Daşaýjynyň (ekspeditoryň) raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

28.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktory

2022-nji ýylyň 24-i martyndaky çykaran

30-e belgili buýrugy bilen tassyklandy

 

Daşaýjynyň (ekspeditoryň) raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalary

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Daşaýjynyň (ekspeditoryň) raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyr Kadalary (mundan beýläk Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1684-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama, “Halkara ýollarynda ýük daşamak şertnamasy hakynda” (1956 ýyl) Konwensiýa (mundan beýläk – HÝDK/CMR Konwensiýa) we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk ätiýaçlandyryjy) ulag-ekspedisiýa we  awtomobil ulagynda daşamak işini amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň ýuridik şahslary we ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar, şeýle hem Türkmenistanda hasaba alnan ýa-da onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurtlaryň ýuridik şahslary, şol sanda olaryň şahamçalary we wekilhanalary (mundan beýläk – ätiýaçlandyrýan) bilen Daşaýjynyň (ekspeditoryň) raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy)) baglaşýarlar.

3. Şu Kadalar daşaýjynyň (ekspeditoryň) raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyr şertnamalaryny baglaşmagyň şertlerini we tertibini kesgitleýär, şeýle hem ätiýaçlandyrýan daşaýjylar (ekspeditorlar) tarapyndan içerki we halkara daşamalary we ekspeditorçylyk işi amala aşyrylanda olaryň jogapkärçiligi ätiýaçlandyrmak babatynda arzalaryna, nägileliklerine seretmek we düzgünleşdirmek boýunça ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

4. Şu Kadalaryň maksatlary üçin aşakdaky düşünjeler ulanylýar:

1) ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan fiziki we ýuridik şahslar;

2) ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan döwlet ätiýaçlandyryş guramalary, ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

3) bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

4) ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

5) ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) – ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde we möhletde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmak boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýerine tölenilýän pul möçberi;

6) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana  töleýän pul öwezini dolmasy;

7) ätiýaçlandyryş halaty ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana ýa-da ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;

8) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy – ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;

9) ätiýaçlandyryş şertnamasy – ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýerine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki we ýuridik şahslaryň  emläk we beýleki bähbitleriniň goramagynyň tertibi we şertleri bellenilýär;

10) franşiza – umumy zyýanyň bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zyýanyň öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zyýany doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zyýandan aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;

11) HÝDK/CMR Konwensiýa– 1956-njy ýylyň 19-njy maýynda Ženewa şäherinde kabul edilen Halkara ýollarynda ýük daşamak şertnamasy hakynda konwensiýa ;

12) CMR-ýanhaty – HÝDK/CMR Konwensiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň ýa-da daşamak onuň çäginden başlanýan döwletiň kanunçylygynda tassyklanan görnüş boýunça düzülen halkara haryt-ulag ýanhaty CMR;

13) daşamak (ýük daşamak) ýüki iberilýän ýerinden eltilmeli ýerine  eltmek, bir CMR-ýanhatyna laýyklykda amala aşyrylýar (bir iber boýunça daşamak);

14) ulag serişdesi ýük daşamak üçin peýdalanylýan, ätiýaçlandyrýana eýeçilik, peýdalanmak, ulanmak, kärende hukugynyň esasynda degişli bolan ulag serişdeleriniň düzümi;

15) ýüki daşamak üçin kabul etmek (kabul ediş, kabul etme) – ýüki ony daşamak maksady bilen ýükläp ugratmak, hususan-da, ähli ýüki daşaýjynyň ulagyna ýüklemegiň we ony berkitmegiň tamamlanmagy we harydyň ýanyna goşulýan resminamalaryň daşaýja berilmegi;

16) üçünji taraplar – ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen baglanyşygy bolmadyk, ýöne ätiýaçlandyrýan tarapyndan ýük daşamak, ekspedisiýany amala aşyrylýan mahalynda ýüküne emläk zyýany ýeten, ömrüne we saglygyna we/ýa-da emlägine zyýan ýeten fiziki we ýuridik şahslar;

17) ýüki tabşyrmak (bermek) ýüki alyja harydyň ýanyna goşulýan resminamalary bermek ýa-da ýüki alyja (ýüki kabul etmäge ygtyýarly beýleki şahsa) ýüki hakykatdan gowşurmak bilen bilelikde ýükli ulag serişdesini ýüküň düşürilýän ýerine getirmek, ýüküň onuň gönüden-göni düşürilýän ýerine getirilmegini üpjün etmek;

18) sanly hyzmatlar – elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat – telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly edilýän hyzmat.

5. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) şu Kadalaryň şertlerine hem-de  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýar.

 

II bap. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

6. Şu Kadalaryň esasynda baglaşylýan ätiýaçlandyryş şertnamalary (ätiýaçlandyryş şahadatnamalary) boýunça aşakdakylar bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar:

1) ätiýaçlandyrýan tarapyndan özüniň daşamak we (ýa-da) ekspedisiýa şertnamasy boýunça daşalýan ýükler we maliýe ýitgileri;

2) ätiýaçlandyrýan tarapyndan daşama we (ýa-da) ekspedisiýa amala aşyrylýan mahalynda üçünji taraplaryň emlägine, ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan;

3) ätiýaçlandyrýanyň onuň bähbit görüjä, üçünji taraplara ýetirilen zyýan üçin jogapkärçiliginiň ýüze çykmagy bilen bagly kazyýet we kazyýetden daşary çykdajylary.

 

 

III bap. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri, ätiýaçlandyryş halatlary we

ätiýaçlandyryş jogapkärçiligi

 

7. Ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi bolup durýar.

8. Şu Kadalara laýyklykda, baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryjy şu aşakdaky ätiýaçlandyryş halatlary boýunça ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýär:

8.1 Şu aşakdakylaryň netijesinde ýüke zyýan ýetmegi ýa-da ýok bolmagy üçin jogapkärçilik:

1) ulag serişdeleriniň päsgelçilikler bilen ýa-da özarasynda çakyşmagy;

2) ýangyn döremegi;

3) ulag serişdeleriniň agdarylmagy;

4) temperatura düzgüniniň bozulmagy;

5) köprüleriň ýykylmagy;

6) ot alma ýa-da partlama;

7) ogurlyk ýa-da talaňçylyk, garakçylyk, ynanylan emlägiň eýelenmegi ýa-da harç edilmegi.

Eger ýükler şulara laýyklykda daşamaga kabul edilen bolsa:

a) HÝDK/CMR Konwensiýanyň düzgünlerine, Halkara demir ýol ýük aragatnaşygy hakynda ylalaşyk demir ýol arkaly halkara ýük daşamalary hakynda ylalaşyga (HDÝA);

b) degişli ýurduň döwlet ulag kanunçylygynyň düzgünlerine;

ç) FBL FIATA 1992 ý. şertlerinde Multimodal ulag konosamenti tarapyndan berlen FIAT;

d) ätiýaçlandyrýanyň ýurdunyň ulag Tertipnamalarynyň düzgünlerine ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen ätiýaçlandyryjy tarapyndan makullanan beýleki şertnamalaryň ýa-da ylalaşyklaryň düzgünlerine.

Fors-mažor ýagdaýlary (ýeňip bolmaýan güýjüň täsiri) sebäpli ýüze çykýan jogapkärçilik 8.1-nji bölek boýunça ätiýaçlandyrylan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş halatyna degişli däl.

8.2 Ätiýaçlandyrýanyň maliýe ýitgileri üçin jogapkärçiligi şu hadysalaryň netijesinde ýüze çykýar:

1) ýüküň eltilmeli möhletiniň geçirilmegi;

2) ýüküň onuň berilmegini saklamak baradaky görkezmeleri bozmak bilen berilmegi;

3) ýüküň ýalňyş iberilmegi;

4) daşama tölegleriniň öweziniň dolunmagy;

5) gümrük ýygymlarynyň we paçlarynyň öweziniň dolunmagy sebäpli maliýe ýitgileri üçin jogapkärçiligi.

Ätiýaçlandyrýanyň maliýe ýitgileri, ätiýaçlandyrýanyň bähbit görüjileriň, öňündäki şertnamalaýyn borçnamalary ýüküň eltilmeli möhletiniň geçirilmegi bilen ýerine ýetirilmändigi netijesinde ýüze çykýar.

a) ýüküň eltilmeli möhletiniň geçirilendigi üçin talaplar.

Ýükleri eltmegiň HÝDK/CMR Konwensiýasynda, halkara konwensiýalarynda, ulag Tertipnamalarynda ýa-da bellenen tertipde neşir edilen beýleki kadalarda ýa-da kanunçylyk namalarynda bellenen möhletleriniň bozulmagy daşaýjynyň (ekspeditoryň) ýüküň eltilmeli möhletiniň geçirilendigi üçin jogapkärçiliginiň ýüze çykmagy bolup durýar:

b) ýüküň onuň berilmegini saklamak baradaky görkezmeleri bozmak bilen berlendigi üçin talaplar;

ç) ätiýaçlandyrýanyň günäsi boýunça ýüküň ýalňyş iberilendigi üçin talaplar;

d) ýalňyş iberilendigi sebäpli, ýüki dogry salgysy boýunça ibermek üçin ätiýaçlandyrýan tarapyndan çekilen goşmaça çykdajylar.

