Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň Baş direktorynyň
2020-nji ýylyň 28-nji maýynda çykaran
51 belgili buýrugy bilen tassyklandy
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalary
I. Umumy düzgünler
1. Şu öý emlägini meýletin ätiýäçlandyryş Kadalary (mundan beýläk–Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama» we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlandy.
2. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk–ätiýaçlandyryjy) şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda fiziki şahslar, (mundan beýläk–ätiýaçlandyrýan) bilen öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk–ätiýaçlandyryş şertnama) baglaşýarlar.
3. Şu Kadalar boýunça ätiýaçlandyryşyň subýekti ätiýaçlandyryjy, ätiýaçlandyrýan, bähbit görüji bolup durýarlar:
Ätiýaçlandyryjy hökmünde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary çykyş edýärler;
Ätiýaçlandyrýan hökmünde ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan Türkmenistanyň fiziki şahslary, Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurtly raýatlar we raýatlygy bolmadyk adamlar çykyş edýärler;
Bähbit görüji hökmünde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenýän fiziki şahs çykyş edýärler.
4. Şu Kadalaryň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) bähbit görüji-Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki şahs;
2) ätiýaçlandyrýan-ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs;
3) ätiýaçlandyryjy-ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçi ýuridiki şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda, ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;
4) ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)-Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan çykyş edýän şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenýän pul möçberi;
5) ätiýaçlandyryş halaty-ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;
6) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi-ätiýaçlandyryş şertnamasyna we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
7) ätiýaçlandyryş pul möçberi-ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
8) franşiza-umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda, ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär. Şertli franşiza bellenilende, ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň (zyýanyň) möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda, ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär.
9) Ýangyn-adamyň janyna we saglygyna zyýan, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerine maddy zyýan ýetirýän gözegçiliksiz ot.
10) Partlama-bu gysga wagtyň dowamynda çäkli göwrümde uly energiýanyň okgunly bölünip çykmak hadysasydyr.
5. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde, Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän başga şertleri hem bolup biler.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy diňe Türkmenistanyň çäginde hereket edýär.
II. Ätiýaçlandyryşyň obýekti
6. Ätiýaçlandyrýanyň öý emlägine eýelik etmegi, erkin peýdalanmagy we eýeçilik hukugy bilen baglanyşykly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
Şahsy eýeçilikde ulanylýan (kärendesine alnan, ynanç haty boýunça saklanylýan emläk, eger-de ol eýesi tarapyndan ätiýaçlandyrylmadyk bolsa) öý emlägi, gündelik durmuşy üçin goşlary, şeýle hem ýaşaýyş jaýlaryndaky, döwlet we jemgyýetçilik, hususy ýaşaýyş jaý gaznalarynyň jaýlarynda ýerleşen ýaşaýyş öýlerindäki we ýaşaýyş jaýlarynyň kömekçi jaýlaryndaky we öýlerindäki enjamlary, bezeg işleriniň parçalary ätiýaçlandyryşa kabul edilip bilner.
7. Öý emlägi ätiýaçlandyrýanyň hemişelik ýaşaýan ýerinde ähli ýaşaýyş we kömekçi hökmünde peýdalanylýan jaýlarda ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen salgy boýunça ätiýaçlandyrylan hasaplanylýar.
8. Şu Kadalar boýunça öý emläginiň aşakdaky görnüşleri ätiýaçlandyryşa kabul edilmeýär:
1) ýykylmaga degişli bolan, düýpli abatlaýyş işleri geçirilmeli heläkçilik ýagdaýynda bolan jaýlarda we otaglarda ýerleşen öý emläkleri;
2) opurylmak, suw basmak ýa-da beýleki tebigy betbagtçylyklar wehim salýan zolakda ýerleşýän öý emlägi, eger-de şeýle wehim barada bellenilen tertipde yglan edilen ýa-da ygtyýarly edaralar tarapyndan wehimiň halatyny tassyklaýan degişli resminama düzülen bolsa (şeýle wehim yglan edilen töwekgelçiliklerden daşary beýleki töwekgelçilikler boýunça ätiýaçlandyryşa kabul edilip bilner);
3) iýmit önümleri, spirtli içgiler, temmäki önümleri, oba hojalyk we beýleki çalt zaýalanýan önümler (gök önümler, ir - iýmişler, tohumlar);
4) zäherli, partlaýjy maddalar we iýiji serişdeler;
5) açyk howada ýerleşen emläkler (antenalar we ş.m.).
9. Altynyň, platinanyň we kümşüň sap tebigy metal bölekleri (plastinalary, guýmalary, simleri), şaýlyklar, ordenler, medallar, dini närseler, mineral çig maly (kristallar) görnüşindäki daşlar, diş oturtmalary, tehniki almazlar we beýleki önümçilik-tehniki önümler raýatlar tarapyndan karz edaradan karz pul almak üçin karz edara girewe goýlan ýagdaýynda “Karz edara girewe goýulýan gymmat bahaly metallardan, gymmat bahaly, ýarym gymmat bahaly we bezeg (reňkli) daşlardan ýasalan önümleri ätiýaçlandyryş goragyna almagyň Şertlerine” laýyklykda ätiýaçlandyryşa kabul edilýär (1-nji goşundy).
III. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri we ätiýaçlandyryş halaty
10. Ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi bolup durýar.
11. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen, ätiýaçlandyryjyda ätiýaçlandyrýana degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek we ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan beýleki borçnamalary berjaý etmek boýunça talap bildirmek hukugy, ätiýaçlandyrýanda bolsa, bu barada degişli borçnama döreýär.
12. Şu Kadalar esasynda aşakdaky ätiýaçlandyryş halatlarynyň ýüze çykmagy boýunça ätiýaçlandyrylan öý emläginiň ýitirilmegi, ýok bolmagy ýa-da oňa zyýan (zelel) ýetmegi bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň emläk bähbitleri ätiýaçlandyrylyp bilner:
1) ýangyn, partlama, ýyldyrym urmagy, gazyň partlamagy, bug gazanlarynyň, gaz geçirijileriň, maşynlaryň we beýleki şoňa meňzeş gurluşlaryň ýarylmagy.
Rezerwuaryň (bug gazanynyň, turba geçirijiniň we ş.m.) ýarylmagy diýlip, gabyň içindäki we daşyndaky basyşy deňleşdirmek mümkinçiligini döredip biljek derejede gabyň diwarlarynyň zaýa bolmagynyň netijesinde çatlanmagy ýa-da deşilmegi.
2) talaňçylyk we döwüp açmak ýoly bilen edilen ogurlyk, üçünji taraplaryň bilkastlaýyn hereketleri.
Döwüp açmak ýoly bilen edilen ogurlyk diýlip ätiýaçlandyrylan jaýlara gapylary ýa-da penjireleri döwüp, gulp açgyçlary ýa-da ýasama açarlary, ýa-da beýleki tehniki serişdeler ulanylyp girilse. Ýasama açarlar diýlip, hakyky açarlara degişli hiç bir hukugy bolmadyk tarapyň tabşyrygy ýa-da habary bilen ýasalan açarlar hasaplanylýar.
Ätiýaçlandyrylan jaýlaryň içinde emlägi saklamak üçin ulanylýan zatlary döwüşdirmegi ýa-da olary gulp açgyçlaryň, ýasama açarlaryň ýa-da beýleki abzallaryň kömegi bilen açmagy. Eger emlägi saklamak üçin ulanylýan zatlaryň döwülmegi gulluk ýa-da hojalyk maksatlary üçin ätiýaçlandyrmak işleýänlerden başgalarda, şeýle hem, üçünji taraplarda ulanylýan bolsa, bu barada ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýörite şertleşilen ýagdaýynda amala aşyrylyp bilner.
Adaty ýol bilen onuň içine girip, ýapyk jaýdaky zatlary alyşdyryp we ýapylýança gizlin saklanyp garaşyp, jaýdan çykan ýagdaýynda serişdeleri ulanan bolsa.
