Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

26.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň Baş direktorynyň

 2021-nji ýylyň 29-njy  iýunynda çykaran

71 belgili buýrugy bilen tassyklandy

 

Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalary

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1684-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk – ätiýaçlandyryjy) şu Kadalaryň esasynda Türkmenistanyň fiziki şahslar (mundan beýläk – ätiýaçlandyrýan) bilen karz şertnamasy boýunça karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň öz peýdasyna, şeýle hem üçünji şahsyň (mundan beýläk – ätiýaçlandyrylan şahs) peýdasyna baglaşylyp bilner.

Şu Kadalara laýyklykda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykyp ätiýaçlandyrylan şahsa zyýan ýetende ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrylan şahsa ol aradan çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsyň mirasdarlaryna ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçlanýar.

3. Şu Kadalaryň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

2) ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs;

3) ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan döwlet ätiýaçlandyryş guramalary, ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

4) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy (atiýaçlandyryş halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana  töleýän pul öwezini dolmasy;

5) ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

6) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy - ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana we (ýa-da) ätiýaçlandyrylan şahsa berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;

7) ätiýaçlandyryş şertnamasy – ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýerine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki we ýuridik şahslaryň emläk we beýleki bähbitleriniň goramagynyň tertibi we şertleri bellenilýär;

8) ätiýaçlandyrylan şahs – şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylan fiziki şahs;

9) betbagtçylykly hadysa – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrylan şahs bilen ýüze çykyp biljek islendik duýdansyz ýa-da çak edilmeýän waka, şonuň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykmagyna ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsa I ýa-da II topar maýyplygyň kesgitlenmegine düşünilýär;

10) sanly hyzmatlar - elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat- telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly edilýän hyzmat.

4. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy)) şu Kadalaryň talaplaryna hem-de  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýar.  

 

II bap. Ätiýaçlandyryşyň obýekti

 

5. Karz alyjy bolup durýan ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýetirilmegi bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

 

 

III bap. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri we ätiýaçlandyryş

halatlary

 

6. Ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi bolup durýar.

Şu Kadalara laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhletiniň dowamynda ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýetirilmegine getiren waka ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.

7. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda bolup geçen betbagtçylykly hadysa netijesinde şu aşakdaky wakalar ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär:

1) ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna zyýanyň ýetirilmegi sebäpli aradan çykmagy;

2) ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna zyýanyň ýetirilmegi sebäpli ätiýaçlandyrylan şahsa I ýa-da II topardaky maýyplyk bellenilmegi.

8. Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýetirilmegine getiren şu aşakdaky wakalar ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilip bilinmez, eger olar şularyň netijesinde ýüze çykan bolsa:

1) ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň ýa-da radioaktiw zäherlenmäniň her hili harby hereketleriň täsiriniň;

2) ätiýaçlandyrylan şahsyň sportuň howply görnüşleri bilen meşgullanmagy (awto we motosport, paraşýutly bökmek, delta-planerizm, başa-baş söweş, alpinizm, dag we suw syýahatçylygy, suw astynda ýüzme we ş.m.);

3) öz-özüňi öldürmek (öz janyna kast etmek) netijesinde bedene zyýan ýetmegi (ölmegi) ýa-da zäherlenmek, ätiýaçlandyrýanyň üçünji şahslaryň bikanun hereketleri netijesinde şeýle ýagdaýa ýetirelen halatlary muňa girmeýär.

9. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) taraplaryň ylalaşygy boýunça töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryjynyň baha berýän beýleki ýagdaýlaryna baglylykda ätiýaçlandyryş şertnamasyndan (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) beýleki kadalardan çykmalary hem göz öňünde tutulyp bilner.

 

IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

10. Ätiýaçlandyryş pul möçberi taraplaryň ylalaşmagy bilen ätiýaçlandyryş  şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan pursatynda karz şertnamasy boýunça karzyň esasy bergisi we onuň göterim töleglerini goşmak bilen bellenilýär.