Şu d) kiçi bent boýunça ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň işgärleriniň günäsi bilen ýüküň ony almaga ygtyýary bolmadyk şahsa berilmegi netijesinde ýüze çykýan jogapkärçilik boýunça ätiýaçlandyryjy jogapkärçilik çekmeýär.

e) gümrük ýygymlarynyň we paçlarynyň öweziniň dolunmagy.

Şu e) kiçi bent boýunça ätiýaçlandyrýanyň 1975-nji ýylyň HÝD kitapçasyny ulanmak bilen Halkara ýük daşamalary hakynda gümrük Konwensiýasynyň (HÝD Konwensiýasy 1975 ý.) täsirine düşýän amallar bilen baglanyşykly düzgün bozulmalar üçin ätiýaçlandyryjy jogapkärçilik çekmeýär. Bu jogapkärçilik Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş kadalary boýunça goşmaça ätiýaçlandyrylyp bilner.

8.3 Üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçilik - ýükler daşalanda daşaýjynyň (ekspeditoryň) günäsi bilen şu aşakdakylar bilen bagly üçünji taraplara (ätiýaçlandyrýanyň işgärlerinden başgalara) zyýan ýetirilmeginden jogapkärçilik göz öňünde tutulýar:

1) üçünji taraplaryň emläginiň ýok bolmagy ýa-da oňa zyýan ýetmegi;

2) üçünji taraplaryň janyna, saglygyna ýetirilen zyýan (lukmançylyk kömegini bermek boýunça çykdajylary goşmak bilen, üçünji taraplaryň aradan çykmagy, maýyp bolmagy, şikes almagy, kesellemegi).

8.4 Ätiýaçlandyrýanyň goşmaça çykdajylaryny ätiýaçlandyrmak:

1) bolup geçen ätiýaçlandyryş halatyny derňemek boýunça çykdajylar, şeýle hem onuň üçin jogapkärçilik daşaýjynyň (ekspeditoryň) üstüne ýüklenýän wakalar boýunça kazyýetde ätiýaçlandyrýanyň bähbitlerini goramak boýunça çykdajylar;

2) zyýanyň öňüni almak ýa-da möçberini azaltmak boýunça oýlanyşykly geçirilen çykdajylar (ulag serişdesi heläkçilige düşenden soň ýüki saklap galmak boýunça çäreleri görmek, ýükleri sortlara bölmek, gaýtadan gaplamak, zyýan ýeten ýüki ýerlemek).

9. Şu aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykan hadysalar ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir:

1) ýüküň daşalýan çäkde (territoriýasynda) ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň işgärleriniň kanunçylygy bozmagy (şol sanda ygtyýarnamasyz daşama, ygtyýarnamanyň territorial çäk hereket edilmesiniň ýerine ýetirilmezligi ýa-da ulanylýan ulag serişdeleriniň tehniki häsiýetnamalaryna, olaryň tehniki ýagdaýlaryna we ulanyş şertlerine we başgalara degişli çäklendirmeleriň ýerine ýetirilmezligi);

2) islendik görnüşdäki harby hereketler, halk tolgunyşyklary, iş taşlaýyşlar;

3) ýadro partlamasynyň, radiasiýanyň we radioaktiw zäherlenmäniň täsiri;

4) tehniki ýagdaýy öňünden ýüküň abatlylygynyň we daşamagyň howpsuzlyk kadalarynyň talaplaryna jogap bermeýän tehniki taýdan gurat däl ulag serişdeleriniň ulanylmagy (şol sanda refrižerator gurluşlary ulanmak);

5) ýüki iberijiniň ýa-da öz jogapkärçiligine ýük alan başga bir şahsyň hereketi ýa-da hereket etmezligi, gaplanyşynyň, belgilenişiniň ýa-da tapawutlandyryş nyşanlarynyň ýaramaz ýagdaýda bolmagy, ýüklenýän, düşürilýän, saklanýan mahalynda iberijiniň ýa-da iberijiniň adyndan çykyş edýän islendik şahsyň haryda degişli derejede garamazlygy, harydyň özüniň ýaramaz hili bilen şertlendirilen ýitgiler;

6) üsti açyk tentsiz ulag serişdeleriniň ulanylmagy, eger olary ulanmaklyk ýörite ylalaşylan we haryt-ulag ýanhatda görkezilen bolsa;

7) ätiýaçlandyryş şertnama (ätiýaçlandyryş şahadatnama) baglaşylanda ýa-da onuň hereket edýän döwründe yglan edilmedik ulag serişdelerinde ýükleriň daşalmagy;

8) kemçilikli gaplanma ýa-da onuň ýoklugy, haçanda zyýan ýetmäge duçar bolup durýan ýükler gaplanmadyk ýa-da kada laýyk gaplanman daşalanda;

9) ugradyjynyň ýa-da ýüki alyjynyň adyndan hereket edýän taraplaryň ýa-da ugradyjy tarapyndan ýüki işläp taýýarlamagy, ýerleşdirmegi we düşürmegi;

10) ýük orunlarynyň san belgilenmeleriniň ýa-da nyşanlarynyň kanagatlanarsyzdygy ýa-da ýeterliksizdigi;

11) ýük çekijiden aýrylyp aýratyn ýerde ýerleşdirilen ýükli tirkegleriň ogurlanmagy;

12) ýüki bellenilen ýurduň gümrük guramasyna görkezmezden öň ýük alyjynyň ygtyýaryna geçirilmegi;

13) gümrük guramalarynyň degişli rugsadyny almazdan, ýüküň ýanyndaky resminamalarda görkezilenden başga gümrük nokadynda ýüküň gümrük taýdan resmileşdirilmeginiň amala aşyrylmagy;

14) gümrük gözegçilik zolagyna ulag serişdesi ýerleşdirilmänkä, ýüki gümrük taýdan resmileşdirmekligi amala aşyrmaklyk üçin sürüjiniň ýüküň ýanyndaky resminamalary, şeýle resminamalary almaklyga ygtyýarsyz tarapa bermekligi;

15) gümrük gözegçiligindäki ýükler daşalanda ýük daşalýan bölegi zaýalanan ýa-da gümrük möhüri (beklenji, plombasy) ýiten ýa-da zyýan (zelel) ýeten ýagdaýlarynda ýakynda ýerleşýän gümrük gurama ýüz tutmazlygy (gümrük delilnamasyny düzmeklik üçin).

16) degişli derejede gaplanmandygy sebäpli döwülmegi, şeýle hem poslamagy, öz-özünden çüýremegi, guramagy, kada laýyk kakamagy ýa-da parazitleriň we gemrijileriň täsiri netijesinde doly ýa-da bölekleýin ýitirilip bilinjek ýa-da zyýan ýetip biljek käbir harytlaryň tebigy häsiýetlerine esaslanýan, şolaryň esasynda ýüze çykýan ýa-da olara degişli edilip bilinjek islendik talaplar;

17) daşky gabynyň abat we ýük iberijiniň ýa-da gümrük edaralarynyň plombasynyň bozulmadyk ýagdaýynda ýüküň ýetmezçiligi;

18) kontrabanda ýükleriniň we bikanun söwda degişli ýükleriň daşalmagy we ekspedisiýa edilmegi;

19) howply ýükleriň, şeýle hem howply ýükler bilen bilelikde daşalýan islendik beýleki ýükleriň daşalmagy bilen bagly zyýanyň öwezini dolmak boýunça islendik talaplar;

20) harytlary, şol sanda hil sertifikatyny talap edýän harytlary getirmegiň, çykarmagyň ýa-da üstaşyr geçirmegiň tertibini bellemäge degişli, ýük daşaýjy (ekspeditor) tarapyndan daşamak üçin kabul edilenden soň güýje girýän halkara namalarynyň, düzgünnamalaryň, gözükdirijileriň kabul edilmegi;

21) daşamagyň barşynda ýüküň ulag serişdesinde ondan-oňa süýşmeginiň netijesinde ýüke zyýan ýetmegi bilen bagly ýitgiler;

22) daşamagyň barşynda ýüküň çyg çekmegi.

 

IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (jogapkärçiligiň çägi)

 

10. Ätiýaçlandyryş pul möçberi her bir anyk ýagdaýda ätiýaçlandyrylýan obýektiň aýratyn häsiýetnamalaryny, mümkin bolan emläk talaplarynyň möçberini, ätiýaçlandyrylýan işi (edilýän hyzmatlaryň möçberini), hereket edýän kanunçylygyň talaplaryny we beýleki ýagdaýlary hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryjynyň we ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy bilen ätiýaçlandyryş töwekgelçiligiň ähli görnüşi ýa-da her bir görnüşi boýunça aşakdakylardan ugur alnyp bellenilýär:

1) ätiýaçlandyryş pul möçberi ähli ätiýaçlandyryş töwekgelçilik boýunça bellenilende ätiýaçlandyryş töwekgelçiligiň islendik görnüşiniň ýüze çykmagynyň netijesinde peýda bolan ýitgileriň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek;

2) bir talap boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (jogapkärçiligiň çägi)ätiýaçlandyryjynyň raýat-hukuk jogapkärçilik boýunça  üçünji taraplaryň ömre we saglyga ýetirilen zyýanyň ýa-da emläge ýetirilen zyýanyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek  bilen bagly her bir talap boýunça töleýän aňryçäk pul möçberi.

11. Her bir ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi üçin jogapkärçiligiň çägi aýratynlykda bellenende, bir ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde birnäçe talap bildirilende ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) bir talap boýunça bellenilen jogapkärçiliginiň çäginde her talap boýunça geçirilýär, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen umumy ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçip bilmez.

