Harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda çykaran 2604-nji karary bilen «Harby gullukçylary, harby ýygnanyşyklara çagyrylan raýatlary we içeri işler edaralarynyň işgärlerini hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmagyň we olara ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemegiň Tertibi» tassyklandy. Bu Tertibe laýyklykda harby gullukçylar harby gullugy (harby ýygnanyşyklary) ýa-da gullugy geçýän döwründe wepat bolmagy (aradan çykmagy), maýyp bolmagy, şikes almagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesellemegi, şeýle hem gullukdan boşadylan (tamamlan) gününden soň, bir ýylyň dowamynda gullugy geçen döwründe şikes almagynyň (ýaralanmagynyň, synasyna şikes ýetmeginiň, seňselemeginiň), kesellemeginiň netijesinde aradan çykan, maýyp bolan ýagdaýynda olara ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenilýär.