Howply ýükler daşalanda üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň baş direktorynyň
2019-njy ýylyň 3-nji iýunyndaky çykaran
81 belgili buýrugy bilen tassyklanan
Howply ýükler daşalanda üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalary
I. Umumy düzgünler
1. Howply ýükler daşalanda üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk-Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň çäginde howply ýükleri daşamaga ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň fiziki (ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan şahslar) we ýuridik şahslary, şeýle hem Türkmenistanda hasaba alnan ýa-da onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary, şol sanda olaryň şahamçalary we wekilhanalary (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýan) bilen meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk - ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.
3. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrýanyň üçünji taraplaryň öňünde ýüze çykýan jogapkärçilik boýunça üstüne ýüklenilýän borçnamalardan boşatmaga borçludyr.
4. Şu Kadalaryň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;
ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;
ätiýaçlandyryş halaty – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
franşiza – umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;
howply ýükler - özleriniň häsiýetleri we aýratynlygy sebäpli, belli bir ýagdaýlaryň täsiri nerijesinde ýüki daşamak, ýüklemek-düşürmek işleri amala aşyrylanda daşalýan ýükleriň, tehniki serişdeleriň, gurluşlaryň, binalaryň we desgalaryň, beýleki ýerleriň bozulmagynyň sebäbi bolup biljek partlama, ýangyn döretjek ýa-da zeper ýetirjek, şeýle hem adamlaryň janyna we saglygyna, daşky gurşawa zyýan ýetirip biljek maddalar, serişdeler, önümler, galyndylar;
howply ýükleriň daşamagyň kadalary – howply ýükleriň daşalmagynyň esasy şertlerini kesgitleýän, olaryň daşalýan mahaly howpsuzlygyň talabyny üpjün edýän we howply ýükleri daşamagyna gatnaşyjylaryň gatnaşygyny tertibe salýan, degişli hökümet edaralary tarapyndan kabul edilen kadalaşdyryjy resminamalar. Hususan hem Türkmenistaniň Prezidentiniň 2018-nji ýylyň 31-nji iýulynda çykaran 881-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda howply ýükleri awtoulagda daşamagyň düzgünleri”;
howply ýüki daşamak – ýük ugradyjydan ýük alyja çenli eltilýança ýük bilen edilýan amallaryň jemini öz içine alýar: Howply ýükleri daşamagyň kadalary boýunça ulag serişdäni, daşama resminamalaryň resmileşdirmesini, ýüküň daşamasyny, bir ulag serişdesinden başga ulag serişdä ýüki ýüklemesini (geçirmesini), ýüküň üstaşyr saklamasyny we düşürmesini.
5. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde, şu Kadalaryň talaplaryna we Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna çapraz gelmeýän başga şertler bolup biler.
II. Ätiýaçlandyryşyň obýekti
6. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän howply ýükleriň daşalmagyny amala aşyrmak bilen baglanyşykly üçünji taraplara ýetirilen zyýan (zelel) netijesinde onda ýüze çykýan borçnamalar bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň şahsy we emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça:
üçünji taraplaryň janyna we saglygyna ýetirilen zyýan (zelel) üçin;
üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan (zelel) üçin;
daşky gurşawa ýetirilen zyýan (zelel) üçin raýat hukuk jogapkärçiliginiň töwekgelçiligi ätiýlaçlandyrylyp bilner.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen bolsa, ätiýaçlandyrýanyň şu Kadalaryň 41-nji bölüminde agzalan kazyýet çykdajylar, harajatlar we beýleki çykdajylar döränligi sebäpli ýüze çykan ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.
III. Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi. Ätiýaçlandyryş halaty.
7. Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi (jogapkärçiligi) ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi.
Howply ýükler halkara we milli kadalaryň talaplaryna laýyklykda, howply ýükleriň toparlanmasy boýunça töwekgelçiligiň toparlary şu aşakda görkezilen tertipde ýerleşdirilýär:
1-nji topar Partlaýjy maddalar – öz häsiýetleri boýunça partlamaga, partladyjy täsiri bilen ýangyn döretmäge ukyply partlaýjy maddalar, şeýle hem pirotehniki täsiri üçin niýetlenen, partlaýjy serişdeleri öz içine alýan gurluşlar:
partlaýjy we pirotehniki maddalar we tutuş ýüki derrew gurşap alýan köpçülikleýin partlama howply önümler;
partlaýjy we pirotehniki maddalar we köpçülikleýin partlama howpy bolmadyk önümler;
partlaýjy we pirotehniki maddalar we sähel sebäbe görä ýa-da sebäpsiz ýanma howply önümler;
partlaýjy we pirotehniki maddalar we daşalýan wagty partlamak howpy pes bolan, otlanan ýagdaýynda enjamlara we gaplara zyýan ýetirmeýän önümler;
ýük daşalýan wagty ýangynyň döremegine we ýangyndan partlama geçmegine getirjek duýgurlygy pes bolan köpçülikleýin partlama howply partlaýjy maddalar;
tötänden otlanmak mümkinçiligi pes, köpçülikleýin partlanmajak we detonasiýa duýgurlygy bolamdyk maddalary öz içine alýan önümler.
2 -nji topar Sowatmak arkaly sowadylan, basyş astynda eredilen we dykyz gazlar:
ýanmaýan zähersiz gazlar;
ýanmaýan zäherli gazlar;
ýeňil ýanýan gazlar;
ýeňil ýanýan zäherli gazlar.