Ýükler dürli alyjylara daşalanda ätiýaçlandyryş pul möçberini kesgitlemek differensirlenen (tapawutly) görnüşde geçirilýär.

12. Ýüküň ýetmezçiligi, ýok bolmagy, ýitmegi we (ýa-da) zyýan ýetmegi ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemäge borjy şulara laýyklykda çäklendirilen:

1) ýükler HÝDK/СMR Konwensiýasynyň şertlerinde daşalanda:

a) ulag ýanhatynda ýüküň bahasy görkezilmän ýük daşalanda – zaýalanan ýa-da ýitirilen ýüküň brutto agramyň 1kg. üçin 8.33 SDR-iň (ýörite karz alma hukuklary) çäklerinde (HÝDK/ СMR Konwensiýasynyň  23-nji maddasy);

b) ulag ýanhatynda ýüküň bahasy yglan edilip ýük daşalanda – yglan edilen bahasynyň çäklerinde (HÝDK/СMR Konwensiýasynyň 24-nji  maddasy).

2) ýükler halkara ekspedisiýa edilende – Ekspeditorçylyk assosiasiýalarynyň halkara federasiýasy (FIATA) bir ugurlaýyn konosamentiniň düzgünnamalary arkaly (Konosament – ýük daşaýjy tarapyndan ýük eýesine berilýän resminama) – zaýalanan ýa-da ýitirilen ýüküň brutto agramyň 1kg. üçin 2 SDR-iň (ýörite karz alma hukuklary) çäklerinde.

3) ýükler Türkmenistanyň çäginde we daşynda  daşalanda ýa-da ekspedisiýa edilende (eger HÝDK/СMR Konwensiýa ýa-da FIATA ulanylmaýan bolsa) ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çäkleri ätiýaçlandyrýan bilen ylalaşylýar we ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilýär.

13. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýüki bir gezeklik daşamany göz öňünde tutýan bolsa we munda ýüküň möçberi ylalaşylan möçbere deň bolsa, onda ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberine deňdir.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy ýüki tapgyrlaýyn (bölekleýin) daşamagy göz öňünde tutýan bolsa we şunda ätiýaçlandyryş şertnamasyndaky (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyndaky) ätiýaçlandyryş pul möçberi ýüküň jemi boýunça bellenen bolsa, onda ätiýaçlandyryjynyň ýüküň her bir tapgyry (bölegi) boýunça ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň möçberi ýüküň şol tapgyrynyň (böleginiň) ýüküň umumy bahasyndaky göwrüminden ugur alyp ätiýaçlandyryş pul möçberiniň şol tapgyra (bölege) düşýän bölegine deňdir.

Ýükleriň tapgyrlaýyn (bölekleýin) daşamagy göz öňünde tutylýan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan her tapgyryň möhleti, ugry we göwrümi barada ätiýaçlandyryja tapgyr ugramaka habar bermäge borçly.

14. SDR-iň bahasy ätiýaçlandyryş halaty bolan (ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarhaty gol çekilen) güni Türkmenistanyň Merkezi bankynda walýuta kursy boýunça hasaplanylýar.

15. Ätiýaçlandyryjynyň ýüküň eltilmeli möhletiniň geçirilmegi bilen bagly nägilelikler boýunça jogapkärçiligi, daşama tölegleriniň, gümrük ýygymlarynyň we paçlarynyň öwezini dolmak boýunça jogapkärçiligi, daşalýan ýük sebäpli zyýan ýetirilen halatynda üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda ylalaşylan ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen çäklendirilip bilner.

16. Hadysanyň bolup geçen ýagdaýlaryny derňemek boýunça we kazyýetde ätiýaçlandyrýanyň bähbitlerini goramak boýunça çykdajylaryň we üçünji taraplara zyýan ýetmeginiň öňüni almak ýa-da onuň möçberini azaltmak boýunça çykdajylaryň öwezi ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäklerinde dolunýar.

17. Ätiýaçlandyrýanyň goşmaça çykdajylary ätiýaçlandyrylanda ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasyndaky ylalaşyk esasynda bellenilýär.

18. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli ýa-da şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

 

V bap. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny ) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi

 

19. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň görnüşine, ätiýaçlandyryşyň möhletine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda 1 (bir) ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerinden ugur alnyp bellenilýär.

20. Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberini kesgitlemek ätiýaçlandyr üçin arzada görkezilen maglumatlaryň esasynda amala aşyrylýar.

21. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.

22. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenilen pul birliginde tölenilýär.

23. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň anyk tertibi we möhletleri ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenýär we ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilýär.

24. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda hasaplanan bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) 365 güne bölünýär we ätiýaçlandyrylyşa degişli gün sanyna köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyla we bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde hasaplanýar, aýlar bolsa ýigrimi dördünji bölegiň birinji tesimine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.

Hasaplamagyň şolar ýaly usuly goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda hem ulanyp ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

25. Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemek ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen şertlere laýyklykda, birwagtlaýyn ýa-da möhletlere bölüp tölemek tertibinde geçirilýär, ýöne dört tölegden köp bolmaly däldir.

26. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçandyryş şahadatnamasy) bir ýyldan az möhlete baglaşylanda ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryşyň ähli möhleti üçin bir wagtda tölenýär.

27. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

 

VI bap. Ätiýaçlandyryş nyrhyny kesgitlemegiň tertibi

we ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi

 

28. Ätiýaçlandyryş nyrhy ätiýaçlandyryş şertlerini hasaba almak bilen 1 (bir) ýyldan ugur alnyp kesgetlenen we Bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerine (Daşaýjynyň (ekspeditoryň) raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 1-nji goşundy) laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär.

29. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda ätiýaçlandyryş nyrhy onuň bilen baglanyşykly jogapkärçilik ätiýaçlandyrylýan işe (hyzmatlaryň möçberine), hünärmenleriň hünär derejesine, ätiýaçlandyryş öwezi dolunýan ýeri (ýurduň çägine), töwekgelçiligiň derejesine, jogapkärçilik çägine we beýleki şertlere baglylykda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýentler ulanylyp bilner.

Peseldiji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýent ulanylan mahaly, ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilmeli.

 

VII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylmagynyň tertibi we hereket

edýän möhleti

 

30. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) taraplaryň ylalaşygy boýunça 1 ýyla çenli we ondan köp möhletlere baglaşylýär.

31. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylmak barada ýazan arzasy (Daşaýjynyň (ekspeditoryň) raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 2-nji goşundy) ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde ýüz tutmasy esasynda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylyp bilner.

32. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti (başlanýan senesi – şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi – möhletiniň iň soňky güni sagat 24-de).

33. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri görkezilýär.

34. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen çäkde (territoriýada), ýükleriň daşalýan ýa-da ekspedisiýa edilýän ugrunda ýa-da ýolunyň çäklerinde hereket edýär.

35. Eger ýükleriň daşalýan çägi, ugry ýa-da ýoly ätiýaçlandyryjy bilen deslapdan ylalaşmazdan üýtgedilse, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereketi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ýükleri daşamagyň ýa-da ekspedisiýa etmegiň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän çäginiň üýtgän bölegi babatynda bes edilip bilner.

36. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi ätiýaçlandyrýan ýüki daşamak üçin kabul eden pursatyndan başlanýar, ýük daşamanyň bütin dowamynda (geçelgeden geçilende, ýüküň täzeden ýüklenilýän wagtlary, şeýle-hem geçiş we täzeden ýüklenilýän ýerindäki ammarlarda saklanylýan döwründe) hereket edýär we ony ýük alyja gowşuran pursatynda tamamlanýar.

37. Ýüküň ýüklemesiniň tamamlanmagy, daşaýjynyň ulag serişdesine ýüklenip, doly resmileşdirilen haryt-ulag resminamalaryň berilmegi ýüküň daşamaga kabul edilmegi hasaplanylýar.

Ýükli ulag serişdesiniň ýük düşürilýän ýere eltilmegi, ýüki düşürmäge doly mümkinçiliginiň döredilmegi, haryt-ulag resminamalaryň ýük alyja berilmegi ýüküň gowşurylmagyny aňladýar.

38. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) Türkmenistanyň çäginde, şeýle hem beýleki döwletleriň çäginde hereket edýän görnüşde baglaşylyp bilner. Ätiýaçlandyryjynyň başga döwletiň çäginde hereket edýän ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmaga hukugy bardyr. Eger-de şol döwletiň çäginde ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ýitgileri düzgünleşdirmek boýunça resminamalary resmileşdirmek barada şertnamalaýyn ylalaşygy bolan ýagdaýynda.

39. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlaçlandyryjynyň soraýan giňişleýin we doly maglumatlaryny berýär:

1) ýuridik şahsyň doly ady, salgysy (hukuk salgysy, hakyky ýerleşýän ýeriniň salgysy we poçta salgysy) we bank maglumatlary, wezipeli adamlarynyň telefonlary;

2) ätiýaçlandyrýanyň işi barada maglumatlar (hereket edip gelýän umumy möhleti we edilýän hyzmatlar barada maglumatlar);

3) mundan ozalky ätiýaçlandyrmalarda bir ýyldan az bolmadyk döwürde mälim edilen nägilelikleriň (talaplaryň) sany we sebäpleri barada maglumatlar;

4) onuň bilen baglanyşykly jogapkärçilik ätiýaçlandyrylýan iş we ätiýaçlandyrmagyň hereket etmegi göz öňünde tutulýan çäk (territoriýa);

5) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylýan möhleti;

6) ulag serişdeleriniň sanawy (Daşaýjynyň (ekspeditoryň) raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 3-nji goşundy);

7) ätiýaçlandyryjy tarapyndan soralan beýleki maglumatlar.

40. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça aşakda görkezilen resminamalary bermeli:

1) ulag ekspedisiýanyň (daşamanyň) şertnamasynyň nusgasyny;

2) daşamalary amala aşyrmak rugsat berýan ygtyýarnamanyň nusgasyny;

3) ätiýaçlandyryjynyň beýleki soraýan resminamalary.

41. Arzasynda görkezilen maglumatlaryň ygtybarlylygyna ätiýaçlandyrýan jogapkärçilik çekýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy)  baglaşylandan soň arza we oňa goşulýan ähli resminamalar şertnamanyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

42. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana öz aralarynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylandygyny tassyklaýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) (Daşaýjynyň (ekspeditoryň) raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 4-nji goşundy) berýär.

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:

1) nagt däl görnüşinde tölenilende, ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna gelen güni;

2) nagt görnüşinde tölenilende, ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.

43. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrýana töwekgelçilik derejesinde bolup geçen haýsydyr bir düýpli üýtgemeler ýa-da özüniň netijeleri bilen bagly ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçilik möçberini artdyrýan üýtgemeler belli bolsa, iň gysga möhletlerde bu üýtgemeler barada ätiýaçlandyryja ýazmaça habar bermek ätiýaçlandyrýanyň borjy bolup durýar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylandan soň töwekgelçilikde bolup geçen, ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçilik möçberini artdyrýan üýtgemeler ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrmagyň şertlerini üýtgetmäge ýa-da goşmaça ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) hasaplap ýazmaga hukuk berýär.

Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) şertlerini üýtgetmekden ýa-da goşmaça ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemekden boýun gaçyrmagy ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) görkezilen üýtgetmeler güýje giren pursatyndan bes etmäge hukuk berýär.

Ätiýaçlandyryş şertlerine üýtgetme girizmek, şol sanda töwekgelçiligiň derejesiniň, ätiýaçlandyryş möçberiniň, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwrüniň üýtgemegi ýa-da ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) üýtgemegi netijesinde üýtgetme girizmek zerurlygy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýan bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyna (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna) goşmaça ylalaşyk baglaşýar.

44. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan mahalynda ätiýaçlandyrýanyň görnetin ýalan maglumatlary habar berendigi ýüze çykarylsa, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boýun gaçyrmaga, şeýle hem ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) ýatyrmaga hukugy bardyr.

45. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasynyň esasynda nobatdaky ätiýaçlandyryş döwrüne uzaldylyp bilner.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) möhleti tamamlanmazdan täze möhlete baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girýän senesi edilip, hereket edýän şertnamanyň möhletiniň tamamlanýan gününden soňky sene görkezilýär.

46. Radioaktiw materiallar, guýma gymmat baha metallar we olardan ýasalan önümler, gymmat baha daşlar we zergärçilik önümleri, pul, obligasiýalar, töleg serişdeleri ýa-da başga görnüşli gymmat baha kagyzlar, çeper döredijilikler, jesetler, göçülen wagty öý goşlary we mebeller, janly haýwanlar daşalanda şeýle hem halkara poçta konwensiýalar boýunça daşamalara kabul edilen zatlar ätiýaçlandyryşa kabul edimeýär.

 

VIII. bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) bes edilmegi

 

47. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) hereket edýän möhleti geçende;

2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

3) şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilmedik ýagdaýynda;

4) ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda, ätiýaçlandyrýan fiziki şahs (telekeçi) aradan çykanda, onuň ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça hukuklarynyň we borçlarynyň hukuk oruntutaryna geçmegi muňa degişli däl;

5) ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadanyň elli sekizinji böleginde göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda;

6) ätiýaçlandyryş halatyndan başga sebäpler bilen ätiýaçlandyrylan ýük ýok bolanda;

7) Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiligi artan mahalynda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryşy togtatmaga ýa-da ony möhletinden öň bes etmäge haky bardyr.

48. Eger borçnamalaryň kem-käsleýin ýa-da doly berjaý edilmezligi taraplaryň öňünden görmedik we öňüni alyp bilmedik şertnama baglaşylandan soň adatdan daşary häsiýetli ýagdaýlar netijesinde peýda bolan bolsa, şertnama togtadylyp bilner, ätiýaçlandyryjy bolsa şol borçnamalar üçin şeýle jogapkärçilikden boşadylyp bilner.

49. Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilip bilner.

50. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamanyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamanyň) tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklary), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

51. Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamanyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamanyň) tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

Möhletinden öň bes etmek barada taraplar birek-birege öňünden habardar etmelidir.

52. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilen halatynda, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen ýa-da ýok edilen bolsa, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik berlenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilip bilner.

Ähli ýagdaýlarda öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär. Öwezlik berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyryjynyň buýrugy bilen hakyky däl diýlip hasap edilýär we ýitirilen ýa-da ýok edilen  ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça hiç bir ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär diýip görkezilýär. Bu barada ätiýaçlandyryjy degişli guramalara habar edip biler.

 

IX bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyrýanyň çalşylmagy

 

53. Ätiýaçlandyrýan – ýuridik şahs ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe üýtgedilip gurlan halatynda onuň ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça hukuklary we borçlary onuň hukuk oruntutaryna geçýär.

54. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyrýanyň hukuklaryny we borçlaryny kabul edýän şahs bu barada 7 (ýedi) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryja habar berýär we ätiýaçlandyryş şertnamasyna (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna) degişli üýtgetmeler girizilýär.

 

X bap. Gaýtadan ätiýaçlandyryş

 

55. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak – Türkmenistanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde  ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertleri we nyrh möçberleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

XI bap. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

56. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:

1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyş etmäge;

2) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada habar alnandan soň ätiýaçlandyrýan tarapyndan berlen resminamalaryň esasynda ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhaty düzmäge;

3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde ätiýaçlandyrýana (bähbit görüjä) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

4) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň, we bähbit görüjiniň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna) ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

57. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bar:

1) ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmazdan öň, töwekgelçiligiň derejesini kesgitlemek üçin ätiýaçlandyrýanyň beren, ätiýaçlandyryşa degişli ähli resminamalary bilen tanyşmaga;

2) ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin ätiýaçlandyryş obýektiniň barlagyny geçirmäge ýa-da garaşsyz bilermeni bu işe çekmäge;

3) ätiýaçlandyryş obýektiniň ýagdaýyny we ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga garşy gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga;

4) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) talaplaryny we şertlerini ätiýaçlandyrýanyň berjaý edişini barlamaga, ätiýaçlandyrylan ýüke gözegçilik etmäge (ýüküň barlygyny, daşamagyň we saklamagyň şertlerini barlamaga);

5) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylandan soň ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi ýokarlansa, şol sebäpli ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) ýatyrmagy ýa-da ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň artan möçberine deňlikde goşmaça ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegi talap etmäge;

6) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýandan, ätiýaçlandyryş halatyny sebäbini kesgitlemek üçin zerur bolan islendik maglumatlary talap etmäge;

7) ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde zyýan ýeten ýüki gözden geçirmäge gatnaşmaga we ätiýaçlandyryş halaty bilen ýetirilen ýitgileriň möçberini kesgitlemäge;

8) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda, ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ýetiriljek ýitgileriň möçberini azaltmaga gönükdirilen görkezmeleri bermäge;

9) ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölemegine esas bolup durýan, ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny we zyýanyň möçberini tassyklaýan resminamalaryň hakykylygyna şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga we bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;

10) kanunda bellenen tertipde ätiýaçlandyrýana bildirilýän emläk talaplarynyň möçberi barada jedelleşmäge.

58. Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:

1) ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) bellenilen möhletde we tertipde tölemäge;

2) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;

3) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak, onuň möçberini anyklamak boýunça mümkin bolan we maksada laýyk ähli çäreleri görmäge;

4) ýetirilen zyýanyň möçberini kesgitlemäge ätiýaçlandyryjynyň gatnaşmagyny üpjün etmäge;

5) ýükleriň daşamalaryny düzgünleşdirýän Konwensiýanyň şertlerini berjaý etmäge, şeýle hem ýükleriň daşalmagyny haýsy çäklerde (territoriýada) amala aşyrylýan bolsa şol döwletiň kadalaryny we kanunlaryny berjaý etmäge;

6) ýük daşalanda ulanylýan, ulag serişdelerini tehniki ýagdaýyny oňat saklamaga;

7) ýüki alyjynyň, iberjiniň we ätiýaçlandyryjynyň  kadalaryny, öz wezipe borçnamalaryny berjäý etmäge;

8) ynanylan ýükiň abatlygynyň goralmagy üçin mümkin bolan ähli çäreleri görmäge;

9) ýük daşalanda, gündizki we (ýa-da) gijeki sürüjiniň dynç alyş wagtynda ulag serişdesini diňe goralýan duralgada goýmaga;

10) ulag sereşdesiniň we daşalýan ýüküň resminamalaryny ulag serişdesiniň içinde gözegçiliksiz goýup gitmezlige;

11) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan mahalynda we onuň hereket edýän wagtynda özüne belli bolan, ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça töwekgelçiligiň derejesini kesgitlemek üçin möhüm ähmiýeti bolan ähli ýagdaýlar barada ätiýaçlandyryja doly maglumat bermäge;

12) töwekgelçilik derejesiniň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe bolup geçen ýokarlanmagy barada ätiýaçlandyryja haýal etmän, ýöne bu barada ätiýaçlandyrýana belli bolan pursatyndan 24 sagatdan gijä galman habar bermäge;

13) ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri, barşy we netijeleri, ýetirilen zyýanyň häsiýeti we möçberleri barada özüne elýeter bolan ähli maglumatlary we resminamalary ätiýaçlandyryja bermäge;

14) ätiýaçlandyrýana talap bildirilen halatynda üç günüň dowamynda bu barada ätiýaçlandyryja habar bermäge we şu işe degişli ähli resminamalary, hususan-da, talabyň, kazyýet resminamalarynyň (kesgitnamalaryň, habarnamanyň, çözgütleriň) ýa-da talap bilen baglanyşykly alnan beýleki islendik hukuk resminamalarynyň nusgasyny oňa ibermäge;

15) talaplar bildirilen halatynda kazyýet we kazyýetden daşary gorag boýunça ätiýaçlandyryja hemme taraplaýyn ýardam etmäge;

16) ätiýaçlandyryş halaty bilen bagly ätiýaçlandyryjynyň hem-de ätiýaçlandyrýanyň bähbitlerini goramak üçin ätiýaçlandyryjynyň öz başga bir ygtyýarly wekilini bellemegi zerur hasap eden halatynda ätiýaçlandyryjy tarapyndan görkezilen şahslara ynanç hatyny we beýleki resminamalary bermäge;

Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.

59. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:

1) ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyşmaga;

2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge;

3) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly onuň öwezligini talap etmäge;

4) ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) möhletinden öň bes etmäge;

5) ätiýaçlandyryş pul möçberini üýtgetmäge.

60. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyrýan aşakdakylara borçludyr:

1) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada şobada, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman  ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline habar bermäge;

2) hadysanyň häsiýetine we bolan ýerine baglylykda ygtyýarly edaralara (polisiýa, gümrük gullugyna, ýangyn gullugyna we beýlekilere) şobada habar bermäge;

3) ätiýaçlandyryş halatynyň zyýanyny azaltmaga gönükdirilen ätiýaçlandyryjynyň görkezmelerini ýerine ýetirmäge;

4) ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline ýetirlen zyýanyň möçberini kesgitlemek üçin mümkinçilik bermäge;

5) ätiýaçlandyryja onuň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri we getiren netijeleri, ýetirilen zyýanyň (zeleliň) häsiýeti hem-de möçberi hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýän ähli maglumatlary we resminamalary bermäge;

6) bildirilen talap bar bolan ýagdaýynda talap arzlary barada haýal etmän ätiýaçlandyryjyny habardar etmäge, we zerur bolan ýagdaýynda talap arzalara kanunda bellenen tertipde garşy çykmaga.

61. Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada iberilýän habarnamada has doly görnüşde hökmany tertipde şu maglumatlar bolmalydyr:

1) talap bildirilmegine getirip biljek ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan wagty;

2) ýüküň agramy, onuň häsiýeti we ýüküň tutýan orunlarynyň sany;

3) bolup geçen ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýeti;

4) ätiýaçlandyryş halaty boýunça talapkärleriň atlary we salgylary.

 

XII bap. Ätiýaçlandyryjynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak boýunça borçlary

 

62. Ätiýaçlandyryjylar «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda degişli çäreleri amala aşyrmalydyrlar, şeýle hem ygtyýarly döwlet edarasyna degişli maglumatlary bermelidirler.

 

XIII bap. Zyýanyň möçberini kesgitlemek we ätiýaçlandyryş öwezini

doluş tölegini tölemegiň tertibi

 

63. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek borçlary ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen möhletde üçünji taraplaryň emläk bähbitlerine zyýan ýetirilende ýüze çykýar.

64. Ätiýaçlandyrýan (bähbit görüji) ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmegi üçin arza (Daşaýjynyň (ekspeditoryň) raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 4-nji goşundy) bilen ätiýaçlandyryja ýüz tutanda şu aşakdaky resminamalary bermelidir:

1) ätiýaçlandyrýana bildirilen talap arzlary;

2) ýan haty ýa-da ýüküň ýan hatyny we bar bolan degişli resminamalary;

3) harytnamany (inwoýslary) we töleg hasabyny, karnetiň (üstaşyr gümrük resminamasynyň) nusgasyny;

4) heläkçilik komissarynyň sertifikatyny, hadysanyň bolup geçen döwletiň kanunyna, tejribesine ýa-da däp-dessurlaryna laýyklykda ýüki barlap görmegi ýa-da kemçiligi, zyýanyň möçberini kesgitlenmegi (eger düzülen bolsa) barada garaşsyz ýöriteleşdirilen guramalaryň düzýän derňewiň (ekspertizanyň) ykrarhatyny;

5) daşaýja (ekspeditora), zyýanyň öwezini dolmagy arza edýän tarapdan, talap edilýän ýitginiň hasaplamasyny;

6) ýol ulag hadysasy bolan ýagdaýynda polisiýasynyň ýol gözegçilik gullugynyň resminamalary;

7) ýüküň ogurlanandygy, talanandygy, ulag serişdesiniň ýüki bilen ogurlanandygy barada daşaýjynyň (ekspeditoryň) polisiýa ýüz tutandygy baradaky ol edaralaryň tassyklaýyjy resminamalaryny ýa-da ýüküň ogurlanandygy ýa-da başga jenaýatçylykly wakalar boýunça jenaýat işiniň gozgalandygy barada hukuk goraýjy edaralar tarapyndan tassyklaýyjy delilnamasy;

8) ýangynyň, partlamanyň, köpriniň opurylmagynyň netijesinde ýüküň  zaýalanandygyny ýa-da ýok bolandygyny tassyklaýan ygtyýarly edaralaryň resminamasy;

9) sürüjiniň bolup geçen waka barada ýazmaça düşündirişi;

10) ätiýaçlandyrýanyň talaby töländigini tassyklaýan resminamasy;

11) üçünji taraplara zyýan ýetirilendigi barada degişli edaralaryň çözgüdi;

12) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan pursatynda şikes alnandygyny ýa-da saglyga başga hili zyýan ýetendigini tassyklaýan lukmançylyk netijenamasy we üçünji taraplary bejermek üçin lukmançylyk hyzmatlary;

13) saglygy goraýyş edarasynyň bellemegi boýunça dermanlary we beýleki serişdeleri (implantantlar, protezler, arabajyklar we ş.m.) satyn almak boýunça goşmaça çykdajylary tassyklaýan töleg  hatlar we beýleki resminamalar;

14) ätiýaçlandyryş halaty bolan ýagdaýynda onuň möçberini azaltmak üçin ätiýaçlandyryjy tarapyndan öwezini dolmaga degişli ätiýaçlandyrýanyň çykdajylaryny esaslandyrýan resminamalaryny, eger şular ýaly çykdaýjylar edilen bolsa;

15) eger iş taraplaryň ylalaşygy boýunça we ätiýaçlandyryjynyň razylygy bilen kazyýete çenli tertipde çözülmedik bolsa, kazyýet edaralarynyň degişli çözgütleriniň nusgalary;

16) ätiýaçlandyryş halaty bolandygyny we zyýanyň möçberini tassyklaýan beýleki resminamalary.

65. Ähli zerur resminamalary alandan soň 3 (üç) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemäge esas bolup durýan ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarhaty (Daşaýjynyň (ekspeditoryň) raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalara 5-nji goşundy) düzülýär.

66. Ýüke ýeten zyýanyň möçberi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýanyň oňa beren resminamalarynyň, şeýle hem ätiýaçlandyryjynyň özbaşdak alan resminamalarynyň esasynda kesgitlenýär.

67.  Ýük ýitende ýa-da zyýan ýetende zyýanyň möçberi berlen nägileligiň möçberini tassyklaýan resminamalaryň esasynda kesgitlenýär. Şunda zyýan aşakdakylardan ybarat bolup durýar:

1) ýük doly ýitende – ýük daşaýja ýük ugradyjy ýüki daşama üçin beren ýerinde gowşuran we ýük alyja eltip berilýänçä onuň ýanynda bolýan ulag ýanhatynda (nakladnoýda), hasap-fakturada (inwoýsda) we beýleki ýüküň ýanhatlarynda we resminamalarynda görkezilen ýüküň bahasynyň möçberinde kesgitlenýär.

Hasap-fakturanyň (inwoýsyň) ýok ýagdaýynda ýüküň bahasy HÝDK/CMR Konwensiýasynyň 23-nji maddasyna laýyklykda kesgitlenýär, ýagny ýüküň bahasy biržanyň kotirowkasynyň esasynda ýa-da onuň bolmadyk ýagdaýynda bazar bahasyna laýyklykda ýa-da ikisiniň ýok ýagdaýynda onda harydyň şu görnüşine we hiline görä ýönekeý bahasyna laýyklykda kesgitlenýär.

