Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

23.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň Baş direktorynyň

2011-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda çykaran

76 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

 

Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş

KADALARY

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Şu Kadalar Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat  Kodeksine, „Ätiýaçlandyryş hakynda“ Türkmenistanyň Kanunyna, „Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda“ Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001 belgili karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama, Halkara ýük daşamalary (TIR) (mundan beýläk - HÝD) kitapçasyny ulanmak bilen ýükleriň halkara daşamalaryny amala aşyrmak hakyndaky gümrük Konwensiýasyna (1975 ý.) we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Ätiýaçlandyryş guramasy (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylarynyň raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş şertnamasynda (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) şertleşilen töleg (ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy)) boýunça Türkmenistanyň, şeýle hem daşary ýurtlaryň şahsy we edara görnüşli taraplaryna (mundan beýläk - Ätiýaçlandyrýan) şertnamada göz öňünde tutulan waka (ätiýaçlandyryş halaty) ýüze çykanda ýetirilen zyýan üçin ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen kesgitlenen pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek borçnamasyny öz üstüne alýar.

3. Ýükleriň halkara daşamalaryny amala aşyrýan ýük daşaýjysy özüniň TIR kitapçasyny ulanmak bilen halkara ýük daşamalaryny amala aşyrmakda ýüze çykýan amallary ýerine ýetirmek bilen bagly bolan raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýar.

Bu amaly ýerine ýetirmek boýunça öz raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmadyk ýük daşaýjysyna Halkara ýük daşamalary (HÝD) kitapçasyny ulanmak bilen halkara ýük daşamagyna ýol berilmeýär.

Halkara ýük daşamasy diýlip, ugradyş gümrükhanasyndan barmaly gümrükhanasyna çenli, amalyň bir bölegini awtomobil ulagy arkaly äkitmek şerti bilen, täzeden ýüklenmän bir ýa-da birnäçe serhetden geçmek arkaly daşalýan ýüklere düşünilýär.

 

 

II. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

4. HÝD kitapçasyny ulanmak bilen halkara ýük daşamalaryny amala aşyrmakda göz öňünde tutulan amallary ýerine ýetirmekligiň netijesinde Ätiýaçlandyrýanyň ýüze çykan zeleli tölemek boýunça borçnamasy bilen bagly bolan gümrük edaralarynyň öňündäki emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

5. Ýükleriň aşakdaky görnüşleriniň daşamalary şu Kadalaryň çäklerinde ätiýaçlandyrylmaýar:

- gymmatbaha guýma metallary, gymmatbaha daşlar, banknotlar, teňňeler, ýol we bank çekleri, obligasiýalar, töleg serişdeleri we gymmatly kagyzlaryň beýleki görnüşleri;

- daşalmagy üçin ýörite tranzit gümrük resminamalarynyň alynmagyny talap edýän beýleki ýükler.

Halkara ýük daşama amalynynyň ýa-da tertibiniň bozulmagy bilen bagly bolmadyk, şeýle hem üçünji taraplaryň kezzapçylygy, şol sanda, ýüküň resminamalarynyň ýalan gümrük edarasy ýa-da ygtyýary bolmadyk edara tarapyndan resmileşdirilmegi üçin ýük daşaýjynyň gümrük edaralarynyň öňündäki jogapkärçilgi üpjün edilmeýär.

 

III. Ätiýaçlandyryş halaty

 

         6. Şu Kadalar boýunça ätiýaçlandyryş halaty diýlip, HÝD kitapçasyny ulanmak bilen halkara ýük daşamalaryny amala aşyrmakda göz öňünde tutulan amallary ýerine ýetirmekligiň netijesinde Ätiýaçlandyrýanyň zeleli tölemek boýunça gümrük edaralarynyň öňündäki jogapkärçiliginiň ýüze çykmagyna düşünilýär.