3 -nji topar Ýeňil ýanýan suwuklyklar:
ýeňil ýanýan suwuklyklar, suwuklyklaryň garyndylary hem-de erginde gaty maddalary ýa-da ýapyk tigelde 61o C we şondan ýokary ot alma temperaturasy bolan ýeňil ýanýan bug çykarýan suspenziýalary öz içine alýan suwuklyklar;
orta ot alma temperaturasy bolan ýeňil ýanýan suwuklyklar we ýapyk tigelde –18o C–den 23o C çenli ot alma temperaturasy bolan suwuklyklar;
orta ot alma temperaturasy bolan ýeňil ýanýan suwuklyklar we 23o C–den 61o C çenli (ýapyk tigelde hem) ot alma temperaturasy bolan suwuklyklar.
4-nji topar Daşalýan wagty sürtülmäniň, çyglylygy siňdirmäniň, özbaşdak himiki öwrülmeleriň hem-de gyzmanyň netijesinde, emele gelýän daşarky ot çeşmelerinden ýeňil otlanyp bilýän, ýeňil ýanýan maddalar (partladyjy diýip toparlandyrylanlardan başga):
daşarky ot çeşmeleriniň (uçgun, ot ýa-da sürtülmek) gysga wagtlaýyn täsir etmeginden ýeňil otlanmaga we güýçli ýanmaga ukyply ýeňil ýanýan gaty maddalar;
adaty daşamak şertlerinde özbaşdak gyzyp we ýanyp bilýän öz-özünden ot alýan maddalar;
suw bilen özara täsirleşende ýanýan gazlary çykarýan maddalar.
5 -nji topar Aňsatlyk bilen kislorod bölüp çykarmak, ody güýçlendirmek ýaly ukyplary bolan hem-de degişli şertlerde ýa-da beýleki maddalar bilen özara täsirleşende öz-özünden ot almagy we partlamagy döredip bilýän turşadyjy maddalar we organik peroksidler:
özleri ýanmaýan, emma beýleki maddalaryň ýeňil ýanmagyna ýardam edýän we ýanýan wagty kislorod bölüp çykarýan, ody güýçlendirmäge ukyply turşadyjy maddalar;
beýleki maddalar bilen howply özara gatnaşykda bolýan we turşadyjy madda hökmünde täsir edip bilýän, köplenç halatlarda ýanyjy organiki peroksidler.
6-njy topar Organizmiň içinde ýa-da adamyň derisine we nemli bardasyna düşende ölüm, zäherlenme we keselleme howply zäherli we infisirlenen maddalar:
dem alyş ýollara we içe düşende hem-de deri bilen gatnaşykda bolnan ýagdaýlarda zäherlenmä sebäp bolmaga ukyply zäherli maddalar;
adamlar we haýwanlar üçin howply agyry dörediji mikroorganizmleri öz içine alýan maddalar.
7-nji topar udel işjeňligi 74кВк/kg-den ýokary bolan radioaktiw materiallar.
8-nji topar Derini, dem alyş ýollaryny we gözüň nemli bardalaryny ýaralamak, metallary poslatmak we awtoulag serişdelerini, binalary we ýükleri zaýalamak hem-de beýleki organiki maddalar we käbir himiki maddalar bilen özara täsirlenende ýangyn döremegine sebäp bolmak ýaly ukyplary bolan iýiji we posladyjy maddalar:
turşadyjylar;
aşgarlar;
her dürli iýiji we posladyjy maddalar.
9-njy topar daşalýan wagty howpy pes bolan, ýokarda agzalan toparlaryň hiç birine-de degişli bolmadyk, ýöne olar babatynda daşamak we saklamak boýunça degişli kadalary berjaý etmegi talap edýän maddalar:
häsiýetleri boýunça 3-nji we 4-nji toparlara degişli bolmadyk, emma belli bir şertlerde ýangyn howpuny döredip bilýän, ýanmaga ukyply gaty we suwuk maddalar (ýapyk gapda +610 C-den +1000 C-e çenli ot alma temperaturasy bolan ýanýan suwuk materiallar we süýümler);
8. Howply ýükleri daşalýan mahaly heläkçilik hadysanyň netijesinde üçünji taraplaryň janyna, saglygyna, emlägine we/ýa-da daşky gurşawa ýetirilen zyýan (zelel) üçin ýüze çykan ätiýaçlandyrýanyň raýat-hukuk jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
Ätiýaçlandyryş halaty diýip hasap edilýär eger ol:
ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen töwekgelçilikden we ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletinde bolsa;
ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen çäklerde bolsa;
zyýan (zelel) ýetirilendigi we onuň möçberi üçünji taraplaryň hereket edýän kanunçylyga laýyklykda bildirilen resmi taýdan delillendirilen talaplary, şeýle hem ygtyýarly edaralardan we guramalardan alnan degişli resminamalar we/ýa-da kazyýetiň zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak hakyndaky çözgüdi bilen esaslandyrylan bolsa.
ýetirilen zyýan (zelel) üçin ätiýaçlandyrýanyň raýat-hukuk jogapkärçiligi taraplar we ejir çeken bilen kazyýetden öň (kazyýetsiz) ylalaşylan bolsa ýa-da kanun güýjine giren kazyýetiň karary bilen bellenen bolsa.
9. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda kazyýet çykdajylarynyň, harajatlaryň we şoňa degişli beýleki çykdajylaryň ätiýaçlandyryşy göz öňünde tutulan bolsa, onda şu Kadalaryň 41-nji bölüminde agzalan kazyýet çykdajylary, harajatlary we şoňa degişli beýleki çykdajylary howply ýükler daşalanda heläkçiligiň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly bolsa, onda ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
10. Ätiýaçlandyryş hataly netijesinde daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirilende döwlet ýa-da ygtyýarlandyrylan ýerine ýetiriji edaralar, daşky gurşawy goramagyň wezipelerini ýerine ýetiriji islendik onuň düzüm birligi, şeýle hem tebigy obýektlere eýeçilik edýän, peýdalanýan ýa-da dolandyrýan fiziki we ýuridik şahslar bähbit görüji bolup durýar.
Şu Kadalaryň 41-nji bölüminiň 2-nji bendinde agzalan kazyýet çykdajylary, harajatlary ätiýaçlandyrýanyň şoňa degişli beýleki çykdajylary ätiýaçlandyrylanda, ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýan bähbit görüji bolup durýar.
11. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda aşakda görkezilen talaplaryň esasynda ätiýaçlandyrýanda jogapkärçilik dörände ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir:
ätiýaçlandyrýan tarapyndan daşamaga kabul edilen howply ýüküň ýitmesi, kemelmegi we zaýalanmagy netijesinde ýüze çykan çykdajylaryň öwezini dolmagyň talaplary, şeýle hem ätiýaçlandyrýanyň kontragentleriň beýleki talaplary (şertnamalaryň borçlaryny saklamazlyk ýa-da degişli derejede ýerine ýetirmezlik), şeýle hem ätiýaçlandyrýanyň tabşyryklaryndan döreýän ýa-da esaslanýan talaplary;
gös-göni ätiýaçlandyrýana bildirilen puşmana pullaryň (jerimeleriň) öwezini dolmagyň talaplary;
ätiýaçlandyrýanyň işgärlerine zähmet borjuny ýerine ýetirende ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmagyň talaplary;
ätiýaçlandyrýanyň eýeçiliginde we/ýa-da kärendä berlen we/ýa-da kärendä alnan we/ýa-da başga kanun esasynda ulanylýan emlägine ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmagyň talaplary;
howply ýükler daşalanda ulanylýan ulag serişdelere we/ýa-da ýük galdyryjy ulag enjamlara ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmagyň talaplary;
ätiýaçlandyrýanyň, şeýle hem onuň işgärleriniň howply ýükler daşamaga niýetlenmedik ulag serişdelerinde howply ýükler daşalanda ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmagyň talaplary;
elden giderilen peýdanyň, ýuridik şahsyň işewürlik abraýyna ýetirilen zyýanyň (zeleliň), fiziki şahsyň abraýyna, mertebesine, ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmagyň talaplary;
harby hereketleriň, şeýle hem manýowrlaryň ýa-da beýleki harby çäreleri;
raýat urşunyň, dürli görnüşdäki halk tolgunyşyklarynyň ýa-da iş taşlaýyşlary;
eger ätiaçlandyryş halaty öňünden görmedik we öňüni alyp bilmedik adatdan daşary häsiýetli ýagdaýlaryň netijesinde şol sanda tebigy häsiýetli (tebigy betbagtçylyk).
IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi.
Jogapkärçiligiň çägi
12. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrýan bilen ätiýaçlandyryjynyň arasynda ylalaşylyp, jogapkärçiligiň her bir görnüşi (şahsy, emläk, daşky gurşawa ýetirilen zyýan (zelel) we bir ejir çeken) boýunça jogapkärçiligiň çäkleri aýratynlykda bellenilýär.
Şu Kadalaryň 41-nji bölüminiň 2-nji bendinde agzalan kazyýet çykdajylarynyň, harajatlarynyň we şoňa degişli beýleki çykdajylarynyň ätiýaçlandyrmasynda-jogapkärçiliginiň çägi şertnamada görkezilen umumy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 10%-de bellenilýär.
Şu Kadalaryň 41-nji bölüminiň 3-nji bendinde ätiýaçlandyryjy tarapyndan öwezini dolmaga degişli, ýitgileri azaltmak maksady bilen edilen çykdajylaryň ätiýaçlandyrmasynda-jogapkärçiliginiň çägi şertnamada görkezilen umumy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 2%-de bellenilýär.
V. Ätiýaçlandyryş gatançlary
(ätiýaçlandyryş baýraklary)
13. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş boýunça esasy nyrh möçberleriniň töwekgelçilik toparynyň esasynda (1-nji goşundy) ätiýaçlandyryşyň anyk şertini hasaba alyp, ätiýaçlandyrýanyň beren maglumatlarynyň esasynda töwekgelçilik derejesine täsir edýän ýagdaýlary nazara alýan peseldiji we ýokarlandyryjy koeffisiýentleri ulanmak bilen, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberini kesgitleýär.
14. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň kesgitlenilen pulunda tölenilýär.
15. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň anyk tertibi we möhletleri ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenýär we ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilýär.
16. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylanda ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryşyň ähli möhleti üçin bir wagtda tölenýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylanda, ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) ätiýaçlandyryşyň ähli möhleti üçin bir wagtda ýa-da ätiýaçlandyryşyň her ýyly üçin, ýylda bir gezek tölemäge hukugy bardyr.
17. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda hasaplanan bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) 365 güne bölünýär we ätiýaçlandyrylyşa degişli gün sanyna köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde hasaplanýar, aýlar boýunça bolsa 17-nji bölümiň 1-nji bendine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.
18. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenýänçä ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.
19. Eger ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda geçirilmese, ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.
Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) geçirmegini gijikdirse, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi
20. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýan tarapyndan ýazmaça berlen ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak barada arzasy esasynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhletini taraplaryň ylalaşygy esasynda kesgitlenip baglaşylýar (2-nji goşundy).
21. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak we ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin ätiýaçlandyrýan aşakdaky resminamalary tabşyrmaly:
arza;
ýuridik şahs hökmünde hasaba alnandygy barada resminama (ätiýaçlandyrýan ýuridik şahs üçin);
hususy telekeçi hökmünde hasaba alnandygy barada resminama (ätiýaçlandyrýan hususy telekeçi üçin);
howply ýükleri daşamaga ygtyýarnama;
kesgitlenen tertipde berlen, ulag serişdesine howply ýükleri daşamaga rugsat berýan şahadatnama, eger onuň ýaly resminamalar howply ýükleri daşamak üçin hökmany bolsa;
daşama haýsy döwletiň çägine/çäginden geçýän bolsa şol döwletiň ygtyýarly edarasy tarapyndan döwletara ylalaşyklaryň esasynda berilýän ýörite we köptaraplaýyn rugsat (howply ýükleri halkara daşamalarynda), eger, hereket edýän kanunçylygynyň esasynda howply ýükleri daşamak üçin rugsadyň (ygtyýarnamanyň) bolmagy hökmany bolsa.
22. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýan mahaly özüne mälim bolan töwekgelçiligiň derejesini anyklamakda möhüm ähmiýeti bolan düýpli ýagdaýlar barasynda ätiýaçlandyryja ýazmaça habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasyndan ýüz öwürmek ýa-da ony üýtgedilen mazmunda baglaşmak baradaky çözgüdine täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlar bolup durýar.
23. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýanyň beren arzasyna we beýleki degişli resminamalaryna seredýär we töwekgelçiligiň derejesine baha bermek üçin gözden geçirýär we şonuň netijesinde ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerini kesgitleýär.
Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda we ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň islendik wagtda howply ýükleri daşaýan ulag serişdeleriniň ýagdaýyny barlap biler.
Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja howply ýükleri daşaýan ulag serişdeleriniň ýagdaýyny we arzadaky maglumatlaryň dogrulygyny barlamaga ýardam bermelidir.
24. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandan soňky töwekgelçiligiň derejesinde bolup geçen we töwekgelçiligiň möçberini artdyrýan üýtgetmeler ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şertlerini üýtgetmäge we goşmaça ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegi talap etmäge hukuk berýär. Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertlerindäki üýtgetmeler bilen ylalaşmasa ýa-da goşmaça ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemekden boýun gaçyrsa, töwekgelçilikde emele gelen üýtgetmeleriň ýüze çykan pursatyndan başlap ätiýaçlandyryş şertnamasy güýjüni ýitirýär.
25. Ätiýaçlandyrýan özüniň habar berýän maglumatlarynyň ygtybarlylygy we dogrulygy üçin jogapkärçilik çekýär.
26. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan Howply ýükleri daşalanda üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (3-nji goşundy) gowşurýar.
Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:
nagt däl görnüşinde tölenilende – bank tarapyndan ätiýaçlandyrýanyň hasabyndan öçüren güni;
nagt görnüşinde tölenilende – ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.
27. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we sertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.
28. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi-şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi-möhletiniň iň soňky güni sagat 24-de).
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti tamamlanmazdan täze möhlete baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýje girýän senesi edilip, hereket edýän şertnamanyň möhletiniň tamamlanýan gününden soňky sene görkezilýär.
Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş pul möçberini artdyrmak isleýän bolsa, onda ol goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşyp biler.
29. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen halatynda ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasynyň esasynda, ony bermegiň çykdajylaryny tölemegi borçlandyrmak bilen, ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň öwezligi berilýär. Öwezligi berilenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär we şol ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär.
VII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň
bes edilmegi
30. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:
hereket edýän möhleti geçende;
ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalar doly möçberde ýerine ýetirilende;
şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;
ätiýaçlandyryş şertnamasy kazyýetiň çözgüdi boýunça bes edilen ýagdaýynda.
31. Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.
Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklary), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.
Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.
Wagtyndan öň bes etmek barada taraplar birek-birege öň bes etmegiň 1 aý öňünden habardar etmelidir.
VIII. Gaýtadan ätiýaçlandyryş
32. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.
Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.
Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak – Türkmenistanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.
Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.
Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberleri we şertleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.
IX. Taraplaryň hukuklary we borçlary
33. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyşmaga;
ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge;
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly onuň öwezligini almaga.
34. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:
ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) bellenilen tertipde tölemäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada şu Kadalarda göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;
ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär adama regres (gaýdymlaýyn) talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak, onuň möçberini anyklamak boýunça mümkin bolan we maksada laýyk ähli çäreleri görmäge;
ätiýaçlandyryja onuň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri we getiren netijeleri, ýetirilen zyýanyň (zeleliň) häsiýeti hem-de möçberi hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýän ähli maglumatlary we resminamalary bermäge;
ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberini kesgitlemäge ätiýaçlandyryjynyň gatnaşmagyny üpjün etmäge.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
35. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:
ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga, şeýle hem olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;
ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;
ätiýaçlandyrýanyň razylygyna garamazdan, ätiýaçlandyryş halaty bilen ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak hakyndaky gepleşiklere girişmäge, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlaryny hem-de sebäplerini we/ýa-da ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberini anyklamak boýunça çäreleri görmäge;
ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin ätiýaçlandyryş obýektiniň barlagyny geçirmäge ýa-da garaşsyz bilermeni bu işe çekmäge;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş halatynyň sebäbini kesgitlemek üçin zerur bolan islendik maglumatlary talap etmäge.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryjynyň başga hukuklary hem göz öňünde tutulyp bilner.
36. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:
ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;
ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir;
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
X. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda taraplaryň
hereketleri
37. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:
islendik zyýan (zelel) barada soňra anyk hasaplamany we zyýanyň (zeleliň) ýazgysyny bermek bilen, haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça ätiýaçlandyryş halaty barada arza (4-nji goşundy) bilen ätiýaçlandyryja, şeýle hem degişli edaralara habar bermäge;
wakanyň hakykatyny, sebäplerini, şertlerini we şu Kadalaryň 11-nji babynda agzalan ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberini anyklamaga ähli maglumatlary we resminamalary bermäge;
ätiýaçlandyryjy derňew geçirende onuň bilen bilelikde işleşmäge;
ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertleri boýunça öwezi dolunmaga degişli bolan ýitgileri azaltmak boýunça oýlanyşykly we emele gelen ýagdaýlarda elýeter bolan çäreleri görmäge;
ätiýaçlandyryş halatyň netijesinde emläge zyýan (zelel) ýetirilende, ätiýaçlandyrýan (bähbit görüji) emläge ýetirilen zyýan (zelel) barada, ätiýaçlandyryjynyň wekili tarapyndan ejir çekeniň zyýan (zelel) ýeten emlägini gözden geçirmäge, zyýan (zelel) ýetirilen ýeriň we (ýa-da) zyýan (zelel) ýeten emläginiň ýagdaýyny bellemek maksady bilen, ätiýaçlandyryjyny şobada habardar etmäge.
Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty barada arza alandan soň 5 (bäş) iş gününiň dowamynda ätiýaçlandyrýanyň hem-de zerur bolanda ygtyýarly edaralaryň hünärmenleriniň gatnaşmagynda ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhatyny düzýär. (5-nji goşundy).
XI. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň tertibi we şertleri
38. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin ätiýaçlandyryja şu resminamalar berilmelidir:
üçünji tarapyň saglygyna zyýan (zelel) ýetirilende
ätiýaçlandyryş halaty barada arza;
ätiýaçlandyryş şahadatnama;
ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini doldurmagyň bilen talap arzany;
saglygy goraýyş edarasynda bejeriş üçin dermanlary satyn almak bilen eden çykdajylaryny saglygy goraýyş edarasynyň tassyklaýan resminamalary;
ygtyýarly edaralar tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny, tassyklaýan resminamalary.
üçünji tarap aradan çykan ýagdaýynda:
ölüm hakyndaky şahadatnamanyň döwlet notarial edarasy tarapyndan tassyklanan nusgasy;
döwlet notarial edarasy tarapyndan berlen mirasdarlyk hakynda şahadatnamasy;
aradan çykany jaýlamak üçin edilen çykdajylary tassyklaýan resminamalary;
ygtyýarly edaralar tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny, tassyklaýan resminamalary.
üçünji tarapyň emlägine zyýan (zelel) ýetirilende:
ätiýaçlandyryş halaty barada arza;
ätiýaçlandyryş şahadatnama;
ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini doldurmagyň talaby we/ýa-da resminamalar goşmagy bilen talap arza;
ygtyýarly edaralaryň emlägiň zaýalanandygy ýa-da ýok bolandygy, abatlaýyş-dikeldiş işleriniň gymmaty baradaky resminamalary;
zyýanyň (zeleliň) ýetirilendigini we onuň möçberini tassyklaýan, bolup geçen waka boýunça ätiýaçlandyrýan tarapyndan düzülen resminamalary;
ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny, onuň sebäpleri we ýagdaýlary we ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberlerini tassyklaýan resminamalary.
daşky gurşawa zyýan ýetirilende:
ätiýaçlandyryş halaty barada arza;
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;
ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini doldurmagyň talaby we/ýa-da resminamalar goşmagy bilen talap arza;
ätiýaçlandyrýan tarapyndan, edilen çykdajylary şu Kadalaryň 44-nji bölüminde görkezilen tassyklaýan resminamalary;
ygtyýarly edaralar tarapyndan berlen, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyny, onuň sebäpleri we ýagdaýlary we ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberlerini tassyklaýan resminamalary.
Zerur bolan ýagdaýynda hakykatdan zyýan (zelel) ýetirilendigini we onuň möçberini tassyklaýan resminamalary (wakanyň bolup geçendigi barada ätiýaçlandyrýan tarapyndan düzülen delilnamalary, heläkçilik kartoçka, ýol ulag serişdesiniň ýörite depderçesiniň göçürmesi, howply ýükleri gözden geçirmegiň delilnamalary, ähmiýeti boýunça bilermenleriň netijenamalary), ýetirilen zyýanyň (zeleliň) sebäplerine, şertlerine we möçberine baha bermäge mümkinçilik berýän resminamalary ätiýaçlandyrýan bermelidir.
