“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

23.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktorynyň

2016-njy ýylyň 24-nji fewralynda çykaran

 19 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

 

“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça

bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan

meýletin ätiýaçlandyryş

KADALARY

 

I. Umumy düzgünler

 

1. “Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryşyň şu Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk – Ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň fiziki şahslary bilen (mundan beýläk – Ätiýaçlandyrýan) “Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum (mundan beýläk – goýum) boýunça bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.

3. Ätiýaçlandyryş Ätiýaçlandyrýanyň öz peýdasyna, şeýle-de üçünji şahsyň peýdasyna geçirilip bilner (mundan beýläk - Ätiýaçlandyrylan şahs).

4. Şu Kadalaryň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs;

ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

ätiýaçlandyrylan şahs – emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki şahs;

betbagtçylykly hadysa ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe Ätiýaçlandyrylan şahs bilen ýüze çykyp biljek islendik duýdansyz ýa-da çak edilmeýän waka, şonuň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna zelel ýetmegi ýa-da onuň aradan çykmagy;

5. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde, şu Kadalaryň talaplaryna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna çapraz gelmeýän başga şertler bolup biler.

 

II. Ätiýaçlandyryşyň obýekti

 

6. Ätiýaçlandyrýanyň (Ätiýaçlandyrylan şahsyň) ömrüne we saglygyna, ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde zelel (zyýan) ýetirilmegi bilen bagly bolan şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

 

III. Ätiýaçlandyryş halatlary

 

7. Şu Kadalara laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne we saglygyna zelel (zyýan) ýetirilmegine getiren waka ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.

Şu aşakdaky wakalar ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär:

betbagtçylykly hadysanyň netijesinde Ätiýaçlandyrýanyň (Ätiýaçlandyrylan şahsyň) şikes almagy;

zäherli ösümlikler, himiki maddalar (senagat ýa-da durmuş), hili ýaramaz iýmit önümleri, derman serişdeleri bilen tötänleýin ýiti zäherlenmegi, iýmit toksini bilen zäherlenmekden (salmonelleza, ganly içgeçme we başgalar) başga, bogulma (demikme), elektrik togunyň (atmosfera elektrigi) urmasy, ýylan, awuly mör-möjekleriň çakmagy, bürmek keseli, botulizm;

sakyrtga ýa-da sanjymdan soňky beýni çişmesi (ensefalomielit), poliomielit, gematogen osteomieliti bilen kesellemegi;

adam synasynyň bölekleriniň (ýatgynyň, iki ýa-da bir tarap ýatgy turbasynyň, ýumurtgalyk mäziniň) aýrylmagyna getiren patologiki çaga dogurmasy ýa-da ýatgydan daşky göwrelilik;

nädogry saglygy goraýyş çäreleriniň geçirilmegi netijesinde süňkleriň tötänleýin döwük-ýenjigi, çykygy, dişleriň gaçmagy, ýanyklar, synalaryň ýarylmagy (ýaralanmagy) ýa-da olaryň aýrylmagy;

betbagtçylykly hadysanyň netijesinden ýa-da dem alyş ýoluna keseki zatlaryň tötänleýin aralaşmagyndan, gark bolmakdan, anafilaktiki şokdan, bedeniň aşa sowamagyndan Ätiýaçlandyrýanyň (Ätiýaçlandyrylan şahsyň) aradan çykmagy.

8. Ýokarda sanalanlar goýumyň saklanýan möhletiniň dowamynda bolup geçen bolsa we saglygy goraýyş edaralarynyň delilhaty bilen tassyklanan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş halaty hasaplanýar.

 

IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

9. Banklardaky “Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýumyň pul möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberi bolup durýar. Goýum hasabyna ilkinji goýulýan gatançlar bank edaralary tarapyndan, Türkmenistanyň kanunçylyklarynda bellenilen iň pes aýlyk zähmet hakyndan az bolmadyk möçberde kabul edilýär.

10. Ätiýaçlandyrýan özüniň goýum hasabyna islendik möçberde goşmaça gatanç goýup biler. Ätiýaçlandyryş pul möçberi goýumyň möçberi bilen deň derejede köpelýär.

