Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

26.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktorynyň

2016-njy ýylyň 23-nji martynda çykaran

40 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalary

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 12-nji noýabryndaky 156 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 12-nji noýabrynda 16/25 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar bilen

 

I. Umumy düzgünler

 

1. Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryşyň şu Kadalary (mundan beýläk - Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary bilen, Türkmenistanda hasaba alnan ýa-da onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary, olaryň şahamçalaryny we wekilhanalaryny goşmak bilen, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtlaryň fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlary (mundan beýläk - Ätiýaçlandyrýan) bilen ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.

3. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş goragy bilen şu aşakdakylar üpjün edilýär:

ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen ulag serişdesiniň eýesi;

ulag serişdesiniň eýesi ýanynda oturan we şol bir wagtda ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen şahs;

ulag serişdesiniň eýesinden başga, ulag serişdesiniň ulanylmagy üçin döwlet notarial edarasynyň beren ynanç haty bolan we şol bir wagtda ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen şahs.

4. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

bähbit görüji - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;

 

ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça  pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

franşiza - umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy Ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär. Şertli franşiza bellenilende Ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;

ulag serişdesi - Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynda ýa-da beýleki ygtyýar edilen döwlet edaralarynda bellige alynmaga degişli bolan ýeňil, ýük we ýolagçy daşaýan awtomobiller, awtobuslar, mikroawtobuslar, motoulaglar, traktorlar, özi hereket edýän gurluşyk we oba hojalyk ulaglary, ýöriteleşdirilen ulaglar, tirkegler, ýarym tirkegler;

ulag serişdesiniň kaskosy - diňe ulag serişdesiniň özüniň ätiýaçlandyryşy;

üçünji taraplar - ýol-ulag hadysasynyň netijesinde ejir çeken fiziki we  ýuridik şahslar, şu Kadalara laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça tarap bolup durmaýan, şeýle hem zyýanyň (zeleliň) ýetirilmegi netijesinde döreýän borçnamalar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tarapyndan üçünji taraplar diýlip ykrar edilenler.

5. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän başga şertleri bolup biler.

 

II. Ätiýaçlandyryşyň obýekti

 

6. Şu Kadalara laýyklykda Ätiýaçlandyrýanyň ulag serişdesine eýelik etmegi, peýdalanmagy, ygtyýar etmegi bilen baglanyşykly emläk bahbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

 

Taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyna goşmaça ätiýaçlandyryş pul möçberi bellenilende ätiýaçlandyryşa degişlidir:

ulag serişdesinde bolan sürüjileriň we ýolagçylaryň betbagtçylykly hadysalary;

zähmete ukyplylygyň wagtlaýynça ýa-da doly ýitirilmegi;

saglygy goraýyş çykdajylary;

ulag serişdesiniň eýesiniň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi.

Ulag serişdesinde goş hökmünde bolan gymmat bahaly zatlar, gymmat bahaly metallar, gymmat bahaly metallardan ýasalan önümler, gymmat bahaly we ýarym gymmat bahaly daşlar we olardan ýasalan önümler, kino-wideoenjamlar, dini zatlar, golýazmalar, pul belgileri, gymmat bahaly kagyzlar, resminamalar we fotosuratlar ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilmeýär.

7. Ulag serişdesiniň sürüjisiniň we ýolagçysynyň betbagtçylykly hadysalaryndan ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryşyň obýekti ulag serişdesiniň ýolagçysynyň we (ýa-da) sürüjisiniň ömri we saglygy bolup durýar (mundan beýläk - Ätiýaçlandyrylan şahs).

Ulag serişdesiniň sürüjisiniň we ýolagçysynyň betbagtçylykly hadysalaryndan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) töleýär.

8. Ulag serişdesiniň eýesiniň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ulag serişdesiniň eýesiniň üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirilen zyýan (zelel) ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.

9. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda Ätiýaçlandyrýanyň heläkçilik (çakyşma, agdarylma duran ulag serişdesini, päsgelçiligi, pyýadany, tigirli ýolagçyny, arabany kakdyrmagy, ýolagçynyň gaçmagy we ýol-ulag hadysalarynyň başga görnüşleri) netijesinde üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetiren zyýanyň (zeleliň) öwezini dolýar.

 

III. Ätiýaçlandyryş halaty

 

10. Şu Kadalara laýyklykda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde aşakdaky töwekgelçilikler boýunça ýüze çykan ätiýaçlandyryş halatynyň ýetiren zyýanynyň (zeleliniň) öwezini dolýar:

heläkçilik - ýol-ulag hadysasynyň netijesinde beýleki ulag serişdesi bilen çakyşmagy, agdarylmagy, duran ulag serişdesini, päsgelçiligi, pyýadany, tigirli ýolagçyny, arabany kakdyrmagy, şonuň ýaly-da ýol-ulag hadysasynyň başga görnüşleri ýüze çykanda ulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da zeper ýetmegi;

tebigy betbagtçylyklar - ýyldyrym urmagynyň, tupanyň, harasatyň, güýçli garyň, ýeriň titremeginiň, opurylmanyň, suw joşgunynyň, suw almagyň, we üstün çykyp bolmajak güýjüň täsiriniň netijesinde ulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da zeper ýetmegi;

ulag serişdesiniň ogurlanyp alnyp gidilmegi - ulag serişdesini başga biriniň bikanun eýelik etmeginiň netijesinde ulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da zaýalanmagy, ulag serişdesiniň bikanun alnyp gidilmegi bilen bagly bolan ulag serişdesiniň eýesi bolup durmaýan şahslaryň bikanun hereketleriniň netijesinde awtoulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da başga hili zaýalanmagy, ulag serişdesiniň özüniň ogurlanyp alnyp gidilmegi ýa-da onuň ogurlanyp alnyp gidilmegi bilen bagly käbir şaýlarynyň ogurlanmagy;

ýangyn - heläkçilik ýa-da daşky täsiriň ýetmegi bilen bolýan gözegçiliksiz ot netijesinde ýanmagy bilen ulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da zeper ýetmegi;

öz-özünden ot almagy - ulag serişdesiniň öz hereketlendirijisiniň täsiri netijesinde ot almagy bilen ulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da zeper ýetmegi;

betbagtçylykly hadysa - partlama, buzuň aşagyna gaçmagy, beýleki ulag serişdeleriniň tekerleriniň aşagyndan daşlaryň ýa-da başga zatlaryň ulaga degmegi, onuň üstüne zatlaryň gaçmagy netijesinde ulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da zeper ýetmegi.

11. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriniň sanawy ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilýär. Şeýlelikde, şu Kadalarda görkezilen ähli ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri ýa-da olaryň käbirleri boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşylyp bilner.

