Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýän ätiýaçlandyryş görnüşleriniň SANAWY

15.09.2022

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ

K A R A R Y

 

“26” mart 2020 ý.                          № 1719                                           Aşgabat ş.

100.010.040

030.150.010

 

Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş

kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýän

ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawyny

tassyklamak hakynda

 

(Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2020 ý., № 3, 1505-nji madda)

 

Türkmenistanda ätiýaçlandyryş ulgamyny düzgünleşdirmegi kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 41-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp bilýän ätiýaçlandyryş görnüşleriniň sanawyny tassyklamaly (goşulýar).

2. Şu kararyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri hem-de Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy gözegçilik etmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                               Gurbanguly

       Prezidenti                                                              Berdimuhamedow

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň Prezidentiniň

2020-nji ýylyň 26-njy martynda çykaran

1719-njy karary bilen tassyklandy

 

 

Türkmenistanyň ýuridik şahslarynyň daşary ýurt ätiýaçlandyryş

kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşyp

bilýän ätiýaçlandyryş görnüşleriniň

SANAWY

 

Daşary ýurtlara alnyp gidilýän we daşary ýurtlardan getirilýän ýükleri meýletin ätiýaçlandyryş;

Eksport karzlaryny meýletin ätiýaçlandyryş;

Daşary ýurt pulunyň töwekgelçiligini meýletin ätiýaçlandyryş;

Kosmos işini meýletin ätiýaçlandyryş.