Eger jedele kazyýet tertibinde seredilen bolsa, kazyýetiň degişli çözgüdiniň nusgasy.
Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) tölemek saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň hökmany suratda berýän resminamalarynyň hem-de netijenamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.
Äiýaçlandyryjy üçünji taraplaryň janyna we saglygyna zyýanyň (zeleliň) ýetirilmegi bilen baglanyşykly ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberini we ätiýaçlandyryş öwezini dolmasynyň möçberini zyýan (zelel) ýetirilmeginiň halatlary we onuň zyýanly netijeleri hakynda ygtyýarly edaralaryň (saglygy goraýyş edaralarynyň, lukman bilermenler toparlarynyň we başgalaryň) resminamalarynyň esasynda kesgitleýär.
39. Üçünji taraplaryň janyna we saglygyna zyýan (zelel) ýetirilende tölemäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi):
saglygyna zyýan (zelel) ýeten şahsyň almaga mümkinçiligi bolan gazanjyň (girdejiniň) ýitirilmeginiň möçberinde, onuň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär;
saglygy goraýyş edarasynda bejeriş üçin demanlary satyn almak bilen çykdajylarynyň möçberinde;
zyýanyň (zeleliň) ýetirilendigini we onuň möçberini tassyklaýan, bolup geçen waka boýunça ätiýaçlandyrýan tarapyndan düzülen resminamalary;
aradan çykan ýagdaýynda işe ukupsyz onuň eklenjinden kesilen şahsa zähmet hakynyň böleginiň ýa-da eklenmek üçin ondan almaga hukugy bolan möçberinde;
jaýlamak üçin edilen çykdajylaryň möçberinde.
40. Üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan (zelel) üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu halatlarda tölenilýär:
emläk doly ýok bolan ýagdaýynda bar bolan galyndylaryň bahasyny tutup galmak bilen, onuň hakyky bahasyna barabar möçberde, ýöne ätiýaçlandyryş pul möçberinden (ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň bellenilen möçberinden) köp bolmadyk möçberde;
emläge zyýan (zelel) ýeten ýagdaýynda dikeldiş çykdajylaryna, ýagny, ätiýaçlandyrylan zatlary gönüden-göni ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazynyň öň ýanynda bolan ýagdaýyna dikeltmek üçin zerur bolan çykdajylara barabar möçberde.
Eger zyýan (zelel) ýetirilen emlägiň abatlamagyň (dikeltmekligiň) çykdajylary onuň hakyky bahasyndan geçýän bolsa onda şol emläk doly ýok bolan hasap edilýär.
41. Daşky gurşawa zyýan (zelel) ýetirilen ýagdaýynda – daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň möçberi – daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik edýän, ýerine ýetirýän häkimiýet edaralary tarapyndan ygtyýarlandyrylan ýöriteleşdirilen edaralaryň hasaplamasy esasynda, hapalanan çäkleri arassalamak we ätiýaçlandyryş halatynyň netijelerini ýok etmekligiň beýleki dikeldiş çäreleri boýunça resminamalar bilen esaslandyrylan çykdajylar. Diňe ätiýaçlandyryş halaty bilen şertlendirilen çykdajylar hasaba alynýar we ätiýaçlandyryş halatyndan öň bolan daşky gurşawyň düzgünleriň bozulmagy we hapalamalary ýok etmeklik hasaba alynmaýar:
resminamalar bilen esaslandyrylan çykdajylar we ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş halatynyň bolmagy bilen bagly harajatlary, talap arzasy esasynda kazyýet goragy amala aşyrmagynda edilen çykdajylar, şeýle hem resminamalary kazyýete tabşyrmak bilen bagly çykdajylar we ekspertiza geçirmegi bilen bagly çykdajylar, ätiýaçlandyrýanyň ähli administratiw çykdajylary muňa girmeýär. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýokarda agzalan çykdajylaryň ätiýaçlandyrmasy göz öňünde tutulan bolsa;
ätiýaçlandyryjy tarapyndan öwezine dolmaga degişli, ýitgileri azaltmak maksady bilen edilen çykdajylar, eger şonuň ýaly çykdajylar zerur bolsa ýa-da ätiýaçlandyryjynyň görkezmesini ýerine ýetirmek üçin edilen bolsa.
42. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezine doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamada bellenilen franşizanyň görnüşine baglylykda kesgitlenilýär.
43. Eger taraplaryň we ejir çekenleriň arasynda jedel ýok ýagdaýynda kazyýetiň çözgüdi bolmazdan ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezine doluş tölegi) tölenýär.
Ätiýaçlandyryş halaty we zyýanyň (zeleliň) möçberi bilen baglanyşykly taraplaryň we ejir çekenleriň arasynda jedel ýüze çykan ýagdaýynda kazyýetiň çözgüdi güýje gireninden soň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezine doluş tölegi) tölenýär.
44 Ätiýaçlandyryş halaty boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezine doluş tölegi) üçünji taraplara tölenýär.
Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjynyň razyçylygy bilen üçünji taraplara ýetirilen zyýanyň (zeleliň) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezine doluş tölegini) tölän bolsa, onda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezine doluş tölegi) ätiýaçlandyrýana tölenýär.