11. Goşmaça gatançlaryň goýulandygy barada Ätiýaçlandyryja bank edaralary her aýda maglumat berýärler.

 

V. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

12. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenilýär.

13. Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi ilkinji goýumyň möçberinden 0.8% möçberde we soňky goýulan goşmaça goýumyň möçberinden 0.6% möçberde, şeýle hem goýumyň umumy ösüşiniň möçberinden aýda 0.6% möçberde kesgitlenýär.

14. Ilkinji goýumyň we soňky goşmaça goýumyň möçberinden hasaplanyp tutulan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) goýum goýulan güni, Ätiýaçlandyryja tölenýär.

Goýumyň aýlyk ösüşinden hasaplanyp tutulan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bolsa goýumyň geçen aýdaky ösüşinden ugur alyp, her aýyň 10-dan gijä galdyrman Ätiýaçlandyryja tölenýär.

15. Töwekgelçiligiň derejesinden ugur almak bilen, her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberleri bellenilende goýumçynyň ykdysady we beýleki ýagdaýlaryna baglylykda peseldiji (1,0-dan 0,5-e çenli) we ýokarlandyryjy (1-den 10-a çenli) koeffisiýentleri ulanylyp bilner.

16. Hasaplanan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegi bank edarasy, Ätiýaçlandyryjy bilen öz aralarynda baglaşylan “Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça amallary ýerine ýetirmek barada şertnamanyň (1-nji goşundy) esasynda hasaplaşygyň nagt däl görnüşinde geçirýär.

17. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenilen pulunda tölenilýär.

 

VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi

 

18. Bank edaralary tarapyndan bank işlerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda, bellenilen tertipde goýum hasaby resmileşdirilýär. Goýum hasabynyň resmileşdirilmegi bilen ilkinji goýumyň möçberi görkezilen goýum kitapçasy berilýär.

19. Ätiýaçlandyrýanyň “Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryşy barada Ätiýaçlandyryja ýazmaça beren arzasynyň (2-nji goşundy) we bank edarasy tarapyndan berlen goýum kitapçasynyň esasynda Ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan “Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasy berilýär (3-nji goşundy).

20. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyl we bir ýyldan köp möhlete baglaşylýar.

21. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilende ýa-da ýok edilende Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasynyň esasynda, ony bermegiň çykdajylaryny tölemegi borçlandyrmak bilen, ätiýaçlandyrşahadatnamasynyň öwezligi berilýär.

Öwezligi berlenden soň ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär we şol ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri) tölenilmeýär.

22. Ätiýaçlandyryş şertnamasy, eger başgaça şertleşilmedik bolsa, şertnama baglaşylan wagtynda ýaşy 1 ýaşdan 62 ýaşy hem goşmak bilen aralykda bolan, şahsy taraplaryň peýdasyna baglaşylýar.

23. Şular bilen ätiýaçlandyryş şertnamalary baglaşylmaýar:

I we II topardaky maýyplar;

neşe, toksiki maddalary ulanýan, şeýle hem arakhorlukdan ejir çekýän adamlar;

durnukly nerw we ruhy bozulmalar sebäpli psihonewrologiýa edarasynda dispanser gözegçiliginde hasapda durýan adamlar;

AIW ýokuşmasy, onkologik kesellerden ejir çekýan adamlar.

24. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şeýle adamlar bilen baglaşylandygy anyklanylsa, şonda şeýle şertnama baglaşylan gününden başlap hakyky däl diýlip ykrar edilýär we Ätiýaçlandyrýana öz tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) iş alyp barmaklygyň çykdajylaryny aýyrmak bilen, gaýtarylyp berilýär.

25. Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýandan (Ätiýaçlandyrylan şahsdan) lukmançylyk anyklamasyny talap etmäge haklydyr. Lukmançylyk anyklamasyndan geçmekden boýun gaçyrlan ýagdaýynda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmakdan boýun gaçyrmaga haklydyr.

26. Eger Ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyryşa arza beren gününde birsyhly gaýtalanyp duran kesellerden (onkologik, ýürek-damar kesellerinden, süýjikeselden) şeýle hem ölüm howply kesellerden ejir çekýan bolsa ýa-da wagtlaýyn zähmete ukypsyzlygy bolsa (wagtlaýyn saglygyň bozulmasy) Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmakdan boýun gaçyrmaga ýa-da ony baglaşmagy gaýra goýmaga hukugy bardyr.

27. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda, Ätiýaçlandyrýan (Ätiýaçlandyrylan şahs) bilen bolup geçen ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde onuň ömrüne we saglygyna ýetirilen zelel (zyýan) üçin ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi özüne borç edinýär.

28. Goýum hasabyndan bölekleýin pul (şol sanda göterimler) bermek geçirilmeýär. Goýum hasabyndan pul serişdesi diňe doly möçberde, oňa düşýän göterimleri goşmak bilen birlikde berilýär. Goýum boýunça bank göteriminiň möçberi bank edarasy tarapyndan bellenilýär.

Goýum hasabyna goýulan pul möçberi Ätiýaçlandyrýanyň (Ätiýaçlandyrylan şahsyň) islegine görä, islendik wagtda ýapylyp ýa-da başga bank edarasyna we goýumlaryň islendik görnüşine geçirilip bilner.

29. Goýum hasaby ýapmak, başga bank edarasyna ýa-da goýumlaryň başga görnüşine geçirmek boýunça amallar,  ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça tölenmeli ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaplap tutmak bilen, bank edaralary tarapyndan bank işlerini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.

30. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi-şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi-möhletiniň iň soňky güni sagat 24-de).

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda), ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.

 

VII. Gaýtadan ätiýaçlandyryş

 

31. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga Ätiýaçlandyryjyda (Gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjin etmäge haky bardyr.

32. Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän Ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan Ätiýaçlandyryjynyň (Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda Gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

33. Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak – Türkmenistanyň Gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da Ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

34. Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda Ätiýaçlandyrýan bilen Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahslaryň talaplarynyň kadalaşdyrylmagynyň tertibi hakynda, Bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

35. Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyrylyşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

VIII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

36. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu ýagdaýlarda bes edilýär:

Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

Ätiýaçlandyrýan (Ätiýaçlandyrylan şahs) aradan çykanda;

Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan borçlaryny ýerine ýetirmedik ýagdaýynda;

“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum ýapylan ýagdaýynda.

37. Eger bu ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilende, ol Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

38. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi artan mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryşy togtatmaga ýa-da ony möhletinden öň bes etmäge haky bardyr.

39. Eger borçnamalaryň kem-käsleýin ýa-da doly berjaý edilmezligi taraplaryň öňünden görmedik we öňüni alyp bilmedik şertnama baglaşylandan soň adatdan daşary häsiýetli ýagdaýlar netijesinde peýda bolan bolsa, şertnama togtadylyp bilner, Ätiýaçlandyryjy bolsa şol borçnamalar üçin şeýle jogapkärçilikden boşadylyp bilner.

 

IX. Taraplaryň borçlary we hukuklary

 

40. Ätiýaçlandyryjy şulara borçly:

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda Kadalarda bellenilen möhletde Ätiýaçlandyrýana (Ätiýaçlandyrylan şahsa) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge, kanunçylykda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hakyky däl hasap edilen ýagdaýlary muňa degişli däldir;

ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan Ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

41. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:

Ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga, şeýle hem olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;

ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;

Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan borçlaryny ýerine ýetirmedik ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmaga;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly Ätiýaçlandyrýandan, ätiýaçlandyryş halatynyň sebäbini kesgitlemek üçin zerur bolan islendik maglumatlary talap etmäge.

42. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;

ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda howpuň ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň döremegi üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary Ätiýaçlandyryja habar bermäge;

Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary Ätiýaçlandyryja geçirmäge;

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge.

43. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:

ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyşmaga;

ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda, ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) almak üçin Bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga;

ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge.

44. Bank edaralarynyň hukuklary we borçlary şu Kadalaryň 1-nji goşundysy bolup durýan “Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça amallary ýerine ýetirmek barada şertnamanyň esasynda kesgitlenilýär.