 

IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi

 

12. Ulag serişdesi ätiýaçlandyrylanda Ätiýaçlandyrýanyň Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşyp, şonuň ýaly ulag serişdesiniň balans ýa-da bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alyp kesgitlenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberi onuň şertnama baglaşylan pursatyndaky hakyky bahasyndan ýokary bolup bilmez.

Ulag serişdesi hakyky bahasynyň näçe göterimini düzýän bolsa, ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberinden şol göterimde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini göz öňünde tutýan deň ölçegdäki jogapkärçiligi bellemek bilen, ulag serişdesi hakyky bahasyndan ýokary bolmadyk islendik ätiýaçlandyryş pul möçberine ätiýaçlandyrylyp bilner.

13. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletinde ulag serişdesiniň hakyky bahasy ýokarlansa, Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş pul möçberini ýokarlandyrmaga hukugy bardyr.

14. Ýolagçynyň/sürüjiniň ömrüniň we (ýa-da) saglygynyň betbagtçylykly hadysalaryndan orunlaryň sany boýunça ätiýaçlandyrylanda her bir orun üçin aýratyn ätiýaçlandyryş pul möçberi kesgitlenilýär.

Tutuşlygyna ätiýaçlandyrylanda ätiýaçlandyryş pul möçberi tutuş ulag serişdesi üçin kesgitlenilýär. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan pursatynda ulag serişdesiniň içinde bolan her bir ýolagçy (şol sanda sürüji) umumy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň paýynda ätiýaçlandyrylan hasap edilýär.

Eger ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan pursatynda ätiýaçlandyrylan ulag serişdesinde 3 adam bar bolsa, olaryň her biri umumy ätiýaçlandyryş pul möçberinden 30% ätiýaçlandyrylan hasap edilýär, eger 2 adam bar bolsa - 35%, eger 1 adam bar bolsa, umumy ätiýaçlandyryş pul möçberinden 40% ätiýaçlandyrylan hasap edilýär. Eger 3 adamdan köp bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi her birine deň möçberde bölünýär.

15. Ulag serişdesiniň eýesiniň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi ätiýaçlandyrylanda ätiýaçlandyryş pul möçberi her bir töwekgelçiligiň görnüşi (şahsy zelel, emläk zyýan) boýunça jogapkärçiligiň derejesiniň çäginde aýratynlykda taraplaryň ylalaşygy boýunça kesgitlenilýär.

Ulag serişdesiniň eýesiniň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryş pul möçberi kesgitlenilende, ulag serişdeleriniň eýeleriniň (gatnadyjylaryň) üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň hökmany döwlet ätiýaçlandyryş Düzgünnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi hasaba alynmalydyr.

 

V. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

16. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan bellenilýär. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi ulag serişdesiniň töwekgelçiliginiň görnüşine, ätiýaçlandyryş pul möçberine, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletine baglylykda we ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerine (1-nji goşundy) laýyklykda kesgitlenilýär.

17. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) iki möhletde: 50%-ni ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly, 50%-ni bolsa ätiýaçlandyryş şertnamasy güýje gireninden soň üç aýdan gijä galman tölemäge hukugy bardyr. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy birnäçe ýyla baglaşylýan bolsa, onda ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) her ýylda tölenip bilner.

18. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu bölümiň 1-nji bendine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.

19. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň kesgitlenilen pulunda tölenilýär.

20. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

21. Eger-de ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda geçirilmese, Ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.

Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) geçirmegini gijikdirse, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

22. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň köpelen ýagdaýynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tamamlanmagyna çenli galan doly aýlar boýunça hasaplanylan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek bilen, goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylýar. Goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasaplamasy şu Kadalaryň 18-nji bölüminiň 1-nji bendine laýyklykda amala aşyrylýar.

 

VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi

 

23. Ulag serişdeleriniň ätiýaçlandyryş şertnamasy taraplaryň ylalaşmagy bilen Ätiýaçlandyrýanyň ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça arzasy (2-nji goşundy) esasynda 1 ýyla çenli we 1 ýyldan köp möhlete baglaşylýar.

Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyrylýan ulag serişdesini Ätiýaçlandyryja gözden geçirmek üçin bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň gözden geçirendigi barasyndaky belliginiň bir gije-gündiziň dowamynda güýji bardyr (arza goşundy). Arza ätiýaçlandyrylýan ulag serişdesiniň suraty goşulmalydyr.

24. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Ätiýaçlandyrýanyň ýaşaýan, işleýän ýeri boýunça ýa-da ulag serişdesiniň hasaba alnan ýeri, tehniki barlagdan geçýän ýeri boýunça baglaşylyp bilner.

25. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peselýän ýa-da ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.

26. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenende ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen möhletlerde Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşandygyny tassyklaýan ulag serişdeleriniň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (3-nji goşundy) berýär.

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:

nagt däl görnüşinde tölenilende – bank tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň hasabyndan öçüren güni;

nagt görnüşinde tölenilende – Ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.

Nagt däl görnüşinde tölenilende ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi baradaky bank edarasy tarapyndan berilýän tassyklaýjy resminamany Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja bermelidir. Bank edaralary tassyklaýjy resminamalary bermelidir.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilende ýa-da ýok bolanda Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy esasynda Ätiýaçlandyryjy ony bermek boýunça çykdajylary tölemegi borçlandyrmak bilen, öwezligini berýär. Öwezligi berlenden soň ozalky ýitirilen ýa-da ýok bolan ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär we ozalky ýitirilen ýa-da ýok bolan ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenmeýär.

27. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini almak üçin Bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä, ony çalyşmaga hukugy bardyr.

28. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi – şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi – möhletiň iň soňky güni sagat 24-de).

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda, (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.

29. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe töwekgelçiligiň derejesinde bolýan ähli üýtgemeler hakynda Ätiýaçlandyryja ýazmaça görnüşde habar bermäge borçludyr (ulag serişdesiniň satylmagy ýa-da başga ulag serişdesine çalşylmagy, nowasynyň/hereketlendirijisiniň çalşylmagy, ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen adamlardan başga bir adama ulag serişdesini dolandyrmak üçin berilmegi, kärendesine berilmegi, ätiýaçlandyrylan ulag serişdesiniň açarlarynyň ýa-da hasaba alnyş resminamalarynyň ýitirilmegi hakynda we ş.m.).

30. Ätiýaçlandyryjy islendik wagtda ätiýaçlandyrylan ulag serişdesiniň tehniki ýagdaýyny barlamaga hukugy bardyr.

