Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda DÜZGÜNNAMA
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
K A R A R Y
«26» iýun 2019 ý. № 1287 Aşgabat ş.
050.160.030
030.150.010
030.150.060
010.150.010
010.150.010
010.150.010
Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany
döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2019-njy ýyl, № 6, 1189-njy madda)
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 175-nji maddasyna we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 5-nji maddasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş işini kämilleşdirmek hem-de ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri (ömrüni we saglygyny) ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen, karar edýärin:
1. Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).
2. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy bilen bilelikde:
1) Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça özara hasaplaşyklaryň Tertibini;
2) Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyryş gorlaryny emele getirmegiň we sarp etmegiň Tertibini taýýarlamaly we bellenen tertipde tassyklamaly.
3. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşyp, Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan ýokary töwekgelçilikli işleriň (önümçilikleriň) we işgärler toparynyň Sanawyny işläp taýýarlamaly we bellenen tertipde tassyklamaly.
4. «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi ýokary töwekgelçilikli işleri (önümçilikleri) ýerine ýetirýän edara-kärhanalaryň işine gözegçiligi we barlagy amala aşyranda, şeýle hem tabynlygynda ýokary töwekgelçilikli işleri (önümçilikleri) ýerine ýetirýän edara-kärhanalar bolan ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan alnyp barylýan işleriň dowamynda ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça işgärleri ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilmegine gözegçilik etmeli.
5. «Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri betbagtçylykly halatlardan we hünär kesellerinden hökmany şahsy ätiýaçlandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2000-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda çykaran 4550-nji kararynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2000-nji ýyldaky 1-nji ýygyndysynyň 93-nji maddasy) dördünji, bäşinji, ýedinji we sekizinji böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.
6. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň başlygy, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktory we Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 26-njy iýunynda çykaran 1287-nji karary bilen tassyklandy
Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany
döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakynda
DÜZGÜNNAMA
I bap. Umumy düzgünler
1. Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakyndaky Düzgünnama (mundan beýläk - Düzgünnama) Türkmenistanyň Zähmet kodeksine, Türkmenistanyň Raýat kodeksine we «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy we ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy (mundan beýläk - hökmany ätiýaçlandyryş) bilen bagly ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.
2. Şu Düzgünnamanyň maksatlary üçin ulanylýan esasy düşünjeler:
bähbit görüji - Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan işe ukyply fiziki ýa-da ýuridik şahs;
ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçi ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;
ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) - Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenýän pul möçberi;
ätiýaçlandyryş halaty - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;
ätiýaçlandyryş nyrhy - ätiýaçlandyryş gatanjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň birliginden ýa-da ätiýaçlandyryş obýektinden alynýan, ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) töleglerini geçirmek, ätiýaçlandyryş ätiýaçlyk gaznalaryny, öňüni alyş çäreleriniň gaznasyny we başga gaznalary döretmek üçin, şeýle hem işiň alnyp barylmagy we ätiýaçlandyryjylaryň ösdürilmegi boýunça çykdajylaryň ödelmegi üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň emele gelmegini üpjün edýän möçberlerde bellenilýän töleg haky;
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi - ätiýaçlandyryş şertnamasyna we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmagy;
ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy - ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana we (ýa-da) ätiýaçlandyrylan şahsa berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;
ätiýaçlandyrylan şahs - emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki şahs;
önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysa - belli bir işgäriň ýa-da işgärler toparlarynyň anyk iş wezipeleri bilen bagly bolan, saglyga zeper ýetmeleriň netijesinde işgäri başga bir işe geçirmek zerurlygyna, onuň zähmet çekmek ukybynyň wagtlaýyn ýa-da durnukly ýitirilmegine ýa-da ölmegine sebäp bolan hadysa;
hünär keseli - önümçiligiň zyýanly şertleriniň täsiriniň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň dowamly ýa-da ýiti kesellemegi we onuň hünär zähmet çekmek ukybynyň wagtlaýyn ýa-da durnukly ýitirilmegine alyp barmagy.