Eger-de ýük ugradyjy ýanhatda ýüküň bahasyny HÝDK/CMR Konwensiýasynyň  23-nji maddasynyň 3-nji böleginde görkezilen çäklerinden ýokary deklorirlän ýagdaýynda, onda ýüküň bahasy HÝDK/CMR Konwensiýasynyň 24-nji maddasy esasynda kesgitlenilýär.

2) ýük bölekleýin ýitende – ýüküň ýiten böleginiň möçberiniň bahasy. Ýüküň bahasy şu böleginiň 1-nji bendinde görkezilen ýaly kesgitlenilýär;

3) ýüke zyýan ýeten ýagdaýynda – şu böleginiň 1-nji bendinde görkezilen ýüküň bahasynyň hasaplamasynyň esasynda hasaplanylýan ýüküň bahasynyň gaçmagynyň möçberine laýyklykda, ýöne aşakylardan köp bolmadyk möçberde:

a) bütin ugratma zyýan ýeten ýagdaýynda – ýük doly ýitirlilen ýagdaýyndaky düşýän möçberinden;

b) ugratmanyň bölegine zyýan ýeten ýagdaýynda – ýüke zyýan ýetende ýüküň ýitirilen bölegine düşýän möçberinden.

68. Ätiýaçlandyrýanyň maliýe ýitgileri boýunça jogapkärçilik ýüze çykan ýagdaýynda, zyýan bildirilýän talaplaryň möçberini esaslandyrýan berlen resminamalarynyň esasynda kesgitlenilýär.

Şunda ýüküň eltip bermesi gijikdirilendigi sebäpli ätiýaçlandyrýanyň müşderisi tarapyndan çeken zyýanyň möçberi çäklendirilýär:

1) eger-de eltip berme boýunça ýörite bähbit bildirilmedik ýagdaýynda, daşamanyň töleginiň möçberi bilen;

2) eger-de eltip berme boýunça ýörite bähbit bildirilen ýagdaýynda, eltip berme boýunça bildirilen ýörite bähbidiň möçberleriniň çäklerinde resminamalar bilen tassyklanan zyýanyň (zeleliň) jemi bilen.

Öwezini dolmaga degişli eltip bermegiň tölegi (ýitirilen (ýetmeýän) ýa-da zaýalanan ýüki daşama üçin töleg), gümrük ýygymlary we paçlary, şeýle hem ýüküň daşamagy bilen bagly beýleki çykdajylar, eger ýük doly ýitirilen bolsa doly möçberde, bölekleýin ýitirilen ýagdaýynda zyýanyň (zeleliň) möçberine laýyk deňeçerlik möçberde öwezi dolunýar.

69. Üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçilik ýüze çykan ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan döwletiniň ygtyýarly edaralary ýa-da kazyýet tarapyndan berilýän kesgitnamada görkezilen möçberiniň esasynda zyýanyň möçberi kesgitlenilýär, emma ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) kesgitlenilen jogapkärçiliginiň çäklerinden ýokary bolmadyk möçberde.

Raýat-hukuk jogapkärçiligi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen şertlerinde tölenilýär.

Üçünji taraplaryň janyna, saglyga zyýan ýetirilen ýagdaýynda – üçünji taraplaryň şikes alanlygy ýa-da başga bir saglygyna ýetirilen zyýan üçin edilen bejeriş üçin çykdajylar, aradan çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bir talap boýunça bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberine laýyklykda tölenýär.

Ätiýaçlandyryş halaty başga bir ýurduň çäklerinde bolan ýagdaýynda – zyýanyň möçberi, onuň tölemegiň tertibi we üçünji tarap aradan çykan ýagdaýynda onuň öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan şahslaryň sanawy ätiýaçlandyryş halaty bolan ýurduň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýär. Şeýle hem üçünji tarapyň saglygyna, janyna ýetirilen zyýanyň möçberi ätiýaçlandyryjy tarapyndan diňe daşary ýurt kazyýet çözgüdi esasynda kesgitlenilýär, emma ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) kesgitlenilen jogapkärçiliginiň çäklerinden ýokary bolmadyk möçberde öwezi dolunýar.

Üçünji taraplaryň emlägi ýitirilen ýa-da ýok bolan ýagdaýyndageljekde ulanmaga ýa-da ýerlemeklige ýaramly galyndylaryň bahasyny aýyrmak bilen ätiýaçlandyryş halaty bolan gününe ýok bolan (ýitirilen) emlagiň hakyky bahasynyň möçberinde.

Ýok bolan diýlip, eger emläk doly ýitirilende (heläk bolanda), dikeltmäge degişli bolmadyk ýagdaýynda we emlägiň abatlamak işleriniň bahasynyň emlägiň ätiýaçlandyryş halaty bolan günündäki hakyky bahasyna deň bolmagyna ýa-da geçmegine aýdylýar.

Üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýeten ýagdaýynda (ýazmaça resmilleşdirilen, taraplaryň ylalaşygy boýunça) dikeltmegiň, abatlamagyň bahasynyň möçberi (mundan beýläk – dikeldiş çykdajylary), täze çalşylmaga degişli zyýan ýeten enjamlaryň, materiallaryň we şaýlaryň şolar ýaly emlägiň bahasy we işi hereket edýän baha boýunça  hasaplanan könelmäni hasaba alyp, zyýan ýeten emlägi ätiýaçlandyryş halatyndan öňki bolan ýagdaýyna dikeltmek üçin zerur bolan çykdajylar, ýöne ätiýaçlandyryş halaty bolan günündäki emlägiň hakyky bahasyndan ýokary bolmadyk möçberde, ýa-da bahasynyň gaçan möçberi, ätiýaçlandyryş halaty bolan günündäki zyýan ýeten emlägiň hakyky bahasynyň zyýan ýetmedik  ýagdaýynda we ätiýaçlandyryş halaty netijesinde zyýanyň (bahasynyň gaçmagynyň) bahasyny hasaba alyp aratapawudynda kesgitlenýär, ýagny arzanlatmanyň möçberinde.

Eger ony abatlamak bilen ulanmak üçin ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan gününden öňki ýaramly ýagdaýyna getirilende we onuň abatlamagyň garaşylýan çykdajylary ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan günündäki hakyky bahasyndan geçmeýän bolsa emläk zyýan ýeten hasaplanýar.

Dikeldiş çykdajylary şulary öz içine alýar:

a) meňzeş agregatlaryň, materiallaryň, enjamlaryň, bölekleriň, şaýlaryň (könelmäni hasaba alyp) bahasyny;

b) abatlamak boýunça işleri tölemek üçin çykdajylaryny;

ç) materiallary abatlanýan ýere eltmek boýunça çykdajylary we  gönüden-göni ätiýaçlandyryş halatyndan öňki olaryň bolan ýagdaýyna getirmek üçin emlägi dikeltmegiň zerur bolan beýleki çykdajylaryny;

d) dikeltmegiň hasaplamasyny (kalkulýasiýasyny) düzmek boýunça çykdajylaryny.

Taraplaryň ylalaşygy boýunça dikeltmegiň, abatlamagyň bahasy bähbit görüji tarapyndan tölenen abatlaýyş kärhanasynyň beren asyl nusgadaky hasaplarynyň ýa-da abatlamagy amala aşyrýan başga ygtyýarly edaralaryň düzen dikeltmegiň hasaplamasynyň (kalkulýasiýasynyň) esasynda kesgitlenilip bilner.

Şunda ýokarda görkezilen resminamalarda geçirilýän işleriň anyk edilýän işleriň, olaryň bahalarynyň doly sanawyny, zyýanlar çalşylan mahaly ulanylan meňzeş şaýlaryň, materiallaryň we enjamlaryň bahalaryny we sanawyny öz içine almaly.

Düzülen hasaplamalar boýunça abatlaýyş üçin çykdajylar kesgitlenilende hasaplamada görkezilen, ýöne bähbit görüji tarapyndan tölenilmedik beýleki çykdajylar (mysal üçin salgyt boýunça) zyýanyň möçberine goşulmaýar.

Eger ýokarda görkezilen resminamalar berilmese, onda dikeldiş çykdajylaryň bahasy ätiýaçlandyryjy tarapyndan hili boýunça meňzeş materiallaryň we enjamlaryň we olary abatlamak, çalyşmak (könelme hasaba alyp) boýunça işler üçin haklaryň nyrhlary ätiýaçlandyryş halaty bolan gününe hereket edýän bahalaryň esasynda kesgitlenilýär.

70. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) göz öňünde tutulan jogapkärçiliginiň çäkleriniň çäklerinde resminamalar bilen tassyklanan kazyýet we kazyýetden daşary çykdajylaryň öwezini dolýar, eger olar ätiýaçlandyryş halaty bilen bagly bolsa. Görkezilen çykdajylar ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasyndaky ylalaşyk esasynda bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň  çäklerinde öwezi dolunýär.

71. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhaty düzülenden soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyrýana ýa-da üçünji tarapa, onuň aradan çykan ýagdaýynda kanunçylyga laýyklykda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan şahsa tölenilýär.

72. Eger ätiýaçlandyryş halaty boýunça degişli ygtyýarly edaralar tarapyndan derňew geçirilýän bolsa ýa-da jenaýat işi gozgalan bolsa, onda ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhaty derňew ýa-da kazyýetde seljerme tamamlanandan soň 3 (üç) iş günüň dowamynda düzülýär.

73. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen franşizany hasaba almak bilen tölenýär.

Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri hasaplanda ätiýatlandyryş sertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça tölenmedik ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaba alynýar.