45. Şu Kadalaryň 41-nji bölümiň 2 we 3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan çykdajylaryň öweziniň dolmasy ätiýaçlandyrýana tölenýär.
46. Eger ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan döwründe ätiýaçlandyrýana degişli bir meňzeş töwekgelçilikler boýunça başga ätiýaçlandyryş şertnamalary hereket edýän bolsa onda ätiýaçlandyryjylaryň her biri öz baglaşan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberine deňeçer tölegi geçirýär.
47. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezine doluş tölegi) tölenenden soň ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezine doluş tölegini) almaga bolan hukugyndan doly ýa-da bölekleýin mahrum edýän ýagdaý ýüze çykarylsa, görkezilen şahslar alnan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezine doluş tölegini) ýa-da onuň degişli bölegini 5 (bäş) gününiň dowamynda (eger talaplaryň ýazmaça ylalaşygynda başga möhlet görkezilmedik bolsa) ätiýaçlandyryja gaýtarmaga borçludyrlar.
48. Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde ejir çekenleriň her biri üçin ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberi ýetmese, onda umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi olaryň her birine deň paýlanýar.
49. Iki ýa-da ondan köp üçünji tarapyň emlägine ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak hakyndaky talaplar boýunça tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberleri (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolan ýagdaýynda umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi olaryň her birine deň paýlarda tölenilýär.
50. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezine doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamada bellenilen jogapkärçiliginiň çäginiň we ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde tölenýär. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezine doluş tölegi) hiç bir ýagdaýlarda ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolup bilmeýär.
XII. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden boýun
gaçyrylmagy
51. Eger ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda ätiýaçlandyryjynyň, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:
ätiýaçlandyrýanyň, ätiýaçlandyrylan şahsyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;
ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;
ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan adam hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;
ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanşykda durýan bolsa;
ätiýaçlandyrýanyň işgärleri, şeýle hem başga şahslar öz adyndan hereket edýän, ýöne ätiýaçlandyrýanyň peýdasyna howply ýükleriň daşamagyny amala aşyranda degişli kwalifikasiýasy we tejribesi bolmadyk, ýörite taýýarlygy görmedik, gerekli saglygy goraýyş edaranyň barlagy bolmadyk ýagdaýynda. Eger howply ýükleri daşamagyň Kadalarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda howply ýükleriň daşamagyna hyzmat edýän sürüjä ýa-da başga işgärlere şeýle talaplar bildirilýän bolsa;
howply ýükler daşalanda kadalarda ulanmagyň möhletinden köp ulanylýan materiallaryň, enjamlaryň desgalaryň könelmesi;
howply ýükleriň berkitmesi (gaplamasy, dykmasy we ş.m.) hereket edýän tehniki kadalardan we/ýa-da beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalar tarapyndan bellenen talaplara we standartlara laýyk gelmeýän bolsa;
ulag serişdesini ýa-da başga bir tehniki enjamlaryny ulanýan ätiýaçlandyrýanyň işgäri şonuň ýaly ulag serişdesini ýa-da tehniki enjamy ulanmaga hukuk berýän resminamasy ýok bolsa (haçanda şonuň ýaly resminamanyň bolmagy hökmany bolsa);
degişli edara tarapyndan berilýan howply ýükleri daşamaga rugsat berýän ygtyýarnamasy ýok bolsa;
bellenilen derejesinden geçmeýän möçberde daşky gurşawa ýetirilen täsir, şeýle hem daşky gurşawyň hiliniň bellenen kadalardan üýtgemegine getirmedik daşky gurşawyň hapalanmagy we hapalanan ýeriniň arasalamaklygyň we beýleki dikeldiş çäreleriň zerurlygy ýok bolsa;
howply ýükleriň daşamalaryň howpsuzlygyň standartlaryna we talaplaryna gabat gelmeýän ulag serişdesi (şol sanda howply ýükleri daşaýan ulag serişdesiniň daşamaga rugsat berýän şahadatnamanyň bolmazlygy ýa-da ulag serişdesniň tehniki ýagdaýynyň, howply ýükleri daşamagy barada resminamalarynyň bolmazlygy. Eger şonuň ýaly resminamanyň bolmagy hökmany bolsa);
ýol hatynda ýa-da hereket edýän kanunçylykda göz öňünde tutulan beýleki resminamalarda görkezilen howply ýükleri daşamagynyň ugrundan üýtgetmesi, eger ol degişli häkimiýet edaralaryň buýruklary ýerine ýetirmek bilen ýa-da howpsuzlyk bilen bagly bolmasa;
ýüklemek we düşürmek işleriň netijesinde ýüze çykan heläkçilik hadysa.
Bölekleýin boýun gaçyrmagyň möçberi ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär we ätiýaçlandyryş kadalarynda ýa-da şertlerinde takyklanyp bilner.
52. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýanyň (bähbit görüjiniň) mümkin bolan ýitgileri azaltmak üçin oýlanyşykly we özüne elýeter bolan çäreleri bilkastlaýyn görmändigi sebäpli ýüze çykan ýitgileriň öwezini dolmakdan boşadylýar.
53. Ätiýaçlandyrýanyň (bähbit görüjiniň) ätiýaçlandyryş halatynyň alamatlary bolan wakanyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryja (ýa-da onuň wekiline) habar bermedik ýagdaýynda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygyny öz wagtynda bilendigi ýa-da ätiýaçlandyryjyda şeýle maglumatlaryň bolmazlygynyň onuň ätiýaçlandyryş tölegini geçirmek borjuna täsir edip bilmejekdigi subut edilmese, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr.
54. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden ýüz dönderilen halatynda bu barada çözgüt kabul edilen gününden başlap 3 (üç) iş gününiň dowamynda ýüz döndermegiň sebäplerini delillendirmek bilen ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana ýazmaça habar bermeli.
XIII. Jedelleri çözmegiň tertibi
56. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ähli jedeller Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözülýär.
1-nji goşundy
Howply ýükleri daşalanda üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunýa ätiýaçlandyryş pul
möçberinden %-de bir ýyllyk ÄTIÝAÇLANDYRYŞ NYRH MÖÇBERLERI
t/b |
Töwekgelçiligiň toparlary |
Üçünji taraplaryň janyna we saglygyna |
Üçünji taraplaryň emlägine |
Daşky gurşawa ýetirilen zyýan |
1 |
1-nji topar Partlaýjy maddalar–öz häsiýetleri boýunça partlamaga, partladyjy täsiri bilen ýangyn döretmäge ukyply partlaýjy maddalar, şeýle hem pirotehniki täsiri üçin niýetlenen, partlaýjy serişdeleri öz içine alýan gurluşlar |
0,12 |
0,24 |
0,30 |
2 |
2-nji topar Sowatmak arkaly sowadylan, basyş astynda eredilen we dykyz gazlar |
0,11 |
0,21 |
0,27 |
3 |
3-nji topar Ýeňil ýanýan suwuklyklar |
0,11 |
0,21 |
0,27 |
4 |
4-nji topar Daşalýan wagty sürtülmäniň, çyglylygy siňdirmäniň, özbaşdak himiki öwrülmeleriň hem-de gyzmanyň netijesinde, emele gelýän daşarky ot çeşmelerinden ýeňil otlanyp bilýän, ýeňil ýanýan maddalar (partladyjy diýip toparlandyrylanlardan başga) |
0,09 |
0,18 |
0,23 |
5 |
5-nji topar Aňsatlyk bilen kislorod bölüp çykarmak, ody güýçlendirmek ýaly ukyplary bolan hem-de degişli şertlerde ýa-da beýleki maddalar bilen özara täsirleşende öz-özünden ot almagy we partlamagy döredip bilýän turşadyjy maddalar we organik peroksidler |
0,08 |
0,16 |
0,20 |
6 |
6-njy topar Organizmiň içinde ýa-da adamyň derisine we nemli bardasyna düşende ölüm, zäherlenme we keselleme howply zäherli we infisirlenen maddalar |
0,15 |
0,29 |
0,37 |
7 |
7-nji topar udel işjeňligi 74кВк/kg-den ýokary bolan radioaktiw materiallar |
0,10 |
0,25 |
0,27 |
8 |
8-nji topar Derini, dem alyş ýollaryny we gözüň nemli bardalaryny ýaralamak, metallary poslatmak we awtoulag serişdelerini, binalary we ýükleri zaýalamak hem-de beýleki organiki maddalar we käbir himiki maddalar bilen özara täsirlenende ýangyn döremegine sebäp bolmak ýaly ukyplary bolan iýiji we posladyjy maddalar |
0,08 |
0,16 |
0,20 |
9 |
9-njy topar Daşalýan wagty howpy pes bolan, ýokarda agzalan toparlaryň hiç birine-de degişli bolmadyk, ýöne olar babatynda daşamak we saklamak boýunça degişli kadalary berjaý etmegi talap edýän maddalar |
0,06 |
0,13 |
0,16 |
Kazyýet çykdajylary, şeýle hem resminamalary kazyýete tabşyrmak bilen bagly çykdajylar we ekspertiza geçirmegi bilen bagly çykdajylaryň nyrh möçberleri esasy nyrh möçberlerine 1,3 ýokarlandyryjy koeffisiýentleri ulanmak bilen kesgitlenýär |
||||
Harby hereketleri, şeýle hem manýowrlary ýa-da beýleki harby çäreleri we raýat urşunyň, dürli görnüşdäki halk tolgunyşyklaryny ýa-da iş taşlaýyşlaryň nyrh möçberleri esasy nyrh möçberlerine 1,5 ýokarlandyryjy koeffisiýentleri ulanmak bilen ätiýaçlandyrylyp bilner. |
||||
Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende ýokarlandyryjy (1-den 5 çenli) we peseldiji (0,3-den 2 çenli) koeffisiýentleri ulanmak mümkindir. Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy bir aýdan az möhlete baglaşylanda, onda esasy ätiýaçlandyryş nyrhlaryna 2 derejede koeffisiýentler ulanylýar |
2-nji goşundy
Howply ýükler daşalanda üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk
jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
ARZA
Howply ýükler daşalanda üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýärin
Ätiýaçlandyrýan
|
|
Salgysy |
|
Telefon/faks |
|
Ätiýaçlandyrýanyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy |
|
Döwlet sanawynyň belgisi we senesi |
|
Hasaba alan edara (hasaba alan edaranyň ady, ýerleşýän ýeri) |
|
Bank rekwezitleri |
Doldurylýar, eger ätiýaçlandyrýan rezident däl bolsa:
Siz daşary ýurt wezipeli adam ýa-da onuň garyndaşy bolup durýarsyňyzmy?
|