11. Karz şertnamasynda bellenen  karz puly boýunça bergisi Karz edarasy tarapyndan berilýän karzyň üzülmedik böleginiň möçberini ýazmaça tassyklaýan resminamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş pul möçberi kesgitlenilýär.

 

V bap. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi

 

12. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryjy tarapyndan hasaplanylýar we ätiýaçlandyryş pul möçberlerine, ätiýaçlandyryş möhletine, ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň häsiýetine, ätiýaçlandyrýan tarapyndan saýlanyp alnan töwekgelçilik toparlaryna, nyrh möçberlerine laýyklykda hasaplanylýar.

13. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyrýan tarapyndan bir gezekde ýa-da möhlete bölüp, hasaplaşygyň nagt ýa-da nagt däl görnüşlerinde geçirilýär.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) 1 (bir) ýyla baglaşylýan bolsa, onda ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) 1 (bir) gezekde tölenýär.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) birnäçe ýyl üçin baglaşylan bolsa, onda ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölegi her ýyl geçirilip bilner, ýagny ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylýan ýyllaryň sanyna bölünip bilner.

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) möhlete bölünip tölenende ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ony tölemegiň anyk möhletleri, şeýle hem tölemegiň möhletleri boýunça talaplar hem-de ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiligi kesgitlenýär.

14. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) 1 (bir) ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda ýyllyk ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi 365 (üç ýüz altmyş bäş) güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan günleriň sanyna köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) hasaplanyp çykarylýar.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) 1 (bir) ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda 1 (bir) ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu Kadalaryň on dördünji böleginiň birinji tesimine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.

15. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenilen pul birliginde tölenilýär.

16. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlar (ätiýaçlandyryş baýraklar) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

 

VI. bap Ätiýaçlandyryş nyrhyny kesgitlemegiň tertibi we ätiýaçlandyryş

nyrhynyň möçberi

 

17. Ätiýaçlandyryş nyrh möçberi karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça bir ýyllyk nyrh möçberlerine (Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 1-nji goşundy) laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär.

18. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.

Peseldeji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýent ulanylan mahaly, ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilmeli.

 

VII. bap Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylmagynyň tertibi

 

19. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyrylan şahsyň lukmançylyk taýdan güwä geçilmezinden baglaşylýar. Zerurlyk ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygynyň hakyky ýagdaýyna baha bermek üçin lukmançylyk barlagyndan geçirmäge haky bardyr.

20. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja özi hem-de ätiýaçlandyrylan şahs baradaky maglumatlary özünde jemleýän ýazmaça arzasynyň (Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 2-nji goşundy) esasynda ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylýar. Äiýaçlandyryş şertnamasy sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde hem baglaşylyp biliner.

Ätiýaçlandyrýan arza bilen bir wagtda ätiýaçlandyryja şulary berýär:

1) ätiýaçlandyrylan şahsyň pasportynyň nusgasyny;

2) karz şertnamasynyň hem-de onuň goşundylarynyň nusgasyny;

3) ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan gününde karz boýunça bergisiniň pul möçberini görkezmek bilen, bähbit görüjiniň delilhatyny.

21. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylandygyny tassyklaýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) (Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara ra 3-nji goşundy) berýär.

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:

1) nagt däl görnüşinde tölenilende – ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna gelip gowşan güni;

2) nagt görnüşinde tölenilende – ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.

22. Ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň artmagyna getiren ýagdaýlar barada maglumatlar alnanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerini üýtgetmegi ýa-da töwekgelçiligiň artmagyna barabar möçberde goşmaça ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegi talap etmäge hukugy bardyr.

Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) şertlerini üýtgetmäge ýa-da ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) goşmaça tölemäge garşylyk bildirýän bolsa, birtaraplaýyn tertipde ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) bes etmäge hukugy bardyr.

 

VIII. bap Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti

 

23. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) taraplaryň ylalaşmagy boýunça karz şertnamasynyň möhletine we ony üzmegiň iş tertibine

degişlilikde 1 (bir) ýyldan az möhlete, 1 (bir) ýyla we ondan köp möhlete baglaşylýar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan gününde sagat 24-de başlanýar we şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň soňky gününde sagat 24-de gutarýar.