 

X. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň tertibi

 

45. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda Ätiýaçlandyrýan (Ätiýaçlandyrylan şahs), Bähbit görüji ýa-da onuň mirasdary haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gije galdyrman hadysanyň bolandygyny tassyklaýan we onuň netijesinde ýeten zyýanyň (zeleliň) möçberini kesgitleýän saglygy goraýyş edarasynyň delilhatyny goşup ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arzasyny (4-nji goşundy) ýazmak bilen Ätiýaçlandyryja ýüz tutýar.

46. Ätiýaçlandyryjy arzany alandan soň bank edarasyndan Ätiýaçlandyrýanyň (Ätiýaçlandyrylan şahsyň) goýum boýunça hasabynyň tassyklanan görnüşde nusgasyny bermegi soraýar.

47. Bank edarasy goýumyň syryny paş etmezlik maksady bilen goýum boýunça hereketler barada maglumatlary diňe ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykandan soň Ätiýaçlandyryjynyň dykgatyna ýetirýär.

48. Zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyryja bank edarasynyň goýum boýunça hasabyň tassyklanan nusgasyny resmileşdirişiniň, goýum hasaby boýunça hasap ýöredilişiniň dogrulygyny barlamaga ygtyýar berilýär.

49. Goýum hasaby boýunça Ätiýaçlandyryjynyň alan maglumatlary kesekilere elýetmez bolan aýratyn ýerde saklanylýar.

50. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygyny we ýeten zyýanyň (zeleliň) möçberini tassyklaýan ähli resminamalar alnan pursadyndan başlap 7 (ýedi) günüň dowamynda, Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek ýa-da ony tölemekden boýun gaçyrmak hakyndaky çözgüt kabul edilýär.

51. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty esasynda Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde tölenýär. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi hiç bir ýagdaýda ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolmaly däldir.

52. Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde Ätiýaçlandyrýanyň (Ätiýaçlandyrylan şahsyň) aradan çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi), Bähbit görüjä, onuň bolmadyk ýagdaýynda Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyklaryna laýyklykda onuň mirasdaryna tölenilýär.

53. Kazyýet tarapyndan Ätiýaçlandyrýan (Ätiýaçlandyrylan şahs) nam-nyşansyz ýiten diýlip ykrar edilen mahaly ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär.

54. Ätiýaçlandyrýan (Ätiýaçlandyrylan şahs) ýa-da onuň mirasdary ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek boýunça arza bilen Ätiýaçlandyryja 3 (üç) ýylyň dowamynda ýüz tutup biler.

55. Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakyndaky çözgüt kabul edilenden soň 5 (bäş) iş gününiň dowamynda töleg geçirilýär.

56. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek bank edarasynda alyjynyň adyna açylan goýuma geçirmek, bank edarasyna alyjynyň adyna çek ýazmak, alyjynyň hasabyna poçta bilen ibermek, Ätiýaçlandyryjynyň pulhanasyndan nagt almak görnüşinde geçirilip bilner.

 

XI. Ätiýaçlandyryş öwezini dol töleginden boýun gaçyrylmagy

 

57. Eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:

Ätiýaçlandyrýanyň (Ätiýaçlandyrylan şahsyň) ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

Ätiýaçlandyrýan (Ätiýaçlandyrylan şahs) tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

Ätiýaçlandyrýan (Ätiýaçlandyrylan şahs) hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;

Ätiýaçlandyrýan (Ätiýaçlandyrylan şahs) tarapyndan alkogolly içgilerden, neşe, toksiki maddalardan serhoş ýagdaýda ulag serişdesiniň islendik görnüşini dolandyrmagy şeýle hem onuň görkezilen ulag serişdesini dolandyrmaklygy alkogolly içgilerden, neşe, toksiki maddalardan serhoş ýagdaýda bolan adama geçirmekligi;

Ätiýaçlandyrýanyň (Ätiýaçlandyrylan şahsyň) öz janyna kast etmegi (janyna kast etmäge synanyşmagy) netijesinde şikes almagy (aradan çykmagy) ýa-da zäherlenmegi, üçünji taraplaryň kanuna garşy hereketleriniň netijesinde onuň bu ýagdaýa getirilen halaty bulara girmeýär;

Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanyşykda durýan bolsa.

58. Şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär:

ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň ýa-da radioaktiw zäherlenmäniň täsiriniň;

harby hereketler, olaryň netijeleri, raýatçylyk, harby agdarylyşyklar, halk tolgunyşyklary, şeýle hem Ätiýaçlandyrylan şahsyň goşun gullugynda bolan döwri, harby ýygnanyşyklara we harby tälimlere gatnaşmagy bilen bagly hereketleriň.

59. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölemekden boýun gaçyrmagyň sebäplerini esaslandyrmak bilen, şeýle çözgüdi kabul edenden soň 5 (bäş) iş gününiň dowamynda Ätiýaçlandyrýana (Ätiýaçlandyrylan şahsa) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrýandygy barada ýazmaça habar bermelidir.

60. Bölekleýin boýun gaçyrmagyň möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär.

 

XII. Jedelleri çözmegiň tertibi

 

61. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ähli jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.

 

 


 

 

 

 “Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça

bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan

meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalaryna 1-nji goşundy

 

“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça

amallary ýerine ýetirmek barada

ŞERTNAMA

 

Aşgabat şäheri                                                                         201__ýylyň «____»____________

 

Tertipnama esasynda hereket edýän ________________________________________ wekilçilik etmeginde mundan beýläk “Ätiýaçlandyryş guramasy” diýilip atlandyrylýan ________________

____________________________________ bir tarapdan we Düzgünnama esasynda hereket edýän ___________________________________________ üsti bilen mundan beýläk “Bank” diýilip atlandyrylýan ___________________________________________________ beýleki tarapdan aşakdakylar barada şu şertnamany baglaşýarlar.

 

I. Şertnamanyň esasy

 

1. Şu şertnama ätiýaçlandyryş ulgamynda işleriň ýokary netijeliligini gazanmaga gönükdirilip, oňa laýyklykda Ätiýaçlandyryş guramasy “Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça bank goýumçylaryny, olaryň ömrüne we saglygyna betbagtçylykly hadysalaryň netijesinde zelel (zyýan) ýetmek töwekgelçiliginden ätiýaçlandyrmagy we ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda olara ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen möçberde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi özüne borç edinýär.

2. Bank bolsa şu şertnamanyň çäginde berlen ygtyýarlyklara laýyklykda, “Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryşyň amallarny ýerine ýetirmekde Ätiýaçlandyryş guramasyna ýardam bermek üçin goýum boýunça degişli resminamalary resmileşdirmegi, goýumyň aýlyk ösüşiniň hasabyny ýöretmegi, goýumçylaryň tölemeli ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dogry hasaplap we bellenilen möhletde Ätiýaçlandyryş guramasyna tölemegi özüne borç edinýär.

 

II. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny)

hasaplamak we tölemek boýunça amallar

 

3. Goýum hasabyna ilkinji goýulýan gatançlar, Türkmenistanyň kanunçylyklarynda bellenilen iň pes zähmet hakyndan az bolmadyk möçberde, Bank tarapyndan kabul edilýär. Goýumyň möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberi bolup durýar. Ätiýaçlandyrýan özüniň goýum hasabyna islendik möçberde goşmaça gatanç goýup biler. Goýumyň aýlyk ösüşine ýa-da goşmaça gatançlar goýulmagyna laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberi hem goýumyň möçberi bilen deň derejede köpelýär.

4. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça hasaplanan ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi ilkinji goýumyň möçberinden 0.8% möçberde we soňky goýulan goşmaça goýumyň möçberinden 0.6% möçberde, şeýle hem goýumyň umumy ösüşiniň möçberinden aýda 0.6% möçberde kesgitlenýär.

Ilkinji goýumyň we soňky goşmaça goýumyň möçberinden hasaplanyp tutulan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) goýum goýulan güni, goýumyň aýlyk ösüşinden hasaplanyp tutulan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bolsa goýumyň geçen aýdaky ösüşinden ugur alyp, her aýyň 10-dan gijä galdyrman Ätiýaçlandyryja tölenýär.

5. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça hasaplanan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) Ätiýaçlandyryja tölemegi şu şertnamanyň esasynda Bank amala aşyrýar.