31. Düýpli zyýan (zelel) ýetmeleri bar bolan we köp ýeri poslan ulag serişdeleri ätiýaçlandyryşa kabul edilmeýär.

32. Betbagtçylykly hadysalaryndan ätiýaçlandyryş ulag serişdesiniň orunlarynyň sany boýunça ýa-da tutuşlygyna amala aşyryp bolar. Ätiýaçlandyrylan orunlaryň sany ulag serişdesiniň tehniki pasportynda görkezilen aňryçäk sandan köp bolmaly däldir.

33. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

 

VII. Gaýtadan ätiýaçlandyryş

 

34. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga Ätiýaçlandyryjyda (Gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän Ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan Ätiýaçlandyryjynyň (Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda Gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň  Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň Gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da Ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde  ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda Ätiýaçlandyrýan bilen Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahsyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, Bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

VIII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda Ätiýaçlandyrýanyň çalşyrylmagy

 

35. Ätiýaçlandyrylan ulag serişdesi satylan, çalşylan, sowgat edilen, kärendesine berlen ýa-da başgaça aýrybaşgalanan halatynda bu barada Ätiýaçlandyryja habar berilýär, Ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda şol emlägi alan adama geçip biler.

Ätiýaçlandyrýan – ýuridik şahs ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe üýtgedilip gurlan halatynda onuň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça hukuklary we borçlary onuň hukuk oruntutaryna geçýär.

36. Ulag serişdesiniň täze eýesine berlen ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny şol ulag serişdesiniň satyn alandan soň bir aýyň dowamynda täzeden resmileşdirilmelidir. Şol möhletiň geçmegi boýunça Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

37. Ulag serişdesiniň täze eýesine ýa-da öňküsine derek täze ulag serişdesini alana öňki ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan Ätiýaçlandyryjy resmileşdirip berýär. Ätiýaçlandyryjy ulag serişdesini hökmany gözden geçirmek bilen  ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden resmileşdirýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy täzeden resmileşdirilende Ätiýaçlandyrýana öňki ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna derek täzesi berilýär, öňki ätiýaçlandyryş şahadatnamasy täzäniň nusgasy bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyny resmileşdiren Ätiýaçlandyryjyda saklanylýar.

38. Ätiýaçlandyryş şertnamasy täzeden resmileşdirilende öňki ätiýaçlandyryş şertnamasyndaky bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenilen pul möçberini aýyrmak bilen resmileşdirilýär.

Eger öňki ulag serişdesi hakyky bahasynyň möçberinde ätiýaçlandyrylan bolsa, täze alnan ulag serişdesiniň bahasy öňküden arzan bolsa, täze alnan ulag serişdesi özüniň hakyky bahasynyň möçberinde ätiýaçlandyrylan diýlip hasaplanylýar.

39. Ätiýaçlandyrýanyň islegine görä goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşyp sürüjileriň we (ýa-da) ýolagçylaryň betbagtçylykly hadysalary boýunça öňki ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenilen ätiýaçlandyryş pul möçberini goşmaça ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek bilen köpeldilip bilner.

Goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti esasy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletiniň hereketiniň ahyryna çenli kesgitlenilýär.

 

IX. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

40. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

hereket edýän möhleti geçende;

Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

Ätiýaçlandyrýan ýuridiki şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda;

Ätiýaçlandyrýan fiziki şahs aradan çykanda;

kazyýetiň çözgüdi boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi bes edilende;

Ätiýaçlandyrýan şu Kadalaryň 42-nji bölüminde göz öňünde tutulan borçlaryny ýerine ýetirmedik ýagdaýynda.

41. Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna  gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna  gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünlerini bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

Taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmeginiň bir aý öňünden, onuň bes edilmegi hakynda birek-birege habar bermelidir.

 

X. Ätiýaçlandyrýanyň we Ätiýaçlandyryjynyň borçlary

 

42. Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:

ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) bellenilen tertipde tölemäge;

ätiýaçlandyryş halaty barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň polisiýanyň ýol gözegçilik gullugyna we beýleki degişli ygtyýarly edaralara haýal etmän habar bermäge, başga ýurtlaryň çäklerinde bolsa, şol ýurtda hereket edýän talaplara laýyklykda hereket etmäge;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda şobada, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman Ätiýaçlandyryja habar bermäge;

zeper ýeten ulag serişdesini Ätiýaçlandyryjynyň wekiliniň gözden geçirmek we talaby sazlaşdyrmak boýunça soňra ediljek çykdajylary ylalaşmak üçin bermäge;

Ätiýaçlandyryja Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär şahsa regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe Ätiýaçlandyryja ol barada habar etmän, ulag serişdesini reňkleme, şaýlaryny çalyşma, ulag serişdesiniň umumy görnüşini üýtgetme işlerini amala aşyrmaly däl.

43. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we  şertleri bilen tanyş etmäge;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada  bellenilen möhletde Ätiýaçlandyrýana, Ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da Bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan Ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

44. Eger ätiýaçlandyryş halaty ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan etrabyň (şäheriň) çäkleriniň daşynda bolan bolsa, zyýanyň (zeleliň) möçberiniň doly hasaplamasy bilen düzülen ykrarhaty, şeýle hem ygtyýarly edaralardan alnan maglumatlar we beýleki zerur bolan resminamalar şertnama baglaşan Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek meselesini çözmek üçin iberilýär.

45. Ätiýaçlandyryjy bilen deslapky ylalaşygyndan soň, Ätiýaçlandyrýanyň abatlaýyş işlerini we abatlaýyş işleri üçin şaýlary we enjamlary almaga hukugy bardyr.

 

XI. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş

öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň tertibi

 

46. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda şobada, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada Ätiýaçlandyryja habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)  tölemek  barada arza  (4-nji goşundy) berýär,  Türkmenistanyň daşynda ýüze çykan ätiýaçlandyryş halaty boýunça 5-nji goşundydaky sanawa laýyklykda  ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek baradaky meseläni çözmek üçin gerek bolan ähli resminamalary daşary ýurtdan gelenden soň 5(bäş) iş gününden gijä galman tabşyrýar.

47. Ätiýaçlandyryş halaty barada arza alandan soň, Ätiýaçlandyryjy 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarhatyny (6-njy goşundy) düzýär. Şol ykrarhatda zaýalanan şaýlar anyk görkezilýär. Ätiýaçlandyryjy şol bir wagtda ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny subut edýän resminamalary almak üçin ygtyýarly edaralara ulag serişdeleriniň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş  öwezini  doluş tölegini) tölemek meseläni  çözmek üçin ýüz tutmany (7-nji goşundy) we ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan güwänamany (8-nji goşundy) iberýär.