 

IX. bap Gaýtadan ätiýaçlandyryş

 

24. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak – Türkmenistanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

X. bap Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

25. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:

1) ätiýaçlandyrýan tarapyndan habar berlen maglumatlary, şeýle hem onuň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişini barlamaga;

2) zerurlyk ýüze çykanda ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykmagynyň ýa-da maýyplygyň kesgitlenen ýagdaýlary barada ygtyýarly edaralara, saglygy goraýyş we beýleki edaralara  ýüztutmalary ibermäge;

3) eger degişli derňew edaralary tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna getiren ýagdaýlar babatda ätiýaçlandyrýan, ätiýaçlandyrylan şahs barasynda jenaýat işi gozgalan bolsa, kazyýet hökümi çykýança ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekligi gaýra goýmaga.

26. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň Kadalary we şertleri bilen tanyş etmäge;

2) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa, ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda onuň mirasdarlaryna ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

3) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň, ätiýaçlandyrylan şahsyň we bähbit görüjiniň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

27. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:

1) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň Kadalary we şertleri bilen tanyşmaga;

2) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly onuň öwezligini almaga.

28. Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:

1) ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenilen tertipde tölemäge;

2) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habar bermäge;

3) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrylan şahsa ýetirilen zyýan üçin jogapkär  adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;

4) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge.

5) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ähtimallygyny we onuň ýüze çykmagynda mümkin bolan zyýanyň möçberini (ätiýaçlandyryş töwekgelçiligini) kesgitlemek üçin düýpli ähmiýeti bolan, ätiýaçlandyrýana mälim bolan ýagdaýlary ätiýaçlandyryja habar bermäge.

Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýandan ýazmaça aýdyň we düşnükli ýagdaýda talaby hem düýpli ýagdaý hasap edilýär.

29. Bähbit görüjiniň ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bilen göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga hukugy bardyr:

 

XI. Ätiýaçlandyryjynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça borçlary

 

30. Ätiýaçlandyryjylar «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda degişli çäreleri amala aşyrmalydyrlar, şeýle hem ygtyýarly döwlet edarasyna degişli maglumatlary bermelidirler.

 

XII. bap Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tiýaçlandyryş şahadatnamasynyň)    bes edilmegi

 

31. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) hereket edýän möhleti geçende;

2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly  möçberde ýerine ýetirilende;

3) şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

4) ätiýaçlandyrýan - fiziki şahs aradan çykanda (üçünji taraplaryň haýryna baglaşylan ätiýaçladyryş şertnamalara degişli däl).

5) karz boýunça bergi doly üzülen halatynda

32. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bu göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana şertnamanyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

33. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilen halatynda, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen ýa-da ýok edilen bolsa, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik berlenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilip bilner.

Ähli ýagdaýlarda öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär. Öwezlik berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyryjynyň buýrugy bilen hakyky däl diýlip hasap edilýär we ýitirilen ýa-da ýok edilen  ätiýaçlandyryş şşertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça hiç bir ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär diýip görkezilýär. Bu barada ätiýaçlandyryjy degişli guramalara habar edip biler.

34.Taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) möhletinden öň ýatyrjakdygy barada niýetini birek-birege habar bermeli.

 

XIII. bap Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş

tölegini) kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi

 

35. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýan ýa-da  ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda, onuň mirasdarlary ýa-da bähbit görüji ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrylan şahsyň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) belgisini, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylan senesini we ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan senesini we ýagdaýyny görkezmek bilen, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi barada arza (Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 4-nji goşundy) bilen ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde habar bermelidir, şeýle hem dessine degişli edaralara habar bermäge borçludyr.

36. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy hakyndaky hemme zerur resminamalar we maglumatlar alnandan soň ätiýaçlandyryjy 15 (on bäş) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş  öwezini  doluş tölegini) tölemek ýa-da ondan boýun gaçyrmak hakyndaky karar kabul edýär.