         7. Ätiýaçlandyryjy ýük daşama amalyny ýerine ýetirmek ýa-da geçirmek bilen bagly bolan gümrük ýygymlary, paçlary we gümrük kanunlaryna we düzgünlerine laýyklykda salnyp bilinjek beýleki tölegler üçin ýük daşaýjynyň gümrük edaralarynyň öňündäki jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýär.

 

VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagy,

ätiýaçlandyryş wznoslary (baýraklary)

 

8. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýan tarapyndan doldurylýan bellenen görnüşdäki arzanyň esasynda (№1 goşundy), Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny-polisi bermekligi arkaly baglaşylýar (№2 goşundy).

Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda Ätiýaçlandyrýanyň Ätiýaçlandyryjydan ätiýaçlandyryşyň bu görnüşiniň şertlerini we hereket ediş tertibini düşündirmegini talap etmäge hukugy bardyr.

9. Ätiýaçlandyryş ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan güni sagat 24-de güýje girýär we ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen soňky güni sagat 24-de tamamlanýar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi daşaýjynyň halkara ýük daşamasynyň bellenen möhletleriniň dowamynda we ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş döwründäki amala aşyrýan amallaryna degişlidir.

Eger halkara ýük daşamasynyň möhleti (HÝD kitapçasynyň) tamamlansa ýa-da halkara ýük daşama amaly ätiýaçlandyryş polisinde bellenen möhletden soň tamamlansa, halkara ýük daşama amaly (HÝD kitapçasynyň möhleti) ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde görkezilen ätiýaçlandyryş möhletiniň dowamynda başlan bolsa, Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi halkara daşamasy tamamlanýança tutuş möhletine degişlidir (bu diňe Türkmenistanyň Ätiýaçlandyrýanlaryna degişlidir).

Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde görkezilen çäkde we ugurda ýa-da daşama gatnawynda hereket edýär.

Daşamanyň gatnawy Ätiýaçlandyryjy bilen deslapdan ylalaşylman üýtgedilse, ätiýaçlandyryş halaty hem daşamanyň gatnawy Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşylmadyk böleginde ýüze çyksa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenilmeýär.

10. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe Ätiýaçlandyrýana töwekgelçiligiň derejesinde düýpli üýtgeşmeler, ýa-da netijesinde Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň möçberini ýokarlandyryp biljek üýtgeşmeler hakynda belli bolsa, ol gysga wagtyň içinde bu hakda Ätiýaçlandyryjyny ýazmaça görnüşde habarly etmelidir.

Eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan habar edilen maglumatlar tutuşlygyna ýa-da belli bir böleginde hakykata laýyk gelmese, we Ätiýaçlandyrýan bilgeşleýin ýalan maglumatlary beripdir diýen pikir dörese, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmaga hukugy bardyr.

11. Ätiýaçlandyrýan hereket ediş möhleti şu Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň-polisiniň möhleti bilen doly ýa-da bir böleginde gabat gelýän möhlete beýleki Ätiýaçlandyryjylar bilen halkara ýük daşamalarynda gümrük edaralarynyň öňündäki baglaşylan ähli jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş şertnamalary hakynda habarly etmäge borçludyr.

Iki gezek ätiýaçlandyryş ýüze çykan ýagdaýynda bu Ätiýaçlandyryjy diňe beýleki Ätiýaçlandyryjynyň öwezini dolmadyk möçberini töleýär.

12. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi aşakdaky ýagdaýlarda tamamlanýar:

- şertnamanyň möhleti tamamlananda we taraplar şertnama boýunça öz borçnamalaryny doly ýerine ýetirenlerinde;

- edara görnüşli tarap bolan Ätiýaçlandyrýanyň işi ýatyrylanda, onuň hukuklary we borçlary miras hakly tarapa geçmegi muňa degişli däl;

- şahsy tarap bolan Ätiýaçlandyrýan aradan çykanda, onuň hukuklary we borçlary üçünji tarapa geçmegi muňa girmeýär (mirasdüşere, hossara we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga taraplara).