48. Zyýanyň (zeleliň) möçberini Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ulag serişdesini abatlamak (dikeltmek) işleri üçin düzülen hasaplamasynyň, gözden geçirmegiň ykrarhatynyň ýa-da ulag serişdelerini abatlamak, ýerlemek we olara enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça önümçilik birleşiginiň berýän hasaplamalarynyň esasynda kesgitlenilýär we şoňa laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş  öwezini doluş tölegi) tölenýär.

49. Hasaplama ulag serişdesine degişli ätiýaçlyk şaýlarynyň, bölekleriniň we abatlamak işiniň ätiýaçlandyryş halatynyň bolan günündäki hereket edýän bazar bahasynyň ýa-da ygtyýarly edaralaryň berýän maglumatynyň esasynda düzülýär.

50. Abatlamak işleriniň hasaplamasyna aşakdakylar goşulmaýar:

ulag serişdesine ätiýaçlandyryş halatyndan ýetirilmedik zyýanyň (zeleliň) abatlanmagy;

ulag serişdesiniň kepillendiriş möhletindäki abatlamak işleri we tehniki hyzmatlary;

ulag serişdesini täzeden enjamlaşdyrmak ýa-da durkuny täzelemek, onuň bölekleriniň we adaty könelmegi, haryt görnüşiniň ýitmegi, tehniki kemçiligi, döwülmegi abatlamak ýa-da şaýlaryň çalşylmagy bilen baglanyşykly işleri we beýlekileri;

ulag serişdesine tehniki hyzmat edýän merkezde enjamlary bejermek üçin  zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň we bölekleriniň ýoklugy sebäpli abatlamak işleriniň deregine şaýlaryň çalşylmagy.

51. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda bu göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmakda Ätiýaçlandyrýanyň öz paýyna (franşiza) baglylykda kesgitlenilýär.

Ulag serişdesine ýeten zyýanyň (zeleliň) pul möçberi, ulag serişdesine ýeten zyýan (zelel) boýunça düzülen hasaplamada görkezilen çalyşylmaga degişli bolan şaýlaryň bahasyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwrüniň könelme bahasyny hasaba almak bilen kesgitlenilýär.

Ulag serişdesi doly weýran bolanda zyýanyň (zeleliň) möçberi, ulag serişdesiniň hakyky bahasyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereker edýän döwrüniň könelme bahasyny hasaba almak bilen kesgitlenilýär.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwri bir ýyldan ugur alnyp hasaplanylýar.

Doly weýran bolmak diýlip, ulag serişdesiniň abatlamak işleriniň bahasynyň (abatlanjak ýerine ýa-da hemişelik durýan ýerine äkidilmeginiň bahasyny goşaňda) ulag serişdesiniň hakyky bahasyna deň bolmagyna ýa-da geçmegine aýdylýar.

 

XII. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş

öwezini doluş tölegini) tölemegiň tertibi

 

52. Ulag serişdesi üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberinde, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertleşilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolmadyk möçberinde tölenilýär.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi ulag serişdesiniň ätiýaçlandyrylan bahasyndan pes bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň ulag serişdesiniň ätiýaçlandyrylan bahasyna bolan gatnaşygyna deňeçerlikde kemelýär.

53. Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezi üçünji taraplar tarapyndan Ätiýaçlandyrýana dolan ýagdaýlarynda, Ätiýaçlandyryjy diňe ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça öwezini dolmaga degişli pul möçberiniň we Ätiýaçlandyrýanyň üçünji taraplardan alan pul möçberiniň aratapawudyny töleýär.

54. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli resminamalar alnandan soň 10 (on) günüň dowamynda tölenilýär.

Şunda, bu halat boýunça jenaýat işi gozgalan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň meselesi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan derňewiň netijeleri barada derňew edarasynyň resminamasy alnandan soň, jenaýat işiniň ýatyrylandygy ýa-da wagtlaýynça durzulandygy ýa-da kazyýete geçirilendigi hakynda habar alnandan soň çözülýär.

55. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) hasaplama laýyklykda töläninden soň, abatlamak işleri geçirilen ulag serişdesi Ätiýaçlandyryja gözden geçirmek üçin görkezilmelidir, görkezilmedik halatynda şu zeýilli zyýan (zelel) boýunça arzalar soňra garalmaga kabul edilmeýär.

56. Ulag serişdesi ogurlanyp alnyp gidilende ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe hakyky bahasyndan könelmegini hasaba almak bilen tölenýär, ýöne ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertleşilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolmaly däldir.

Ogurlanyp alnyp gidilen ulag serişdesi Ätiýaçlandyrýana gaýtarylyp berlen ýagdaýynda, ulag serişdesiniň ogurlanyp alnyp gidilmegi bilen baglanyşykly abatlamak ýa-da tertibe getirmek üçin zerur bolan çykdajylary tutup galmak bilen ol alan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) Ätiýaçlandyryja gaýtaryp bermäge borçludyr.

Ulag serişdesi doly weýran edilende ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe hakyky bahasyndan könelmegini hasaba almak bilen, geljekde ulanmaga ýaramly galyndylaryň bahasyny aýyrmak bilen ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilýär, ýöne ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertleşilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolmaly däldir.

Hasaplamanyň şunuň ýaly tertibi doly däl hakyky bahasyna ätiýaçlandyrylan ulag serişdesiniň doly weýran edilmegi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenende hem ulanylýar. Şeýlelikde, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) hasaplanylan pul möçberinden ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylan wagtyndaky ulag serişdesiniň hakyky bahasyndan ätiýaçlandyryş pul möçberini düzýän göteriminden tölenilýär.

57. Ogurlanyp alnyp gidilen ulag serişdesi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ulag serişdesiniň  ygtyýarly edaralaryň deslapky derňew işlerini tamamlanlaryndan soň, 2 aýdan soň tölenilýär.

58. Doly ýok bolmagy ýa-da ogurlanmagy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenenden soň, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi bes edýär.

59. Ätiýaçlandyrylan ulag serişdesi ogurlanyp alnyp gidilende Ätiýaçlandyrýan ulag serişdesiniň bellige alnanlygy hakynda güwänamany, (ulag serişdesi ýuridik şahsa hasaba alnanda tehniki talonyny) we bu ulag serişdesiniň açarlarynyň asyl toplumyny bermelidir.

60. Eger Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) köpeltmek maksady bilen bilkastlaýyn öz arzasynda ýalňyş maglumaty görkezen bolsa ýa-da ýok bolan ýa-da zaýalanan şaýlaryň sanawyna, hakykatdan hem ýok bolmadyk ýa-da zaýalanmadyk şaýlary goşan bolsa, onda Ätiýaçlandyryjy işiň ýagdaýyna baglylykda degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) 50% çenli aşaklandyrmak barada çözgüt çykaryp biler.

61. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) Ätiýaçlandyrýana tölenýär, Ätiýaçlandyrýan aradan çykanda, eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda Bähbit görüji bellenilen bolsa, onda Bähbit görüjä tölenýär, eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasynda Bähbit görüji bellenilmedik bolsa, onda Türkmenistanyň kanunçylyga laýyklykda Ätiýaçlandyrýanyň mirasdaryna tölenilýär.

62. Ulag serişdesiniň eýesiniň üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Ätiýaçlandyrýanyň arzasy esasynda ejir çekene, onuň aradan çykan ýagdaýynda bolsa, Türkmenistanyň kanunçylyga laýyklykda onuň mirasdaryna tölenilýär. Eger-de Ätiýaçlandyrýan eýýäm üçünji taraplara ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölän bolsa, onda Ätiýaçlandyrýanyň özüne tölenýär.

63. Betbagtçylykly hadysalaryň netijesinde Ätiýaçlandyrýan bölekleýin, hemişelik ýa-da uzak möhlete zähmete ukyplylygyny ýitirende, Ätiýaçlandyryjy saglygy goraýyş edarasynyň beren netijenamasyna laýyklykda zähmete ukyplylygynyň peselen göterimine laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) bölegini töleýär.

64. Betbagtçylykly hadysalaryň ätiýaçlandyryşy boýunça zähmete ukyplylygyň doly (100%) hemişelik ýa-da uzak möhlete ýitirilmegi, şeýle hem Ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykan halatynda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertleşilen ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) töleýär.

Zähmete ukyplylygyň wagtlaýynça ýa-da doly ýitirilmeginiň ätiýaçlandyryşy boýunça Ätiýaçlandyryjy betbagtçylykly hadysa sebäpli zähmete ukyplylygy wagtlaýynça ýitirilen her bir güni üçin Ätiýaçlandyrylan şahsa ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) töleýär.

Bir gün üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi)  ätiýaçlandyryş şertnamada göz öňünde tutulýar we ol esasy ätiýaçlandyryş şertnamanyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 0,5%-den ýokary bolmaly däldir.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi)  zähmete ukyplylygyň wagtlaýyn ýitirilmeginiň doly möhleti üçin tölenilýär, ýöne zähmete ukyplylygyň ýitirilmeginiň sebäbi bolan bu möhlet betbagtçylykly hadysanyň bolan gününden 4 yzygider aýdan köp bolmaly däldir.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi), eger başga ylalaşyk bolmasa, iki hepdede bir gezek tölenýär.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, wagtlaýynça zähmete ukyplylygyň ýitirilmeginiň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenenden soň hemişelik ýa-da uzak möhlete zähmete ukyplylygy ýitirilse, ýa-da Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çyksa, bir gezeklik tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberinden (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden)  wagtlaýynça zähmete ukyplylygyň ýitirilmegi boýunça tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) alyp galynýar.

Saglygy goraýyş çykdajylarynyň ätiýaçlandyryşy boýunça Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty sebäpli lukman kömegi üçin, derman serişdelerini almak we protezlemek üçin zerur we maksada laýyk edilen çykdajylaryň öwezini dolýar.

Bir ätiýaçlandyryş halaty boýunça Ätiýaçlandyryjynyň öwezini dolýan saglygy goraýyş çykdajylarynyň iň ýokary möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilýär we esasy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10%-den ýokary bolmaly däldir.

Saglygy goraýyş çykdajylarynyň ätiýaçlandyryşy, ätiýaçlandyryş halaty sebäpli ýüze çykan hem bolsa sanitariýa-şypahana  bejergisini we dynç alyş ýerlerinde bolmagyň çykdajylaryny öz içine almaýar.

65. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça şularyň hem öwezi dolunýar:

ätiýaçlandyrylan ulag serişdesini halas etmek, zyýanyň (zeleliň) öňüni almak ýa-da peseltmek, onuň möçberini anyklamak boýunça Ätiýaçlandyrýanyň zerur we maksada laýyk eden çykdajylarynyň;

eger zaýalanan ulag serişdesi ýöremeýän bolsa, ony iň ýakyndaky abatlaýyş ýerine çenli alyp gitmegiň çykdajylarynyň;

ulanylýan tehnologiýany, ätiýaçlyk şaýlarynyň bahasyny, enjamlary we işleri hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş halatynyň netijesiniň dikeldiş işleriniň çykdajylarynyň.

66. Ähli halatlarda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde tölenilýär.

67. Şularyň ulag serişdesiniň kasko ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenmäge degişli däldir:

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan pursatynda ulag serişdesiniň içinde bolan Ätiýaçlandyrýanyň, sürüjiniň ýa-da ýolagçylaryň emlägine ýetirilen zyýanyň (zeleliň);

ätiýaçlandyryş halaty sebäpli ýüze çykyp biljek gytaklaýyn we beýleki çykdajylaryň (jerime, kärendä alynan ulag serişdesini ulanmak, elden gidirilen peýda, girdejini ýitirmek, işsiz durmaklygyň çykdajylary, kepil möhletiniň tamamlanmagy bilen bagly bolan çykdajylaryň);

eger ulag serişdesiniň özi ogurlanyp alnyp gidilmän, aýry-aýry şaýlarynyň, bölekleriniň we degişli bolan zatlarynyň ogurlanmagynyň;

taýýarlaýjy-zawodyň gollanmasyna laýyklykda ulag serişdesiniň toplum ýygyndysyna degişli bolmadyk haýsydyr bir şaýlarynyň ýa-da bölekleriniň we esbaplarynyň ýok edilmeginiň (zaýalanmagy, ogurlanmagy), eger olar taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyna girizilmedik bolsa.

68. Şularyň üçünji taraplaryň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenmäge degişli däldir:

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan pursatynda ätiýaçlandyrylan ulag serişdesiniň içinde bolan sürüjiniň we (ýa-da) ýolagçylaryň ömrüne we saglygyna ýetirilen zeleliň;

ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan pursatynda ätiýaçlandyrylan ulag serişdesiniň içinde bolan sürüjiniň we (ýa-da) ýolagçylaryň emlägine ýetirilen zyýanyň.