3. Guramaçylyk-hukuk we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ýuridik şahslaryň, Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslarynyň, olaryň şahamçalarynyň we wekillikleriniň, ýuridik şahsy döretmezden, telekeçilik işini amala aşyrýan, bellenilen tertipde hususy telekeçi hökmünde bellige alnan, hakyna tutma zähmeti ulanýan we işgär bilen zähmet gatnaşyklaryna girýän fiziki şahslaryň (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýan) ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleri (mundan beýläk-ätiýaçlandyrylan şahslar) hökmany ätiýaçlandyryşa degişlidir.
4. Hökmany ätiýaçlandyryş işgäriň ätiýaçlandyryş babatda goraglylygyny üpjün etmegi we zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň netijesinde onuň ömrüne, saglygyna we zähmete ukyplylygyna (maýyplyk almagyna) zyýan (zelel) ýetmegi üçin ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi maksat edinýär.
5. Şu aşakdakylar hökmany ätiýaçlandyryşyň esasy ýörelgeleri bolup durýar:
ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagyny kepillendirmek;
taraplaryň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça öz borçnamalaryny ýerine ýetirmegini üpjün etmek;
hökmany ätiýaçlandyryş amala aşyrylanda kanunçylygy berjaý etmek.
6. Ätiýaçlandyrýanlar hökmany ätiýaçlandyryşa degişli bolan, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan tassyklanan Ýokary töwekgelçilikli işleriň (önümçilikleriň) we işgärler toparynyň Sanawyna (mundan beýläk - Sanaw) degişli işgärlerini öz serişdeleriniň hasabyna ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmäge borçludyrlar.
Sanawda görkezilen wezipeleriň we işiň görnüşleriniň üýtgemegi bilen zerurlyk ýüze çykan ýagdaýynda, «Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşyp, Sanaw gaýtadan seredilip, üýtgedilip bilner.
II bap. Ätiýaçlandyryşyň obýekti
7. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyrylan şahsyň ömri, saglygy we zähmete ukyplylygy (maýyplyk almagy) bilen baglanyşykly bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
III bap. Atiýaçlandyryş halaty
8. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda önümçilikde bolup geçen betbagtçylykly hadysanyň we (ýa-da) hünär keseliniň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne, saglygyna we zähmete ukyplylygyna (maýyplyk almagyna) zyýan (zelel) ýetmegi ätiýaçlandyryş halaty diýip ykrar edilýär.
IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi
9. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi her bir ätiýaçlandyrylan şahs üçin Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 essesi möçberinde bellenilýär.
10. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi her bir ätiýaçlandyryş halaty boýunça ätiýaçlandyrylan şahsa ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň we jogapkärçiliginiň ýokary çägi bolup durýar. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletinde bolan bir ýa-da birnäçe ätiýaçlandyryş halaty boýunça ätiýaçlandyrylan şahsa tölenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) umumy möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden köp bolmaly däldir.
V bap. Ätiýaçlandyryş nyrhy. Ätiýaçlandyryş gatançlary
(ätiýaçlandyryş baýraklary)
11. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 2 göterim möçberinde bellenen.
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşinde geçirilýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylanda (1-nji ýanwardan soň döredilen we bellige alnan ätiýaçlandyrýanlar üçin) ýyllyk ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi 365 güne bölünip we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
12. Yzygiderli 3 ýyl we ondan köp möhlete ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan we şol möhletiň dowamynda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk ätiýaçlandyrýan indiki möhlete täze ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşanda, hasaplanan ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) ýyllyk möçberinden 3 ýyldan soň 10 göterim, 4 ýyldan soň 15 göterim, 5 we ondan köp ýyllardan soň 20 göterim indirim almaga hukugy bardyr.
13. Ätiýaçlandyryş gorlaryny emele getirmek üçin gelip gowşan ätiýaçlandyryş gatançlaryndan (ätiýaçlandyryş baýraklaryndan) geçirmegiň şu möçberleri bellenilýär:
zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak üçin ätiýaçlandyryş goruny üpjün etmek - 70 göterim;
betbagtçylykly hadysalaryň we hünär keselleriniň öňüni almak boýunça duýduryş çärelerini maliýeleşdirmek üçin - 10 göterim;
işi alyp barmak boýunça çykdajylar üçin - 20 göterim.
