galdyrmagyň we düşürmegiň çykdajylary, şeýle hem gury doky ýa-da ellingi ulanmagyň çykdajylary, abatlaýyşyň dolunýan bahasyna dolulygyna abatlaýyş işlerinde diňe ätiýaçlandyryş halatynyň netijelerini aýyrmaga gönükdirilen işler geçirilen bolsa girizilýär.
- Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen dolunýan zelelleriň abatlaýyşy ätiýaçlandyryş halatynyň netijelerini aýyrmaga degişli bolmadyk işler bilen birlikde geçirilse, abatlaýyşyň dolunýan bahasyna gämini gury doka salmagyň we çykarmagyň, ýa-da ellingiň kömegi bilen galdyrmagyň we düşirmegiň çykdajylarynyň 50% girizilýär. Munda öwezi dolunýan çykdajylaryň we gury doky ýa-da ellingi ulanmagyň hasaplamasy ätiýaçlandyryş halatynyň netijesini aýyrmak üçin abatlaýyşa gerek bolan wagtdan ugur almak bilen, eger bu hili abatlaýyş aýratyn geçirilen bolsa, hasaplanylýar.
- Gämi satylanda, eger gäminiň zyýanlaryny aýyrmak boýunça abatlaýyş geçirilmedik bolsa, Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde emele gelen zyýanyň dolunmagyna hukugy bar. Öwezini doluşyň möçberi ätiýaçlandyryş möhleti tamamlanmaka geçirilip bilinjek, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça dolunýan zeleller sebäpli gäminiň bahasynyň arzanlaýan möçberinden ýokary bolmadyk möçberde, abatlaýyşyň laýyk bahasyndan ugur alnyp kesgitlenilýär.
Gämi bölmek üçin satylanda bu bölümiň düzgünleri ulanylmaýar.
- Doly ätiýaçlandyryş pul möçberinde, ýöne ätiýaçlandyryş nyrhyndan ýokary bolmadyk möçberde öwezini doluş tölegi aşakdaky ýagdaýlarda tölenilýär:
- gämi hakykatda doly ýok bolanda (gämi dolulygyna ýok edilende we/ýa-da Ätiýaçlandyrýan üçin hemişelik ýitirilende);
- gämi dereksiz ýitende (üç aýyň dowamynda gämi hakynda hiç hili habar bolmadyk bolsa we gämi hakyndaky soňky habar ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti tamamlanmaka alynan bolsa);
ç) gäminiň gurluş taýdan doly ýok bolan halatynda (gämini dikeltmek ýa-da abatlamak ykdysady taýdan maksada laýyk bolmasa).
Gäminiň gurluş taýdan doly ýok bolmagy, eger ätiýaçlandyryş halatynyň netijelerini ýok etmek boýunça çykdajylaryň umumy möçberi gäminiň ätiýaçlandyryş nyrhyndan 100%-inden az bolmasa ykrar edilýär.
Ätiýaçlandyryş halatynyň netijelerini ýok etmek boýunça çykdajylaryň möçberine gämini ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylan döwründäki ýagdaýyna dikeltmegiň bahasy, şeýle hem halas ediş we abatlaýyş ýerine çenli tirkege almagyň çykdajylary we umumy heläkçilikde gäminiň paýy boýunça gatançlary girizilýär.
Gäminiň doly ýok bolmagy ýa-da dereksiz ýitmegi boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenende, Ätiýaçlandyryja tölenen pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyrylan gämä bolan eýeçilik hukugy geçýär.
Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrylan gämä bolan eýeçilik hukugyndan boýun gaçyran ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ýerlenen emlägiň bahasyny tutup galmazdan tölenilýär.
- Eger başga ylalaşyklar bolmasa, ätiýaçlandyryş halaty sebäpli bolan çykdajylar ilki Ätiýaçlandyrýan tarapyndan tölenilýär, soňra Ätiýaçlandyryjy tarapyndan dolunýar.
- Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini talap edende Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertlerinde görkezilen halatyň bolandygyny resmi taýdan subut etmäge we Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberini kesgitlemek üçin zerur bolan talap resmi namalaryny bermäge borçludyr.
- Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak barasyndaky Ätiýaçlandyryja bolan talap etmek hukugy, talaba bolan hukuk döränden Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly bellenen hak isleg möhletiniň çäklerinde tölenilýär.
- Eger Ätiýaçlandyrýan:
- ätiýaçlandyryş töwekgelçiligini bahalandyrmak üçin düýpli ähmiýeti bolan ýagdaýlar hakynda nädogry maglumatlary beren bolsa;
- Ätiýaçlandyryjyny töwekgelçilikde bolan düýpli üýtgeşmeler hakynda habardar etmedik bolsa;
ç) şu Kadalarda görkezilen borçnamalaryny ýerine ýetirmedik bolsa, Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyryp bilýär.
- Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemegiň meselesine garalanda Ätiýaçlandyryjynyň polisi ýa-da ätiýaçlandyryşy tassyklaýan başga resmi namany talap etmäge hukugy bar.
- Eger Ätiýaçlandyrýan ýa-da Peýda alyjy üçünji taraplardan öwezini doluş tölegini alan bolsa, Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça tölemeli pul möçberi bilen üçünji taraplardan alnan pul möçberiniň aratapawudyny töleýär.
- Regres talaplary
- Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenende Ätiýaçlandyryja tölenen pul möçberiniň çäklerinde Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Peýda alyjynyň ýetirilen zelel üçin jogapkär tarapa bolan talap hukugy geçýär.
Ätiýaçlandyrýan ýa-da Peýda alyjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini alanda özünde bolan ähli resmi namalary we subutnamalary Ätiýaçlandyryja bermäge we bu hukugy ýerine ýetirmek üçin hemme etmeli zatlary ýerine ýetirmäge borçly.
- Eger Ätiýaçlandyrýan ýa-da Peýda alyjy ýetirilen zelel üçin jogapkär tarapa bolan talap hukugyndan ýüz öwürse ýa-da onuň günäsi sebäpli bu hukugy amala aşyrmak mümkin bolmasa (zelel üçin günäkär tarapa bolan talap bildirmegiň möhletiniň geçirilmegi we ş.m.), onda Ätiýaçlandyryjy degişli möçberde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek borçlaryndan boşadylýar, töleg tölenen ýagdaýynda bolsa Ätiýaçlandyrýan ýa-da Peýda alyjy alynan öwezini doluş tölegini alynan gününden görkezilen göterimleri bilen gaýtaryp bermäge borçludyr.
- Jedelleri çözmek
- Şu Kadalara laýyklykda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.
- Taraplaryň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ýüze çykýan nägilelikleri Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen hak isleg möhletiniň çäklerinde bildirilip bilner.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 17-sine cykaran
№68 buýrugy bilen tassyklanylan, suw ulag serişdeleriniň
utgaşdyrylan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
№1 goşundy
Suw ulag serişdeleriniň ätiýaçlandyryşy boýunça
ARZA
________________________________________________________________________________
(kärhananyň ady ýa-da Ätiýaçlandyrýanyň şahsy adamsynyň F.A.A.a.)
________________________________________________________________________________
200_ýylyň ________________ aýynyň “ _____ ”-dan ____________________________________
_________________________________________________________________________ möhlete
(ätiýaçlandyryş möhletini görkezmeli – bir ýyla, çärýege, aýa ýa-da gatnawlaryň anyk sanyna)
__________________________________________ we __________________________________
(ýüzüşiň we daşalýan ýüküň häsiýeti görkezilýär) (çäklerinde ýüzmek meýilleşdirilýän
_____________________________________________________________________________ ýüzüşlerine
sebitler ýa-da belli ýurtlar görkezilýär)
ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýär.