Ýüze çykan waka ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilen mahaly ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna ýetirilen zyýanyň möçberini kesgitleýär, ätiýaçlandyrýan, bähbit görüji (ätiýaçlandyrylan şahs) bilen bilelikde ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhatyny düzýär we ony hasaba almak bilen ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakyndaky karary kabul edýär.

37. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)  tölemek üçin esas ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň, ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda, onuň mirasdarlarynyň ýa-da bähbit görüjiniň berýän şu aşakdaky resminamalary bolup durýar:

1) ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda:

a) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi barada arzany;

b) ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny;

ç) ölüm hakynda şahadatnamanyň nusgasyny;

d) ölümiň sebäbi barada saglygy goraýyş edarasynyň namasynyň nusgasyny;

e) döwlet notarial edarasy tarapyndan berlen mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnamany;

ä) alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminamany.

f) karz edarasyndan berginiň möçberini tassyklaýan resminama

2) ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna zyýan ýetmegi bilen maýyp bolan halatynda:

a) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek baradaky arzany;

b) ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny);

ç) Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň maýyplygy bellemek baradaky güwänamasynyň nusgasyny;

d) kesel anyklanmasyny we bejermegiň möhletlerini görkezmek bilen, maýyplygyň bellenilen halatyny tassyklaýan, möhür bilen güwä geçilen saglygy goraýyş edarasynyň delilhatyny (saglygy goraýyş kartasyndan göçürme), bejermegiň ähli döwri üçin keseliň taryhyndan göçürmesini;

e) ätiýaçlandyrylan şahsyň şahsyýetine güwä geçýän  resminamany.

38. Zerurlyk ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyryjynyň ygtyýarly edaralardan wakanyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly maglumatlary sorap almaga haky bardyr.

39. Eger wakanyň ýüze çykmagy ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýän bolsa, onda ätiýaçlandyrýan (ätiýaçlandyrylan şahs) tarapyndan berlen arzanyň, resminamalaryň, şeýle hem olaryň goşmaça alan resminamalarynyň esasynda ähli resminamalaryň alnan pursatyndan başlap 5 (bäş) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryjy, ätiýaçlandyrýan we bähbit görüjiniň gatnaşmagynda ätiýaçlandyryş halaty baradaky ykrarhaty (Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 5-nji goşundy) düzülýär, şonda ätiýaçlandyryş halatynyň ýagdaýy, ýetirilen zyýanyň möçberiniň, ätiýaçlandyrylan şahsa, bähbit görüjä ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň mirasdarlaryna tölenmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) geçirilen hasaplamalarynyň esaslandyrmasy görkezilýär.

40. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakyndaky karar kabul edilenden soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerine laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi amala aşyrýar.

41. Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan gününde karz şertnamasy boýunça ätiýaçlandyrylan şahsyň bergisine barabar möçberde geçirilýär.

42. Ätiýaçlandyrylan şahsa Hemaýata mätäçligi anyklaýjy topar tarapyndan I ýa-da II topar maýyplyk kesgitlenen mahaly ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan, ýagny maýyplyk kesgitlenen gününde karz şertnamasy boýunça ätiýaçlandyrylan şahsyň bergisine barabar möçberde geçirilýär.

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň möçberi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrylan şahsyň karzy üzmeginiň iş tertibine we bähbit görüjiniň (ätiýaçlandyrylan şahsyň) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan gününde karzyň üzülmedik böleginiň möçberini ýazmaça tassyklamagynyň esasynda kesgitlenilýär.

43. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň möçberi ätiýaçlandyrylan şahsyň karz edaralarynyň öňündäki borçnamasyndan geçýän bolsa, onda onuň galan bölegi ätiýaçlandyrylan şahsa, ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda onuň mirasdarlaryna tölenýär.

44. Kazyýet tarapyndan ätiýaçlandyrylan şahs ölen diýip yglan etmek hakynda çözgüt çykarylanda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenýär, eger ätiýaçlandyrylan şahs kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden  diýip ykrar etmek hakynda çözgüt çykarylanda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär.

45. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi), ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da olaryň mirasdarlaryna Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslar boýunça, şol bir hadysalar bilen baglanyşykly puluň tölenendigine garamazdan tölenýär.

 

XIV. bap Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden

boýun gaçyrylmagy

 

46. Ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden ýüz döndermäge haklydyr:

1) ätiýaçlandyrýanyň, ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

2) ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs hereketlerini alkogol, neşe  ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;

3) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanyşykda durýan bolsa;

4) ätiýaçlandyrýan (ätiýaçlandyrylan şahs, ätiýaçlandyrylan şahsyň mirasdarlary) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada öz wagtynda habar bermese we şonuň netijesinde ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň resminamalary bilen tassyklanmasa ýa-da zyýanyň (zeleliň) möçberini, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklamak mümkin bolmasa.

47. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmak baradaky karar kabul edilen pursratyndan başlap        5 (bäş) iş günüň dowamynda boýun gaçyrmagyň sebäplerini esaslandyrmak bilen, ýazmaça görnüşde habar berilýär.

 

XV. Jedelleri çözmek

 

48. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 


 

 

 

Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni  meýletin ätiýaçlandyryş  Kadalaryna 1-nji goşundy

 

Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin

ätiýaçlandyryşy boýunça bir ýyllyk nyrh möçberleri

 

 

t/b

Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri

Ätiýaçlandyryş pul möçberlerine göterimlerde nyrh möçberleri

1.

Aradan çykmak

 

0,15

2.

I we II topar  maýyplyk

 

0,10

3.

Ähli töwekgelçiliklerden

 

0,25

 

Töwekgelçiligiň derejesinden we ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur almak bilen her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberleri bellenilende 1-den 0,6-a çenli peseldiji we 1-den 3-e çenli ýokarlandyryjy koeffisiýetleri ulanmak mümkindir.

 

 


 

 

 

Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni

meýletin ätiýaçlandyryş  Kadalaryna

2-nji goşundy

____________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

__________________________________

__________________________________

___________________________ ýaşaýan

(öý salgysy, telefony)

__________________________________

(guramanyň  ady)

______________ işleýän raýat tarapyndan

 

Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin

ätiýaçlandyryşy boýunça

 A R Z A

 

Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryş kadalarynyň şertlerinde ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmagy haýyş edýärin.

 

Karz alýan fiziki şahsyň üzmedik karzynyň we şol boýunça göterimleriň pul möçberinden __________ %

Ätiýaçlandyryş pul möçberi ______________________________________ manada barabardyr,

_____________________________________________________________________________

(möçberi ýazmaça)

Ätiýaçlandyrýan _______________________________________________________________

Salgysy_______________________________________________________________________

Telefony/faksy_________________________________________________________________

Ätiýaçlandyrylan şahs ___________________________________________________________

Salgysy_______________________________________________________________________

Telefony/faksy_________________________________________________________________

Karzy beren karz edarasy_______________________________________________________

Salgysy_______________________________________________________________________

Bank maglumatlary______________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi: aradan çykmak _____, I we II topar         maýyplyk _________

 

Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegiň tertibi ____________________ _____________________________________________________________________________

Arza şu aşakdaky resminamalar goşulýar:

 _____________________________________________________________________________ _____________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

20__ ýylyň "___" ___________ ýagdaýy boýunça karzy bermek we tölemegiň möhletleri hakynda karz edarasynyň delilhaty goşulýar. 

 

Ätiýaçlandyrýan                                                       _______________________

(goly)

20______ ýylyň "_____" ___________

 


 

 

 

Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni

meýletin ätiýaçlandyryş  Kadalaryna

3-nji goşundy

 

Tugra

 

TÜRKMENITSTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

KARZ ALYÝAN FIZIKI ŞAHSYŇ ÖMRÜNI MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞERTNAMASY (ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY)

Görnüş 009 №00000000

 

Ätiýaçlandyryjy

 

 

Salgysy

 

 

Bank maglumatlary

 

 

Ätiýaçlandyrýan

 

 

