Türkmenistanyň ätiýaçlandyrma kanunlarynyň bozulmagy üçin jerimeleriň möçberleri we olary almagyň tertibi hakynda DÜZGÜNNAMA
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ
K A R A R Y
«09» iýun 1997 ý. № 3192 Aşgabat ş.
Türkmenistanyň ätiýaçlandyrma kanunlarynyň bozulmagy üçin
jerimeleriň möçberleri we olary almagyň tertibi hakynda
(Türkmenistanyň Prezidentiniň aktlarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň kararlarynyň ýygyndysy, 1997 ý., № 6, 5717-madda)
“Strahowaniýe hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 33 maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
1. Türkmenistanyň ätiýaçlandyrma kanunlarynyň bozulmagy üçin jerimeleriň möçberleri we olary almagyň tertibi hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).
2. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt inspeksiýasy, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi Türkmenistanyň Ýustisiýa ministrligi bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň ätiýaçlandyrma kanunlarynyň bozulmagy üçin jerimeleriň möçberleri we olary almagyň tertibi hakyndaky Düzgünnamany ulanmak baradaky gollanmany bir aý möhletde işläp taýýarlamalydyr.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Türkmenistanyň Prezidentiniň
1997-nji ýylyň 9-njy iýunynda çykaran
3192-nji karary bilen tassyklandy
Türkmenistanyň ätiýaçlandyrma kanunlarynyň bozulmagy üçin
jerimeleriň möçberleri we olary almagyň tertibi hakynda
DÜZGÜNNAMA
1. Şu Düzgünnama Türkmenistanyň ätiýaçlandyrma kanunlarynyň bozulmagy üçin jerimeleriniň möçberlerini we olary almagyň tertibini kesgitleýär hem-de Türkmenistanyň we beýleki döwletleriň Türkmenistanyň territoriýasynda bolýan ähli ýuridik taraplaryna degişlidir.
2. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi ätiýaçlandyryjy guramalardan (ätiýaçlandyryjylardan, gaýtadan ätiýaçlandyryjylardan) we ätiýaçlandyrma brokerlerinden şu aşakdaky bozulmalar üçin jerimeleri almaga haklydyr:
ätiýaçlandyrma boýunça ätiýaçlandyryş, gaýtadan ätiýaçlandyryş we brokerçilik işiň lisenziýasyz ýerine ýetirilmegi üçin - alynan ätiýaçlandyrma töleginiň (komissiýanyň) möçberinde;
ätiýaçlaydyrma bilen baglanyşykly däl işiň amala aşyrylmagy üçin - alnan girdejiniň möçberinde;
ätiýaçlandyrma gorlaryny emele getirmek we ýerleşdirmek, ätiýaçlandyrma tariflerini esassyz üýtgetmek bilen baglanşykly bellenilen kadalaryň bozulmagy üçin - şol hereketlerden alnan girdejiniň möçberinde, ykdysady temmi çäreleri ulanylandan soň bir ýylyň dowamynda bozulmalara gaýtadan ýol berlen mahaly bolsa iki esse möçberinde;
ätiýaçlandyrylýanyň öňünde ýerine ýetirmek mümkinçiliklerinden artyk möçberlerde borçnamalaryň
3. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministrligi ätiýaçlandyrylýanlardan şu bozulmalar üçin jerimeleri almaga haklydyr:
ätiýaçlandyrylýanlaryň Türkmenistanyň territoriýasynda ätiýaçlandyrma işini amala aşyrmak üçin lisenziýasy bolmadyk ätiýaçlandyryjy guramalar bilen ätiýaçlandyrma şertnamalaryny baglaşandygy anyklanylanda ätiýaçdandyrma töleginiň möçberinde;
döwlet tarapyndan hökmany suratda ätiýaçlandyrmaga degişli bolan ätiýaçlandyrma obýektleriniň ätiýaçlandyrma goragy üpjün edilmände - iş hakynyň ortaça derejesiniň on essesi möçberinde, şol obýektleriň ätiýaçlandyrma goragy bir aýyň dowamynda soňra hem üpjün edilmände bolsa iş hakynyň ortaça derejesiniň ýigrimi essesi möçberinde.
4. Türkmenistanyň ätiýaçlandyrma kanunlarynyň bozulmagy üçin ätiýaçlandyryjy guramalardan (ätiýaçlandyryjylardan, gaýtadan ätiýaçlandyryjylardan), ätiýaçlandyrma brokerlerinden we ätiýaçlandyrylýanlardan jerimeleri almak döwlet salgyt inspeksiýasynyň, organlary tarapyndan Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetine Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministriniň ýa-da onuň orunbasarynyň buýrugy esasynda ýazyp bermesiz tertipde geçirilýär.
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we maliýe ministriniň (Ministriň orunbasarynyň) buýrugy ýerine ýetirilmegi üçin 5 gün möhletde döwlet salgyt inspeksiýasynyň degişli organyna we kopiýasy jerimeler alynýan ätiýaçlandyryjy gurama (ätiýaçlandyryja, gaýtadan ätiýaçlandyryja), ätiýaçlandyrma brokerine, ätiýaçlandyrylýana iberilýär we alnan gününden başlap 2 hepde möhletde ýerine ýetirilmelidir.
Buýruk barada ol alnan günden başlap 10 gün möhletde sud teribinde şikaýat edilip bilner. Şikaýat berlen mahaly buýrugy ýerine ýetirmek sud çözgüdi