Goşmaça Ätiýaçlandyrýan __________________________________________________________
A) Suw ulagynyň ätiýaçlandyryşy (kasko)
Talap edilýän ätiýaçlandyryş üstüni dolmasy: ýok bolmak we zeleller
doly ýok bolmak, halas ediş çykdajylaryny içine almak bilen
diňe doly ýok bolmak
diňe zeleller
diňe çaknyşyk
diňe umumy heläkçilik
Suw ulagynyň bahasy ______________________________________________________________
(suw ulagynyň balans, şertnama bahasy sanlarda we ýazmaça görkezilýär)
_______________________________________________________________________________________
suw ulagy boýunça haýyş edilýän ätiýaçlandyryş pul möçberi ____________________________________
(suw ulagynyň ätiýaçlandyrylýan pul möçberi
_______________________________________________________________________________________
sanlarda we ýazmaça görkezilýär)
B) Gämi eýeleriniň jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy
____________________________________________________________________
(jogapkärçiligiň görnüşi görkezilýär – üçünji taraplaryň öňünde, ýük üçin)
jogapkärçiligiň bileleşdirilen möçberi:
________________________________________________________________ bilen
№2 goşundy
SUW ULAG SERIŞDELERINIŇ UTGAŞDYRYLAN MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA
ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY - POLISI № ___________
Tapgyry ____
Ätiýaçlandyrýan ________________________________________________________
Salgysy/telefony ________________________________________________________
Peýda alyjy ________________________________________________________
Salgysy/telefony ________________________________________________________
Ätiýaçlandyryjy ________________________________________________________
Salgysy/telefony ________________________________________________________ Ätiýaçlandyryş möhleti ________________________________________________________
1. Suw ulag serişdesi (kasko)
Gämi: Görnüşi Gurulan ýyly Registr topary Gäminiň sygymy
|
|
|
|
|
|
|
Üstüni dolmanyň görnüşi __________________________________________________________
Gäminiň ýüzüşe ýaramlylygy hakyndaky şahadatnamasynyň belgisi we senesi ________________
_______________________________________________________________________________
Ýüzüş sebitleri ________________________________________________________
Gäminiň hakyky bahasy ________________________________________________________
Goşmaça enjamlaryň hakyky bahasy _________________________________________________
Ätiýaçlandyryş obýektleri |
Ätiýaçlandyryş pul möçberi |
Nyrh möçberi (%) |
Franşiza |
Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) |
Gämi (kasko), goşmaça enjamlar |
|
|
|
|
Gämi eýesiniň jogapkärçiligi |
|
|
|
|
Jemi |
|
|
|
|
Bu şertnama boýunça ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) umumy möçberi ______________
_______________________________________________________________________________
(möçberi sanda we ýazmaça)
Ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) ____________________________________________
tölemegiň tertibi we möhletleri ____________________________________________
____________________________________________
Beýleki şertler _____________________________________________________________
_____________________________________________________________
Türkmenistanyň
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy M.Ý. ______________________
_____________________________ (goly)
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy – polis 200_ ý._________________ aýynyň “______” berildi.
Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldy _____________________ (goly)
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
200__ ýylyň ________________ «_____» cykaran
№___ buýrugy bilen tassyklanylan, suw ulag serişdeleriniň
utgaşdyrylan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
№3 goşundy
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
____________________________________ dan (den)
(ätiýaçlandyrýanyň ady we salgysy)
ARZA
|
bolup geçen |
||
(ýyly, aýy, güni)
|
|
||
|
sebäpli, ätiýaç- |
||
(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli) |
|
||
landyryş öwezini doluş tölegini tölemegiňizi Sizden haýyş edýäris.
Arza şu resmi namalary goşýarys:
|
|||
|
|
||
|
|||
|
|||
|
|||
|
|||
|
|||
200__ ýylyň _______________ aýynyň “ ______ ” |
|
|
|
|
(Ätiýaçlandyrýanyň goly) |
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 17-sine cykaran
№68 buýrugy bilen tassyklanylan, suw ulag serişdeleriniň
utgaşdyrylan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
№4 goşundy
SUW ULAG SERIŞDELERINIŇ UTGAŞDYRYLAN MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA
ÄTIÝAÇLANDYRYŞ HALATY HAKYNDA GÜWÄNAMA ______
Ätiýaçlandyrýan __________________________________________________________________
(guramanyň ady, F.A.A.a.)
________________________________________________________________________________
(Ätiýaçlandyryjynyň işgäriniň wezipesi, F.A.A.a.)
tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň 200_ ý.___________________ “ _____ “ arzasynyň esasynda şu güwänamany düzdüler:
Degişli resmi namalaryň esasynda anyklanyldy:
- üçünji taraplara
- ätiýaçlandyrylan gämä
- ýüke (gereginiň aşagyny çyzmaly) 200__ ýylyň ________________ aýynyň “ _______ “
________________________________________________________________________________
_________________________________________________________ netijesinde zelel ýetirilipdir
(ätiýaçlandyryş halatynyň ady)
Ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýeti we sebäbi ____________________________________________
________________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş pul möçberini tassyklaýan resmi namalar:
|
|
Polis №
Inwoýs №
Zeleliň bolandygyny tassyklaýan resmi namalar:
Bolan waka hakyndaky bellik bilen ulag resmi namasy:
|
|
Konosament
Baş Güwänama
Garaşsyz seljermäniň Güwänamasy _________________________________________________
Kasko boýunça zeleliň möçberini kesgitlemek
Suw ulagynyň ady |
Hakyky bahasy |
Ätiýaçlandyryş pul möçberi |
Zelelleriň beýany |
Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde arzanlamagynyň % |
Zeleliň möçberi |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
Jogapkärçilik boýunça zeleliň möçberini kesgitlemek
Ätiýaçlandyryş halatynyň ady |
Jogapkärçiligiň möçberi |
Zelelleriň beýany |
Zeleliň möçberi |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
M.Ý. 200_ ý._____________aýynyň “______” Ätiýaçlandyryjy __________________
(goly)
Ätiýaçlandyrýanyň wekili _______________________ (goly)
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2005-nji ýylyň Garaşsyzlyk aýynyň 17-sine cykaran
№68buýrugy bilen tassyklanylan, suw ulag serişdeleriniň
utgaşdyrylan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
№5 goşundy
Nyrh möçberleri
Ýok bolmak we zeper ýetmek üçin jogapkärçilik bilen |
0,5
|
Zeper ýetmegi üçin jogapkärçilik bilen |
0,1
|
Diňe gäminiň doly ýok bolmagy üçin jogapkärçilik bilen, halas etmegiň çykdajylaryny içine almak bilen |
0,5
|
Diňe gäminiň doly ýok bolmagy üçin jogapkärçilik bilen |
0,4
|
Zeper ýetmegi üçin jogapkärçilik bolmazdan, diňe çakyşmak halatlary muňa girýär |
0,1
|
Hususy heläkçilik üçin jogapkärçiliksiz |
0,2
|
Gämi eýesiniň jogapkärçiligi |
0,2
|
Hemme töwekgelçiliklerden |
2
|
Töwekgelçiligiň derejesine baglylykda her bir anyk ýagdaýda ätiýaçlandyryş tölegleriniň nyrhy kesgitlenilende peseldiji (0,4-den 1,0-e çenli) we ýokarlandyryjy (1,0-den 5,0-e çenli) koeffisiýentleri ulanmak mümkindir. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi ortaça nyrhy her bir anyk ýagdaýda töwekgelçiligiň derejesine düýpli täsir edýän gäminiň hyzmat ediş möhletine, tehniki ýagdaýyna we beýleki faktorlara laýyklykda bellenen degişli düzediş koeffisiýentini köpeltmek bilen hasaplanylýar.
Suw ulag serişdeleriniň utgaşdyrylan meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça nyrh möçberleriniň hasaplamasy
Ýyllar |
Ätiýaçlandyryş pul möçberi |
Tölenildi |
Hakyky zelellik |
Ortaça zelellik |
Üýtgemeler |
Üýtgemeleriň kwadratlary |
Ortaça kwadrat üýtgemesi |
2001 |
278790600 |
14300 |
0,0051 |
0,1554 |
-0,1503 |
0,0226 |
|
2002 |
8242000 |
25190 |
0,3056 |
0,1554 |
0,1503 |
0,0226 |
0,212 |
jemi |
|
|
|
|
|
0,0452 |
|
Netto-nyrhyň esasy bölegi 0,16
Töwekgelçilik üstüne goşulmasy 0,21
Netto-nyrh 0,37
Brutto nyrh: 0,61