 

XIII. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden boýun

gaçyrylmagy

 

69. Eger Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:

Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy  baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýat borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatynda ulanylmaýar;

Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan adam tarapyndan bilkastlaýyn  jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;

Ätiýaçlandyrýan ýa-da Ätiýaçlandyrylan adam hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;

Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanyşykda durýan bolsa;

ätiýaçlandyrylan ulag serişdesini dolandyran alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynyň barlagyndan geçmedik bolsa;

ygtyýarly edaralaryň ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklamasa, şeýle hem zyýanyň (zeleliň) möçberini we sebäbini anyklamak mümkin bolmasa;

ulag serişdesini sürýän şahsyň ady ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilmedik we eýesi ýanynda oturmadyk bolsa;

ulag serişdesiniň eýesinden başga şahsyň, ulag serişdesiniň ulanylmagy üçin döwlet notarial edarasynyň beren ynanç haty bolmasa we şol bir wagtda ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen şahs bolmasa;

eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa,  ulag serişdesi ony sürmegi öwretmek üçin ýa-da ýaryşlara gatnaşmak üçin ulanan bolsa;

Ätiýaçlandyrýan şu Kadalaryň şertlerinde göz öňünde tutulan borçlaryny ýerine ýetirmese;

ätiýaçlandyryş töwekgelçiligini bahalandyrmak üçin düýpli ähmiýeti bolan ýagdaýlar barasynda nädogry maglumatlary beren bolsa ýa-da Ätiýaçlandyryjyny töwekgelçiligiň derejesinde bolan düýpli üýtgemeler hakynda habardar etmedik bolsa;

ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek meselesini çözmek üçin zerur bolan resminamalary bermese ýa-da ulanylýan kadalary bozmak bilen doldurylan resminamalary berse (belgisi, möhüri, senesi bolmadyk düzedişli resminamalar);

eger abatlamak işleriniň deregine, tehnologik zerurlygy bolmadyk işleri amala aşyran bolsa;

ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň we radioaktiw zäherlenmesiniň täsiri, dürli hili harby we terrorçylyk hereketleri we olaryň täsiri, şeýle hem halk tolgunmalary, bahasy tölenmän elinden almak, rekwiziýa, tussag etmek, hökümetiň buýrugynyň netijesinde ulag serişdesi ýok edilse ýa-da oňa zeper ýetirilse.

70. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ýetirilen zyýan ýa-da zeper üçin Ätiýaçlandyrýanyň we Ätiýaçlandyrylan şahsyň, üçünji bir şahsyň öňünde jogapkär şahsdan regres talap etmek hukugy şol pul möçberiniň çäginde ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölän Ätiýaçlandyryja geçýär.

 

Eger Ätiýaçlandyrýan görkezilen şahsa talaplary bildirmekden ýa-da şol talaplaryň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän hukuklaryndan boýun gaçyrsa, onda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň) ol şahsdan tutulyp alynjak bölegini tölemekden boşadylýar.

 

XIV. Ulag serişdesiniň daşary ýurtda ulanylmagy

 

71. Ulag serişdesiniň kasko ätiýaçlandyryşy Türkmenistanyň çäginden daşynda ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ýurtda hem hereket edýär.

72. Daşary ýurtda bolan ätiýaçlandyryş halaty boýunça taraplaryň borçlary we hukuklary şu Kadalar bilen kesgitlenilýär.

73. Daşary ýurtdan gaýdyp gelnenden soň ulag serişdesi Ätiýaçlandyryja gözden geçirmek üçin berilmelidir.

 

XV. Jedelleri çözmegiň tertibi

 

74. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ähli jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.

 

 

 


 

 

 

Ulag serişdelerini meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

1-nji goşundy

Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça bir ýyllyk

 ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri

(ätiýaçlandyryş pul möçberine göterimlerde)

 

Töwekgelçiligiň

 ady

Nyrh möçberi

Heläkçilik - ýol-ulag hadysasynyň netijesinde beýleki ulag serişdesi bilen çakyşmagy, agdarylmagy, duran ulag serişdesini, päsgelçiligi, pyýadany, tigirli ýolagçyny, arabany kakdyrmagy, şonuň ýaly-da ýol-ulag hadysasynyň başga görnüşleri ýüze çykanda ulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da zeper ýetmegi;

Tebigy betbagtçylyklar – ýyldyrym urmagynyň, tupanyň, harasatyň, güýçli garyň, ýeriň titremeginiň, opurylmanyň, suw joşgunynyň, suw almagyň we üstün çykyp bolmajak güýjüň täsiriniň netijesinde ulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da zeper ýetmegi;

Ulag serişdesiniň ogurlanyp alnyp gidilmegi – ulag serişdesini başga biriniň bikanun eýelik etmeginiň netijesinde ulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da zaýalanmagy, ulag serişdesiniň bikanun alnyp gidilmegi bilen bagly bolan üçünji taraplaryň bikanun hereketleriniň netijesinde ulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da başga hili zaýalanmagy, ulag serişdesiniň özüniň ogurlanyp alnyp gidilmegi ýa-da onuň ogurlanyp alnyp gidilmegi bilen bagly käbir şaýlarynyň ogurlanmagy;

Ýangyn – heläkçilik ýa-da daşky täsiriň ýetmegi bilen bolýan gözegçiliksiz ot netijesinde ýanmagy bilen ulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da zeper ýetmegi; Öz-özünden ot almagy – ulag serişdesiniň öz hereketlendirijisiniň täsiri netijesinde ot almagy bilen ulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da zeper ýetmegi;

Betbagtçylykly hadysa – partlama, buzuň aşagyna gaçmagy, beýleki ulag serişdeleriniň tekerleriniň aşagyndan daşlaryň ýa-da başga zatlaryň ulaga degmegi, onuň üstüne zatlaryň gaçmagy netijesinde ulag serişdesiniň weýran bolmagy ýa-da zeper ýetmegi.

(Kasko) ulag serişdesiniň diňe özüni ätiýaçlandyrmak

 

Sürüjiniň we ýolagçylaryň betbagtçylykly hadysalaryndan ätiýaçlandyryşy

Zähmete ukyplylygyň wagtlaýynça ýa-da doly ýitirilmegi

Saglygy goraýyş çykdajylarynyň ätiýaçlandyryşy

 

Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy (ömüre, saglyga zelel we emläk zyýan)

- ömüre we saglyga zelel ýetirilmegi

- emläge zyýan ýetirilmegi

 

Hemme töwekgelçiliklerden

 

 

 

 

2,0

 

 

 

 

0,2

 

 

 

 

2,0

 

 

 

 

0,3

 

 

 

1,0

 

 

5,5

 

0,5

0,5

1,0

 

 

2,0

0,8

1,2

 

9,5

 

Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende 1-den 0,2-ä çenli peselýän ýa-da 1-den 5-e çenli ýokarlanýan koeffisiýentleri ulanmak mümkindir.

