Emlägi meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň Baş direktorynyň
2021-nji ýylyň 04-nji iýunynda çykaran
60 belgili buýrugy bilen tassyklandy
Emlägi meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
I bap. Umumy düzgünler
1. Emlägi meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk-Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1684-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
2. Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň ýuridik şahslary we ýuridik şahslary döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary we Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän we öz işini amala aşyrýan daşary ýurt ýuridik şahslarynyň, olaryň şahamçalaryny we wekilliklerini goşmak bilen (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýan) emlägi meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk-ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.
3. Şu Kadalaryň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ulanylýan esasy düşünjeler:
1) bähbit görüji - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
2) ätiýaçlandyrýan - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki we ýuridik şahs;
3) ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan döwlet ätiýaçlandyryş guramalary, ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;
4) ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) – ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;
5) ätiýaçlandyryş halaty – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka;
6) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi - ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
7) ätiýaçlandyryş pul möçberi - ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
8) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy - ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;
9) ätiýaçlandyryş şertnamasy - ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň tölenilmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýerine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki we ýuridik şahslaryň emläk we beýleki bähbitleriniň goralmagynyň tertibi we şertleri bellenilýär;
10) franşiza - umumy zyýanyň bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zyýanyň öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zyýanyň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zyýany doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zyýandan aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;
11) sanly hyzmatlar - elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat- telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly edilýän hyzmat.
4. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu kadalara ters gelmeýän başga şertleri bolup biler.
II bap. Ätiýaçlandyryşyň obýekti
5. Ätiýaçlandyrýanyň şu aşakdaky emläklere eýelik etmegi, peýdalanmagy we oňa ygtyýar etmegi bilen bagly bolan emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýektleri bolup durýar:
1) binalar (önümçilik, edara ediş durmuş-medeni maksatly we jemgyýetçilikde peýdalanylýan jaýlar we beýlekiler);
2) desgalar (diňler, bogaldaklar, agregatlar we beýleki önümçilik – tehnologiki enjamlar);
3) inženerçilik we önümçilik – tehnologiki enjamlary (birleşmeler, ulgamlar, elektron-hasaplaýyş tehnikasy, abzallar, geçiriji we güýç beriji enjamlar, beýleki mehanizmler we esbaplar);
4) hojalyk jaýlary (ulag jaýlary, zat saklanýan jaýlar, ammarlar, bassyrmalar, ýapyk meýdançalar, germewler we başgalar);
5) binadaky aýratyn otag ýa-da jaý aýry jaýlar (laboratoriýalar, otaglar, sehler we ş.m. zatlar);
6) gurluşygy tamamlanmadyk desgalar;
7) enjamlar we tehnologiki enjamlaşdyrmalar;
8) interýere degişli bolan zatlar, mebeller;
9) haryt-maddy gymmatlyklar (harytlar, çig mal, serişdeler).
Emlägiň ählisi ýa-da bir bölegi ätiýaçlandyrylyp biliner.
6. Şu aşakdaky görkezilen zatlar, taraplaryň aýratyn ylalaşygy boýunça goşmaça ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek arkaly we goşmaça şertleriň esasynda ätiýaçlandyrylyp bilner:
1) milli we daşary ýurt pulundaky nagt pullar;
2) paýnamalar, obligasiýalar we beýleki gymmatly kagyzlar;
3) golýazmalar, meýilnamalar, çyzgylar we beýleki resminamalar, buhgalteriýa we iş kitaplary;
4) gymmat bahaly guýma metallar we gymmat bahaly gapsyz daşlar;
5) kompýuter we şoňa meňzeş ulgamlardaky tehniki maglumat saklaýjylar, ýagny magnit plýonkalary we kassetalar, magnit diskler, ýat bloklary we ş.m.;
6) markalar, teňňeler, pul belgileri we bonlar, suratlar, heýkeller ýa-da beýleki kolleksiýalar, sungat eserler;
7) partlaýan we partlaýyşa howply zatlar (benzin, dizel ýangyjy, ýag, gaz we ş.m.);
8) ätiýaçlandyrylan ýerdäki, emma ätiýaçlandyrýana degişli bolmadyk emläk.
7. Şu aşakdaky şertlerde bolan emläkler ätiýaçlandyryşa kabul edilmeýär:
1) beýleki ätiýaçlandyryş kadalarynyň şertleri boýunça ätiýaçlandyryşa kabul edilýän emläkler;
2) heläkçilik ýagdaýyndaky desgalar we binalar, gurluş parçalary we inžener ulgamlary, şeýle hem olaryň içinde ýerleşýän emläkler;
3) ýer opurylma, suw alma, süýşgün we beýleki tebigy betbagtçylyk howpy abanýan ýerlerdäki, şeýle hem kesgitlenen teripde harby hereketleri yglan edilse, yglan edilen wagtyndan bu ýerde ýerleşýän emläk, eger bu howp hakynda şertnama baglaşylmanka yglan edilen bolsa;
8. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça önümçilik işiniň togtamagy sebäpli çekilen zyýany ätiýaçlandyrylyp bilner. Önümçilik işiniň togtamagy sebäpli çekilen zyýanyň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça 1-nji goşmaça şertler şu kadalarda kesgitlenen (şu Kadalara 1-nji goşundy).
III bap. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri we ätiýaçlandyryş halatlary
9. Ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi bolup durýar.
10. Şu Kadalara laýyklykda, baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryjy şu aşakdaky ätiýaçlandyryş halatlary netijesinde emläge zyýan ýetmeginden ýa-da onuň ýok bolmagyndan ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýär:
1) ýangyn (partlama, ýyldyrym urmagy, gazyň partlamagy, bug gazanlarynyň, gaz geçirijileriň, maşynlaryň we beýleki şoňa meňzeş gurluşlaryň ýarylmagy);
2) ogurlyk, ynanylan emlägiň eýelenmegi ýa-da harç edilmegi, talaňçylyk, garakçylyk we üçünji taraplaryň emlägi ýok etmegi ýa-da zaýalanmagy bilen bagly hereketleri;
3) tebigy betbagtçylyklar: ýer titremegi, wulkan atylmagy, ýerasty oduň täsiri, toprak süýşmegi, ýeriň çökmegi, dag opurylmagy, tupan, ýel, harasat, tüweleý, suw basmagy, sil, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk galmagy, güýçli ýagyşyň ýagmagy ýa-da galyň garyň düşmegi;
4) betbagtçylykly hadysalar: suw geçirijileriň, lagym, ýyladyş ulgamlarynyň we ýangyn söndüriji ulgamlarynyň suwundan ätiýaçlandyrylan emläge zyýan ýetmegi, daş gaçmagy, goňşy jaýlardan suwyň syzyp geçmegi, penjire aýnalarynyň, ýüz görülýan aýnalaryň we witrinalaryň döwülmegi;
5) emlägiň üstüne dolandyrylýan uçarlaryň gaçmagy ýa-da olaryň döwülen bölekleriniň gaçmagy, ulag serişdeleriň urmagy.
Önümçilik işiniň togtamagy sebäpli çekilen zyýan - ätiýaçlandyryş halaty sebäpli önümçilikde alyp barylýan işiň arasynyň kesilmegi bilen doly alynmadyk (elden gidirilen) girdejileri kärhananyň alyp barýan işinde önümçilik işiniň togtamagyndan ýeten zyýan diýip hasaplanýar.
11. Ätiýaçlandyryjy emläge zyýan ýeten halatynda onuň öňüni almak ýa-da zyýany azaltmak maksady bilen, ätiýaçlandyrýanyň (bähbit görüjiniň) maksada laýyk we ýerlikli eden çykdajylaryny töleýär. Bu çykdajylar üçin ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) zyýan ýeten ýa-da ýok bolan emlägiň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) bilen birlikde ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary geçmeli däldir.
12. Şu aşakdakylar ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir:
1) islendik görnüşdäki harby hereketler, halk tolgunyşyklary, iş taşlaýyşlar,;
2) ýadro energiýasynyň islendik görnüşdäki täsiri.
IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi
13. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägini kesgitleýän pul möçberidir. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylan pursatyndaky emlägiň balans ýa-da bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alnyp taraplaryň ylalaşmagy boýunça kesgitlenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberi onuň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan pursatyndaky hakyky bahasyndan ýokary bolup bilmez. Ätiýaçlandyryşyň esasy we goşmaça görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberleri aýratynlykda bellenilýär.
Önümçilik işiniň togtamagyndan çekilen zyýanyň jogapkärçiliginiň aňryçäk döwri, şeýle hem ätiýaçlandyryş pul möçberi taraplaryň ylalaşygy boýunça bellenilip bilner. Jogapkärçiligiň aňryçäk döwri 12 (on iki) aýdan ybaratdyr.
14. Emlägiň hakyky bahasy şeýle kesgitlenilýär:
1) enjamlar, maşynlar, inwentar we başga ulanylýan zatlar üçin könelmegini hasaba almak bilen, oňa meňzeş enjamyň, emlägiň bahasyndan ugur alyp;
2) binalar we desgalar üçin binanyň ýa-da desganyň könelmegini we ulanyş-tehniki ýagdaýyny hasaba almak bilen, şol ýerde oňa doly meňzeş binalary gurmagyň bahasyndan ugur alyp;
3) öndürýän (önümçiligi tamamlanmadyk, şeýle hem taýýar) harytlar üçin zerur bolan önümçilik harajatlaryndan, emma olaryň satylýan bahasyndan ýokary bolmadyk bahadan ugur alyp.
15. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberi emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan ýokary geçýän bolsa, onda şertnamanyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň emlägiň şertnama baglaşylan pursatyndaky hakyky bahasyndan ýokary geçýän bölegi hakyky däl diýlip hasap edilýär.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrylan emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan pes bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyna bolan gatnaşygyna deňeçerlikde kemelýär.
Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň hakyky bahasyna gabat gelmegi her bir ätiýaçlandyrylan emläk boýunça ýa-da emlägiň jemi boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda kesgitlenilýär.
Ähli ýagdaýlarda çekilen zyýan boýunça tölemeli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) göz öňünde tutulan çykdajylary hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolmaly däldir.
16. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenenden soň onda görkezilen möhlete çenli şertnamada şertleşilen ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri tölenen pul möçberiniň arasyndaky tapawudyň möçberinde güýjüni saklaýar. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) doly ätiýaçlandyryş pul möçberinde tölenen bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi bes edilýär.
Emläk täzeden dikeldilende ýa-da zyýan ýeten emlägiň ornuna başgasy alnanda ätiýaçlandyrýan goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak bilen, ilkibaşky ätiýaçlandyryş pul möçberini dikeltmäge hukugy bardyr.
V bap. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)
17. Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberine, nyrh möçberine, ätiýaçlandyryş möhletine laýyklykda bellenilýar.
18. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 (üç ýüz altmyş bäş) güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu bölegiň 1-nji tesimine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.
Hasaplaşygyň şolar ýaly usuly goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda hem ulanyp ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
19. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyl we ondan köp möhletde baglaşylan mahaly ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) möhletlere bölüp tölemäge hukugy bardyr: 50 (elli) göterimini şertnama baglaşylanda, 50 (elli) göterimini şertnamanyň hereketi başlandan soň 3 (üç) aýdan gijä galman tölenýär.
Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy birnäçe ýyla baglaşylan mahaly ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) her ýyl üçin töläp biler.
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň anyk tertibi we möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenýär.
20. Eger ätiýaçlandyryş şertleri bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenen pulunda tölenilýär.
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.
21. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
22. Eger ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen möçberde we möhletlerde geçirilmese, ätiýaçlandyryjy şonuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.
Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegini gijikdirse, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
Eger ätiýaçlandyrýan bölekleýin tölemek barada karara gelen bolsa we ikinji tölegini tölemän ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan bolsa, onda ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) ikinji bölegi tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberinden (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden) tutup alynýar.
23. Ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) düzüminde onuň gaýtarylyp berilýän bölegi göz öňünde tutulyp bilner, ol ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti tamamlanandan soň ätiýaçlandyrylýana tölenilýär. Ätiýaçlandyryş gatanjyndan (ätiýaçlandyryş baýragyndan) gaýtarylyp berilmeli möçberi 15 (on bäş) göterime çenli ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilip biliner.
VI bap. Ätiýaçlandyryş nyrhyny kesgitlemegiň tertibi we
ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi
24. Ätiýaçlandyryş nyrhy bir ýyldan ugur alnyp kesgetlenen we bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerine (şu Kadalara 2-nji goşundy) laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda töwekgelçiligiň derejesine, emlägiň görnüşine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji we ýokarlandyryjy koffisiýentler ulanylyp biliner.
Peseldeji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýent ulanylan mahaly, ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilmeli.
VII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi
25. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak boýunça arzasynyň (şu Kadalara 3-nji goşundy) ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde ýüz tutmasy we emlägiň sanawy esasynda (şu Kadalara 3-nji “a” goşundy). Arzada ätiýaçlandyryşa hödürlenilýan gozgalýan we gozgalmaýan emläkler barada ähli zerur maglumatlar bolmalydyr. Arza ätiýaçlandyryja gowşurylandan soň ol ätiýaçlandyryş şertnamasynyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar.
26. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe, ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylan wagtynda ätiýaçlandyrylan emläk hakynda görnetin nädogry maglumatlary habar berendigi we şonuň netijesinde howply ýagdaýlar hakynda habar bermändigi ýüze çykarylsa 1 (bir) aýyň içinde ätiýaçlandyryş şertnamasyny bozmaga hukugy bardyr.
27. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşa kabul edilýän emlägiň töwekgelçiligine degişli ähmiýeti bolan, özüne belli bolan ýagdaýlar barada habar bermäge borçludyr. Şeýle-de, ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrylan emlägi gözden geçirmäge mümkinçilik bermäge we töwekgelçiligiň derejesini kesgitlemek maksady bilen, ätiýaçlandyrylýan emläk babatda ätiýaçlandyryjynyň onuň öňünde goýan ähli soraglaryna jogap bermäge borçludyr.
28. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana Emlägi meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (şu Kadalara 4-nji goşundy) we emlägiň sanawyny (şu Kadalara 4-nji “a” goşundy) berýär.
Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:
1) nagt däl görnüşinde tölenilende, ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna gelen güni;
2) nagt görnüşinde tölenilende, ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.
29. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga haky bardyr.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda bähbit görüji görkezilen bolsa, şonda şu kadalarda görkezilen ätiýaçlandyrýana degişli borçnamalar bähbit görüjä hem degişlidir.
30. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.
31. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyrylan emlägi gözden geçirmek üçin ätiýaçlandyryja mümkinçilik bermeli we töwekgelçiligiň derejesini kesigitlemek maksady bilen, ätiýaçlandyrylan emläk bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryjy tarapyndan goýulan ähli soraglara jogap bermeli. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrylýan emlägi gözden geçirmäge rugsat bermese ätiýaçlandyryjy şertnama baglaşmakdan boýun gaçyryp bilýär.
32. Ätiýaçlandyryş şertnamasyna üýtgetmeler ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň özara ylalaşygy bilen, taraplaryň haýsynyň hem bolsa biriniň arzasy esasynda, arzany beýleki tarapyň alan pursatyndan başlap bir aý dowamynda girizilip bilner we taraplaryň goşmaça ylalaşygy bilen resmileşdirilýar.
33. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyrylan emläk satylan, çalşylan, sowgat edilen, kärendesine berlen ýa-da başga aýrybaşgalanan halatynda bu barada ätiýaçlandyryja habar bermelidir, ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda şol emlägi alan adama geçip biler.
34. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandan soň ätiýaçlandyrýanyň töwekgelçiligiň derejesini ýokarlandyrýan hereketleri etmäge ýa-da oňa ýol bermeli däldir. Eger oňa töwekgelçiligiň derejesini ýokarlandyryp biljek ýagdaýlar aýan bolsa, ol haýal etmän bu barada ätiýaçlandyryja habar bermelidir.
35. Eger ätiýaçlandyrýan 33-nji we 34-nji böleklerde görkezilen öz borçnamalaryny berjaý etmese, ätiýaçlandyryjynyň kesgitlenen bir aýlyk möhleti berjaý etmek bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasyny bozmaga hukugy bardyr. Eger ätiýaçlandyryş halaty boýunça habar bermek borjunyň bozulmagynyň netijesi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna täsir eden bolsa, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylýar.
36. Ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň ýokarlanandygyna ýa-da ýokarlanmandygyna garamazdan, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrylan emlägiň ýagdaýyny we gymmatyny barlamaga, şeýle hem özüne ätiýaçlandyrýan tarapyndan habar berlen maglumatlaryň dogrudygyny barlamaga hukugy bardyr.
37. Gozgalýan emläk diňe ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş ýerinde ätiýaçlandyrylan hasap edilýär. Ätiýaçlandyrylan emlägi başga ýere geçirmeklik ätiýaçlandyryjynyň ylalaşygy boýunça amala aşyrylmalydyr. Şu ýagdaýda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjynyň ýazmaça tassyklamasyny almaga borçludyr, eger ýazmaça görnüşdäki ylalaşyk bolmasa, şol emläk ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilmeýär. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrylan emlägiň ýeriniň üýtgedilmeginiň netijesinde töwekgelçiligiň derejesiniň üýtgemegi sebäpli ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberini täzeden hasaplamaga we goşmaça pul möçberiniň tölenmegini talap etmäge hukugy bardyr.
38. Eger emläk birnäçe ätiýaçlandyryjyda, umumylykda alnanda, emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan (goşa ätiýaçlandyryş) geçýän möçberde ätiýaçlandyrylan bolsa, onda şol ätiýaçlandyryş boýunça ähli ätiýaçlandyryjylardan alynýan ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan ýokary geçmeli däldir. Şunda ätiýaçlandyryjylaryň her biri öz baglaşan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberine deňeçer tölegi geçirýär.
VIII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti
39. Ätiýaçlandyryş şertnamasy 1(bir) aýdan 1(bir) ýyla çenli we ondan hem köp möhletlere baglaşylyp bilner.
40. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi-şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi-möhletiniň iň soňky güni sagat 24-de).
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.
41. Emläk diňe ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen salgyda ätiýaçlandyrylan hasap edilýär.
IX bap. Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak
42. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.
Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.
Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.
Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.
Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertleri we ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.
X bap. Ätiýaçlandyryjynyň borçlary we hukuklary
43. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:
1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;
2) ätiýaçlandyrýan tarapyndan görlen çäreleriň netijesinde, şeýle hem ätiýaçlandyrýanyň çalşyrylmagy bilen baglanyşykly, ätiýaçlandyrylan emlägiň bahasy ýokarlanan mahaly ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň peselmegi ýa-da onuň ýetirip biläýjek zyýanynyň möçberiniň üýtgemegi sebäpli, ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga;
3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde ätiýaçlandyrýana ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;
4) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.
Türkmenistanň kanunçylygynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
44. Ätiýaçlandyryjy şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga, şeýle hem olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;
2) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;
3) ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty bilen ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak hakyndaky gepleşiklere girişmäge, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlaryny hem-de sebäplerini we/ýa-da ýetirilen zyýanyň möçberini anyklamak boýunça çäreleri görmäge;
4) ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin ätiýaçlandyryş obýektiniň barlagyny geçirmäge ýa-da garaşsyz bilermeni bu işe çekmäge;
5) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş halatynyň sebäbini kesgitlemek üçin zerur bolan islendik maglumatlary talap etmäge.
XI bap. Ätiýaçlandyrýanyň borçlary we hukuklary
45. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:
1) ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyrylan obýekt boýunça borçnamalara baha kesmek üçin özüne mälim möhüm ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň ählisi barada, şeýle hem ätiýaçlandyrylan emläk bilen bolup geçen islendik düýpli
özgeriş (oňa bolan eýeçilik hukugyny hem goşmak bilen), şonuň ýaly-da onuň zaýalanmak ýa-da ýok bolmak howpunyň artýanlygy barada ätiýaçlandyryja habar bermäge. Soňky ýagdaýda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberiniň köpeldilmegini talap etmäge ýa-da birtaraplaýyn tertipde ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmäge haky bardyr;
2) ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) bellenilen tertipde tölemäge;
3) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;
4) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;
5) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
46. Ätiýaçlandyrýanyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyşmaga;
2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge;
3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga;
4) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly onuň öwezligini almaga.
XII bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini
doluş tölegini) kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi
47. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan (bähbit görüji) şu aşakdakylara borçludyr:
1) islendik zyýan barada soňra anyk hasaplamany we zyýanyň ýazgysyny bermek bilen, haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek barada arza (şu Kadalara 5-nji goşundy) ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde ätiýaçlandyryja, şeýle hem degişli edaralara habar bermäge;
2) zyýanyň öňüni almak üçin, ony azaltmak üçin, ätiýaçlandyrylan emlägi halas etmek üçin mümkin bolan ähli çareleri görmäge we eger mümkin bolsa, ätiýaçlandyrýan (bähbit görüji) ätiýaçlandyryjydan ýerine ýetirmäge degişli gozükdirmeleri soramaga;
3) ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekillerine zyýan çeken emläge seretmage ýa- da ony öwrenmäge, zyýanyň sebäbine we möçberine degişli derňew geçirmäge, ätiýaçlandyrylan emlägi halas etmek ýa-da zyýany azaltmak üçin geçirilýän çärelere gatnaşmaga mümkinçilik döretmäge;
4) ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça oňa ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyrylan emlägiň zyýan ýetmeginiň ýa-da ýok bolmagynyň sebäplerini we möçberini öwrenmek üçin gerekli ähli maglumatlary habar bermäge;
5) gozgalýan emläge, enjamlara we ammardaky harytlara zyýan ýetende, ýok bolanda ätiýaçlandyryja zyýan ýeten, ýok bolan ýa-da ýitirilen emläk baradaky ýazgylaryny bermäge. Ýazgylar ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşylan we ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen möhletde, ýöne islendik halatda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan günden başlap bir aýdan gijä galynman berilmelidir. Ýazgylar zyýan ýeten enjamlaryň zyýan ýeten günündäki gymmaty görkezilip düzülýär. Ýazgylary düzmek üçin çykdajylary ätiýaçlandyrýan (bähbit görüji) çekýär;
6) zyýan ýeten emlägi ätiýaçlandyryjynyň wekilleri gözden geçirýänçä, ätiýaçlandyryş halatyndan soňky ýagdaýynda saklamaga.
Howpsuzlyk bilen, zyýanyň möçberini azaltmak bilen baglanşykly ýagdaýda diňe ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşyp ýa-da ätiýaçlandyryja zyýanyň ýetendigi barada habar berlenden iki hepdeden soň ätiýaçlandyrýanyň zyýan ýeten ýeriň ýagdaýyny üýtgetmäge hukugy bardyr.
48. Ätiýaçlandyryş halatyyň ýüze çykmagy bilen, önümçilik işiniň togtamagy sebäpli çekilen zyýanyň möçberini anyklamak üçin ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş halatynyň ýerini gözden geçirmek üçin münkinçilik bermeli. Şol sanda ähli gerekli resminamalary we maglumatlary tassyklaýar we berýär:
1) önümçilik işiniň togtamagy sebäpli çekilen zyýan kärhananyň şertlendirilen maddy zyýanyň möçberini;
2) önümçilik işiniň togtamagy sebäpli çekilen zyýanyň netijesinde kärhanada emele gelen maliýe çykdajylaryň möçberini.
Ýokarda agzalan resminamalar we maglumatlar berilmese ätiýaçlandyryjy, tassyklanmadyk zyýanyň böleginiň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden ýüz dönderip biler.
49. Ätiýaçlandyryjynyň we onuň wekiliniň gerekli çäreler we görkezmeler kabul edip, ätiýaçlandyrylan emlägi halas etmäge we gorap saklamaga gatnaşmaga hukugy bardyr, ýöne ätiýaçlandyryjynyň we onuň wekilleriniň bu hereketi özüniň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek borjuny boýnuna alandygyny aňlatmaýar. Eger ätiýaçlandyrýan (bähbit görüji) bu işleri etmäge päsgel berse, päsgel bermeginiň netijesinde zyýanyň möçberiniň köpelen ölçegine baglylykda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) azaldylýar.
50. Ätiýaçlandyryjynyň wekiliniň ätiýaçlandyrýanyň (bähbit görüjiniň) zyýan barada habaryna garaşmazdan zyýan ýeten emlägi gözden geçirmäge hukugy bardyr. Ätiýaçlandyrýanyň (bähbit görüjiniň) bu gözden geçirişe päsgel bermäge haky ýokdur.
51. Zyýanyň sebäbi we möçberi doly kesgitlenenden soň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenmäge degişlidir. Ätiýaçlandyrýan (bähbit görüji) ätiýaçlandyryja zyýanyň sebäbini we möçberini kesgitleýän zerur resminamalary, degişli guramalaryň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy baradaky netijenamasyny gowşurmaly.
52. Zyýanyň möçberi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhatynyň (şu Kadalara 6-njy goşundy) esasynda ýa-da degişli
edaralaryň berýän hasaplamasynyň esasynda kesgitlenýär we şoňa laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenýär.
53. Zyýanyň sebäbi we möçberi barada taraplaryň arasynda jedel ýüze çykanda, her bir tarapyň seljerme geçirmegi talap etmäge hukugy bardyr. Seljerme, onuň geçirilmegini talap eden tarapyň hasabyna geçirilýär. Eger seljermäniň netijesinde ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmagy esassyz bolup çyksa, onda ätiýaçlandyryjy agzalan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemeli we bu ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) seljermeden öňki boýun gaçyrylan ätiýaçlandyryş pul möçberine (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegine) bolan gatnaşygyna görä seljermäniň töleginiň bölegini tölemelidir.
54. Aşakdaky halatlarda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi gaýra goýmaga hukugy bardyr:
1) ätiýaçlandyrýanyň almaly ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almalydygyna hukuk ygtyýaryna şübhe dörese - zerur subutnamalar alynýança;
2) ätiýaçlandyrýanyň (bähbit görüjiniň) ýa-da onuň ygtyýarly wekiliniň garşysyna degişli edaralar tarapyndan jenaýat işi gozgalan bolsa we zyýanyň emele gelmegine getiren halatlaryň derňewi geçirilýän bolsa, şol iş boýunça kazyýetiň degişli çözgüdi kanuny güýje girýänça.
55. Ätiýaçlandyrýanyň (bähbit görüjiniň) ätiýaçlandyryş halatyndan soň galan emläginden (zaýa bolan hem bolsa) boýun gaçyrmaga hukugy ýokdur. Galan emlägiň gymmaty ätiýaçlandyryş pul möçberinden (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden) aýrylmaga degişlidir.
Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen töwekgelçilikler boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda gözden geçirmeleriň, hasaplamalaryň we geçirilýän seljermeleriň çykdajylaryny tölemegiň şertleri gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenýär
56. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) aşakdaky şertlerde tölenýär:
1) emläk doly ýok bolanda - onuň hakyky gymmatyndan galyndylaryň bahasynyň aýrylan mukdarynda;
2) emläge bölekleýin zyýan ýetende - dikeldiş çykdajylarynyň möçberinde, ýagny ätiýaçlandyrylan emlägiň ätiýaçlandyryş halatynyň öň ýanyndaky ýagdaýyny dikeltmek üçin çykdajylaryň möçberinde.
Dikeldiş harajatlaryna ätiýaçlandyrylan desgany özgertmek ýa-da gowulandyrmak üçin goşmaça harajatlar girmeýär.
Ähli halatlarda tölenýän ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolmaly däldir.
Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) tölemek derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň hökmany suratda berýän resminamalarynyň hem-de netijenamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.
Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) tölemek, ätiýaçlandyrýan tarapyndan hemme zerur resminamalar berlenden soň 15 (on bäş) iş günüň dowamynda amala aşyrylýar.
XIII bap. Howpsuzlyk kadalarynyň bozulmagy
57. Eger ätiýaçlandyrýan (bähbit görüji) ýa-da olaryň wekili ätiýaçlandyrylan emläge degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bellenen ýangyn howpsuzlygynyň, tiz ot alýan we partlaýjy maddalaryň we zatlaryň, jaýlaryň we gymmatlyklaryň gorag kadalarynyň, arassaçylyk-tehniki howpsuzlygyň, işleri geçirmegiň howpsuzlygynyň kadalaryny we ölçeglerini ýa-da şulara kybapdaş ölçegleri bozsa ýa-da bozulmalar ätiýaçlandyrýanyň (bähbit görüjiniň) ygtyýar bermeginde amala aşyrylsa, ätiýaçlandyryjy bozulmalar barada özüne belli bolan pursatdan soň bir aýyň dowamynda anyklanan bozulmalar düzedilýänçä şertnamany togtatmaga hukugy bardyr.
58. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna gönüden-göni ätiýaçlandyrylan emläk babatynda howpsuzlygyň ölçegleriniň bozulmagy sebäp bolan bolsa, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmaga hukugy bardyr. Eger bu ölçegleriň bozulmagy zyýanyň ýüze çykmagy bilen baglanşykly bolmasa we ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda onuň öňüni almaga ýa-da ony ýok etmäge päsgel bermedik bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenmelidir.
XIV bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi
59. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:
1) hereket edýän möhleti geçende;
2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;
3) şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;
4) ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň işi togtadylanda, bes edilende ýa-da ol ýatyrylanda;
5) ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça möhletinden öň bes edilip bilner.
Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) dolulygyna gaýtaryp berýär.
Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.
60. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda, ýöne ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen bolsa, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik berlenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.
Ähli ýagdaýlarda öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär. Öwezlik berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ätiýaçlandyryjynyň buýrugy bilen hakyky däl diýlip hasap edilýär we ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça hiç bir ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär diýip görkezilýär. Bu barada ätiýaçlandyryjy degişli guramalara habar edip biler.
XV bap. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden
boýun gaçyrylmagy
61. Ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden ýüz döndermäge haklydyr:
1) ätiýaçlandyrýanyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde;
2) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanşykda durýan bolsa;
3) ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada öz wagtynda habar bermese we şonuň netijesinde ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň resminamalary bilen tassyklanmasa ýa-da zyýanyň möçberini, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklamak mümkin bolmasa.
XVI bap. Ýetirilen zyýan üçin jogapkär adam babatda ätiýaçlandyrýanyň
hukuklarynyň ätiýaçlandyryja geçmegi
62. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ýetirilen zyýan üçin ätiýaçlandyrýanyň ýa-da üçünji bir şahsyň öňünde jogapkär adamdan regres talabyň hukugy şol pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölän ätiýaçlandyryja geçýär.
63. Eger ätiýaçlandyrýan görkezilen şol şahsa talaplary bildirmekden ýa-da şol talaplaryň ýerine ýetirmegi üpjün edýän hukuklardan boýun gaçyrsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň üçünji bir şahsdan tutulyp alynjak bölegini tölemekden boşadylýar.
64. Eger ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň peýdasyna ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi geçirilýän şahs ýetirilen zyýan üçin jogapkär şahsdan zyýanyň öwezini doluş tölegini doly alan bolsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini amala aşyrmakdan boşadylýar. Günäkär tarapyndan zyýanyň öwezi bölekleýin dolunan ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy, olaryň günäkärden alan pul möçberini hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini töleýär.
XVII bap. Jedelleri çözmek
65. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
66. Nägilelikler Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen hak isleg bildirmek möhletiniň çäklerinde bildirip bilner.
1-nji goşundy
Önümçilik işiniň togtamagy sebäpli çekilen zyýanyň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça 1-nji goşmaça şertler
1. Şu Önümçilik işiniň togtamagy sebäpli çekilen zyýanyň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça 1-nji goşmaça şertlere (mundan beýläk-şertler) laýyklykda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamalar boýunça ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde çekilen zyýan sebäpli önümçilik işiniň togtamagyny ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edýär.
2. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) hasaplamasynyň we tölemegiň tertibi ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenilýär. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) nagt däl we nagt görnüşinde amala aşyrylýar.
Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberine, nyrh möçberine, ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine bagly bolup durýar we emlägi meýletin ätiýaçlandyryş boýunça bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberine (şu Kadalara 2-nji goşundy) laýyklykda bellenilýär.
3. Eger ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen önümçiligi ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde dörän maddy zyýan sebäpli doly ýa-da bölekleýin bes edilýän bolsa önümçilikde togtama başlandygy hasaplanýar.
Önümçilik işiniň togtamagy sebäpli çekilen zyýan – bolup geçýän bökdençliklere garamazdan, alyp barylýan işinde doly alynmadyk (elden gidirilen) girdejileri, şeýle hem kärhananyň hemişelik çykdajylary kärhananyň alyp barýan işinde bökdençliklerden ýeten zyýan diýip hasaplanýar.
Ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda, ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge degişli bolan ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ätiýaçlandyrylan obýektiň zaýalanmagy ýa-da ýok bolmagy maddy zyýan hasaplanýar.
4. Önümçilik işiniň togtamagy şu aşakdaky sebäplere görä ýüze çykan ýagdaýynda hem ondan ýeten maddy zyýan üçin ätiýaçlandyryş goragy berilýär:
1) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan pursaty ätiýaçlandyrýan tarapyndan hojalyk maksatlary boýunça ulanylýan we ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezlen territoriýanyň çäklerinde bolan, ätiýaçlandyrýana degişli bolmadyk, ýöne kärende, lizing, karz almak ýa-da wagtlaýyn peýdalanmak ylalaşygyna görä uzak möhletleýin ulanmaga (12 (on iki) aýdan köp möhlete) alnan önümçilik desgalaryň ýa-da gozgalýan emlägiň zaýalanmagy ýa-da ýok bolmagy;
2) ätiýaçlandyrýan tarapyndan önümçilik, hojalyk we şuňa meňzeş beýleki maksatlar bilen ulanylýan, ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş territoriýasynyň çäklerinde ýerleşýän jaýlaryň, binalaryň zaýalanmagy ýa-da ýok bolmagy, hat-da şeýle binalar, jaýlar ätiýaçlandyrýana degişli bolman, kärendä almak we şuňa meňzeş beýleki ylalaşyklara laýyklykda ulanylýan ýagdaýynda hem, ýöne ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan pursatynda ätiýaçlandyryş territoriýasynda ýerleşýän beýleki ähli emläklere önümçilik işiniň togtamagy netijesindäki maddy zyýan üçin ätiýaçlandyryş goragynyň berilmegi göz öňünde tutulan ýagdaýynda.
5. Eger ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde önümçilik işiniň togtamagyna getiren maddy zyýan pul serişdeleriniň, nyşanlaryň (markalaryň), teňňeleriň, pul belgileriniň we bonlaryň, suratlaryň, şekilleriň, heýkelleriň we sungat eserleriniň kolleksiýalarynyň ýa-da beýleki kolleksiýalaryň zaýalanmagy, ýitirilmegi ýa-da ýok bolmagy netijesinde ýüze çykan bolsa, beýle emlägiň ýitgisi ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilmeýär we ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi tölemek göz öňünde tutulmaýar.
6. Önümçilik işiniň togtamagyndan ýitgi şu aşakdakylardan ybarat:
1) ätiýaçlandyrýanyň önümçilikde togtama döwründe ätiýaçlandyrylan hojalyk işini dowam etdirmek boýunça edýan çykdajylary;
2) önümçilik işinde togtama ýüze çykanlygy sebäpli ätiýaçlandyrýanyň şol hojalyk işinden girdejisini ýitirmegi.
7. Hojalyk işini dowam etdirmek boýunça ätiýaçlandyrýanyň sarp edýan çykdajylary – bu ätiýaçlandyrýanyň önümçiligiň togtan döwründe zaýalanan ýa-da ýok bolan emläk dikeldilenden soňra, bes edilen hojalyk işini gysga wagtyň içinde, önümçilik işiniň togtamagyndan öňki möçberinde täzeden başlamagyny dikeltmek üçin hökmany çekýän çykdajylarydyr.
Şeýle çykdajylara aşakdakylar girýär:
1) ätiýaçlandyrýanyň işçileriniň we gullukçylarynyň zähmet haklary;
2) döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy we şuňa meňzeş tölegler;
3) ätiýaçlandyrýanyň öz hojalyk işi üçin kärendesine alan jaýlary, enjamlary ýa-da başga emläkleri üçin kärende tölegleri, eger kärende ylalaşygynyň şertlerine göra kärendä alnan emlägiň zaýalanmagyna, ýok bolmagyna, ýitirilmegine garamazdan kärende boýunça töleg tölemäge borçly edilen bolsa;
4) salgytlaryň we ýygymlaryň kärhananyň hojalyk işiniň netijesine garamazdan salgyt salynmaga degişli edilen görnüşleri;
5) karz ýa-da başga çekilen serişdeler boýunça göterimler, eger şeýle serişdeler ätiýaçlandyrlan hojalyk işiniň maddy zyýan ýetmegi netijesinde önümçilik işiniň togtamagyna getiren bölegine maýa goýum hökmünde çekilen bolsa;
6) kadalara laýyklykda ätiýaçlandyrýanyň kärhanasy üçin bellenen amortizasion tutumy.
8. Ätiýaçlandyrylan hojalyk işiniň girdejisiniň ýitgisi – bu maddy zyýan ýüze çykmadyk ýagdaýynda ätiýaçlandyrýanyň önümçilik togtama döwründe aljak girdejileridir, şol sanda:
1) önümçilik kärhanalarynda önümi öndürmek ýa-da ýerlemek boýunça;
2) hyzmat edişe degişli kärhanalarda – hyzmat etmek boýunça;
3) söwda kärhanalarynda – harydy satmak boýunça;
4) binalaryň we desgalaryň eýelerinde – kärende tölegi boýunça.
9. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda maddy zyýan ýetmegi netijesinde önümçilik işiniň togtamagyna getiren gününden başlap on iki aýyň dowamynda şeýle önümçilik togtamanyň ýitgileri ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün edilýär. Taraplaryň ylalaşygy boýunça jogapkärçiligiň aňryçäk möhleti 1 (bir), 3 (üç), 6 (alty), 9 (dokuz) ýa-da 12 (on iki) aý bellenip bilner.
10. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, onda önümçigiň togtamagy netijesindäki ýitgileri ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan jogapkärçiligiň ähli möhleti üçin ätiýaçlandyrýanyň gündelik çykdajylarynyň we arassa girdejisiniň meýilleşdirilen möçberine laýyklykda bellenilýär. Meýilleşdirilen gündelik çykdajylar we arassa girdeji hasaplama esasynda, ätiýaçlandyryş şertnamasy güýje giren pursatynda ätiýaçlandyrýan tarapyndan kesgitlenýär. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberine tassyklamany soramaga, şol sanda özbaşdak auditor edarasyndan hem soramaga hukugy bardyr.
Şu şertler boýunça umumy tölenen ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolmaly däldir.
11. Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasynda önümçigiň togtamagy netijesindäki ýitgileri ätiýaçlandyrmak boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrýanyň gündelik çykdajylarynyň we arassa girdejisiniň meýilleşdirilen möçberinden pes bellenen bolsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýanyň çeken ýitgileriniň belli bir bölegini, ýagny ätiýaçlandyryş pul möçberiniň hakyky gündelik çykdajylara we/ýa-da arassa girdejilere deň ölçeglilik gatnaşygynda töleýär.
12. Önümçilik işiniň togtamagyna getiren maddy zyýan ýüze çykanda, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) hojalyk işini ýöretmek boýunça edilýän çykdajylaryň we önümçilik togtama döwründe ätiýaçlandyrýanyň şu hojalyk işinden alýan hakyky girdejisiniň möçberine görä hasaplanylýar.
13. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) kesgitlenende maddy zyýan ýetmegi netijesinde önümçiligiň togtamasy ýüze çykmadyk ýagdaýynda ätiýaçlandyrylan hojalyk işiniň gidişine we netijesine täsir edip biljek ähli ýagdaýlar hasaba alynmalydyr.
14. Şu goşmaça şertler boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) hasaplamasy ätiýaçlandyrýanyň buhgalter hasabatynyň maglumatlaryny ulanmak bilen amala aşyrylýar. Ätiýaçlandyrýan hökmany ýagdaýda buhgalter hasabatyny alyp barmaly we ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemekde zerur bolan, ätiýaçlandyryjynyň talap eden ähli buhgalter kitaplaryny ýa-da başga resminamalary bermäge borçludyr. Ondan başga-da ätiýaçlandyrýan resminamalaryň ýok bolmazlygynyň öňüni almak üçin hökmany ýagdaýda soňky üç ýylyň dowamynda esasy serişdeleriniň inwentar ýazgylaryny we balanslaryny saklap galmaly. Ätiýaçlandyrýanyň bu şertleri ýerine ýetirmedik ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemekden boýun gaçyrmaga haky bardyr.
15. Ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda önümçilik işiniň togtamagyndan ýetirilen zyýany azaltmak ýa-da onuň öňüni almak boýunça çykdajylaryň öwezini doluş tölegi aşakdaky ýagdaýlarda amala aşyrylýar:
1) olaryň kömegi bilen ätiýaçlandyryjy tarapyndan tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tolegi) azalýan bolsa.
16. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemäge şu aşakdakylar degişli däl:
1) ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça jogapkärçiligiň aňry çäk möhleti geçenden soňky edilen we ätiýaçandyrýanyň olardan peýda alýan çykdajylary;
2) ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça öwezi dolunmaýan harajatlar;
3) şu şertleriň 8-nji bölegine laýyklykda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden artyk edilen çykdajylar.
Eger-de ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçalandyrýanyň işgärleriniň biri bilgeşleýin ýa-da perwaýsyz hereketleri bilen maddy zyýan ýetirilmegine ýa-da önümçilik işiniň togtamagyna getirýän ýa-da ätiýaçlandyryjyny we onuň wekillerini ýetirilen maddy zyýanyň möçberini ýa-da sebäbini ýüze çykarmakda ýalňyşlyga salan ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden boşadylýar.
17. Önümçilik işiniň togtamagyndan çekilen zyýan boýunça ätiýaçlandyryş goragy diňe ätiýaçlandyrjy bilen baglaşylan esasy ätiýaçlandyryş şertnamasyna goşmaça berilýär.
18. Şu goşmaçada bellenilmedik şertler şu emlägi meýletin ätiýaçlandyryş kadalaryna laýyklykda seredilýär.
2-nji goşundy
Emlägi meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri
(ätiýaçlandyryş pul möçberine göterimlerde)
T/b |
Töwekgelçilikleriň ady |
Nyrh möçberi |
1. |
Ýangyn (partlama, ýyldyrym urmagy, gazyň partlamagy, bug gazanlarynyň, gaz geçirijileriň, maşynlaryň we beýleki şoňa meňzeş gurluşlaryň ýarylmagy).
|
0,2
|
1.1 |
Ogurlyk, ynanylan emlägiň eýelenmegi ýa-da harç edilmegi, talaňçylyk, garakçylyk we üçünji taraplaryň emlägi ýok etmegi ýa-da zaýalanmagy bilen bagly hereketleri.
|
0,1
|
1.2 |
Tebigy betbagtçylyklar: ýer titremegi, wulkan atylmagy, ýerasty oduň täsiri, toprak süýşmegi, ýeriň çökmegi, dag opurylmagy, tupan, ýel, harasat, tüweleý, suw basmagy, sil, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk galmagy, güýçli ýagyşyň ýagmagy ýa-da galyň garyň düşmegi.
|
0,25
|
1.3 |
Betbagtçylykly hadysalar: suw geçirijileriň, lagym, ýyladyş ulgamlarynyň we ýangyn söndüriji ulgamlarynyň suwundan ätiýaçlandyrylan emläge zyýan ýetmegi,daş gaçmagy, goňşy jaýlardan suwyň syzyp geçmegi, penjire aýnalarynyň, ýüz görülýan aýnalaryň we witrinalaryň döwülmegi.
|
0,15
|
1.4 |
Emlägiň üstüne dolandyrylýan uçarlaryň gaçmagy ýa-da olaryň döwülen bölekleriniň gaçmagy, ulag serişdeleriň urmagy.
|
0,1
|
2. |
Önümçilik işiniň togtamagy sebäpli çekilen zyýan üçin
|
0,23
|
Töwekgelçiligiň derejesinden we ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur almak bilen her bir anyk halatda ätiýaçlandyryş nyrhlary kesgitlenilende peseldiji (0,5-den 1,0 çenli) we ýokarlandyryjy (1,0-den 4,0 çenli) koeffisiýentleri ulanylmagy mümkindir.
3-nji goşundy
|
ätiýaçlandyryş guramasynyň ady, hukuk salgysy
Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak boýunça
ARZA
Ätiýaçlandyrýan ________________________________________________________________
(kärhanalaryň ady ýa-da F.A.A.a.)
Hukuk salgysy/telefon belgisi______________________________________________________
Bank maglumatlary ______________________________________________________________
20__ ýylyň ______________ „ _____”-dan 20__ ýylyň________________ „_______” aralygyna
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 20__-njy(i) ýylyň «___»_________- daky ____ belgili buýrugy bilen tassyklanan emlägi meýletin ätiýaçlandyryş kadalary esasynda şertnama baglaşmagy haýyş edýäris.
Töwekgelçiliginiň atlary:
q ýangyn (partlama, ýyldyrym urmagy, gazyň partlamagy, bug gazanlarynyň, gaz geçirijileriň, maşynlaryň we beýleki şoňa meňzeş gurluşlaryň ýarylmagy);
q ogurlyk, ynanylan emlägiň eýelenmegi ýa-da harç edilmegi, talaňçylyk, garakçylyk we üçünji taraplaryň emlägi ýok etmegi ýa-da zaýalanmagy bilen bagly hereketleri;
q tebigy betbagtçylyklar: ýer titremegi, wulkan atylmagy, ýerasty oduň täsiri, toprak süýşmegi, ýeriň çökmegi, dag opurylmagy, daş gaçmagy, tupan, ýel, harasat, tüweleý, suw basmagy, sil, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk galmagy, güýçli ýagyşyň ýagmagy ýa-da galyň garyň düşmegi;
q betbagtçylykly hadysalar: suw geçirijileriň, lagym, ýyladyş ulgamlarynyň we ýangyn söndüriji ulgamlarynyň suwundan ätiýaçlandyrylan emläge zyýan ýetmegi, goňşy jaýlardan suwyň syzyp geçmegi, penjire aýnalarynyň, ýüz görülýan aýnalaryň we witrinalaryň döwülmegi;
q emlägiň üstüne dolandyrylýan uçarlaryň gaçmagy ýa-da olaryň döwülen bölekleriniň gaçmagy, ulag serişdeleriň urmagy;
q önümçilik işiniň togtamagy sebäpli çekilen zyýan üçin.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi ____________________________________________________ manat
Şu arza _______________________________________________________________ goşulýar.
(binanyň, enjamlaryň we emlägiň sanawy)
Emlägi meýletin ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdym we razy
Ätiýaçlandyrýan ________________________
(ýolbaşçynyň goly)
M.Ý. _______________________
(baş hasapçynyň goly)
20__ ýylyň ______________ „_____”
3-nji “a” goşundy
EMLÄGIŇ SANAWY
Ätiýaçlandyrýan ____________________________________________________________________________________________
(kärhananyň doly ady, F.A.A.a.)
T/b |
Binanyň, enjamlaryň, emlägiň ady |
Häsiýetli alamatlary (materialy, reňki, möçberi, kysymy, görnüşi we ş.m. |
Hakyky bahasy (müň man.) |
Ätiýaçlan-dyryş ýeri |
Ätiýaçlandyryş pul möçberi (müň man.) |
Franşiza |
Ätiýaçlandyryş nyrhy |
Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) (müň man.) |
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
7 |
8 |
9 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
Jemi:
Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi _______________________________________________________________
Kärhananyň ýolbaşçysy ___________________________
(F.A.Aa. we goly)
M.Ý.
4-nji goşundy
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy
Emlägi meýletin ätiýaçlandyryş boýunça
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy görnüş 000 №0000000
Ätiýaçlandyryjy (welaýat, şäher, etrap) |
|
Hukuk salgysy/ telefon belgisi |
|
Bank maglumatlary
|
|
Ätiýaçlandyrýan (F.A.A.a., edaranyň, guramanyň we kärhananyň ady) |
|
Hukuk salgysy/ telefon belgisi |
|
Bank maglumatlary
|
|
Bähbit görüji (F.A.A.a. ýa-da kärhananyň ady) |
|
Hukuk salgysy/ telefon belgisi |
|
Bank maglumatlary
|
|
Ätiýaçlandyryş obýekti (emlägiň sanawygoşulýär) |
|
Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri
|
|
Emlägiň hakyky bahasy (san bilen we ýazmaça) |
|
Ätiýaçlandyryş pul möçberi: (san bilen we ýazmaça)
Emlägiň ätiýaçlandyryşy boýunça
Önümçilik işiniň togtamagy sebäpli çekilen zyýanyň ätiýaçlandyryşy boýunça |
|
Ätiýaçlandyryş nyrhy (san bilen we ýazmaça) |
|
Ätiýaçlandyryş gatançlarjy (ätiýaçlandyryş baýraklary): (san bilen we ýazmaça)
Emläk ätiýaçlandyryşy boýunça
Önümçilik işiniň togtamagy sebäpli çekilen zyýan ätiýaçlandyryşy boýunça |
|
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhletleri |
|
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti
|
|
Franşiza (şertli, şertsiz)
|
|
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri
|
|
Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi barada bellik (tölegiň görnüşi (nagt, nag däl), nag däl töleg tabşyrygyň №, senesi) |
|
Beýleki şertler |
|
M.Ýe. Ätiýaçlandyryjy ( F.A.A.a, wezipesi we goly)
|
|
M.Ýe. Ätiýaçlandyrýan (ätiýaçlandyrýanyň F.A.A.a we goly)
|
|
Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym (ätiýaçlandyrýanyň F.A.A.a., we goly) |
|
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň berlen senesi |
|
Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan bu barada ätiýaçlandyryjyny şobada, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryş halaty barada arzany ýazmak bilen habardar etmäge borçludyr, şeýle hem ygtyýarly edaralara şobada habardar etmäge borçludyr.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandan soň ätiýaçlandyrylan emläk bilen islendik üýtgetmeler barada ätiýaçlandyryja habar bermäge;
Eger bu ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça möhletinden öň bes edilip bilner.
4-nji “a” goşundy
EMLÄGIŇ SANAWY
Ätiýaçlandyrýan ____________________________________________________________________________________________
(kärhananyň doly ady, F.A.A.a.)
T/b |
Binanyň,enjamlaryň, emlägiň ady |
Häsiýetli alamatlary (materialy, reňki, möçberi, kysymy, görnüşi we ş.m. |
Hakyky bahasy (müň man.) |
Ätiýaçlan-dyryş ýeri |
Ätiýaçlandyryş pul möçberi (müň man.) |
Franşiza |
Ätiýaçlandyryş nyrhy |
Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) (müň man.) |
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
7 |
8 |
9 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
Jemi:
Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi _______________________________________________________________
M.Ý Ätiýaçlandyryjy:
___________________________ ___________________________________________
(welaýat, şäher, etrap) (F.A.Aa. we goly)
döwlet ätiýaçlandyryş guramasy
Ätiýaçlandyrýan ___________________________________________
(F.a., we goly)
20___ ý._____________aýynyň “ _____ ”
5-nji goşundy
________________________________
(welaýat, şäher, etrap)
döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
________________________________
________________________________
________________________________
(ätiýaçlandyrýanyň ady we hukuk salgysy)
Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini)
tölemek barada A R Z A
____________________________________________________________________ (güni, aýy, ýyly)
bolup geçen _____________________________________________________________________
(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)
sebäpli ______________________________________________________ätiýaçlandyryşy boýunça
ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Arza şu resminamalary goşýar:
_______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
20___ ý._____________aýynyň “ _____ ”
|
___________________________ (Ätiýaçlandyrýanyň goly) |
6-njy goşundy
Ätiýaçlandyryş halaty hakynda
YKRARHATY ______
20___ ýylyň “_______“ ________________
|
welaýatynyň |
||||
|
etrabynyň (şaheriniň) |
||||
|
|||||
(kärhananyň, guramanyň ady) |
|||||
|
ýok edilmegi (zaýalanmagy) hakynda |
||||
(emlägiň görnüşi) ______________________welaýatynyň, etrabynyň (şäheriniň) döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň |
|||||
________________________________________________________________________________ (işgäriň wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady)
|
|||||
tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň 20__ ý.______________ “ _____ “ arzasynyň esasynda kärhananyň, |
|||||
guramanyň ýolbaşçysynyň (wekiliniň) ________________________________________________ , |
|||||
(wezipesi , familiýasy, ady, atasynyň ady) çagyrylan hünärmenleriň ____________________________________________________________ |
|||||
(käri, wezipesi, F.A.A.a.) Güwänama iki nusgada düzüldi, olaryň biri Ätiýaçlandyrýana berildi. |
|
||||
1. Ýerlerdäki geçirilen barlaglaryň, şeýle hem bar bolan resminamalaryň_____________________ |
|||||
|
|
(guramanyň ady) |
|||
esasynda kärhana, gurama degişli emläk 20___ ýylyň ___________ “ ____” ____sagat _____ min. dan(den) 20__ ý._____________ “ ______ ”______ sagat______ min. aralygynda bolup geçen
|
|||||
(betbagtçylygyň ýa-da wakanyň ady) |
|||||
netijesinde ýok bolandygy (zaýalanandygy) anyklandy.
Ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýeti
|
(çaltlygy, ugry, ýaýramagy we s.m.) |
Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäpleri
|
|
Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak mümkinçiligi hakynda ätiýaçlandyryjy habardar edilendigi bolsa, kim tarapyndan we haçan, bu hakda haýsy resminama bar
|
|
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan aşakdakylar üçin nähili çäreler görüldi:
a) emlägin ýok bolmagynyň (zaýalanmagynyň) öňüni almak üçin
|
|
b) ätiýaçlandyryş halaty wagtynda emlägi halas etmek üçin
|
|
|
ç) mundan beýläk zaýalanmagyna ýol bermezlik üçin |
|
|
|
||
|
|
|
Ýokarda görkezilen ätiýaçlandyryş halatynyň netijeleri maglumatlar bilen häsiýetlendirilýär.
- Jaýlaryň, enjamlaryň we esasy serişdeleriň düzümine girýän başga emlägiň, şeýle hem tamamlanmadyk düýpli gürluşygyň jaýlarynyň ýok bolmagy (zyýan ýetmegi) hakynda maglumatlar
T/b |
Gurluşygyň ady we onuň inwentar belgisi, gysgaça häsiýetnamasy, möçberleri |
Gurulan ýa-da alynan ýyly, aýy |
Balans (inwentar) gymmaty, (manat) |
Zyýan ýetmegiň häsiýeti: doly galyndysyz ýok boldy, galyndylar bar, bölekleýin zeper ýetdi |
Zyýan ýetmegiň derejesi ýa-da ady we bölekleriň zaýalygynyň de-rejesi (gurluşyk bölekleri) |
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
2-nji bölüm boýunça hemmesi___________________________
3. Ýok bolan (zyýan ýeten) emlägiň galyndylary hakynda maglumatlar
T/b |
Galyndylar haýsy gurluşdan ýa-da onuň böleklerinden |
Galyndylaryň ady we olary peý-dalanmak müm-kinçiligi |
Ölçeg birligi (kub. m, sa-ny we s.m.) |
Muk-dary |
Birligiň gym-maty |
Galyndyla-ralyň bahasy (5setir х 6setir) |
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
7 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
3-nji bölüm boýunça hemmesi___________________________
4. Haryt-maddy gymmatlyklaryň galyndylary
T/b |
Galyndylaryň ady we olary peýdalanmak mümkinçiligi |
Ölçeg birligi (kg, m. we s.m.) |
Mukdary |
Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde gymmatynyň gaçmagyny we olaryň tertibe getirilmegini nazara almak bilen galyndylaryň bahasy |
|
Birligiň bahasy |
Umumy bahasy |
||||
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
4-nji bölüm boýunça hemmesi___________________________
Jemi: ____________________________________________
5. Ätiýaçlandyrylan emlägi halas etmek, zyýanyň öňüni almak ýa-da peseltmek, şeýle hem ätiýaçlandyrylan emlägi we onuň galyndylaryny ätiýaçlandyryş halatyndan soň tertibe getirmek boýunça çykdajylar
T/b |
Işleriň ady |
Ölçeg birligi (kg, m. we ş.m.) |
Işleriň möçberi |
Bahasy |
|
Birligiň bahasy |
Umumy bahasy |
||||
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
Jemi: ______________
Sahypa ____________ belgi bilen başlandy we ______________belgi bilen tamamlandy.
ýazmaça ýazmaça
M.Ýe. |
Ätiýaçlandyryjynyň wekili
Ätiýaçlandyrýanyň wekili
Hünärmenler |
__________________(goly)
__________________(goly)
__________________(goly)
___________________(goly)
|
|
20___ ý._____________aýynyň “ _____ ”
|
|
|
|
Ykrarnama goşundy
_______________________________________-nda 20___ ýylyň ______________ aýynyň “ _____ ” bolup geçen
(kärhananyň, guramanyň ady)
ätiýaçlandyryş halatyndan soň galan taýýar önümiň, çig malyň, materiallaryň, ýangyjyň we beýleki haryt-maddy gymmatlyklaryň
SANAWY
Tertip belgisi |
Emlägiň ady |
Olçeg birligi (sany, m, kg we ş.m.) |
Artikuly ýa-da tertip belgisi |
Zyýan ýetmedik görnüşdäki birlik üçin bahasy (manat) |
Zyýan ýetmedik emläk |
Zyýan ýeten emläk |
||||
Sany |
Bahasy
|
Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde bahasynyň pese gaçmagyny we ätiýaçlandyryş halatyndan soň tertibe getirilmegini nazara almak bilen birlik üçin baha |
Zeper ýeten görnüşde (manat) |
Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde bahasynyň pese gaçmagyny we ätiýaçlandyryş halatyndan soň tertibe getirilmegini nazara almak bilen |
Arzanla-dyş ba-hasy (manat) |
|||||
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
7 |
8 |
9 |
10 |
11 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
Sanaw boýunça hemmesi:
Şol sanda harytlar we beýleki haryt-maddy gymmatlyklar
Ätiýaçlandyrýanyň Ätiýaçlandyrýanyň wekili _________________________
M.Ýe. (F.A.Aa. we goly)
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy Baş buhgalter _________________________
(F.A.A.a. we goly)
M.Ýe. Ätiýaçlandyryjynyň wekili _________________________
(F.A.Aa. we goly)
20___ ý._____________aýynyň “ _____ ”