III. Taraplaryň borçlary we hukuklary

 

6. Bank şu aşakdakylara borçlanýar:

“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça degişli resminamalary talaba laýyk resmileşdirmäge;

ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça hasaplanan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dogry hasaplap, olary şertnamada görkezilen wagtdan gijä galdyrman Ätiýaçlandyryş guramasyna tölemäge;

goýum boýunça amallary resmileşdirmekden öň Goýumçyny goýumyň bu görnüşiniň şertleri bilen tanyşdyrmaga;

Ätiýaçlandyryş guramasynyň talaby boýunça degişli resminamalary we maglumatlary bermäge.

7. Bankyň hukuklary:

“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary barada iş gollanmalaryny, resmikagyzlary Ätiýaçlandyryş guramasyndan almaga;

geçirilen amallar üçin Ätiýaçlandyryş guramasyndan komission hak almaga.

8. Ätiýaçlandyryş guramasy şu aşakdakylara borçlanýar:

şu şertnamada göz öňünde tutulan amallary ýerine ýetirmekde gerek bolan iş gollanmalary we resmikagyzlary bilen Banky üpjün etmäge;

Bank tarapyndan her aýda geçirilen ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberinden komission hakyny tölemäge.

9. Ätiýaçlandyryş guramasynyň hukuklary:

ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasaplanyşyny, olary şertnamada görkezilen wagtda Ätiýaçlandyryş guramasyna tölenişini barlamaga;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda degişli resminamalary sorap almaga.

 

IV. Hasaplaşyklaryň tertibi

 

10. Ätiýaçlandyryş guramasy gelip gowuşan ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberinden Banka _____ göterim komission hakyny töleýär.

11. Komission haky ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) geçirilen aýyndan soňky aýyň dowamynda tölenilýär.

12. Komission hakyny tölemek boýunça hasaplaşyk ätiýaçlandyryş pulunda amala aşyrylýar.

 

V. Şertnamanyň hereket edýän möhleti

 

13. Şertnama ýazmaça resmileşdirilip Taraplaryň ygtyýarly wekilleri tarapyndan gol çekilmegi bilen güýje girýär we kesgitsiz möhlete hereket edýär.

14. Taraplaryň özara ylalaşygy esasynda şertnama islendik wagtda ýatyrylyp bilner.

15. Mundan beýläk şertnamalaýyn gatnaşyklary dowam etdirmekligi islemeýän ýa-da ony ykdysady nukdaýnazardan makul bilmedik Tarap, şertnamany ýatyrmak barada gelen netijesini beýleki Tarapa 1 (bir) aý öňünden ýazmaça mälim edip, şertnamany birtaraplaýyn ýatyryp biler.

 

VI. Jedelleri çözmegiň tertibi

 

16. Şu şertnama boýunça ähli jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.

 

VII. Aýratyn şertler

 

17. Ätiýaçlandyryş guramasynyň we Bankyň şu şertnamada göz öňünde tutulmadyk hukuklary we borçlary Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär.

18. Şertnama goşmaçalar we üýtgeşmeler diňe ýazmaça resmileşdirilip Taraplaryň ygtyýarly wekilleri tarapyndan gol çekilen ýagdaýynda hakyky diýlip hasaplanylýar.

19. Ätiýaçlandyryş guramasy we Bank beýleki Tarapyň razyçylygy bolmazdan şertnama boýunça öz hukuklaryny we borçlaryny üçinji birine geçirip bilmeýär. Şu düzgün bozulan ýagdaýynda, beýleki Tarap şertnamany birtaraplaýyn ýatyrmaklyga we bu barada özüne ýeten zeleliň öwezini dolunmagyny talap etmäge haklydyr.

20. Şu şertnama Ätiýaçlandyryş guramasy we Bank üçin 2 (iki) nusgada düzüldi, her nusganyň deň derejede ýuridiki ygtybarlylygy bar.

 

VIII. Taraplaryň hukuk salgylary we bank maglumatlary

 

Ätiýaçlandyryş guramasy                                                         Bank

____________________________                                        ____________________________

____________________________                                        ____________________________

____________________________                                        ____________________________

M.Ý.                                                                                     M.Ý.