 


 

 

 

Ulag serişdelerini meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

2-nji goşundy

 

 

____________________________

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

 

 

Ulag serişdelerini meýletin  ätiýaçlandyryşy boýunça

ARZA

 

 

Ätiýaçlandyrýan __________________________________________________________________

Salgysy/telefony/faks______________________________________________________________

Iş ýeri/wezipesi ___________________________________________________________________

Doglan ýyly _______________________ Sürüjilik tejribesi _______________________________

 

Sürüjilik şahadatnamasy № _____ we berlen senesi 201___ ý. «____» __________________

 

Ulag serişdesiniň eýeçiligi A-hususy eýeçilikde, B- kärendesine alnan

Ulag serişdesiniň ulanjak adamlaryň familiýasy, ady we atasynyň ady ___________________ _____________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

_____________________________________________________________________________

 

Ulag serişdesi:

Görnüşi/kysymy _____________Çykan ýyly _________ Reňki ______ Döwlet belgisi __________

 

Nowasynyň № _____________ Hereketlendirijisiniň № __________ Şassi № _________________

 

Spidometriň görkezijileri _________________ Hereketlendirijisiniň göwrümi _________________

 

Bellige alnanlygy hakynda güwänamanyň berlen senesi ___________________________________

 

Ulag serişdesiniň hakyky bahasy ___________________________________________________

 

Ulanylýan ýeri ___________________________________________________________________

 

Ulanyş tertibi: kärende___ taksi ____                      Awtobus:12 ýerli____ 12 ýerden ýokary_____

 

Ýük göterji ulag serişdesi:     3,5 tonna çenli________ 3,5 tonnadan ýokary_____________

 

Duralgasynyň ýeri (salgysy) _________________________________________________________

 

Başga ätiýaçlandyryş guramalarynda ätiýaçlandyrylanmy__________________________________

 

Ätiýaçlandyryşyň obýekti:

q kasko; q sürüjiniň, ýolagçylaryň betbagtçylykly hadysalardan; q zähmete ukyplylygyň wagtlaýynça ýa-da doly ýitirilmegi; q saglygy goraýyş çykdajylary; q raýat-hukuk jogapkärçiligi (q şahsy zelel, q emläk zyýany).

 

 

Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi:

q heläkçilik; q tebigy betbagtçylyklar; q ulag serişdesiniň ogurlanyp alnyp gidilmegi; q ýangyn; öz-özünden ot almagy; q betbagtçylykly hadysalar; q sürüjiniň, ýolagçylaryň betbagtçylykly hadysalardan; q zähmete ukyplylygyň wagtlaýynça ýa-da doly ýitirilmegi; q saglygy goraýyş çykdajylary; q raýat-hukuk jogapkärçiligi (q şahsy zelel, q emläk zyýany).

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberleri:

q kasko; q sürüjiniň, ýolagçylaryň betbagtçylykly hadysalardan; q zähmete ukyplylygyň wagtlaýynça ýa-da doly ýitirilmegi; q saglygy goraýyş çykdajylary; q raýat-hukuk jogapkärçiligi (q şahsy zelel, q emläk zyýany).

 

Franşiza: şertli __________________ sertsiz ___________________

 

Geçen ýyllarda ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşdyňyzmy:       ýok____          hawa ________

 

Baglaşan bolsaňyz, ýylyny görkeziň we ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň № ______________

 

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykdymy: ýok___ hawa_____, eger ýüze çykan bolsa, haçan we sebäbini görkeziň_________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) aldyňyzmy: ýok_____ hawa_________, eger alan bolsaň, haçan we näçe möçberdedigini görkeziň ________________

 

Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) tölemeginiň tertibi:

 bir wagtda___________, iki möhletde ________________, her ýylda______________________

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça Bähbit görüji ____________________________________

 

Ätiýaçlandyryş möhleti: 201__ «____»____________  201__«____»____________ çenli.

 

Ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdym we arzada görkezilen maglumatlar hakyky diýip tassyklaýaryn ________________________________________________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň familýasy, ady we goly)

 

M.Ý.               201_ ý. «____» __________________

 

 


 

 

 

Arza goşundy

 

 

 

Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

gözden geçiriş belligi

 

Ätiýaçlandyryjy _________________________________________________________________

(guramanyň ady)

Salgysy/telefony/faksy ____________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyrýan __________________________________________________________________

 

Salgysy/telefony/faks______________________________________________________________

 

Iş ýeri/wezipesi ___________________________________________________________________

 

Awtoulag serişdesi:

 

Görnüşi/kysymy ____________Çykan ýyly ________ Reňki ________ Döwlet belgisi __________

 

Nowasynyň № _____________ Hereketlendirijisiniň № __________ Şassi № _________________

 

Spidometriň görkezijileri __________________ Hereketlendirijisiniň göwrümi ________________

 

Bellige alnanlygy hakynda güwänamanyň berlen seneleri _________________________________

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň bar bolan zeper we ýetmezçilik:

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

________________________________________________________________________________

________________________________________________________________________________

________________________________________________________________________________

________________________________________________________________________________

 

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň wekili ____________________________________

(F.A., we wezipesi)

M.Ý.

Ätiýaçlandyrýanyň ________________________________________________________

(F.A., we goly)

201__ ý. «_____» _______________

 

 

 


 

 

 

Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryş

Kadalaryna 3-nji goşundy

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasy   № ____

 

Ätiýaçlandyryjy _________________________________________________________________

(guramanyň ady)

Salgysy/telefony/faksy ____________________________________________________________

Ätiýaçlandyrýan _________________________________________________________________

(familiýasy, ady we atasynyň ady ýa-da guramanyň ady)

Salgysy/telefony/faksy ____________________________________________________________

Bähbit görüji ________________________________________________________________________________

(familiýasy, ady we atasynyň ady ýa-da guramanyň ady)

Ulag serişdelerini ulanjak adamlaryň familiýasy, ady we atasynyň ady ____________________

Salgysy/telefony/faksy ____________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti 201 ý. «__»____________ 201_ ý. «__» ___________ aralygy

Ulag serişdesi: Görnüşi/kysymy ____________________________________________________

Çykan ýyly _____ Reňki ________ Döwlet belgisi _______ Nowasynyň № ______ Şassi №  ______

Hereketlendirijisiniň № _____ Spidometriň görkezijileri ____ Hereketlendirijisiniň göwrümi _____

Bellige alnanlygy hakynda güwänamanyň berlen senesi ___________________________________

Ulanylýan çägi __________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş obýekti

Ulag serişdesi (kasko)

Hakyky bahasy ___________________Ätiýaçlandyryş pul möçberi ________________________

Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri we nyrhy _____________________________________________

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)___________________________________

Betbagtçylykly hadysalar boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi _____________________________

zähmete ukyplylygyň wagtlaýynça ýa-da doly ýitirilmegi boýunça __________________________

saglygy goraýyş çykdajylary boýunça _________________________________________________

Betbagtçylykly hadysalar boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) _______

zähmete ukyplylygyň wagtlaýynça ýa-da doly ýitirilmegi boýunça __________________________

saglygy goraýyş çykdajylary boýunça _________________________________________________

Raýat-hukuk jogapkärçiligi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi ___________________________

şahsy zelel boýunça ____________________ emläk zyýany boýunça _______________________

Raýat-hukuk jogapkärçiligi boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) _____

şahsy zelel boýunça ______________________ emläk zyýany boýunça ______________________

Umumy ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ____________________________

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhleti _______

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýje girmeginiň senesi we şertleri ________________________________

Franşiza: şertli ________ sertsiz ___________________

Beýleki şertler ____________________________________________________________________________

 

_________________ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy __________________ (Ätiýaçlandyryjynyň goly)

M.Ý.