Adaty ogurlyk edende, ogurlyk eden emlägine eýelik etmek üçin üsti açylan we serişdeleri ulanan bolsa.
3) tebigy betbagtçylyklar: ýer titremegi, wulkan atylmagy, ýerasty oduň täsiri, toprak süýşmegi, ýeriň çökmegi, dagyň opurylmagy, daş gaçmagy, tupan, ýel, harasat, tüweleý, suw basmagy, sil, doly, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokary galmagy, ýer üçin adaty bolmadyk ýagdaýda güýçli ýagşyň ýagmagy ýa-da galyň garyň düşmegi;
4) betbagtçylykly hadysalar: suw geçirijileriň, lagym, ýyladyş ulgamlarynyň we ýangyn söndüriji ulgamlarynyň suwundan ätiýaçlandyrylan emläge zyýan (zelel) ýetmegi (eger şu ýagdaý ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň tabşyrygy boýunça beýleki şahslar tarapyndan geçirilýän işleriň netijesinde ýüze çykan bolsa, ätiýaçlandyryşa degişli däldir), goňşy jaýlardan suwuň syzyp geçmegi, penjire aýnalarynyň, ýüz görülýan aýnalaryň we witrinalaryň döwülmegi. Ätiýaçlandyrylan emlägiň üstüni ulag serişdeleriň basmagy, dolandyrylýan uçarlaryň ýa-da olaryň döwlen bölekleriniň gaçmagy;
5) teleradio enjamlar, wideo enjamlar, magnitofonlar, surat-kino enjamlar, saz merkezleri, elektron abzallary, sowadyjy enjamlar, elektrik gurallar we durmuş tehnikasy olaryň köýüp hatardan çykmagy (eger bu ygtyýarly edaralar tarapyndan tassyklanylan bolsa, ätiýaçlandyryş halaty hasap edilýär).
13. Şu aşakdakylar ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir:
1) islendik görnüşdäki harby hereketler, halk topalaňlary, iş taşlaýyslar, öý emläginiň bahasynyň tölenmän elden alynmagy, öý emläginiň gozgamasyz edilmegi, ätiýaçlandyrylan emlägiň ýa-da zatlaryň döwlet edaralarynyň görkezmeleri boýunça ýok edilmegi;
2) ýadro energiýasynyň islendik görnüşdäki täsiri;
3) öz-özünden ýanmagy, ajamagy, çüýremegi, heňlemegi;
4) ätiýaçlandyryş halaty sebäpli bolan bolmasa, desgalaryň ýa-da olaryň böleginiň çökmegi;
5) ätiýaçlandyryş halaty mahalynda ýa-da ondan soň öý emläginiň ogurlanmagy ýa-da dargadylmagy.
IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi
14. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylýan pursatynda öý emläginiň hakyky ýa-da bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alnyp, taraplaryň ylalaşmagy boýunça kesgitlenilýär.
Emlägiň hakyky bahasy aşakdakylaryň birinden ugur alnyp kesgitlenip bilner:
1) satyn almak we satmak şertnamasynyň esasynda;
2) emlägiň hakyky bahasyny tassyklaýan bar bolan resminamalaryň esasynda;
3) baha kesmäge ygtyýarly edaralaryň berýän resminamalaryň esasynda.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan pursatyndaky öý emläginiň hakyky bahasyndan ýokary bolmaly däl. Ätiýaçlandyryşyň esasy we goşmaça şertnamalary boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi aýratynlykda bellenilip biliner.
Öý emläginiň bahasy (sungat eserlerinden we ätiýaçlandyrýan tarapyndan ýasalan emläkden başgasy) ätiýaçlandyryş şertnamanyň baglaşylýan gününde meňzeş emläkleriň bazar nyrhlaryndan ugur alnyp kesgitlenip biliner.
Sungat eserleri üçin hakyky baha bilermeniň nyrh kesiş bahasyna laýyklykda, şeýle hem, sungat eserleriniň, gadymy we gymmatbaha zatlaryň bäsleşikli söwdalaryndaky bahalaryň esasynda kesgitlenip biliner.
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ýasalan emläk üçin hakyky baha onuň könelişmegini hasaba almak bilen gaýtadan ýasamagyň çykdajylaryndan ugur alnyp kesgitlenilýär.
15. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberi öý emläginiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan ýokary geçýän bolsa, onda şertnamanyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň öý emläginiň şertnama baglaşylan pursatyndaky bahasyndan ýokary geçýän bölegi hakyky däl diýlip hasap edilýär.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrylan öý emläginiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan pes bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň öý emläginiň ätiýaçlandyrylan bahasyna bolan gatnaşygyna deňeçerlikde kemelýär.
Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň öý emläginiň hakyky bahasyna gabat gelmegi her bir ätiýaçlandyrylan öý emlägi boýunça ýa-da öý emläginiň jemi boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda kesgitlenilýär.
16. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş pul möçberini ýokarlandyrmak islese, onuň bilen esasy şertnamanyň möhletiniň ahyryna çenli galan döwre goşmaça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) tölenilmegi bilen goşmaça şertnama baglaşylyp bilner. Bu ýagdaýda esasy we goşmaça şertnamalar boýunça bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi umumylykda öý emlägini ätiýaçlandyryşyň şu görnüşi boýunça bellenen möçberi emlägiň hakyky bahasyndan ýokary bolmaly däldir.
Ähli ýagdaýlarda çekilen zyýan (zelel) boýunça tölemeli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) göz öňünde tutulan çykdajylary hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolmaly däldir.
17. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenenden soň, onda görkezilen möhlete çenli şertnamada bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleri tölenen pul möçberiniň arasyndaky tapawudyň möçberinde güýjüni saklaýar. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberinde doly tölenen bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi bes edilýär.
Öý emlägi täzeden dikeldilende ýa-da zyýan (zelel) ýeten öý emläginiň deregine başgasy alnanda, ätiýaçlandyrýanyň goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak bilen, şertnamany öňki ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäginde gaýtadan dikeltmäge hukugy bardyr. Bu ýagdaýda esasy we goşmaça şertnamalar boýunça bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi jemi öý emlägini ätiýaçlandyryşyň şu görnüşi boýunça bellenen möçberi emlägiň hakyky bahasyndan ýokary bolmaly däldir.
V. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)
we ony tölemegiň tertibi
18. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň görnüşine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerinden ugur alnyp kesgitlenilýär.
19. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda, ýyllyk ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyryşa alynýan günleriň sanyna köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) hasaplanyp çykarylýar.
20. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu Kadalaryň 19-nji bölümine laýyklykda hasaplama çykarylyp goşulýar. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bir gezekde ýa-da bölekleýin tölenilýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasyna goşmaça baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda hem, hasaplaşygyň şolar ýaly usuly ulanylyp ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
21. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyl we ondan köp möhletde baglaşylan mahaly, ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) möhletlere bölüp tölemäge hukugy bardyr: 50 göterimi şertnama baglaşylanda, 50 göterimi şertnama hereket edip başlandan soň, üç aýdan gijä galman tölenýär.
Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy birnäçe ýyla baglaşylan bolsa ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) her ýyl üçin töläp biler.
22. Eger ätiýaçlandyryş şertleri başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenen pulunda tölenýär.
23. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda tölenýänçä, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.
24. Eger ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen möçberde we möhletlerde tölenmese, ätiýaçlandyryjy şonuň tölenmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şunda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.
Eger möhlet geçenden soň, ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şu wagta çenli ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölemegini gijikdirse, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) bölekleýin tölemek barada karara gelen bolsa we ikinji tölegini tölemän, ätiýaçlandyryş halatyny ýüze çykaran bolsa, onda ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) ikinji bölegi tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberinden (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden) alynýar.
25. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň anyk tertibi we möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilýar.
Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilen pursaty, şeýle diýip hasaplanýar:
1) nagt däl görnüşinde tölenilende, ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna gelen güni;
2) nagt görnüşinde tölenilende, ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.