VI bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi
14. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýan tarapyndan doldurylýan Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgarleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrmak barada arzasy esasynda öz işgärleriniň peýdasyna baglaşylýar. Arzada ähli zerur maglumatlar bolmalydyr. Ätiýaçlandyryjy arzany bellenen tertipde bellige alýar.
Arza Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy boýunça ätiýaçlandyrmaga degişli bolan işgärleriň sanawy (mundan beýläk - işgärleriň sanawy) goşulýar.
Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyrylan şahslaryň wezipeleri we olaryň sany boýunça ähli üýtgetmeler barada ätiýaçlandyryja ýazmaça habar bermelidir.
Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenenden soň, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana bellenen tertipde resmileşdirilen we gol çekilen Ýokary töwekgelçilikli önümçilik şertlerinde işleýän işgärleriň önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalardan we hünär kesellerinden hökmany döwlet şahsy ätiýaçlandyrmasy hakyndaky ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny gowşurýar. Arza we işgärleriň sanawy ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
Şu bölekde görkezilen ätiýaçlandyrmak barada arzanyň, işgärleriň sanawynyň we ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň nusgalary ätiýaçlandyryjy tarapyndan tassyklanýar.
15. Ätiýaçlandyryş şertnamasy 1-nji ýanwardan 31-nji dekabr aralygyna bir senenama ýyly üçin baglaşylýar. 1-nji ýanwardan soň döredilen ätiýaçlandyrýanlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan gününden degişli ýylyň 31-nji dekabryna çenli aralygyna ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar.
Geljek ýyl üçin ätiýaçlandyryş şertnamasy dowam edýän ýylyň 1-nji oktýabryndan 31-nji dekabry aralygyndaky döwürde baglaşylýar.
Ätiýaçlandyrylan şahs işden boşadylan ýa-da başga hökmany ätiýaçlandyryşa degişli bolmadyk işe geçirilen gününden başlap, ol babatda ätiýaçlandyryş şertnamasy bes edilýär. Öňki ätiýaçlandyrylan şahsyň ornuna işe täze kabul edilen işgäriň ätiýaçlandyryşy bolsa ol işe kabul edilen gününden başlanýar.
Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) almak üçin bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň öz garaýşyna görä ony çalyşmaga haky bardyr.
16. Ätiýaçlandyrýan ýuridik şahs ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe üýtgedilip guralan ýagdaýynda onuň ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça hukuklary we borçlary onuň hukuk oruntutaryna geçýär.
Ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ýatyrylanda, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi bes edilýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen ýagdaýynda, ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklary), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berilýär.
Ätiýaçlandyrýan fiziki şahs ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe aradan çykan ýagdaýynda, ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary mirasdarlaryna geçip biler.
17. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen ýagdaýynda, ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy esasynda, ony bermegiň çykdajylaryny tölemegi borçlandyrmak bilen, ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň öwezligi berilýär. Öwezligi berlenden soň ozalky ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär we şol ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär.
VII bap. Ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary
18. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryjydan şu Düzgünnama laýyklykda ätiýaçlandyryşyň görnüşi we onuň şertleri bilen tanyşdyrylmagyny talap etmäge;
önümçilik işiniň togtadylmagy ýa-da onuň üýtgedip guralmagy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen ýagdaýynda, eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmedik bolsa, ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) bir bölegini ätiýaçlandyryş döwrüniň ahyryna çenli galan möhletine hem-de şertnamanyň bes edilen gününde ätiýaçlandyrylan şahslaryň hakyky sanyna deňeçerlikde işleri ýöretmek üçin çykdaýjylary hasaba almak bilen gaýtaryp almaga;
işe kabul edilmegi, işden boşadylmagy ýa-da başga işe geçirilmegi bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrylan şahslaryň (işgärleriň) sany üýtgän ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) gaýtadan hasaplamaga;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) ätiýaçlandyrylan şahsyň almagyna ýardam etmäge;
ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmak ýa-da onuň möçberini azaltmak barada ätiýaçlandyryjynyň çözgüdi babatda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenen tertipde şikaýat etmäge.
19. Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:
ätiýaçlandyrylan şahs bilen ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy hakynda haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryja habar bermäge;
ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bellenen tertipde tölemäge;
Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň zähmeti goramak hakyndaky talaplaryny berjaý etmäge we bu talaplaryň işgärler tarapyndan berjaý edilmegine gözegçilik etmäge;
ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryja öň baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamalary hakynda habar bermäge (bar bolsa);
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 14780-nji karary bilen tassyklanylan Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibinde kesgitlenen tertipde we möhletde B-l görnüşdäki ykrarnamany düzmäge we onuň nusgasyny ätiýaçlandyryja bermäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda, şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça hem-de ätiýaçlandyrylan şahsa kömek bermek üçin özüne bagly mümkin bolan çäreleri görmäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlaryny we ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmeli möçberini anyklamak üçin zerur bolan ähli maglumatlary we resminamalary ätiýaçlandyryja bermäge;
ätiýaçlandyryjynyň wekiline ätiýaçlandyryş halatynyň bolan ýerini päsgelçiliksiz gözden geçirmek hem-de ätiýaçlandyryş halatynyň sebäplerini anyklamak üçin mümkinçiligini üpjün etmäge;
ätiýaçlandyrýanyň işiniň togtadylmagy ýa-da bes edilmegi, kärhananyň üýtgedilip guralmagy, ýatyrylmagy barada ätiýaçlandyryjyny öz wagtynda habarly etmäge;
ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary bermäge;
zyýanyň (zeleliň) möçberini kesgitlemegiň meselesini çözmek boýunça ätiýaçlandyryjy bilen maslahatlaşmaga.
VIII bap. Ätiýaçlandyryjynyň hukuklary we borçlary
20. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:
ätiýaçlandyryş halatynyň sebäplerini ýüze çykarmak we ýagdaýlaryny anyklamak maksady bilen degişli ygtyýarly edaralardan ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly goşmaça maglumatlary sorap almaga;
ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Düzgünnamanyň on dokuzynjy böleginde görkezilen talaplaryň berjaý edilmezligi sebäpli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakyndaky çözgüdi kabul etmek üçin zerur bolan ýagdaýlary anyklamak mümkin bolmasa, ätiýaçlandyryş pul möçberlerini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmaga;
ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär tarapa regres talabyny bildirmäge.
21. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyrýany şu Düzgünnama laýyklykda ätiýaçlandyryşyň görnüşi we onuň şertleri bilen tanyşdyrmaga;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda, ähli zerur resminamalar alnandan soň 7 (ýedi) iş gününden gijä galman, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge (jedellere kazyýet tertibinde garalýan ýagdaýlar muňa girmeýär);
ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden ýüz dönderilen ýagdaýynda, bu barada çözgüt kabul edilen gününden başlap, 7 (ýedi) iş gününiň dowamynda ýüz döndermegiň sebäplerini delillendirmek bilen, ätiýaçlandyrylýana ýazmaça habar bermäge.
22. Ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň şu Düzgünnamada düzgünleşdirilmedik hukuklary we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.
IX bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini
doluş tölegini) tölemegiň tertibi
23. Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysanyň netijesinde ýüze çykan ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelinde çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan «Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine» laýyklykda tölenilýär.
Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň hünär keseli bilen kesellemegini, zähmete ukyplylygynyň ýitirilmeginiň derejesi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Hemaýata mätäçligi anyklaýjy topary tarapyndan kesgitlenilýär we degişli maýyplyk topary bellenilýär.
Ätiýaçlandyrylan şahsa maýyplyk topary bellenilende ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu aşakdaky möçberlerde tölenilýär:
maýyplygyň I toparyna - ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 80 göterimi;
maýyplygyň II toparyna - ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 60 göterimi;
maýyplygyň III toparyna - ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 40 göterimi.
Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsyň hünär keseli bilen kesellän, emma maýyplyk topary bellenilmedik ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 20 göterimi möçberinde ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilýär.
Ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberi bähbit görüjä ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda onuň mirasdaryna tölenilýär.
Bir ýa-da birnäçe şikes üçin ätiýaçlandyrylan şahsa tölenilmeli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 100 essesi möçberinden geçmeli däldir.
Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň möçberine üýtgetmeler girizilen ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň), şeýle hem ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberleri degişli döwür üçin indeksirlenmäge degişlidir.
24. Ätiýaçlandyrylan şahslar tarapyndan zähmet borçlarynyň ýerine ýetirilen wagtynda önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysa netijesinde, ýagny Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 14780-nji karary bilen tassyklanan Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibiniň on ikinji böleklerinde görkezilenleriň netijesinde olaryň saglygyna we ömrüne zyýan (zelel) ýetirilen ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryjy tarapyndan tölenilýär.
Önümçilikde ulanylýan maddalary ulanmagyň, olaryň nädogry saklanylmagynyň ýa-da daşalmagynyň netijesinde zäherlenmek bilen bagly betbagtçylykly hadysa ýüze çykan ýagdaýynda, ýa-da eger ätiýaçlandyrylan şahs ätiýaçlandyrýan tarapyndan öz zähmet borçlaryny ýerine ýetirmek üçin başga bir kärhana wagtlaýyn geçirilen ýa-da esasy işi bilen utgaşdyrmak boýunça işleri ýerine ýetiren ýagdaýynda hem ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryjy tarapyndan tölenilýär.
Ätiýaçlandyrylan şahsa şikes ýetmegi ýa-da onuň aradan çykmagy Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 20-nji maýynda çykaran 14780-nji karary bilen tassyklanan Önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysalary derňemegiň we hasaba almagyň Tertibiniň on üçünji-on dördünji böleklerinde görkezilenler netijesinde ýüze çykan bolsa, ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär.
25. Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyrylan şahsa (bähbit görüjä) tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi), önümçilikde bolan betbagtçylykly hadysa we hünär keseli sebäpli işgärlere berilýän kepilliklere we öwezini dolmalara, döwlet kömek pullaryna we beýleki ätiýaçlandyryş şertnamalary boýunça tölenilmäge degişli bolan ätiýaçlandyryş pul möçberlerine garamazdan tölenilýär.
26. Eger ätiýaçlandyrylan şahs (bähbit görüji) ýa-da onuň mirasdarlary ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi barada arza berlenden soň ony öz wagtynda talap etmese, onda onuň soňra ýüz tutan wagtynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) gaýtadan hasaplanylmaýar we tölemek hakyndaky birinji arza berlen gündäki möçbere laýyk gelýän möçberde tölenilýär.
27. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň hökmany tertipde berýän resminamalarynyň hem-de netijenamasynyň esasynda amala aşyrylýar.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu Düzgünnama we beýleki degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda tölenilýär.
28. Eger ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen ýagdaýynda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:
ätiýaçlandyrylýanyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde bolup geçen ýagdaýynda. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;
ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan adam tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;
ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly bolsa.
Bölekleýin boýun gaçyrmagyň möçberi ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär we ätiýaçlandyryş kadalarynda ýa-da şertlerinde takyklanyp bilner.
29. Şu Düzgünnama boýunça ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyryjy öz borçlaryny ýerine ýetirmezlik ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmezlik bilen beýleki tarapa zyýan (zelel) ýetiren ýagdaýynda, ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.
X bap. Jemleýji düzgünler
30. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Düzgünnamada bellenen kadalardan başgaça bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.
31. Şu Düzgünnamanyň kadalarynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige eltýär.
32. Hökmany ätiýaçlandyryş boýunça taraplaryň gatnaşyklaryndan ýüze çykýan jedellere Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde garalýar.