13. Türkmenistanyň Ätiýaçlandyrýanlary tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasy bir daşama baglaşylýar, we ätiýaçlandyryş wznoslary (baýraklary) ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň-polisiniň hereket edýän döwründe daşaýjylar tarapyndan alynmagy meýilleşdirilýän HÝD kitapçalarynyň sanyna laýyklykda tölenilýär. Hakykatda alynan HÝD kitapçalarynyň sanyny nazarda tutmak bilen, ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) möçberi ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde görkezilen möhletiň ahyrynda, ýöne tamamlanan wagtyndan 10 günden gije galman, gaýtadan hasaplanylýar.

14. Ätiýaçlandyryş wznoslary (baýraklary) nagt däl ýa-da nagt hasaplaşyk arkaly daşamak göz öňünde tutulýan her bir HÝD kitapçasy boýunça Türkmenistanyň Ätiýaçlandyrýanlary üçin bellenen möçberde bir gezekde, şeýle hem daşary ýurtlaryň Ätiýaçlandyrýanlary üçin ýüke, onuň nomenklaturasyna we bahasyna baglylykda, differensirlenip tölenilýär.

Ätiýaçlandyryş hakynda arzadaky maglumata laýyklykda ätiýaçlandyryş wznoslarynyň (baýraklarynyň) nyrh möçberleri her bir Ätiýaçlandyrýan üçin aýratynlykda kesgitlenilýär (№3 goşundy).

15. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen halatynda kanunçylyga laýyklykda ýitirilen diýilip yglan edilende, Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy boýunça öwezligini bermegiň çykdajylaryny tölemäge borçlanmagy bilen, onuň öwezligi berilýär.

16. Töwekgelçilik Türkmenistanyň daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertleri we ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi halkara ätiýaçlandyryş bazarynda töwekgelçiligiň bahalandyrylyşyny we gaýtadan ätiýaçlandyryş şertlerini nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşygy boýunça bellenilýär.

V. Jogapkärçiligiň çägi

 

         17. Ätiýaçlandyryş halaty bolan ýagdaýynda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägi aşakdakylardan ybaratdyr:

         - adaty HÝD kitapçasy bolan Türkmenistanyň ýük daşaýjysyna ABŞ-yň 50 000 dollary;

         - bir HÝD kitapçasy üçin Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň birleşmesi tarapyndan soralyp bilinjek, şeýle hem halkara ýük daşamalary hakyndaky Gümrük Konwensiýasynyň düzgünleri bilen daşaýjy ýa-da kepillendiriji birleşme üçin bellenen jogapkärçiligiň çäklendirmesini nazarda tutmak bilen, „Temmäki önümleri/Spirtli içgiler“ HÝD kitapçasy boýunça ýük daşamasyna ABŞ-yň 200 000 dollary.

         18. 17-nji bölümde görkezilen Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çäkleri HÝD kitapçalryny ulanmak bilen halkara ýük daşamalary hakyndaky Gümrük Konwensiýasyna üýtgeşmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi bilen, üýtgedilip bilner.

 

VI. Franşiza

 

19. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda taraplar Ätiýaçlandyryjy tarapyndan öwezi dolunmaýan, belli bir möçberden geçmeýän zeleliň - Ätiýaçlandyryjyny zeleliň öwezini dolmakdan boşadýan franşizanyň möçberini ylalaşyp bilerler.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde) şertli we şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

20. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde) şertli franşiza bellenilen mahaly Ätiýaçlandyryjy, eger ýetirilen zeleliň möçberi franşizadan geçmeýän bolsa, jogapkärçilikden boşadylýar, eger onuň möçberi franşizanyň möçberinden geçýän bolsa, ýetirilen zeleliň öwezi doly dolunmaga degişlidir.

21. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda-polisinde) şertsiz franşiza bellenilen mahaly Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizany aýryp, ýetirilen zeleliň möçberi bilen kesgitlenilýär.

22. Franşiza taraplaryň ylalaşmagy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly ätiýaçlandyryş pul möçberine göterim gatnaşygynda ýa-da absolýut ululykda kesgitlenilýär.

 

VII. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

23. Ätiýaçlandyrýan borçly:

- Türkmen halkara awtoulagly daşaýjylarynyň birleşmesiniň (ýa-da kepillendiriji birleşmäniň) üsti bilen HÝD kitapçalarynyň resmileşdirilmändigi, nadogry ýa-da kanuna garşy resmileşdirilendigi hakynda gümrük edaralarynyň eden ähli bellikleri hakynda Ätiýaçlandyryjyny habarly etmäge;

- kepillendiriji birleşmäniň üsti bilen gümrük edaralary bilen öz aralarynda ýüze çykan jedelli meseleler (daşaýjyny anyklamak, bozulmalaryň häsiýeti hakynda maglumat, tölenilmegini talap edilýän pul möçberleri we ş.m.) hakynda resminamalary toplap, Ätiýaçlandyryja ibermäge;

- HÝD kitapçalaryny diňe borçnama-deklarasiýasyna gol çeken daşaýjylara bermäge, Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça bu deklarasiýalary kepillendiriji birleşmäniň üsti bilen bermäge;

- ýük daşamagyň düzgünlerini bozan ýa-da deklarasiýada beýan edilen borçnamalar boýunça jogap bermäge ukyply bolmadyk daşaýjylara kitapçalary bermekligi togtatmaga;

- ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) wagtynda tölemäge;

- HÝD kitapçalaryny ulanmaklygyň we halkara ýükleri daşamaklygyň düzgünlerini berjaý etmäge;

- şu Kadalara laýyklykda öweziniň dolunmagy Ätiýaçlandyryjynyň üstüne ýüklenip bilinjek ýitgileriň öňüni almak ýa-da olary peseltmek boýunça mümkin bolan ähli çäreleri görmäge. Bu maksatlar üçin Ätiýaçlandyrýanyň ähli çeken maksadalaýyk çykdajylary Ätiýaçlandyryjy tarapyndan tölenilmäge degişlidir. Eger Ätiýaçlandyrýanyň günäsi bilen zeleliň möçberini azaltmak ýa-da öňüni almak boýunça ýokarda görkezilen çäreler edilmedik bolsa we zeleliň möçberi has hem artsa, Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýanyň esasy zeleli düzgünleşdirmek boýunça çykdajylarynyň öwezini doluş töleginiň möçberini azaltmaga haky bardyr;

- Ätiýaçlandyryjynyň wekiline ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäplerini, zeleliň möçberini we beýleki sebäpleri anyklamak üçin mümkinçilik bermäge;

- gümrük edaralarynyň resmi talaby hakynda (raýat-hukuk jogapkärçiligi) mümkin boldugyça gysga wagtyň içinde Ätiýaçlandyryja habar bermäge, şeýle hem zelel ýetirmek meselesi boýunça ygtyýarly edaralaryň hereketleriniň başynda bolan ýazmaça talaplary hakynda (derňew, kazyýete çagyrmak we ş.m.) habar bermäge.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen Ätiýaçlandyrýanyň beýleki borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

24. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:

- awtoulag serişdesi bilen ýükleriň daşalmagynyň bes edilmegi sebäpli ätiýaçlandyryş şertnamasy wagtyndan öň ýatyrylan ýagdaýynda, eger bu şertnama boýunça hiç hili ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri tölenilmedik bolsa, işi alyp barmaklygyň çykdajylaryny üstünden aýyrmak bilen, ätiýaçlandyryş möhletiniň tamamlanmagyna çenli galan döwre deňeçerlikde ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) bir böleginiň gaýtarylyp berilmegine;

- sýurweýýerleri, ekspertleri, aklawjylary bellemeklige, şeýle hem Ätiýaçlandyryjydan maslahat soramaga ýa-da kazyýet edaralarynda göniden-göni işleri alyp barmaklygy üçin işleri geçirmäge.

25. Ätiýaçlandyryjy aşakdakylary soramaga borçludyr:

- ýol-ulag serişdesiniň gümrük möhürleri we plombalary astynda halkara ýük daşamalaryna göýberilendigi hakyndaky şahadatnamanyň nusgasyny;

- gümrük edaralarynyň daşaýja ýükleri daşamaklygyň halkara tertibini bozandygy sebäpli ýükleýän jogapkärçiligi we bu jogapkärçiligiň möçberi hakyndaky talap hatyny ýa-da başga resminamany;

- Ätiýaçlandyrýan tarapyndan zeleliň öňüni almak ýa-da möçberini azaltmak we kazyýet edaralarynda öz bähbitleriniň goralmagy üçin eden çykdajylaryny esaslandyrýan resminamalary;

- ýükleri daşamaklygyň halkara tertibiniň ýüze çykarylan bozulmalary sebäpli berilen talaplara garamaklygyň netijeleri boýunça Ätiýaçlandyrýanyň gümrük edalary bilen alyşan hatlarynyň nusgalaryny;

- Ätiýaçlandyrýan tarapyndan talabyň tölenendigini tassyklaýan resminamany;

- Ätiýaçlandyrýanyň zelelini düzgünleşdirmek we tölemek boýunça öz ygtyýarlyklaryny wekiline geçirýändigini subut edýän resminamalary (Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça çykdajylar talaby hakykatda tölän Ätiýaçlandyryja, öz araçysyna ýa-da wekiline tölemeli bolan ýagdaýynda);

- ätiýaçlandyryş töleglerini tölemek boýunça jedellere kazyýet tertibinde garalýan halatlaryndan başga ýagdaýlarda, ätiýaçlandyryş şertleri bilen göz öňünde tutulan ähli resminamalar ýygnalandan soň, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini tölemelidir.

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ýokarda görkezilen resminamalaryň berilmezligi Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmaga hukuk berýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen Ätiýaçlandyryjy beýleki borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

26. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:

- ygtyýarly edaralardan Ätiýaçlandyrýanyň günäsiniň derejesi we hakykylygy bilen bagly bolan maglumatlary soramaga;

- kazyýetden Ätiýaçlandyrýanyň tabşyrygy boýunça we onuň adyndan çykyş etmäge;

- Ätiýaçlandyrýanyň Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyny bozmagy bilen öwezini doluş tölegini tölemek hakyndaky meseläni çözmek üçin sebäplerini anyklamak mümkin bolmasa ýa-da zeleliň möçberi düýpli ýokarlansa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmaga.

 

VIII. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenilişi

 

27. Ätiýaçlandyryş halaty bolan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gije galman bellenen görnüşdäki arzany bermek bilen (№4-nji goşundy) Ätiýaçlandyryja habar bermelidir, bu hakda hem ätiýaçlandyryş hakyndaky ykrarnama düzülýär (№5-nji goşundy).

28. Zerur bolan ýagdaýynda zeleliň sebäbini we möçberini, şeýle hem onuň bahasyny kesgitlemek üçin ykrarnamanyň düzülmeginde degişli ygtyýarly edaralardan hünärmenleri (ekspertleri) çagyrmaga Ätiýaçlandyrýanyň hukugy bardyr.

29. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyryjy aşakdakylaryň hem öwezini dolýar:

a) ýol-ulag hadysalarynda degişli çäreleri geçirmekligiň çäklerinde (HÝD kitapçalaryny ulanmak bilen halkara ýük daşamalaryny amala aşyrmak hakyndaky Gümrük Konwensiýasyny Türkmenistanda ulanmaklygyň tertibi hakyndaky Düzgünnamanyň 1-nji Goşundysynyň 13, 14  we 15-nji bölümlerinde görkezilen) zeleliň öňüni almak ýa-da möçberini peseltmek üçin edilen çykdajylaryň;

b) halkara ýük daşamaklygyň şertlerine laýyklykda Ätiýaçlandyrýanyň üstüne ýüklenilýän jogapkärçilik boýunça ätiýaçlandyryş halatlarynyň sebäplerini derňemekligiň we Ätiýaçlandyrýanyň bähbitlerini dürli edaralarda, şol sanda kazyýet edaralarynda goramaklygyň çykdajylarynyň.

30. Zeleliň sebäbini we derejesini we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberini kesgitlemek üçin Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatyna degişli bolan aşakdaky zerur maglumatlary we resminamalary bermäge borçludyr:

- awtoulag nakladnoýlary;

- hasaplary we harytnamalary;

- ýük manifestlerini;

- HÝD kitapçalarynyň nusgalaryny;

- jerime salnandygy hakynda gümrük edaralarynyň kararyny;

- möhürler ýa-da plombalar zaýalanan, şeýle hem ýol-ulag hadysasynyň netijesinde ýük ýok edilen ýa-da zyýan çeken ýagdaýynda, gümrük edaralarynyň ýa-da beýleki degişli edaralaryň teswirnamasynyň nusgasyny;

- üstün çykyp bolmajak güýjüň täsiriniň netijesinde, ýüküň öz häsiýetiniň ýa-da kriminal häsiýetli (hukuk goraýjy edaralaryň güwänamalary) wakanyň netijesine ýüküň ýok edilmegini, ýetmezligini ýa-da düýbünden ýitirilmegini subut edýän beýleki ýazmaça subutnamalary, bu waka hakynda sürüjiniň ýazmaça düşündirişi.

31. Töleg hakyndaky meseläni çözmek üçin zerur bolan ähli resminamalar ýygnalandan soň 15 günüň içinde Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini töleýär.

 

IX. Jedelleri çözmekligiň tertibi

 

32. Hak isleýiş talap möhletleri hasaplananda HÝD kitapçalaryny ulanmak bilen halkara ýük daşamalaryny amala aşyrmak hakyndaky Gümrük Konwensiýasynyň Türkmenistanda ulanmak hakyndaky Düzgünnama bilen göz öňünde tutulan şertler ulanylýar.

33. Şu Kadalaryň şertlerinde baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ýüze çykýan ähli jedeller bellenen tertipde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.

 

X. Halkara şertnamalary

 

         34. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalary bilen şu Kadalardakydan başga şertler göz öňünde tutulan bolsa, onda halkara şertnamalaryň düzgünleri ulanylýar.

 


 

 

 

Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň

raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

№1 goşundy

 

 

____________________ döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

ARZA

201_ ýylyň «___»______________-

 

1. Edaranyň ady ýa-da raýatyň F., A., A.a.) ________________________________

___________________________________________________________________

 

Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýär.

 

2. Ýuridik salgysy (ýaşaýan ýeri) ________________________________________

___________________________________________________________________

Telefon (faks) _______________________________________________________

Bank maglumatlary ___________________________________________________

 

3. Ätiýaçlandyryşa berilýän HÝD kitapçalarynyň sany _______________________

4. Ätiýaçlandyrylan HÝD kitapçasynyň belgisi _____________________________

5. Halkara ýük daşamasyny amala aşyrýan daşaýjynyň öňki raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş şertnamasy hakynda maglumat _________________

___________________________________________________________________

(Ätiýaçlandyryjy, halatlaryň sany we tölenen öwezini doluş tölegleriň möçberi)

6. Beýleki zerur bolan maglumatlar ______________________________________

___________________________________________________________________

 

 

Ätiýaçlandyrýan awtoulag serişdeleriniň düzümi ýa-da sany üýtgän ýagdaýynda degişli düzedişleri girizmäge borçlanýar.

 

 

Ätiýaçlandyrýan ______________________________________________________

 (F.A.A.a., goly)

 

201__ ýylyň «____» _______________.

 


 

 

 

Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň

 raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

№2 goşundy

№108 görnüş

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ  GURAMASY

 

HALKARA ÝÜK DAŞAMALARYNY AMALA AŞYRÝAN DAŞAÝJYLARYŇ RAÝAT-HUKUK JOGAPKÄRÇILIGINIŇ MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY-POLISI №_____

Tapgyry _____

 

Ätiýaçlandyrýan       _____________________________________________________________

Salgysy/telefony         _____________________________________________________________

Bank maglumatlary    _____________________________________________________________

Ätiýaçlandyryjy        _____________________________________________________________

Salgysy/telefony         _____________________________________________________________

Bank maglumatlary    _____________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş obýekti          Halkara ýük daşamalarynda (HÝD) amallar ýerine ýetirilinde Ätiýaçlandyrýanyň ýüze çykan zeleli tölemek boýunça borçnamasy bilen bagly bolan gümrük edaralarynyň öňündäki emläk bähbitleri.

Ätiýaçlandyryş möhleti ___________________________________________________________

Hereket edýän ýeri     _____________________________________________________________

Ätiýaçlandyryşa berilen HÝD kitapçalarynyň sany we belgileri ___________________________

1 HÝD kitapçasy boýunça jogapkärçiligiň möçberi _____________________________________

Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) _______________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölemegiň tertibi _________________________________

______________________________________________________________________________

Franşiza _______________________________________________________________________

Aýratyn şertler __________________________________________________________________

______________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdym, aýdan maglumatlarymyň hakykylygyny tassyklaýaryn, ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny-polisini aldym

 

Ätiýaçlandyrýan _____________________

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi 201__ýylyň «____» ______________berildi.

 

M.Ý.                                                              Ätiýaçlandyryjy ___________________________

 

 

Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty bolan ýagdaýynda, Ätiýaçlandyrýan haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman Ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr.

Birinji ýa-da bir gezeklik ätiýaçlandyryş baýragy öz wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşdur.

Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegi hemme zerur resminamalar alnandan soň 15 günüň dowamynda tölenilýär.

 


 

 

 

Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň

 raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

№3 goşundy

 

 

 

 

NYRH MÖÇBERLERI

 

(bahasyna göterimlerde)

 

Adaty ýük            0,08

Aksiz ýüki            0,1

 

 

Töwekgelçiligiň derejesinden ugur almak bilen, her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş tölegleriniň möçberleri bellenilen mahaly peseldiji (0,8-den 0,1-e çenli) we ýokarlandyryjy (2,0-den 4,0-e çenli) koeffisientleriň ulanylmagy mümkindir.

 


 

 

 

Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň

raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

№4 goşundy

 

A R Z A

 

 

_________________________________________________________ (güni, aýy, ýyly)

 

bolup geçen ____________________________________________________________________

(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)

sebäpli ________________________________________________ätiýaçlandyryşy boýunça (ätiýaçlandyryşyň görnüşi)

 

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemegiňizi haýyş edýärin.

 

Arza şu resminamalar goşulýar:

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

 

201__ ýylyň «____»______________

___________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 


 

 

 

Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň

raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

№5 goşundy

 

Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky

YKRARNAMA

 

№____________ talaba

 

1. Ätiýaçlandyrýan                            _____________________________________

 

2. Şahadatnama - polis №                  _____________________________________

 

3. Ätiýaçlandyryşyň görnüşi              _____________________________________

 

4. Ätiýaçlandyryş halatynyň senesi    _____________________________________

 

5. Talabyň bildirilen senesi               _____________________________________

 

6. Jogapkärçiligiň çägi                       _____________________________________

 

7. Ätiýaçlandyrýanyň zeleli bahalandyryşy ________________________________

 

8. Talap edilýär                                _____________________________________

___________________________________________________________________

 

9. Bellik                                            _____________________________________

______________________________________________________________________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryjy                                                  Ätiýaçlandyrýan               

___________________________________             _____________________________________

______________________________         ________________________________

______________________________         ________________________________