VI. Ätiýaçlandyryş nyrhyny kesgitlemegiň tertibi we ätiýaçlandyryş
nyrhynyň möçberi
26. Ätiýaçlandyryş nyrhy ätiýaçlandyryş gatanjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň birliginden ýa-da ätiýaçlandyryş obýektinden alynýan, ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) geçirmek, ätiýaçlandyryş gaznalaryny, öňüni alyş çäreleriniň gaznasyny we beýleki gaznalary döretmek üçin¸ şeýle hem ätiýaçlandyryjylaryň ösdürilmegi boýunça çykdajylaryň ödelmegi üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň emele gelmegini üpjün edýän möçberlerden ugur alnyp kesgitlenýär.
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş boýunça bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerinden (2-nji goşundy) ugur alnyp bellenilýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda, töwekgelçiligiň derejesine, öý emläginiň görnüşine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji (1,0-den 0,4 çenli) we ýokarlandyryjy (1,0-den 2,5 çenli) koeffisiýentler ulanylyp bilner.
VII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi
27. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça beren öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş hakyndaky arzasynyň esasynda (3-nji goşundy) emlägi gözden geçirip ýa-da geçirmän baglaşylýar.
28. Ätiýaçlandyryş şertnamasy öý emlägini gözden geçirmän, ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasynyň esasynda baglaşylýar:
Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenen durmuş tölegleriniň we beýleki tölegleriň, salgytlaryň ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň 150 essesine çenli möçberde bolan ätiýaçlandyrýanyň hemişelik ýaşaýan ýerinde ýerleşýän emlägi.
Ýokarda görkezilen möçberden ýokary ätiýaçlandyryş pul möçberine şertnamalar hökmany gözden geçirilenden we öý emläginiň sanawy (3-nji “a” goşundy) düzülenden soňra baglaşylýar. Ätiýaçlandyrýanyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan gözden geçiriş arkaly bildirilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň öý emläginiň hakyky bahasyna gabat gelýändigi, işjeňligi we onuň bardygy barlanylýar.
Goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda, umumy ätiýaçlandyryş pul möçberi hasaba alynýar (ýagny esasy we goşmaça şertnamalar boýunça bilelikde). Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi ýokarda agzalan möçberlerden ýokary bolsa, onda goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy öý emlägi hökman gözden geçirilip baglaşylýar.
29. Şahsy garažlarda saklanylýan ätiýaçlyk şaýlarynyň, bölekleriniň we ulag serişdelerine we beýleki öý emlägine degişli bolan zatlaryň, şeýle hem, ýer böleklerinde ýerleşen gurluşyk materiallarynyň, radio we teleenjamlarynyň, wideoenjamlaryň, magnitofonlaryň, kompýuterleriň, surat we kinoenjamlaryň, elektrik gurallaryň, durmuş tehnikasynyň, kassetalaryň ätiýaçlandyryş şertnamasy diňe ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça görnüşindäki arzasynyň esasynda ätiýaçlandyryş pul möçberine garamazdan, hökmany gözden geçirilip baglaşylýar.
30. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ýa-da onuň birinji bölegi tölenilen pursatynda, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana öz aralarynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny berýär (4-nji goşundy).
31. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen halatynda, ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasynyň esasynda, ony bermegiň çykdajylaryny tölemegi borçlandyrmak bilen, ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň öwezligi berilýär. Öwezlik berlenden soň, ýitirilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy hakyky däl diýlip hasap edilýär we şol ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär.
32. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda, ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem, ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga haky bardyr.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda bähbit görüji görkezilen bolsa, şonda şu Kadalarda görkezilen ätiýaçlandyrýana degişli borçnamalar bähbit görüjä hem degişlidir.
33. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyrylan öý emlägini gözden geçirmek üçin ätiýaçlandyryja mümkinçilik bermäge we töwekgelçiligiň derejesini kesigitlemek maksady bilen, ätiýaçlandyrylan emläk bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryjy tarapyndan goýlan ähli soraglara jogap bermäge borçludyr. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrylýan öý emlägini gözden geçirmäge rugsat etmese, ätiýaçlandyryjy şertnama baglaşmakdan boýun gaçyryp biler.
34. Ätiýaçlandyryş şertnamasyna üýtgetmeler ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň özara ylalaşygy bilen, taraplaryň haýsynyň hem bolsa biriniň arzasy esasynda, arzany beýleki tarapyň alan pursatyndan başlap, bir aýyň dowamynda girizilip bilner we taraplaryň goşmaça ylalaşygy bilen resmileşdirilýar.
35. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandan soň, ätiýaçlandyrýanyň töwekgelçiligiň derejesini ýokarlandyrýan hereketleri etmäge ýa-da oňa ýol bermäge hukugy ýokdur. Eger ätiýaçlandyrýana töwekgelçiligiň derejesini ýokarlandyryp biljek ýagdaýlar aýan bolsa, ol haýal etmän, bu barada ätiýaçlandyryja habar bermelidir.
36. Ätiýaçlandyrýanyň Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan ýa-da emlägiň ýerleşen ýeriniň çalyşmagy bilen bagly bolan öý emlägi demirýol, awtoulaglar we ulaglaryň beýleki görnüşinde daşalan wagtynda hem, diňe kanunçylyk ýa-da daşama şertnamasy boýunça ulag guramasynda (daşaýjyda) daşalýan emlägiň bütewiligi üçin jogapkärçilik bellenen ýagdaýlaryndan başga halatlarda, ätiýaçlandyrylan hasap edilýär.
37. Ätiýaçlandyrýanyň hemişelik ýaşaýan ýa-da emlägiň ýerleşen ýerini üýtgeden halatynda, şu sebäpli göçürilen öý emlägi hem ätiýaçlandyrýanyň täze salgysy boýunça şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň ahyryna çenli (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny täzeden baglaşmazdan) ätiýaçlandyrylan hasap edilýär. Öňki ýaşaýan ýerinde wagtlaýynça galdyrylan emläk bolsa, diňe ätiýaçlandyrýanyň täze ýere göçen gününden başlap, bir aýyň dowamynda ätiýaçlandyrylan hasap edilýär.
38. Eger ätiýaçlandyryş halaty ätiýaçlandyrýanyň maşgala agzalarynyň täze hemişelik ýaşaýyş ýerine göçen ýa-da emlägiň täze ýere geçirilen wagtyndan bir aýyň dowamynda ýa-da göçmekleri sebäpli öý emlägini daşaýan wagtynda bolan bolsa, onda ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça görnüşindäki ylalaşygynyň esasynda maşgala agzalary şertnamada görkezilen pul möçberiniň çäginde ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almak hukugyndan peýdalanyp bilerler we ätiýaçlandyrýan bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyndan ýüze çykýan borçnamalary bilelikde ýerine ýetirerler.
39. Ätiýaçlandyrýanyň hemişelik ýaşaýan ýerinde ýerleşýän we miras boýunça başga adama geçen öý emlägi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň ahyrky möhletine çenli ätiýaçlandyrylan hasap edilýär.
Ätiýaçlandyrýan bilen bile ýaşamaýan adama berlen öý emlägi ätiýaçlandyrylan diýlip hasaplanylmaýar.
Öňki ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi tamamlanýança, täze möhlete şertnama baglaşylan ýagdaýynda, täze ätiýaçlandyryş şertnamasy öňki şertnamanyň hereketiniň tamamlanan pursatyndan başlap güýje girýär.
40. 2 (iki) senenama ýylyň dowamynda şertnamalary yzygiderli baglaşan ätiýaçlandyrýanlara şol ätiýaçlandyrylan öý emlägi boýunça degişli täze şertnama baglaşmak üçin bir aý ýeňillikli möhlet berilýär. Bu ýeňillikli möhletde baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy öňki baglaşylan şertnamanyň möhleti tamamlanandan soň güýje giren ýa-da gaýtadan baglaşylan hasap edilýär.