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 201__ ý. «_____»________________ berildi.

 

Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldy ___________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

Bellik: Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenilmedik ýagdaýynda Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr. Şu şertnama boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda Ätiýaçlandyrýan bu barada Ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habardar etmäge borçludyr. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.

 


 

 

 

Ulag serişdelerini meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

4-nji goşundy

 

____________________________________

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

____________________________________

____________________________________

____________________________ dan(den)

 

 

Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)

 tölemek barada ARZA

 

_______________________ kysymly, _________________________ belgili _________________

 

Ulag serişdesi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi haýyş edýärin.

 

Hadysa _____________________________________ senede, sagat ______________ bolup geçdi.

 

Ulag serişdesi/eýesi, ynanç hat bilen/ ____________________________________________ süren. Ulag serişdesi ______________Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynda ________________________

___________________________________________________________ boýunça ätiýaçlandyrylan

 
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň № ____________________ tapgyry _______________

Bolan hadysa hakynda __________________________________ senede, sagat _________________

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýol gözegçiligi gullugyna (başga ygtyýarly guramany görkezmeli) ______________________________________________________________

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________ habar berildi.

Bu hadysanyň netijesinde ulag serişdesi aşakdaky zyýanlary aldy _________________________

___________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

 

Hadysa ikinji gatnaşan _____________________________________________________________

____________________________________________________________________ bolup durýar

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) _________________________

(şäheriniň, etrabynyň)

__________________________________ bankyndaky №_________________ hasaplaşyk hasabyma

geçirmegiňizi haýyş edýärin.

 

Berlen senesi 201__ ý. « ______ »__________________

 

 

Goly ________________________

 


 

 

 

Ulag serişdelerini meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

5-nji goşundy

 

 

 

 

 

 

Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini

(ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň meselesi çözülende möhüm

 bolan resminamalar

 

 

 

1. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandaky ulag serişdesiniň fotosuratlary.

       

2. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykanlygy hakyndaky arza.

 

3. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy.

 

4. Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň, derňew edaralarynyň ýa-da  beýleki degişli edaralaryň güwänamasy.

 

5. Polisiýadan güwänama (eger-de ulag serişdesi ogurlanyp alyp gidilen bolsa).

 

6. Ulag serişdesiniň abatlaýyş işleriniň hasaplamasy.

 

7. Zaýalanan ulag serişdesiniň fotosuratlary.

 

8. Bellige alnanlygy hakynda güwänamanyň göçürme nusgasy.

 

9. Sürüjilik şahadatnamasynyň göçürme nusgasy.

 

 


 

 

 

Ulag serişdelerini meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

6-njy goşundy

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

 

Ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky

ykrarhaty

 

_____________________________________________________________________________ da

(şäher, etrap DÄG)

_______________________ seneden ________________ senä çenli, şahadatnamanyň № ________

Hereketlendirijisiniň № _________ nowasynyň № __________ şassisiniň № __________________ 

_________________________________________ Ätiýaçlandyryş pul möçberine ätiýaçlandyrylan

__________________________________________________________________ ulag serişdesi

(bellige alyş № we görnüşi)

 

Ätiýaçlandyrýan __________________________________________________________________

 

Men, aşakda gol çeken, ___________________ Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň wekili ________________________________________________________________________________

(F.A.A.a.)

Ätiýaçlandyrýanyň wekiliniň çagyran hünärmeniň gatnaşmagynda:

1. ______________________________________________________________________________

(F.A.A.a. we wezipesi)

2. ______________________________________________________________________________

(F.A.A.a.we wezipesi)

________________________________________________________________________________

(hadysanyň bolan wagty görkezmeli)

________________________________________________________________________________

(hadysanyň sebäbini görkezmeli) ________________________________________________________________________________

sebäpli zaýalanan ulag serişdesini gözden geçirildi we aşakdaklar ýüze çykaryldy:

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

________________________________________________________________________________

Bu ykrarhaty zyýanyň (zeleliň) möçberiniň subutnamasy bolup, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri bilen kesgitlenilýän Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň subutnamasy bolup çykyş edip bilmeýär.

 

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň wekili ______________________________

(F.A.A.a. we wezipesi)

M.Ý.

Gatnaşanlaryň goly:                           1. __________________________________

(F.A., we wezipesi)

2. ___________________________________

(F.A., we wezipesi)

  201__ ý. «_____» _______________         _____________________________________

(Ätiýaçlandyrýanyň goly)

 


 

 

 

Ulag serişdelerini meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna

7-nji goşundy

 

 

 

 

_____________________________ Döwlet

(welaýatyň, şäher, etrap)

ätiýaçlandyryş guramasy

201__ ý. “____” _____________ № ____

Salgysy __________________________

Telefony __________________________

 

______________________________________

(ygtyýarly edaranyň ady we salgysy)

 

_______________________________________

 

 

Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini

(ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek meseläni çözmek üçin

 

ÝÜZ   TUTMA

 

________________________________________________________________________________

(sürüjiniň F.A.)

______________________   _________________   _____________________ ulagyny sürmeginde,

(ulagyň kysymy)                                (görnüşi)                     (belgili)

201_ ý. _______________ aýynyň « _____ » ___________________________________________

(hadysanyň bolan ýeri)

bolan ýol hadysasy netijesinde

Zyýan (zelel) çeken _______________________________________________________________

(raýatyň F.A.)

 

Jenaýat işiniň ýatyrylandygy ýa-da wagtlaýynça togtadylandygy, ýa-da kazyýete geçirilendigi hakyndaky derňewiň netijeleri boýunça Kararyň nusgasyny ýa-da (goşulan görnüş boýunça) kepilnama bermegiňizi haýyş edýäris.

 

Goşundy: 1 sahypada.

 

 

_________________________________ Döwlet

(welaýatyň, etrabynyň, şäheriniň)                                                 ________________________

ätiýaçlandyryş guramasynyň direktory                                                        (F.A. we goly)

 

 

 

 

 ​​​​​​​