 

 


 

 

 

 

“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça

bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan

meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalaryna 2-nji goşundy

 

__________________________________

(Ätiýaçlandyryş guramasynyň  ady we salgysy)

__________________________________

 

__________________________________

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça

bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan

meýletin ätiýaçlandyryşy barada

ARZA

 

Ätiýaçlandyrýan:____________________________________________________

Salgysy/telefony ____________________________________________________

Işleýän ýeri ________________________________________________________

Ätiýaçlandyrylan şahs ________________________________________________

Salgysy/telefony ____________________________________________________

Bähbit görüji _______________________________________________________

Salgysy/telefony ____________________________________________________

Işleýän (okaýan) ýeri _________________________________________________

Goýum kitapçasynyň belgisi ________________________________________

Ätiýaçlandyryşyň obýekti __________________________________________

Ätiýaçlandyryş pul möçberi ___________________________________________

(möçberi sanda we ýazmaça)

_____________________________________________________________ manat

Ätiýaçlandyryşyň möhleti __________________________________________

Beýleki şertler _____________________________________________________

__________________________________________________________________

__________________________________________________________________

“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýär.

 

Ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdym:

 

Ätiýaçlandyrýan:                                                           _______________

(goly)

201__ ýylyň ______________ aýynyň «_____»

 

 


 

 

 

“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça

bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan

meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalaryna 3-nji goşundy

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

 

“ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞERTNAMASY BILEN” GOÝUM BOÝUNÇA

BANK GOÝUMÇYLARYNY BETBAGTÇYLYKLY HADYSALARDAN

MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY _____ TAPGYRY _____

 

Ätiýaçandyryjy ________________________________________________________________

Salgysy/telefony ________________________________________________________________

Bank maglumatlary _____________________________________________________________

Ätiýaçlandyrýan _______________________________________________________________

Salgysy/telefony ________________________________________________________________

Işleýän ýeri ___________________________________________________________________

Ätiýaçlandyrylan şahs __________________________________________________________

Işleýän (okaýan) ýeri ____________________________________________________________

Bähbit görüji _________________________________________________________________

Salgysy/telefony ________________________________________________________________

Goýum kitapçasynyň belgisi _____________________________________________________

Ätiýaçlandyryşyň obýekti _______________________________________________________

Ätiýaçlandyryş pul möçberi: ______________________________________________________

(möçberi san bilen we ýazmaça)

Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) _____________________________________

(möçberi san bilen we ýazmaça)

_____________________________________________________________________________

tölemegiň tertibi _______________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş şertnamasy 201__ ýylyň ___________aýynyň «_____» dan (den)

201__ ýylyň ___________aýynyň «_____» çenli hereket edýär.

 

Beýleki şertler _________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryjy

 

M.Ý.   ________________________

(welaýat, şäher, etrap)

 

 

___________________

(goly)

Ätiýaçlandyryş şahadatnamsy 201____ýylyň «_____»___________________ berildi.

“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary bilen tanyşdym

Ätiýaçlandyrýan                                                                              _______________________

(goly)

 

Bellik: Ilkinji ýa-da bir gezeklik ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek ýa-da tölemekden boýun gaçyrmak hakyndaky çözgüt ähli zerur resminamalar alnandan soň Ätiýaçlandyryjy tarapyndan 7 (ýedi) günüň dowamynda kabul edilýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi bilen möhletinden öň bes edilip bilner. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahs bu barada Ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 iş günden gijä galdyrman habardar etmäge borçludyr.

 


 

 

 

“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça

bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan

meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalaryna 4-nji goşundy

 

 

Türkmenistanyň_________________________________

Ätiýaçlandyryş guramasyna _______________________

______________________________________________

____________________________________ tarapyndan

 

 

 

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)

tölemek barada

ARZA

 

 

“Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen” goýum boýunça bank goýumçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.

___________________________________________________________________________

___________________________________________________________________________

__________________________ bolup geçen ______________________________________

__________________________________________________________________ bilen bagly

(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)

 

Arza şu resminamalar goşulýar: _____________________________________________

__________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

 

 

 

201___ýylyň ______________aýynyň «_____».                               _______________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)