Ätiýaçlandyryjy resminamalar bilen tassyklanan ätiýaçlandyrýanyň zyýany azaltmak maksady bilen paýhasly edilen çykdajylarynyň öwezini dolýar, eger şonuň ýaly çykdajylar zerur bolsa ýa-da ätiýaçlandyryjynyň görkezmesini ýerine ýetirmek üçin edilen bolsa. Bu hili çykdajylar beýleki çykdajylary tölemek bilen birlikde ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäginde tölenýär.

74. Eger-de kanunçylykda we ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasyndaky baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) başgaça görkezilmedik bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenen pulunda tölenilýär.

75. Ätiýaçlandyryş şertnamanyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamanyň) hereket edýän döwründäki ähli ätiýaçlandyryş halatlary boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň umumy möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçmeli däl.

76. Eger-de ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjynyň ýazmaça razylygy bilen şu Kadalara laýyklykda kesgitlenen zyýanyň öwezini dolan bolsa, ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny we zyýanyň möçberini, şeýle hem zyýanyň öwezini üçünji tarapa tölenendigini tassyklaýan resminamalary görkezmek şerti bilen ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri ätiýaçlandyrýana tölenýär.

77. Ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygy barada, bähbit görjüniň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugyň we ätiýaçlandyrýanda onuň öwezini dolmak borjunyň bardygy barada, ätiýaçlandyryş halaty bilen zyýanyň arasynda sebäp-netije baglanyşygy barada, ýetirilen zyýanyň  möçberi barada jedeliň bolmadyk wagtynda mälim edilen talaplar kazyýetden daşary tertipde kanagatlandyrylýar we ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölenýär.

Zyýanyň möçberini we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň pul möçberini kesgitlemek ätiýaçlandyryjy tarapyndan ygtyýarly edaralaryň (döwlet gözegçilik edaralarynyň, ýörite döredilen toparlaryň we ş.m.) ätiýaçlandyryş wakasy we onuň netijeleri baradaky resminamalarynyň esasynda, şeýle hem kepilnamalaryň, hasaplaryň we geçirilen çykdajylary tassyklaýan beýleki resminamalary hasaba almak bilen amala aşyrylýar.

Ýokarda görkezilen resminamalaryň esasynda töleg barada ylalaşyk düzülýär, oňa ätiýaçlandyrýan, ätiýaçlandyryjy we talap bildiren şahs (zyýan çeken) tarapyndan gol çekilýär. Töleg ätiýaçlandyryjyda zerur bolan resminamalarynyň ählisi, şeýle hem ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin ýazmaça arzasy bolan şertinde amala aşyrylýar.

78. Şu Kadalaryň ýetmiş ýedinji böleginde görkezilen ýagdaýlar barada jedel bar bolanda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdiniň esasynda amala aşyrylýar.

79. Eger ätiýaçlandyrýan zyýanyň öwezini doluş tölegini zyýanyň ýetirilendigi üçin jogäpkär taraplardan alan bolsa, ätiýaçlandyryjy diňe ätiýaçlandyryň şertleri boýunça tölenmäge degişli pul möçberi bilen şol taraplardan alnan pul möçberiniň arasyndaky tapawudy töleýär.

80. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek, eger başgaça ylalaşylmadyk bolsa, ätiýaçlandyryjy tarapyndan esaslandyrylan we kanuny emläk nägilelikleriniň möçberini tassyklaýan resminamalar alnandan soň, pul serişdesi talapkär tarapyndan görkezilen hasaplaşyk hasabyna, eger zyýanyň öwezi ätiýaçlandyryjynyň ylalaşygy bilen ätiýaçlandyrýan tarapyndan dolunan bolsa ätiýaçlandyrýanyň hasaplaşyk hasabyna geçirilýär.

81. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda görkezilen talap arzasynyň berilmeli möhletiniň dowamynda kanun boýunça ýa-da şu Kadalara laýyklykda ätiýaçlandyrýany, bähbit görüjini ýa-da üçünji tarapy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga bolan hukukdan doly ýa-da bölekleýin mahrum edýän ýagdaý ýüze çyksa, ätiýaçlandyrýan ýa-da bähbit görüji alnan ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini ätiýaçlandyryja gaýtarmaga borçludyr.

 

XIV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş öwezini dol

töleginden boýun gaçyrylmagy

 

82. Ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden ýüz döndermäge haklydyr:

1) ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy tiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde;

2) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş  halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanşykda durýan bolsa;

3) ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy  barada öz wagtynda habar bermese we şonuň netijesinde ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň resminamalary bilen tassyklanmasa ýa-da zyýanyň möçberi, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklamak mümkin bolmasa;

4) ätiýaçlandyrýan şu Kadalarda görkezilen borçlaryň haýsy-da bolsa birini ýerine ýetirmedik bolsa.

 

XV bap. Jedelleri çözmek

 

83. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

84. Regres talabynyň arzalaryna seredilen mahalynda Türkmenistanyň ätiýaçlandyryjylary döwlet paçlaryny tölemekden boşadylýar.

 

 


 

 

 

Daşaýjynyň (ekspeditoryň)

 raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

 1-nji goşundy

 

Daşaýjynyň (ekspeditoryň) raýat-hukuk

jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri

 

Töwekgelçiligiň görnüşi

Bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberi,  

%-de

1. Ýüke zyýan ýetmegi ýa-da ýok bolmagy üçin jogapkärçilik

 

2,0

2. Maliýe ýitgileri üçin jogapkärçilik

1,8

3. Üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçilik  (üçünji taraplaryň janyna, saglygyna ýa-da emlägine ýetirilen zyýan üçin jogapkärçilik)

0,8

4. Ätiýaçlandyrýanyň goşmaça çykdajylaryny ätiýaçlandyrmak

0.5

 Bellik: Daşamagyň/ anyk şertlerine, daşaýjynyň tejribesine we hünär derejesine, şeýle hem töwekgelçiligiň derejesine düýpli täsir edýän beýleki faktorlara baglylykda, her bir anyk ýagdaýda esasy ätiýaçlandyryş nyrh möçberine degişlilikde goşmaça 1,0-dan 5,0-e çenli ýokarlandyryjy we 0,5-den 1-a çenli peseldiji koeffisientler ulanylyp bilner. Ýükler dürli ulaglar bilen daşalan mahalynda nyrh möçberleri goşulyp bilner.

 

 


 

 

 

Daşaýjynyň (ekspeditoryň)

 raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

2-nji goşundy

 

Daşaýjynyň (ekspeditoryň) raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin

ätiýaçlandyryşy boýunça

Arza

_____________________________________________________________________________

(Edaranyň ady ýa-da telekeçiniň F., A., A.a.)

_____________________________________________________________________________

 

Daşaýjyn (ekspeditoryň) raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýäris.

Salgysy ________________________________________________________

Telefon ____________________________________________________________

Bank maglumatlary __________________________________________________

Ätiýaçlandyryş möhleti _______________________________________________

Daşaýjy barada maglumat __________________________________________

Kärhananyň hukuk-guramaçylyk görnüşi_______________________________________

_____________________________________________________________________________

(halkara ýük daşamalaryny amala aşyrmak üçin ygtyýarnamasynyň belgisi we berlen wagty)

 

 

Töwekgelçiliginiň görnüşi

 

Bir talap boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi

Umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi

Franşiza

Ýüküň ýok bolmagy we/ýa-da oňa zyýan ýetmegi üçin jogapkärçilik

 

 

 

Maliýe ýitgileri üçin jogapkärçilik

 

 

 

Üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk  jogapkärçilik

 

 

 

Goşmaça çykdajylary ätiýaçlandyrmak

 

 

 

Meýilleşdirilýän ýyllyk fraht                                                                                 _

(puly)

Ulag serişdeleriniň sany                                                                                 (sanaw goşulýar)

 

Daşalýan ýükler barada maglumat

 

 Ýüküň görnüşi

Ýok

Hawa

%

Howply

 

 

 

Gymmat bahaly

 

 

 

Alkogol

 

 

 

Temmäki önümleri

 

 

 

Elektronika

 

 

 

Ýeňil awtomobiller we olaryň ätiýaçlyk şaýlary

 

 

 

Refrižatorlar

 

 

 

Agyr agramly

 

 

 

Çalt zaýalanýan

 

 

 

Ýeňil döwülýän

 

 

 

Daşamagyň ýörite şertlerine ýa-da düzgünine degişli harytlar

 

 

 

 

Daşalýan ugurlary:

Günbatar Ýewropa -                                                                                     

 

Gündogar Ýewropa, Baltika ýurtlary we Belarus -                                    

 

GDA ýurtlary, Aziýa ýurtlary -                                                                  

 

* Ýük daşamagyň göz öňünde tutulýan uzaklygy:____________

 

 

* Tutuşlygyna metaldan tirkegleri (ýarym tirkegleri) peýdalanmak

 

 

 

Konteýnerlerde daşamagy amala aşyrmak

 

 

Awtoulag serişdelerini sürüjileriniň ortaça iş döwri: __________________

 

Daşaýjyda halkara daşamalary amala aşyrmak tejribesiniň bolmagy:

 

10 ýyl we şondan köp           

7-den 10 ýyla çenli-                                                                                                  

5-den 7 ýyla çenli-                                                                                                    

3-den 5 ýyla çenli-                                                                                                    

1-den 3 ýyla çenli-                                                                                                     

1 ýyla çenli                                                                                                                 

 

* Ätiýaçlandyrýanyň işgärleriniň sany (sürüjileri goşmak bilen):

 10-dan az                                                                                                                                

 10-dan 25-e çenli                                                                                                                   

 25-den 50-ä çenli                                                                                                                  

 50-i we şondan ýokary                                                                                

 

 

* Mälim edilen we tölenen ýitgiler barada maglumat:_____________________

________________________________________________________________________

 

 

                                                                                                                                                         

___________________________________________________________________________________________________________________________________

 (ätiýaçlandyryş halatlaryň sany we tölenen öwezini doluş tölegleriň möçberi)

 

Beýleki ätiýaçlandyryş guramalarynda hereket edýän ätiýaçlandyryş şertnamalar barada maglumat:____________________________________________________________________

                                                                                                                          

Beýleki zerur bolan maglumatlar ________________________________________

_____________________________________________________________________________

                                                                                                                                                         

Ätiýaçlandyrýan ulag serişdeleriniň düzümi ýa-da sany üýtgän ýagdaýynda degişli düzedişleri girizmäge borçlanýar.

Ýokarda görkezilen maglumatlaryň dogrulygyny tassyklaýaryn, Ätiýaçlandyryş kadalary bilen tanyşdyryldym:

Ätiýaçlandyrýan                                                                                                  

   M.Ý.                                                  F.A.A                      sene         

 

 

 


 

 

 

Daşaýjynyň (ekspeditoryň)

 raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

3-nji goşundy

 

 

 

 

 

Daşamalary amala aşyrýan awtoulag serişdeleriniň sanawy

 

Kysymy/Modeli

Öndürilen ýyly

Nowa

Hereketlendiriji

Döwlet belgisi

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 


 

 

 

Daşaýjynyň (ekspeditoryň)

 raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

4-nji goşundy

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

Daşaýjynyň raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin

 ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) Görnüş 000 № 0000000

Ätiýaçlandyryjy

(guramanyň ady)

 

Salgysy/ telefony/faksy

 

 

Bank maglumatlary

 

 

Ätiýaçlandyrýan

(edaranyň ady/fiziki şahsyň F.A.A.a.)

 

Salgysy/ telefony/faksy

 

 

Bank maglumatlary

 

Ýükler daşalanda ulanylýan ulag serişdesi barada maglumat (birdan köp bolsa sanawy goşulýar)

 

Ätiýaçlandyryşyň obýekti

 

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan daşamak, şol sanda halkara ýükleri daşamak we/ýa-da ekspedisiýa etmek şertnamalary boýunça öz borçnamalary ýerine ýetirilen mahalynda onuň jogapkärçiliginiň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly emläk bähbitleri

Bähbit görüjiler

daşalýan ýüküň ýitmegi we/ýa-da zyýan ýetmegi netijsinde zyýan çeken tarap;

ýüküň eltilmeli möhletiniň geçirilmegi,  ýüküň onuň berilmegini saklamak baradaky görkezmeleri bozmak bilen berilmegi, ýüküň ýalňyş iberilmegi netijesinde zyýan çeken tarap şeýle hem daşama tölegleriniň, gümrük ýygymlarynyň we paçlarynyň öweziniň dolunmagyny almaga hukugy bolan tarap;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanlygy sebäpli üçünji taraplaryň janyna we saglygyna zyýan ýetirilende – üçünji taraplar, şeýle hem  üçünji tarap aradan çykanda hereket edýän kanunçylygyň esasynda zyýanyň öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan şahslar;

 

ätiýaçlandyryş hataly ýüze çykanlygy sebäpli üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetirilende – degişli emlägiň ýok bolmasy, ýitirilmegi ýa-da zyýan ýetmegi netijesinde zyýan çeken, we ol emlägi hususy eýeçilik hukugynda ýa-da başga kanun esasynda ulanýan şahslar;

Çykdajylar goşmaça ätiýaçlandyrylanda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýan bähbit görüji bolup durýar

Ätiýaçlandyryş halaty (ätiýaçlandyryşa kabul edilen töwekgelçiligiň görnüşini bellemeli) 

  Ýüküň ýok bolmagy we/ýa-da oňa zyýan ýetmegi üçin jogapkärçilik

  Maliýe ýitgileri üçin jogapkärçilik

  Üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçilik

  Çykdajylary goşmaça ätiýaçlandyrmak

Ätiýaçlandyryşyň çäkleri (territoriýasy) Daşalýan ertaplary/daşamagyň ugurlary

Wagtlaýyn saklanýan ýeri

 

Ätiýaçlandyryş nyrhlary

 

 

Ýüküň ýok bolmagy we/ýa-da oňa zyýan ýetmegi üçin jogapkärçilik boýunça umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi (san bilen we ýazmaça)

 

Ýüküň ýok bolmagy we/ýa-da oňa zyýan ýetmegi üçin jogapkärçilik boýunça  bir  talap boýunça  ätiýaçlandyryş pul möçberi  (san bilen we ýazmaça)

 

Maliýe ýitgileri üçin jogapkärçilik  boýunça umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi (san bilen we ýazmaça)

 

Maliýe ýitgileri üçin jogapkärçilik boýunça bir talap boýunça  ätiýaçlandyryş pul möçberi  (san bilen we ýazmaça)

 

Üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçilik boýunça umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi (san bilen we ýazmaça)

 

Üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk  jogapkärçilik boýunça bir talap boýunça  ätiýaçlandyryş pul möçberi (san bilen we ýazmaça)

 

Goşmaça çykdajylary ätiýaçlandyrmak  boýunça  ätiýaçlandyryş pul möçberi (san bilen we ýazmaça)

 

 

Umumy ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

(sanda we ýazmaça)

 

Ýüküň ýok bolmagy we/ýa-da oňa zyýan ýetmegi üçin jogapkärçilik boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

Maliýe ýitgileri üçin jogapkärçilik  boýunça  ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

 

Üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçilik boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

Çykdajylary goşmaça ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

 

Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) tölemeginiň tertibi we möhleti

 

Franşiza (şertli, sertsiz)

 

 

Ätiýaçlandryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti

 

 

Beýleki şertler

 

 

Ätiýaçlandyryjy

(familiýasy ady we atasynyň ady we goly)

M.Ý.

 

Ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdym ätiýaçlandyrýan

(familiýasy, ady we atasynyň ady we goly)

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) berlen senesi

 

 

Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan bu barada ätiýaçlandyryjyny şobada, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryş halaty barada arzany ýazmak bilen habardar etmäge borçludyr, şeýle hem ygtyýarly edaralara şobada habar bermäge borçludyr.

Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda tölenýänçä ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandan soň islendik üýtgetmeler barada ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr.

Ýükleriň tapgyrlaýyn (bölekleýin) daşamagy göz öňünde tutylýan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan her tapgyryň möhleti, ugry we göwrümi barada ätiýaçlandyryja tapgyr ugramaka habar bermäge borçly.

Eger bu ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça möhletinden öň bes edilip bilner. Ýöne wagtyndan öň bes etmek barada taraplar birek-birege bes etmegiň öňünden habardar etmelidir.

 

 


 

 

 

Daşaýjynyň (ekspeditoryň)

 raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

5-nji goşundy

 

 

(welaýat, şäher, etrap)

döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ___________________________________________________________________________________tarapyndan(ätiýaçlandyrýanyň ady we salgysy)

 

 

Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmegi üçin

Arza

 

______________________________________________________bolup geçen (ýyly, aýy, güni)

________________________________________________bilen baglanyşykly (ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)

Çak edilýän zyýanyň möçberi _______________________________________

_______________________________________________________________

Degişli ygtyýarly edaralara ýüzlenmeler barada maglumat _________________

________________________________________________________________

 

Zyýanyň möçberini azaltmak üçin edilen çäreler _________________________

_________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyrýanyň habarlaşmak üçin telefony ___________________________

_________________________________________________________________

 

Arzanyň ýanyna şu resminamalar goşulýar

 

 

 

 

 

 

20___ ý. «___» __________                                                                                

                                                                                    (Ätiýaçlandyrýanyň goly, F.A.A.)

 

 

 


 

 

 

Daşaýjynyň (ekspeditoryň)

 raýat-hukuk jogapkärçiligini

meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna

6-nji goşundy

 

 

Ätiýaçlandyryş halaty hakynda

 ykrarhaty

______ nägilelige

Ätiýaçlandyrýan __________________________________________________

_______________________________________________________________

Ätiýaçlandyryjy ___________________________________________________

________________________________________________________________

Çagyrylan hünärmenler _____________________________________________

________________________________________________________________

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň belgisi ______________________________

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan senesi ____________________________

Nägilelik bildirmegiň senesi _________________________________________

Gözden geçirmegiň senesi___________________________________________

 

Ýetirilen zyýanyň teswiri:

a) üçünji taraplaryň janyna we saglygyna ýetirilen zyýan üçin________

_______________________________________________________________

b) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan üçin___________________

________________________________________________________________

Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ýetirilen zyýana baha bermek __________

________________________________________________________________

Emläge zyýan  boýunça abatlamak/çalyşmak talap edilýär ____________

________________________________________________________________

Bellik ___________________________________________________________

________________________________________________________________________________________________________________________________

 

 

Ätiýaçlandyryjy

______________________
(f.a., wezipesi we goly)

Ätiýaçlandyrýan

______________________
(f.a., wezipesi we goly)