41. Eger ýeňillikli möhletde ätiýaçlandyryş halaty ýüze çyksa, täze şertnama baglaşylmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryşyň şu görnüşi boýunça öňki şertnamada kesgitlenen pul möçberinden ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) alyp galmazdan tölenýär.
42. 3 (üç) senenama ýylyň dowamynda we ondan köp möhlete ätiýaçlandyryş şertnamalaryny yzygiderli baglaşan we bu möhletde ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk ýagdaýynda ätiýaçlandyrýanlara täze möhlete şertnama baglaşanlarynda, hasaplanylan ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberinden 10 göterim ýeňillik berilýär.
43. Eger öý emlägi birnäçe ätiýaçlandyryjyda umumylykda alnanda, öý emlägi ätiýaçlandyrylan bahasyndan (goşa ätiýaçlandyryş) geçýän möçberde ätiýaçlandyrylan bolsa, onda şol ätiýaçlandyryş boýunça ähli ätiýaçlandyryjylardan alynýan ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) öý emläginiň hakyky bahasyndan ýokary geçmeli däldir. Şunda ätiýaçlandyryjylaryň her biri öz baglaşan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberine deňeçer tölegi geçirýär.
44. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.
45. Taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryjyny belli bir möçberden geçmeýän zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmakdan boşadýan franşizanyň möçberini ylalaşyp bilerler.
Şu Kadalar boýunça umumy ýitginiň öwezini dolmak ätiýaçlandyrýanyň özbaşdak jogapkärçiliginde galýan bölegi dolulygyna franşiza hasaplanylýar.
46. Franşiza ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly, taraplaryň ylalaşmagy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberine göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär.
VIII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti
47. Ätiýaçlandyryş şertnamasy 1 aýdan 1 ýyla çenli we ondan hem köp möhletlere baglaşylyp bilner.
48. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi-şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi-möhletiniň iň soňky güni sagat 24-de).
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.
49. Emläk diňe ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen salgyda (ätiýaçlandyryş çäginde) ätiýaçlandyrylan hasap edilýär.
IX. Taraplaryň hukuklary we borçlary
50. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bardyr:
1) ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazdan öň, ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyşmaga;
2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge;
3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga;
4) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen halatynda onuň öwezligini almaga.
51. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:
1) ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) bellenilen tertipde tölemäge;
2) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryşyň düzgünlerinde ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;
3) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;
4) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak, onuň möçberini anyklamak boýunça mümkin bolan we maksada laýyk ähli çäreleri görmäge;
5) özüne mälim bolan, ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin düýpli ähmiýeti bolan ähli ýagdaýlar barada ätiýaçlandyryja maglumatlary bermäge we mundan beýläk-de ätiýaçlandyryş töwekgelçiligindäki islendik üýtgeşmeler hakynda ätiýaçlandyryja habar bermäge;
6) ätiýaçlandyryja onuň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri we getiren netijeleri, ýetirilen zyýanyň (zeleliň) häsiýeti hem-de möçberi hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýän ähli maglumatlary we resminamalary bermäge;
7) ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberini kesgitlemäge ätiýaçlandyryjynyň gatnaşmagyny üpjün etmäge.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
52. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bardyr:
1) ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga, şeýle hem, olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;
2) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda, ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga we şubheli ýagdaýlar doly aýdyňlaşdyrylýança ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini gaýra goýmaga;
3) ätiýaçlandyrýanyň razylygyna garamazdan, ätiýaçlandyryş halaty bilen ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öwezini dolmak hakyndaky gepleşiklere girişmäge, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlaryny hem-de sebäplerini we/ýa-da ýetirilen zyýanyň (zeleliň) möçberini anyklamak boýunça çäreleri görmäge;
4) ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin ätiýaçlandyryş obýektiniň barlagyny geçirmäge ýa-da garaşsyz bilermeni bu işe çekmäge;
5) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly, ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş halatynyň sebäbini kesgitlemek üçin zerur bolan islendik maglumatlary talap etmäge.
53. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:
1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň, ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;
2) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada bellenilen möhletde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;
3) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige.
Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyryjynyň başga borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
X. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda ätiýaçlandyrýanyň
çalşyrylmagy
54. Ätiýaçlandyrylan emläk satylan, çalşylan, sowgat edilen, kärendesine berlen ýa-da başga aýrybaşgalanan halatynda bu barada ätiýaçlandyryja habar berilen halatynda, ätiýaçlandyrýanyň hukuklary we borçlary ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda şol emlägi alan adama geçip biler.
55. Ätiýaçlandyrylan emlägiň eýeçilikden aýyrlandygy hakynda ätiýaçlandyryja şobada habar bermelidir. Eger emläk ediniji ýa-da eýeçiligi aýryjy bu hakda ätiýaçlandyryja şobada habar bermese, eger ätiýaçlandyryjynyň habar almaly pursatyndan bir aýdan soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa, onda ol öwezini dolmak borjundan boşadylýar.
XI. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş
tölegini) kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi
56. Her bir ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda, ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekili ätiýaçlandyryş halaty barada ätiýaçlandyryja haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman, ýazmaça ätiýaçlandyryş halaty hakynda arza (5-nji goşundy), şeýle hem, dessine degişli edaralara habar bermäge borçludyr.
Ýazmaça arzada nirede we nähili ýadgaýlarda ätiýaçlandyrylan öý emläginiň ogurlanandygy, ýok edilendigi ýa-da zyýan (zelel) ýetirilendigi, ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykandygy barada haýsy degişli edaralara habar edilendigi anyk görkezilmelidir.
Ätiýaçlandyrýan ähli öý emlägi doly ýok edilen ýagdaýyndan başga halatlarda, ýok edilen, zyýan (zelel) ýetirilen ýa-da ogurlanan öý emläginiň sanawyny (6-njy goşundy) ätiýaçlandyryjydan alnan görnüş boýunça düzýär. Sanawda görkezilen zyýan (zelel) ýetirilen ýa-da olardan galan galyndylary ätiýaçlandyryjynyň wekili gelýänçä, saklamaga we olary ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhaty düzülende, gözden geçirmek üçin bermäge borçludyr.
Ätiýaçlandyrýanyň bolmadyk halatynda ýokarda agzalan hereketleri onuň ygtyýarlandyrylan wekili ýerine ýetirmelidir.
57. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky arza gelip gowşandan soň, 3 (üç) iş gününiň dowamynda bellenilen görnüş boýunça ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhaty düzmäge borçludyr (7-nji goşundy). Ykrarhaty öý emläginiň ogurlanan halatyndan başga ýagdaýlarda, ätiýaçlandyrýanyň hökmany gatnaşmagynda, zerur gerek bolan ýagdaýynda degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda düzülýär. Arza we ykrarhaty ätiýaçlandyryjy tarapyndan žurnalda hasaba alynýar.
58. Şular zyýan (zelel) diýlip hasaplanylýar:
1) öý emlägi ýok edilende ýa-da ogurlananda ätiýaçlandyryşa kabul edilýän nyrhlar boýunça bellenilýän onuň hakyky gymmaty, ähli öý emläginiň doly ýok edilen wagtynda bolsa ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberi;
2) öý emlägine zyýan (zelel) ýetende, ýokarda görkezilen hakyky gymmaty bilen ätiýaçlandyryş halaty sebäpli arzanlamagy nazarda tutulan (hiliniň we gymmatynyň ýitirilmegi) gymmatynyň arasyndaky tapawudy, ýagny nyrhynyň pese gaçmagy.
59. Eger abatlamak arkaly zyýan (zelel) ýeten öý emlägi niýetlenilişi ýaly peýdalanmak üçin ýaramly ýagdaýa getirip bolýan bolsa, onda zyýan (zelel) diýlip bu zady abatlamagyň bahasy hasap edilýär. Abatlamagyň bahasy abatlaýyş işlerini geçirmek üçin degişli edaralar tarapyndan raýatlardan almak üçin bellenen, hereket edýän bahalar (nyrhlar) boýunça hasaplanylýar. Abatlamagyň bahasyna diňe öý emläginiň hakyky bahasyndan geçmeýän möçberiň çägindäki ýetirilen zyýan (zelel) girýär.
60. Eger ilata hyzmat ediş ulgamynda hereket edýän kadalara laýyklykda önüm çykaryjy kärhana ýa-da degişli abatlaýyş kärhanasy (ussahana) çalyşmak ýa-da abatlamak işini mugt ýa-da abonement tölegleriniň hasabyna etmäge borçly bolsalar, kepillik ýa-da abonement (şertnamalaýyn) hyzmat edişinde bolan durmuş tehnikasyny, telewizorlary we sowadyjylary we beýlekileri çalyşmagyň ýa-da abatlamagyň bahasy zyýan (zelel) diýlip hasap edilmeýär.
61. Döwlet we hususy ýaşaýyş jaý gaznasynyň jaýlarynda ýerleşýän öýleriň, şeýle hem, şahsy eýeçilikde bolan öýleriň (ýaşaýyş we kömekçi otaglaryň) gurnama we enjamlaşdyryş parçalaryna ätiýaçlandyryş halaty sebäpli zyýan (zelel) ýeten ýagdaýynda, diwarlaryň, pollaryň, gapylaryň, potologyň reňklenmegi, diwarlaryň we pollaryň, oboýlarynyň, linoleumlarynyň we beýleki örtükleriniň çalşylmagy, gapylaryň daşynyň çalşylmagy, diwarlaryň we pollaryň bezeg parçalary, çeper şekillendiriş, mata çekip bezeme, gapy tutawaçlarynyň we gapy gulplarynyň, penjire we gapy aýnalarynyň, elektrik jaňlaryň, elektrik we ýylylyk geçiriji simleriň çalşylyp hasaplanmasy zyýan (zelel) diýlip kabul edilýär.
Abatlamak işleriniň bahasy öýleriň, jaýlaryň gurnama we enjamlaşdyryş parçalarynyň könelmegini hasaba almazdan, hereket edýän bahalara laýyklykda kesgitlenýär.
62. Ätiýaçlandyryş halatynyň bolmagy sebäpli öý emlägini halas etmek we ony tertibe salmak boýunça edilen çykdajylar zerur diýlip hasaplanylan ýagdaýynda zyýanyň (zeleliň) möçberine girizilýär.
Agzalan çykdajylaryň möçberi degişli işleri (hyzmatlary) tölemek üçin raýatlara bellenen hereket edýän bahalardan (nyrhlardan) ugur alnyp kesgitlenýär.
Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ýeten zyýanyň (zeleliň) tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolmadyk ýagdaýynda, onda öýüň gurnama parçalaryna we enjamlaryna ýeten zyýanyň (zeleliň) öwezi aşakdaky şertlerde tölenýär:
1) ygtyýarly edaralaryň düzen abatlamagyň bahasy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 20 göteriminden geçmeýän bolsa, onda abatlamagyň bahasy;
2) ygtyýarly edaralaryň düzen abatlamagyň bahasy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 20 göteriminden geçýän bolsa, onda ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 20 göterimi.
63. Eger ätiýaçlandyrýan (ýa-da onuň kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzasy) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) köpeltmek üçin ätiýaçlandyryja beren ýok edilen, zyýan (zelel) ýeten ýa-da ogurlanan öý emläginiň sanawyna hakykatda ýok edilmedik, zyýan (zelel) ýetmedik ýa-da ogurlanmadyk zatlary bilgeşleýin goşan bolsa, onda ätiýaçlandyryjy işiň ýagdaýlaryna baglylykda tölemeli ätiýaçlandyryş pul möçberinden (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden) aýryp töleýär.
64. Ätiýaçlandyrýana ýa-da onuň maşgala agzasyna şu ätiýaçlandyryş halaty bilen bagly jenaýat işi gozgalan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek ýa-da tölemezlik hakyndaky mesele ätiýaçlandyryjy tarapyndan kazyýetiň ýa-da derňew edaralarynyň netijesi alnandan soň çözülýär.
65. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyrýana nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde tölenilýär. Ätiýaçlandyrýanyň aradan çykan halatynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenen bähbit görüjä tölenýär. Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasynda bähbit görüjä bellenilmedik bolsa, Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda onuň mirasdarlaryna tölenýär.
66. Eger ätiýaçlandyryja düýpli ýagdaýlar barada habar berilmese ýa-da ätiýaçlandyrýan düýpli ýagdaý hakynda habar bermekden bilkastlaýyn boýun gaçyrsa, ol şertnamany baglaşmakdan boýun gaçyryp biler.
67. Eger düýpli ýagdaýlar hakyndaky habarda nädogry maglumatlar bar bolsa, şeýle halatda hem ätiýaçlandyryjy şertnamany baglaşmakdan boýun gaçyryp biler.
68. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrýana töwekgelçilik derejesindäki haýsydyr bir düýpli üýtgetmeler hakynda ýa-da öz netijeleri boýunça ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň möçberini artdyryp biljek üýtgetmeler mälim bolsa, ätiýaçlandyryjyny mümkin bolan gysga möhletlerde ähli üýtgetmeler barada ýazmaça habardar etmek ätiýaçlandyrýanyň borjy bolup durýar.
69. Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja şertnama baglaşylanyndan soň, ýüze çykan howpuň artmagy hakynda bir aýyň dowamynda habar bermese, ätiýaçlandyryjynyň bir aýlyk möhleti berjaý etmek bilen şertnamany bozmaga ýa-da degişli ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) artdyrmagy talap etmäge haky bar. Eger ätiýaçlandyrýan howpuň artmagyny bilkastlaýyn döretse, ätiýaçlandyryjy bir aýlyk möhleti berjaý etmezden, şertnamany bozup biler. Bir aýlyk möhlet habar bermek borjunyň bozulandygy hakynda ätiýaçlandyryja mälim bolan pursatyndan başlanýar.
70. Eger jogapkär adam tarapyndan zyýanyň (zeleliň) öwezi dolulygyna dolunan bolsa ýa-da kazyýetiň netijesi boýunça zyýanyň (zeleliň) öwezi şol zyýan (zelel) üçin jogapkär adam tarapyndan dolunmaly edilen bolsa, ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak hukugyny ýitirýär.
Eger zyýan (zelel) üçin bölekleýin we alynmaly ätiýaçlandyryş pul möçberinden ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi az möçberde dolunan bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýanyň zyýan (zelel) üçin jogapkär adamdan alan möçberini hasaba almak bilen tölenýär.
71. Eger ätiýaçlandyrýana ogurlanan zat gaýtarylyp berlen bolsa, onda ol bu zat boýunça alan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini), ogurlyk sebäpli bejermek ýa-da durkuna getirmek üçin çykdajylary aýyrmak bilen, ätiýaçlandyryja gaýtaryp bermelidir.
Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) tölemek derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň hökmany suratda berýän resminamalarynyň hem-de netijenamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.
Ätiýaçlandyrylan öý emläginiň ogurlanan halaty hakynda kepilnama (8-nji goşundy) ygtyýarly edaralardan soralýar.
72. Zyýany (zeleli) kesgitlemek we ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) tölemek üçin şu aşakdaky resminamalar zerur bolup duraýar:
1) ätiýaçlandyryş halaty barada arzasy;
2) zyýan (zelel) ýeten ýa-da ýok bolan emlägiň fotosuraty;
3) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;
4) ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan ygtyýarly edaralaryň beren resminamasy we kepilnamasy;
5) ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhaty;
6) zyýan (zelel) ýeten ýa-da ýok bolan emlägiň sanawy;
Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) tölemek, ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalaryň 72-nji böleginde görkezilen hemme zerur resminamalar berlenden soň 10 (on) günüň dowamynda amala aşyrylýar.
XII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi
73. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:
1) hereket edýän möhleti geçende;
2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;
3) şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;
4) ätiýaçlandyrýan ýuridik şahsyň işi togtadylanda ýa-da ol ýatyrylanda, şeýle hem, ätiýaçlandyrýan şahsy tarap aradan çykanda, (ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça onuň hukuklarynyň we borçlarynyň kanun esasynda hukuk oruntutaryna ýa-da başga şahslara geçen ýagdaýy muňa degişli däldir);
5) ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.
Eger şertnamada göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça möhletinden öň bes edilip bilner.
Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda, ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) dolulygyna gaýtaryp berýär.
Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen oňa gaýtaryp berýär.
Taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmeginiň bir aý öňünden, onuň bes edilmegi hakynda birek-birege ýazmaça (9-njy goşundy) habar bermelidir.
XIII. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden
boýun gaçyrylmagy
74. Eger ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 7-nji awgustynda ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramsynyň baş direktorynyň 2019-njy ýylyň 7-nji awgustynda çykaran 115-nji buýrugy bilen tassyklanan Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin boýun gaçyrmagyň möçberi hakynda Kadalarynda görkezilen halatlar netijesinde bolup geçen bolsa ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndürmäge haky bardyr.
75. Doly ýa-da bölekleýin boýun gaçyrmagyň möçberi Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 7-nji awgustynda ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramsynyň baş direktorynyň 2019-njy ýylyň 7-nji awgustynda çykaran 115-nji buýrugy bilen tassyklanan Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin boýun gaçyrmagyň möçberi hakynda Kadalara laýyklykda kesgitlenýär.
XIV. Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär adam babatda ätiýaçlandyrýanyň hukuklarynyň ätiýaçlandyryja geçmegi
76. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ýetirilen zyýan (zelel) üçin ätiýaçlandyrýanyň ýa-da üçünji adamyň öňünde jogapkär adamdan gaýdymlaýyn regress talap etmek hukugy şol pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölän ätiýaçlandyryja geçýär.
Eger ätiýaçlandyrýan görkezilen şol şahsa talap bildirmekden ýa-da şol talaplary ýerine ýetirmegi üpjün edýän hukuklardan boýun gaçyrsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň üçünji bir şahsdan tutulyp alynjak bölegini tölemekden boşadylýar.
77. Ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň peýdasyna ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi geçirilýän şahs ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär şahsdan zyýanyň (zeleliň) öwezini doluş tölegini doly alan bolsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boşadylýar. Günäkär tarapyndan zyýanyň (zeleliň) öwezi bölekleýin dolunan ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy, olaryň günäkärden alan pul möçberini hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) töleýär.
XV. Jedelleriiň çözülişi
78. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
79. Regress (gaýdymlaýyn) talap arzalaryna seredilen mahalynda Türkmenistanyň ätiýaçlandyryjylary döwlet paçlaryny tölemekden boşadylýar.
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 1-nji goşundy
Karz edara girewine goýulýan gymmat bahaly metallardan, gymmat bahaly, ýarym gymmat bahaly we bezeg (reňkli) daşlardan ýasalan
önümleri ätiýaçlandyryş goragyna almagyň
Şertleri
Raýatlaryň karz edaradan karz pul almak üçin karz edara girewine goýýan gymmat bahaly metallardan, gymmat bahaly, ýarym gymmat bahaly we bezeg (reňkli) daşlardan ýasalan önümlerini ätiýaçlandyryş goragy bilen üpjün etmek maksady bilen ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda, şu aşakda görkezilenlere esaslanmalydyr:
1. Raýatlar özlerine degişli gymmat bahaly metallardan, gymmat bahaly, ýarym gymmat bahaly we bezeg (reňkli) daşlardan ýasalan önümleri karz edaradan karz pul almak üçin karz edara girewine goýup, karz edaranyň jogapkärçiliginde duran ýagdaýynda ätiýaçlandyryş guramalary aşakdaky töwekgelçiliklerden ätiýaçlandyryş goragyna alyp bilerler:
1) ýangyn, partlama, ýyldyrym urmagy, gazyň partlamagy, bug gazanlarynyň, gaz geçirijileriň, maşynlaryň we beýleki şoňa meňzeş gurluşlaryň ýarylmagy;
2) talaňçylyk we döwüp açylan ogurlyk, üçünji taraplaryň bilkastlaýyn hereketleri;
3) tebigy betbagtçylyklardan;
4) betbagtçylykly hadysalardan.
2. Ätiýaçlandyryş goragyna alynýan gymmat bahaly metallardan, gymmat bahaly, ýarym gymmat bahaly we bezeg (reňkli) daşlardan ýasalan önümleriň hakyky bahasy ygtyýarly edaralaryň degişli resminamalary bilen tassyklanmalydyr.
3. Karz edara öz jogapkärçiligine alýan gymmat bahaly metallardan, gymmat bahaly, ýarym gymmat bahaly we bezeg (reňkli) daşlardan ýasalan önümleriň goýulýan ýeriniň göwnejaý bolmagy ätiýaçlandyryş guramalary tarapyndan görülmelidir.
4. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça bir ýyllyk nyrh möçberlerine laýyklykda hasaplanyp çykarylýar (2-nji goşundy).
5. Ätiýaçlandyryş şertnamasy aşakdaky resminamalar ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryja berlen ýagdaýynda baglaşylýar:
1) bellenen görnüşdäki arza;
2) gymmat bahaly metallardan, gymmat bahaly, ýarym gymmat bahaly we bezeg (reňkli) daşlardan ýasalan önümleriň sanawy we hakyky bahasyny tassyklaýan resminamanyň nusgasy;
3) gymmat bahaly metallardan, gymmat bahaly, ýarym gymmat bahaly we bezeg (reňkli) daşlardan ýasalan önümleriň karz edaranyň gymmat bahaly metallary saklaýan ýerinde tabşyrylandygy baradaky ätiýaçlandyryjynyň gatnaşmagyndaky düzülen ykrarnamanyň nusgasy.
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 2-nji goşundy
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça bir ýyllyk
ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri
(ätiýaçlandyryş pul möçberleri göterimlerde)
t/b |
Töwekgelçilikleriň ady |
Nyrh möçberi |
1
|
Ýangyn, partlama, ýyldyrym urmagy, gazyň partlamagy, bug gazanlarynyň, gaz geçirijileriň, maşynlaryň we beýleki şoňa meňzeş gurluşlaryň ýarylmagy. |
0,15 |
2 |
Talaňçylyk we döwüp açylan ogurlyk, üçünji taraplaryň bilkastlaýyn hereketleri. |
0,15 |
3 |
Tebigy betbagtçylyklar: ýer titremegi, wulkan atylmagy, ýerasty oduň täsiri, toprak süýşmegi, ýeriň çökmegi, dag opurylmagy, daş gaçmagy, tupan, ýel, harasat, tüweleý, suw basmagy, sil, doly, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk galmagy, şu ýer üçin adaty bolmadyk ýagdaýda güýçli ýagşyň ýagmagy ýa-da galyň garyň düşmegi.
|
0,25 |
4 |
Betbagtçylykly hadysalar: suw geçirijileriň, lagym, ýyladyş ulgamlarynyň we ýangyn söndüriji ulgamlarynyň suwundan ätiýaçlandyrylan emläge zyýan (zelel) ýetmegi, goňşy jaýlardan suwuň syzyp geçmegi, penjire aýnalarynyň, ýüz görülýan aýnalaryň we witrinalaryň döwülmegi, emlägiň üstüni ulag serişdeleriň basmagy, dolandyrylýan uçarlaryň ýa-da olaryň döwlen bölekleriniň gaçmagy.
хищением либо покушением на хищение имущества
|
0,2 |
5 |
Ähli töwekgelçilikleriň |
0,75 |
6 |
Radio-teleenjamlar, wideoenjamlar, magnitofonlar, surat-kinoenjamlar, saz merkezleri, elektron abzallar, howa sowadyjylar, elektrik gurallar we durmuş tehnikasy, olaryň köýüp hatardan çykmagy. |
0,5 |
7 |
Girewe goýlan gymmat bahaly metallardan, gymmat bahaly, ýarym gymmat bahaly we bezeg (reňkli) daşlardan ýasalan önümler.
önümleri |
1,8 |
Töwekgelçiligiň derejesine, emlägiň görnüşine we ýerleşýän ýerine, ätiýaçlandyryş pul möçberine, ätiýaçlandyryşyň möhletine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji (1,0-den 0,4 çenli) we ýokarlandyryjy (1,0-den 2,5 çenli) koeffisiýentler ulanmak mümkindir.
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 3-nji goşundy
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş hakynda
Arza
Ätiýaçlandyrýan |
|
(F.A.A.a) Salgysy ________________________________________________________________________ _______________________________________________________________________________ |
|
Öý emlagini ätiýaçlandyryşa kabul etmegiňizi haýyş edýärin |
|
Ätiýaçlandyryş obýekti ____________________________________________________________ _______________________________________________________________________________ Öý emlaginiň ýeriniň salgysy ____________________________________________________ _______________________________________________________________________________ Ätiýaçlandyryş döwri ____________________________________________________________ Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri: 1. ýangyn, partlama, ýyldyrym urmagy, gazyň partlamagy, bug gazanlarynyň, gaz geçirijileriň, maşynlaryň we beýleki şoňa meňzeş gurluşlaryň ýarylmagy; 2. talaňçylyk we döwüp açylan ogurlyk, üçünji taraplaryň bilkastlaýyn hereketleri; 3. tebigy betbagtçylyklar: ýer titremegi, wulkan atylmagy, ýerasty oduň täsiri, toprak süýşmegi, ýeriň çökmegi, dag opurylmagy, daş gaçmagy, tupan, ýel, harasat, tüweleý, suw basmagy, sil, doly, ýerasty suwlaryň duýdansyz ýagdaýda ýokaryk galmagy, şu ýer üçin adaty bolmadyk ýagdaýda güýçli ýagşyň ýagmagy ýa-da galyň garyň düşmegi; 4. betbagtçylykly hadysalar: suw geçirijileriň, lagym, ýyladyş ulgamlarynyň we ýangyn söndüriji ulgamlarynyň suwundan ätiýaçlandyrylan emläge zyýan (zelel) ýetmegi, goňşy jaýlardan suwuň syzyp geçmegi, penjire aýnalarynyň, ýüz görülýan aýnalaryň we witrinalaryň döwülmegi, emlägiň üstüni ulag serişdeleriň basmagy, dolandyrylýan uçarlaryň ýa-da olaryň döwlen bölekleriniň gaçmagy; 5. radio-teleenjamlar, wideoenjamlar, magnitofonlar, surat-kinoenjamlar, saz merkezleri, elektron abzallar, howa sowadyjylar, elektrik gurallar we durmuş tehnikasy, olaryň köýüp hatardan çykmagy. Baglaşylýan ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleriň belgisi ______________________________ (san we ýazmaça) |
Howpsuzlyk çäreleri:
________________________ gapylaryň görnüşi, ________________________ aýnalaryň görnüşi
________________________ haýat aýlamalary, _____________________ habar beriji ulgamynyň (signalizasiýanyň) görnüşi, __________________________________ daşky, içerki gorag, sany
Emlägiň hakyky bahasy ____________________________________________________________
________________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş pul möçberi _________________________________________________________
________________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölemegiň möhletleri we tertibi __________
________________________________________________________________________________
Franşiza (görnüşi we möçberi) _________________________________________________________
Aýratyn şertler ___________________________________________________________________
________________________________________________________________________________
Öňki ätiýaçlandyryş şertnamasy barada maglumat _______________________________________
________________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş Kadalary hem-de şertleri bilen tanyşdym we razy _______________________
________________________________________________________________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň F.A.Aa. we goly)
20___ ý. “_____“______________
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 3-nji “a” goşundy
(welaýatynyň, şäheriniň, etrabynyň ady) |
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna |
Öý emläginiň sanawy
№ |
Emlägiň ady, esasy häsiýetnamasy (görnüşi, öndürilen ýurdy we beýleki tapawutly alamatlary) |
Toplamalar, suratlar, seýrek we gymmat bahaly zatlar boýunça bahalandyrmany geçiren edaranyň ady, kesilen baha hakyndaky resminamanyň senesi we belgisi; beýleki emläk boýunça «Ätiýaçlandyrýanyň baha kesmegi boýunça» diýen ýazgy edilýär |
Satyn alnan ýyly |
Emlägiň hakyky bahasy (manatda) |
Ätiýaçlandyryş pul möçberi (manatda) |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
Jemi: |
|
|
|
|
20___ý. «_____» _______________ Ätiýaçlandyrýan _____________________
(F.A.Aa. we goly)
M.Ý.
Ýokarda sanalan öý emlägi we olaryň bahasyny (nyrhyny) tassyklaýan zerur bolan resminamalar berildi _________________________________
(ätiýaçlandyryş wekiliniň F.A.Aa. we goly)
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 4-nji goşundy
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy №000-0000000
Ätiýaçlandyryjy (welaýat, şäher, etrap)
|
|
Salgysy/telefony
|
|
Ätiýaçlandyrýan (F.,A.,Aa. ýa-da guramanyň ady)
|
|
Salgysy/telefony
|
|
Bähbit görüji (F.,A.,Aa. ýa-da guramanyň ady)
|
|
Salgysy/telefony |
|
Ätiýaçlandyryşyň obýekti
|
|
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti
|
|
Töwekgelçiligiň görnüşi
|
|
Ätiýaçlandyryş pul möçberi:
|
|
Öý emlägi umumy şertnama boýunça
|
|
Öý emlägini gözden geçirip, şertnama baglaşmak boýunça
|
|
Ätiýaçlandyryş nyrhy
|
|
Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi
|
|
Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegiň tertibi we möhleti |
|
Tölenendigi barada bellik (tölegiň görnüşi: (nagt, däl nagt), nagt däl bolsa töleg tabşyrygynyň belgisi we senesi)
|
|
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň güýje girmeginiň senesi we şertleri
|
|
Franşiza: (görnüşi we möçberi)
|
|
Beýleki şertler |
|
Ätiýaçlandyryjy: _________________________________________________ (A.,A.a. goly we wezipesi)
M.Ý
|
|
Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym ____________________________________
(ätiýaçlandyrýanyň F.A. Aa.we goly)
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 20____ ýylyň «___»___________ berildi.
Bellikler:
Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda, ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekili ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman, şeýle hem, degişli edaralara şobada habardar etmäge borçludyr.
Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner. Taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmeginiň bir aý öňünden, onuň bes edilmegi hakynda birek-birege habar bermelidir.
Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenýänçä, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) möhlete bölünip tölenen ýagdaýynda, bellenilen möhletde tölenmese, ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.
Ätiýaçlandyrylan emläk satylan, çalşylan, sowgat edilen, kärendesine berlen ýa-da başga aýrybaşgalanan emlägiň ätiýaçlandyrylan ýeri üýtgän halatynda, ol barada ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekili ätiýaçlandyryjyny şobada habardar etmäge borçludyr.
Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek, ätiýaçlandyrýan tarapyndan hemme zerur resminamalar berlenden soň, 10 (on) gününiň dowamynda amala aşyrylýar.
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 5-nji goşundy
(welaýatynyň, şäheriniň, etrabynyň ady) |
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna |
|
(Ätiýaçlandyrýanyň F.A.Aa.) |
|
Ätiýaçlandyryş halaty hakynda
Arza
20___-nji(y) ýylyň “____” _____________ baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda 20___-nji(y) ýylyň “____” _____________ bolup geçen ätiýaçlandyryş halaty _________________________________________________________ barada soňra ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňiz üçin Size habar berýärin.
20__-nji(y) ýylyň «______» _______________ _____________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň F.A.Aa. we goly)
Arza şu resminamalary goşýarys:
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 6-njy goşundy
__________________________________
(welaýatynyň, şäheriniň, etrabynyň ady)
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
__________________________________
___________________________________________________________ netijesinde
(wakanyň ady)
20___-nji(y) ýylyň «_____» ___________________ zyýan (zelel) ýeten, ýok edilen ýa-da ogurlanan öý emläginiň
SANAWY
№ |
Emläkleriň ady we sany (materialyny, reňkini, ölçe-gini we ş.m. görkezmek bilen) |
Alnan ýyly |
Bazar bahalary ýa-da bilermeniň berýän bahasy |
Ýeten zyýanyň (zeleliň) sebäbi (meselem: ýandy, döwüldi, ýykyldy) |
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
Düzen: Barlan:
Ätiýaçlandyrýan
__________________ ______________________
(F.A.Aa. we goly) (welaýat, şäher, etrap)
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň wekili
M.Ý. __________________________
(F.A.Aa. we goly)
20___ýylyň «______» _________________
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 7-nji goşundy
Ätiýaçlandyryş halaty hakynda
Ykrarhaty
____________________________________________________________________,
(familiýasy, ady, atasynyň ady)
degişli bolan we _____________________________________________ salgysynda ýerleşen öý emläginiň___________________________________________________
(ätiýaçlandyryş halatynyň häsýetini görkezmeli)
Ätiýaçlandyrýanyň (onuň kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzasynyň ýa-da wekiliniň) ________________________________________________________________________________________________________________________________________
(familiýasy, ady, atasynyň ady)
__________________________________________________________ wekilleriniň,
(ätiýaçlandyryjynyň ady)
çagyrylan hünärmenleriň ______________________________________________
(familiýasy, ady, atasynyň ady, salgysy)
gatnaşmaklarynda ätiýaçlandyrýanyň 20___ ýylyň «____»_____________ arzasy esasynda 20___ ýylyň «____»_______________ ___________________________
(etrap, şäher)
________________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryjynyň wekili ______________________________________________
(familiýasy, ady, atasynyň ady)
tarapyndan düzüldi.
Ýerinde barlanyp görülmegi bilen, şeýle hem degişli resminamalaryň esasynda şular anyklanyldy:
Ätiýaçlandyrylan öý emlägi 20__ýylyň «_____»_______________ sagat____den 20__ýylyň «_____»_______________ sagat______ aralygynda bolup geçen ____________________________________________________________________
(heläkçiligiň ady)
netijesinde ýok edildi (oňa zyýan (zelel) ýetdi) ýa-da ogurlandy.
Heläkçiligiň häsiýeti we sebäbi ___________________________________________
____________________________________________________________________
Öý emlägini halas etmek we mundan beýläk oňa zeper ýetmeginiň öňüni almak üçin nähili çäreler görüldi ___________________________________________________
____________________________________________________________________
Emlägi ogurlamaga synanyşyk edilen halatynda, bu hakda haýsy polisiýa bölümlerine habar edilendigini görkezmeli __________________________________
____________________________________________________________________
Bu öý habar beriji serişdesiniň (signalizasiýanyň) kömegi bilen goralýardymy (diňe öý emlägi ogurlanan halatynda görkezilýär)?____________ hawa____________ ýok
7-nji goşundynyň 2-nji sahypasy
|
2. Zyýanyň (zeleliň) möçberini hasaplamak (manatda) |
||||||||
№ |
Emlägiň ady we sany (materialyny, reňkini, ölçegini we ş.m. görkez-mek bilen)* |
Satyn alnan ýyly |
Bazar bahalary ýa-da bilermeniň berýän bahasy |
Zyýanyň (zeleliň) teswiri (meselem: ýandy, döwüldi, ýykyldy) |
Galyndylaryň berlendigi hakynda bellik (berlendigini ýa-da berilmändigini görkezmeli) |
Ätiýaçlandyryş halaty sebäpli arzanlamagyň göterimi |
Hakyky bahasy
|
Nyrh kesiş bahasy ýa-da abatlamagyň bahasy (könelişmäni hasaba almak bilen) 8s.x7s.:100 |
Zyýanyň (zeleliň) möçberi: 8s. eger ýok edilen ýa-da ogurlanan bolsa, 9s. zelel çeken bolsa |
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
7
|
8 |
9 |
10 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
Jemi: |
|
|
|
|
|
|
|
|
*) Eger ýok edilen, zyýan (zelel) çeken ýa-da ogurlanan zatlary bir görnüşde sanap geçmek mümkin bolmasa, onda şu görnüş boýunça goşmaça sahypa doldurylýar.
Ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygy sebäpli, emlägi halas etmek we ony tertibe salmak boýunça edilen işleriň ady we möçberi |
|
Jemi çykdajylar_____________ |
Zyýanyň (zeleliň) umumy möçberi __________________
Goşundy _________________sahypa
Ätiýaçlandyryjy____________________ Ätiýaçlandyrýan _________________________
(F.A.Aa. we goly) (F.A.Aa. we goly)
M.Ý. M.Ý
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 8-nji goşundy
_______________________________
(welaýatynyň, şäheriniň, etrabynyň ady)
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
Emlägiň ogurlanan halaty hakynda
Kepilnama
_________________________________ habar berýär, ýagny 20__ýylyň «____»______________
(ygtyýarly edaranyň ady)
_______________________________________________________________________ -den(dan)
(familiýasy, ady, atasynyň ady)
_________________________________________________________________ salgyda ýerleşýän
emläginiň ogurlanandygy (ogurlamaga synanyşyk edilendigi) hakyndaky arzasy gelip gowuşdy.
Bu wakanyň aşakdaky ýagdaýlarda 20__ýylyň «_____»______________ bolandygy anyklanyldy: ____________________________________________________________________________
(gysgaça teswiri)
________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
Bu öý habar beriş serişdeleriniň kömegi bilen goralýardymy?______________________________
(hawa, ýok)
20__ýylyň «_____»______________ Karary boýunça bu barada ________________________
________________________________________________________________________ esasynda
(Türkmenistanyň JK)
_______________________________________________________________________________________
(jenaýat işi gozgaldy ýa-da onuň gozgalmagyndan boýun gaçyryldy)
Günäkär, ____________________________________________________________ ýerde ýaşaýan
gorag astynda saklanýan (geregini bellemeli)
________________________________________________________________________________
(familiýasy, ady, atasynyň ady)
Şu emläk ogurlanan _______________________________________________________________
________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
Ogurlyk (ogurlyk etmäge synanyşyk edilmegi) sebäpli aşakdaky zatlar zyýan (zelel) çekdi we ýok edildi:
________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
Ejir çekene gaýdyp berildi __________________________________________________________
________________________________________________________________________________
(eger zatlara zyýan (zelel) ýeten görnüşinde gaýtarylyp berlen bolsa, onda muny görkezmeli)
________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
20__ýylyň «_____»________________ ________________________________
(wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady, goly)
M.Ý.
Öý emlägini meýletin ätiýaçlandyryş
Kadalaryna 9-njy goşundy
_____________________________
(welaýatynyň, şäheriniň, etrabynyň ady)
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
__________________________________
________________________________dan
(Ätiýaçlandyrýanyň F,A,A.a.)
Ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmek barada
A R Z A
________________________________________________________________________________
______________________________sebäpli ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmegiňizi________
__________________________________________________________ şonuň bilen baglanyşykly
ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) gaýtaryp bermegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy № (№№)______________________________________________
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň möhleti _____________________________________________
Ätiýaçlandyryş pul möçberi _________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)_________________________________________
20___ ýylyň “_____” ________________________
________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)
Ätiýaçlandyryjy doldurýar:
Edilen çykdajylaryň möçberi ________________________________________________________
Gaýtaryp berilmäge degişli ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi _
________________________________________________________________________________
____________________________________________________________________
____________________________________________________________________
20___ ýylyň “___” _______________
________________________
(Ätiýaçlandyryjynyň F.A.Aa. we goly)