Salgysy

 

 

Ätiýaçlandyrylan şahs

 

 

Salgysy

 

 

Bähbit görüji

 

 

Salgysy

 

 

Bank maglumatlary (ýuridik bähbitgörüji üçin)

 

 

Ätiýaçlandyryşyň obýekt

 

 

Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri

 

 

Ätiýaçlandyryş döwri

 

 

Karz alýan fiziki şahsyň üzmedik karzynyň

we şol boýunça göterimleriň pul möçberinden %

 

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi

(sanlar bilen we ýazmaça)

 

 

Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi, ony tölemegiň tertibi we möhleti

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň möhleti

 we tertibi

 

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýje girmeginiň senesi

 

 

Beýleki şertler

 

 

Ätiýaçlandyryjy (F.a.a.a., golywe wezipesi)

M.Ý.

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyň) berlen senesi

 

 

Ätiýaçlandyryşyň Kadalary we şertleri bilen tanyşdym (Ätiýaçlandyrýanyň F.a.a.a., we  goly)

 

 

 

Bellik: Şu ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyrýan, ätiýaçlandyrylan şahs ýa-da ähbit görüji bu barada haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habar bermäge borçludyr. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlar (ätiýaçlandyryş baýraklar) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça möhletinden öň bes edilip bilner.

 


 

 

 

Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni

meýletin ätiýaçlandyryş  Kadalaryna

4-nji goşundy

__________________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

__________________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady we salgysy)

_______________________________ tarapyndan

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş

öwezini doluş töleginiň) tölenilmegi barada

A R Z A

 

____________________________________________________________________bolup geçen

(güni, aýy, ýyly)

______________________________________________________________ bilen baglanyşykly

(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)

__________________________________________________________________

karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi Sizden haýyş edýärin.

 

Arza şu resminamalar goşulýar __________________________________________________ ____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

 

20___ ýylyň "____" ____________

 

________________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň F. A. Aa. we goly)

________________________________

(Ätiýaçlandyrylan şahsyň F. A. Aa. we goly)

_________________________________

(Ätiýaçlandyrylan şahsyň mirasdarynyň F. A. Aa. we goly)

______________________________

(Bähbit görüjiniň F. A. Aa. we goly)

 

 

 


 

 

 

Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni

meýletin ätiýaçlandyryş  Kadalaryna

5-nji goşundy

 

Ätiýaçlandyryş halaty barada

Ykrarhaty

 

20___ ýylyň "____" _________                                                                              Aşgabat ş.

 

___________________________________________________________________________

(Ätiýaçlandyrylan şahsyň F. A. Aa, we hukuk salgysy)

__________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyrýandan arzanyň gelip gowşan senesi 20___  ýylyň "___" ___________

 

Ätiýaçlandyryş  halatynyň bolan ýeri, senesi we häsiýeti _______________________________

__________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde:

aradan çykan___________________________________________________________

(sebäbini görkezmeli)

maýyplyk bellenen ______________________________________________________

(toparyny görkezmeli)

Ätiýaçlandyryş  halatynyň ýagdaýlary                      ____________________________________

__________________________________________________________________ alnyp baryldy

_____________________________________________________________________________

Kim tarapyndan we nähili ilkinji saglygy goraýyş kömegi edildi we mundan beýläk-de bejergini geçmek üçin ätiýaçlandyrylan şahs nirä iberildi _________________________________ _____________________________________________________________________________

(saglygy goraýyş edarasynyň ady we onuň ýerleşýän ýeri)

Berlen karz boýunça bergi __________________________________________ manat möçberde

(ýazmaça)

Tölenmäge degişli ätiýaçlandyryş pul  möçberi _______________________________________

________________________________________________________________________manat

 (ýazmaça)

Ykrarhaty 20___ ýylyň "____" _________  düzüldi

 

Ätiýaçlandyryjynyň wekilli   ____________________________________________

(wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady)

                  Ätiýaçlandyrýan                     ____________________________________________

(wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Bähbit görüji                         _____________________________________________

(edaranyň ady, fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady)