Buraw işlerini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň Baş direktorynyň
2022-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda çykaran
06-e belgili buýrugy bilen tassyklandy
Buraw işlerini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
I bap. Umumy düzgünler
1. Buraw işlerini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda», «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň kanunlaryna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1684-nji karary bilen tassyklanan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
2. Şu kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy (mundan beýläk - ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň ýuridik şahslary we ýuridik şahslary döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary we Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän we öz işini amala aşyrýan daşary ýurt ýuridik şahslarynyň, olaryň şahamçalaryny we wekilliklerini goşmak bilen (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýan) buraw işlerini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk-ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.
3.Şu Kadalaryň maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin ulanylýan esasy düşünjeler:
1) bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
2) ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan ýuridik şahs;
3) ätiýaçlandyryjy - ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan döwlet ätiýaçlandyryş guramalary, ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;
4) ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) – ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;
5) ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi (jogapkärçiligi) – ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi;
6) ätiýaçlandyryş halaty – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;
7) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
8) ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
9) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy – ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana we (ýa-da) ätiýaçlandyrylan şahsa berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylandygyny tassyklaýan resminama;
10) ätiýaçlandyryş şertnamasy – ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýerine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki we ýuridik şahslaryň emläk we beýleki bähbitleriniň goramagynyň tertibi we şertleri bellenilýär;
11) franşiza – umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenilýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;
12) gazyp almak - Şertnama we degişli Ygtyýarnama laýyklykda ýa-da Konserniň tabşyrygy boýunça Uglewodorod serişdeleriniň ilkibaşlangyç usullar arkaly ýa-da gatlagyň energiýasynyň emeli goldanylmagy bilen ýerastyndan çykarylmagy, Uglewodorod serişdeleriniň (şol sanda Konserniň paýynyň) saklanylmagy, taýýarlanylmagy, ýüklenilmegi, ammarlanylmagy, ulagly daşalmagy, ölçelmegi, eltilmegi, marketingi we ýerlenilmegi boýunça işleriň ähli görnüşleri hem-de işleriň başga görnüşleri, şol sanda infrastrukturanyň obýektleriniň gurluşygynyň we beýleki gurluşyklaryň amala aşyrylmagy, maddy we maddy däl aktiwleriň satyn alynmagy we kärendesi.
13) nebit işleri – Şertnama we degişli Ygtyýarnama laýyklykda Gözleg, Gazyp almak hem-de Gaýtadan işlemek boýunça amala aşyrylýan ähli işler.
14) tebigy gaz - Kadaly atmosfera basyşyndaky we temperaturadaky gazgörnüşli ýagdaýda bolýan uglewodorodlar, Çig nebite ugurdaş we ugurdaş bolmadyk gazlar.
15) çig nebit - islendik uglewodorodlar, şol sanda guýularyň agzynda ýa-da nebit-gaz separatorynda Kadaly atmosfera basyşynda we temperaturada suwuk ýagdaýynda bolýan, Tebigy gazdan alynýan distillýatlar we kondensatlar.
16) uglewodorod serişdeleri – Çig nebit we Tebigy gaz, şeýle hem olardan öndürilýän, olaryň arassalanmagynyň netijesinde ýa-da olar bilen bile gazylyp alynýan önümler we komponentler, şol sanda olaryň gaýtadan işlenilmeginiň netijesinde alynýan nebit, nebithimiýa we gazhimiýa önümleri, suwuklandyrylan gaz we beýleki önümler.
17) potratçy - Ygtyýarnamanyň eýesi bolup durýan we «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Konsern bilen şertnama baglaşan şahslar (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýan).
18) Konsern - «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalaryna laýyklykda Uglewodorod serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak boýunça ygtyýarlyklar berlen edara görnüşli tarap («Türkmennebit» hem-de «Türkmengaz» döwlet konsernleri).
19) sanly hyzmatlar - elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat- telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly edilýän hyzmat;
4. Ätiýaçlandyryş şertnamalary (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy)) şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde, Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän başga şertleri bolup biler.
II bap. Ätiýaçlandyryşyň obýekti
5. Şu aşakdaky işler ätiýaçlandyryş obýektleri bolup durýar:
1) «ähli töwekgelçilikler» bukjasy, oňa desgalar, enjamlar, gurluşlar we nebit işlerini geçirmekde ulanylýan ýa-da ulanmak üçin niýetlenen ähli emläkleri;
2) ätiýaçlandyrýan tarapyndan Konserne (önümleriniň Konserne degişli bolan bölegini) ýa-da beýleki subýektlere geçirilýän pursadyna we nokadyna çenli uglewodorod serişdeleriniň we olaryň ugurdaş önümleri;
3) daşky gurşawa ýetirilen zyýanyň we öňüni alyş çäreleri, netijelerini aradan aýyrmak, şol sanda şertnamalaýyn çäkde, onuň ýerasty baýlyklarynda howanyň, suwun, topragyň we topragastyň hapalanmagy bilen baglanyşykly bolan çykdajylar;
4) «umumy jogapkärçilik» görnüşli ätiýaçlandyryş, oňa nebit işlerini geçirmekde ýa-da olar bilen baglylykda, şol sanda raýat-hukuk jogapkärçiligi boýunça (üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine) ýetirilen zyýan;
5) «guýularyň gözegçiligi» görnüşi, oňa goşmak bilen şertnamalaýyn çäkde guýularda heläkçilikler bilen ýüze çykarylan guýularyň gaýtadan burawlaýyşy we gözegçilik bilen bagly çykdajylar;
6) «ömri, saglyk we betbagtçylykly ýagdaýlar» görnüşi, oňa ätiýaçlandyrýanyň işgärleriniň we onuň nebit işlerini ýerine ýetirmäge çeken beýleki şahslar;
7) nebit işlerini geçirmegiň halkara tejribesine laýyklykda ätiýaçlandyrmaga degişli ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan ulanylýan beýleki işler.
Ömriň, saglygyň we betbagtçylykly hadysalaryň ätiýaçlandyryşy bu töwekgelçilikler ýörite hereket edýän ätiýaçlandyryş kadalary bilen ätiýaçlandyryş goragy berilýär we şol kadalaryň şertlerinde ätiýaçlandyryş şertnamalary (ätiýaçlandyryş şahadatnamalary) baglaşylýar.
III bap. Ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi we ätiýaçlandyryş halatlary
6. Ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi bolup durýar.
7. Ätiýaçlandyrylan guýulara ýa-da ätiýaçlandyrylan beýleki desgalara daşky güýçler arkaly ýetirilýän tötänleýin we öňünden görülmedik täsire düşünilýär, guýularyň gözegçilikden çykmagy ýangyn ýa-da ätiýaçlandyrylan desgalara başga hili zeper ýetmegi ýa-da olaryň ýok edilmegi şol täsiriň netijesi ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.
8. Şu aşakdaky töwekgelçilikleriň ýüze çykmagy ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar:
1) öň gözegçilikden çykan (şu kadalaryň onynjy bölegi) ätiýaçlandyrylan guýulara gözegçiligiň dikeldilmegi ýa-da gözegçiligiň dikeldilmegine synanyşyk bilen baglanyşykly, şeýle hem ätiýaçlandyrylan guýuda gury ýeriň ýokarysynda ýa-da deňziň düýbünde ýüze çykan ýangyn, beýleki guýularda ätiýaçlandyrylan guýynyň gözegçilkden çykmagy netijesinde ýüze çykan ýangyn ýa-da ätiýaçlandyrylan guýynyň gözegçilikden çykmak ýa-da ýanmak wehimini salýan gaýry ýangyn söndürilen (söndürmäge synanyşyk edilen) mahaly ätiýaçlandyrýanyň çeken çykdajylary;
2) guýularyň gözegçilikden çykmagy bilen guýulara zyýan ýetmegi ýa-da olaryň ýok bolmagy;
3) buraw, abatlaýyş enjamyna ýa-da buraw platformalaryna ýeriň üst tarapynda ýa-da deňziň düýbünde partlama, ýangyn, tupan ýa-da harasat, ýer titremesi, ýyldyrym urmagy, ýerüsti, suw ýa-da howa ulag serişdesi bilen çakyşmagy, suw joşmagy, buraw diňiniň, derrigiň ýa-da kranyň ýykylmagy, ýakor, ýakor zynjyry, buý ýa-da balyk tutulýan zynjyr bilen çakyşmagy netijesinde zyýan ýetmegi ýa-da olaryň ýok bolmagy, şeýle hem buraw enjamynyň ýolunmagy ýa-da gysylmagy netijesinde bolup geçen bolsa, ätiýaçlandyrylan guýulary ýa-da olaryň belli-belli ýerlerini gaýtadan burawlamak ýa-da dikeltmek boýunça çykdaýjylary.
4) Üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi:
a) üçünji taraplaryň janyna, saglygyna zyýan ýetmegi;
b) üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetmegi;
ç) daşky gurşawa zyýan ýetmegi.
9. Eger guýularyň gözegçilikden çykmagy ýa-da ätiýaçlandyrylan obýektlere gaýry zyýan ýetmegi ýa-da olaryň ýok bolmagy tebigy betbagtçylyklar, hususan-da, ýer titremesi, wulkan işjeňligi, tupan, harasat ýa-da tüweleý netijesinde ýüze çyksa, şonda şol tebigy betbagtçylyklar arkaly ätiýaçlandyrylan ýerinde şeýle tebigy betbagtçylygyň başlanýan pursatyndan başlap 72 (ýetmiş iki) sagadyň dowamynda ätiýaçlandyrylan guýulara ýa-da gaýry ätiýaçlandyrylan obýektlere ýetirilen ähli zyýan bir waka bilen ýüze çykan hasap edilýär.
10. Eger guýyny gözbaşyndan ýeriň üst tarapyna, deňziň düýbünden ýa-da beýleki suw howdanlarynyň düýbünden çykýan buraw ergininiň, nebitiň, gazyň ýa-da suwuň akymy duýdansyz we öňünden görülmedik ýagdaýda şu aşakdakylaryň ýüze çykmagynyň netijesi we akymyň ýüze çykmagy degişli ygtyýarly edaralar tarapyndan degişli guýularyň gözegçilikden çykan diýlip yglan edilmegine guýy gözegçilikden çykan diýip hasap edilýär:
1) buraw işleri geçirilýän ýerde bar bolan, atylyp çykmalaryň öňüni almak üçin niýetlenilen hem-de buraw işlerini geçirmegiň şertlerini nazara almak bilen, buraw işleri geçirilýän ýerde bolmaly prewentorlary ýa-da gaýry enjamy ulanmak arkaly ýeterlik derejede çalt durzulyp bilinmese;
2) buraw ergininiň sütüniniň agramyny ýa-da basyşyny artdyrmak arkaly ýa-da guýa gaýry şolar ýaly serişdeleri goýbermek arkaly ýeterlik derejede çalt durzulyp bilinmese;
3) degişli gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary çykarmak boýunça buraw işleri geçirilýän ýer we töweregindäkiler üçin howpsuz bolsa.
11. Eger nebitiň, gazyň, suwuň ýa-da gaýry suwuklygyň tötänleýin ýüze çykan akymy ýeriň üst tarapyna çykmazdan, ýeriň aşagynda guýynyň çuňluk sütüninde ýerleşýän bolsa, guýy gözegçilkden çykan hasap edilmeýär.
12. Şu aşakdakylaryň haýsynyň öňürti ýüze çykandygyna garamazdan, ýüze çykan pursatyndan başlap guýa gözegçilik dikeldilen hasap edilýär.
1) suwuklygyň ýa-da gazyň guýynyň gözegçilikden çykmagyna sebäp bolan akymy buraw işleri geçirilýän ýerde bar bolan degişli enjamy ulanmak bilen buraw işleri geçirilýän ýer we töweregindäkiler üçin howp döretmekden bes edilse, durzulsa ýa-da durzulyp bilense;
2) gönüden-göni ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öň ýanynda guýulary burawlamak, çuňaltmak, gurnamak ýa-da abatlamak boýunça geçirilýän işler ýa-da gaýry şonuň ýaly işler dikeldilse ýa-da haýal edilmän dikeldilip bilinjek bolsa;
3) ätiýaçlandyrylan guýy gönüden-göni ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öň ýanyndaky ýagdaýa getirilse, ýagny, eger ulanyş guýusynda nebiti ýa-da gazy çykarmak dikeldilse we beýleki ýagdaýlarda;
4) nebitiň we gazyň guýynyň gözegçilikden çykmagyna sebäp bolan akymy buraw işleri geçirilýän ýer we töweregindäkiler üçin howp döretmezden, degişli gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary çykarmak üçin peýdalanylyp bilinjek bolsa.
Eger bu wakalaryň biriniň ýüze çykan pursatyna çenli ygtyýarly edaralar ätiýaçlandyrylan guýa gözegçiligiň dikeldilendigi hakynda yglan etmese, şol edaralaryň degişli yglan eden pursatyndan başlap gözegçilik dikeldilen hasap edilýär.
IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi
13. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çägini kesgitleýän pul möçberidir. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylan pursatyndaky emlägiň balans ýa-da bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alnyp taraplaryň ylalaşmagy boýunça kesgitlenilýän ätiýaçlandyryş pul möçberi onuň ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan pursatyndaky hakyky bahasyndan ýokary bolup bilmez. Ätiýaçlandyryşyň esasy we goşmaça görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberleri aýratynlykda bellenilýär.
14. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) emläk, şahsy, raýat-hukuk jogapkärçiligi we daşky gurşaw, şeýle hem ätiýaçlandyryş halatyndan soň çäkleri döwük-ýenjiklerden we dökülen zatlardan arassalamak boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberleri (jogapkärçiligiň möçberleri) aýratynlykda bellenip bilner we bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberi jogapkärçiligiň çägi bolup durýar.
Çäkleri döwük-ýenjiklerden we dökülen zatlardan arassalamak boýunça ätiýaçlandyryş pul möçber emlägiň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň 5 (bäş) göteriminden ýokary bolmaly däldir.
15. Ätiýaçlandyryş şertnamalary (ätiýaçlandyryş şahadatnamalary) baglaşylan mahaly her bir ätiýaçlandyryş halaty boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň aňryçäk möçberleri (ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň aňryçäk möçberleri) bellenilýär. Bir ätiýaçlandyryş halaty boýunça ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi hiç bir şertlerde jogapkärçiligiň bellenilen möçberinden geçip bilmez.
16. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) şertlerinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryşyň pul möçberi emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyndan pes bolsa, ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberiniň emlägiň ätiýaçlandyrylan bahasyna bolan gatnaşygyna deňeçerlikde kemelýär.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş obýektiniň hakyky bahasyndan ýokary geçýän bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamanyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamanyň) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň desganyň ätiýaçlandyryş şertnama (ätiýaçlandyryş şahadatnama) baglaşylan pursatyndaky hakyky bahasyndan ýokary geçýän bölegi hakyky däl diýlip hasap edilýär.
17. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ähli ätiýaçlandyryş halatlary boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň) möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberlerinden (jogapkärçiligiň bellenilen möçberinden) artyp bilmez.
18. Emläk täzeden dikeldilende ýa-da zyýan ýeten emlägiň ornuna başgasy alnanda ätiýaçlandyrýan goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmak bilen, ilkibaşdaky ätiýaçlandyryş pul möçberini dikeltmäge mümkinçilik berilýär.
V bap. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)
hasaplamagyň we tölenmegiň tertibi
19. Buraw enjamy, raýat-hukuk jogapkärçiligi boýunça ätiýaçlandyryş gatançlaryň (ätiýaçlandyryş baýraklaryň) möçberi jogapkärçiligiň bellenilen möçberine, ätiýaçlandyryş nyrh möçberine, ätiýaçlandyryş möhletine laýyklykda bellenilýar.
20. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) buraw işleri boýunça ätiýaçlandyryş gatançlaryň (ätiýaçlandyryş baýraklaryň) möçberleriniň şu görnüşleri bellenilip bilner:
1) buraw işleriniň ýa-da guýulary çuňaltmak we gazyp gutarmak işleriniň geçirilýän döwrüne - her bir burawlanan metr üçin. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) köp ýyllyk esasda baglaşylan bolsa, şonda metrleýin bahalar boýunça tölenilen ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyrýana buraw işleri tamamlanylan nobatdaky ätiýaçlandyryş ýylynyň ahyryna çenli burawlamak tamamlanan guýularyň ätiýaçlandyryş goragyna hukuk berýär;
2) abatlamak, gaýtadan enjamlaşdyrmak we tehniki taýdan hyzmat etmek boýunça işleriň geçirilýän döwri üçin – gün boýunça hasaplanylýan esasda;
3) onynjy böleginde görkezilen guýulardan başga, nebit çykarylýan guýular üçin, şeýle hem konserwasiýa edilen ýa-da ýapylan guýular üçin - ýyllyk möçberlerde.
Buraw işleriniň ýa-da guýulary çuňaltmak we gazyp gutarmak işleriniň geçirilýän döwründe her bir burawlanan metr üçin ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklaynyň) möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda hereket edýän ätiýaçlandyryş nyrhlary taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.
21. Buraw işleri boýunça ätiýaçlandyryş gatançlaryň (ätiýaçlandyryş baýraklaryň) (ýigriminji bölegiň 1-nji bendi) guýulary burawlamagyň çuňluk görkezijilerini (ýeriň üst tarapyndan ýa-da deňziň düýbünden guýynyň düýbüne çenli) ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) metrleýin möçberine köpeltmek arkaly hasaplanylýar.
22. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda ýyllyk ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi 365 (üç ýüz altmyş bäş) güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyryşa alynýan günleriň sanyna köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) hasaplanyp çykarylýar.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) 1 (bir) ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu kadalaryň (ýigrimi ikinji böleginiň birinji tesimine) laýyklykda hasaplanyp goşulýar.
Hasaplaşygyň şolar ýaly usuly ätiýaçlandyryş pul möçberi köpelende ýa-da ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenileninden soň ätiýaçlandyryş pul möçberini öňki möçberinde dikeltmek maksady bilen goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda hem ulanyp ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
23. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyrýan tarapyndan bir gezekde ýa-da möhlete bölüp, hasaplaşygyň nagt ýa-da nagt däl görnüşlerinde geçirilýär.
24. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) 1 (bir) ýyla baglaşylýan bolsa, onda ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) 1 (bir) gezekde tölenýär.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) birnäçe ýyl üçin baglaşylan bolsa, onda ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölegi her ýyl geçirilip bilner, ýagny ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylýan ýyllaryň sanyna bölünip bilner.
25. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) möhlete bölünip tölenende ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ony tölemegiň anyk möhletleri we şertleri kesgitlenýär. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenilen pulunda tölenilýär.
Eger ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bölekleýin tölemek görkezilen bolsa we degişli ýylyň ikinji tölegini tölemän ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan bolsa, onda ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) ikinji bölegi tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberinden (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden) tutup alynýar.
26. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
27. Ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) düzüminde onuň gaýtarylyp berilýän bölegi göz öňünde tutulyp bilner, ol ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti tamamlanandan soň ätiýaçlandyrylýana tölenilýär. Ätiýaçlandyryş gatanjyndan (ätiýaçlandyryş baýragyndan) gaýtarylyp berilmeli möçberi 10 (on) göterime çenli ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilip bilner.
VI bap. Ätiýaçlandyryş nyrhyny kesgitlemegiň tertibi we ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi
28. Ätiýaçlandyryş nyrhy bir ýyldan ugur alnyp kesgitlenen we bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerine (şu kadalaryna 1-nji goşundy) laýyklykda hasaplanýar we ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilýär.
29. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerine peseldiji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýentler ulanylyp bilner.
Peseldiji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýent ulanylan mahaly, ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilmeli.
VII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylmagynyň tertibi we hereket edýän möhleti
30. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) taraplaryň ylalaşmagy boýunça bir ýyldan az möhlete, 1 (bir) ýyla we ondan köp möhlete baglaşylýar.
31. Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşylmak barada ýazan arzasy (şu kadalaryna 2-nji goşundy) ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde ýüz tutmasy esasynda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylyp biliner. Arza ätiýaçlandyryş şertnamanyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamanyň) aýrylmaz bölegi bolup durýar.
32. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyrylan emlägi gözden geçermek üçin ätiýaçlandyryja mümkinçilik bermeli we töwekgelçiligiň derejesini kesgitlemek maksady bilen, ätiýaçlandyrylan emläk bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryjy tarapyndan goýulan ähli soraglara jogap bermeli. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrylýan emlägi gözden geçirmäge rugsat bermese ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamany (ätiýaçlandyryş şahadatnamany) baglaşmakdan boýun gaçyryp bilýär.
33. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda howpyň ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary barada ätiýaçlandyryja ýazmaça habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamasyndan (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyndan) ýüz öwürmegine ýa-da ony üýtgedilen mazmun bilen baglaşmagyna täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlar bolup durýar.
34. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrýana töwekgelçilik derejesindäki haýsydyr bir düýpli üýtgetmeler hakynda ýa-da öz netijeleri boýunça ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň möçberini artdyryp biljek üýtgetmeler barada mälim bolsa, ätiýaçlandyryjyny mümkin bolan gysga möhletlerde ähli üýtgetmeler barada ýazmaça habar etmek ätiýaçlandyrýanyň borjy bolup durýar.
35. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana Buraw işlerini meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) (şu kadalara 3-nji goşundy) gowşurýar.
36. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:
1) nagt däl görnüşinde tölenilende, ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna gelip gowşan güni;
2) nagt görnüşinde tölenilende – ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.
37. Ätiýaçlandyrýanyň kärende şertnamasyna laýyklykda hakyna tutmak, lizing boýunça alan ýa-da oňa buýrujy ýa-da başga adamlar tarapyndan berlen ätiýaçlandyrylan guýularda peýdalanylýan buraw enjamy ýa-da beýleki enjam umumy esasda ätiýaçlandyryşa degişli bolup biler.
38. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen enjamlar we emläk diňe ätiýaçlandyrylýan ýeriň çäklerinde ätiýaçlandyrylan hasap edilýär.
Eger şol enjam başga ýere geçirilýän bolsa, diňe şeýle halatda, ýagny ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjyny wagtynda (azyndan 1 aý öňünden) öňde boljak şonuň ýaly göçürme barada ýazmaça habar edende we ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) täze salgysy görkezilende ätiýaçlandyryş täze ýerde hereket etmegini dowam etdirýär. Şeýle halatda ätiýaçlandyryjy enjamyň bir ýerden başga ýere geçirilmegi bilen ýüze çykan töwekgelçiligiň üýtgemegine laýyk gelýän ätiýaçlandyryş gatançlaryň (ätiýaçlandyryş baýraklaryň) möçberini täzeden bellemäge hukugy bardyr.
39. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.
40. Ätiýaçlandyryş şertnamasyna (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna) üýtgetmeler ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň özara ylalaşygy bilen, taraplaryň haýsynyň hem bolsa biriniň arzasy esasynda girizilip bilner we taraplaryň goşmaça ylalaşygy bilen resmileşdirilýar.
41. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti şu aşakdaky görkezilen gününde başlanýar:
1) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) başlanýan seneden soň burawlanyp başlanýan guýular boýunça - burawlanýan gününden;
2) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) başlanýan senesinde buraw ýa-da abatlamak işleri, çuňaltmak, gaýtadan enjamlaşdyrmak ýa-da enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça işler alnyp barylýan guýular boýunça - işleriň ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) başlanýan senesinde alnyp barylýan görnüşi tamamlanýan gününden;
3) ätiýaçlandyrýanda ätiýaçlandyryşyň şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) başlanýan senesinde ätiýaçlandyryş gyzyklanmasy bolmadyk guýular barasynda - onda şeýle gyzyklanma ýüze çykan gününden.
42. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan gününde sagat 24-de başlanýar we şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň soňky gününde sagat 24-de gutarýar.
43. Ätiýaçlandyrýanyň (Potratçynyň) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin bähbit görüjini bellemäge, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmazdan öň, öz garaýşyna görä ony çalyşmaga haky bardyr.
44. Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryşy şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahdatnamasy) boýunça ätiýaçlandyrylan işleriň buýrujysy ýa-da ätiýaçlandyrylan işleri ýerine ýetirmäge gatnaşmaýan beýleki tarap bolsa, şonda potratçy, kömekçi potratçy ýa-da ätiýaçlandyrylan işleri ýerine ýetirýän beýleki tarap diňe ätiýaçlandyryjynyň deslapky razylygy bilen bähbit görüji bolup biler, şu işleri ýerine ýetirmek üçin ätiýaçlandyryş şertnamasyna (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna) laýyklykda ätiýaçlandyrylan işleri ýerine ýetirýän adamy töwekgelçilikleriniň bolsa diňe şeýle töwekgelçilikler babatda ätiýaçlandyryş şertnamasyna (ätiýaçlandyryş şahdatnamasyna) ýörite goşmaçalar baglaşylan şertlerinde şu şertnama boýunça üsti dolunyp bilner.
45. Bähbit görüjiniň ygtyýarynda ätiýaçlandyryş şertnamanyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamanyň) asyl nusgasy bar hem bolsa, ätiýaçlandyrýanyň razylygy bolmazdan ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahdatnamasy) boýunça öz hukuklaryny amala aşyryp bilmez.
46. Ätiýaçlandyrýanyň (Potratçynyň) şu Kadalarda sanalyp geçilen borçlary deň derejede bähbit görüjä hem degişlidir. Bähbit görüjiniň şol borçlary ýerine ýetirmezligi olary ätiýaçlandyrýanyň ýerine ýetirmezligindäki ýaly netijelere getirýär.
47. Töwekgelçiligiň derejesiniň üýtgemegi barada ätiýaçlandyrýanyň özüne mälim bolan mahaly haýal etmän şu aşakdaky ýagdaýlarda atiýaçlandyryja habar bermelidir:
1) buraw işleri geçirilýän ýerlerde işleriň bes edilmegi ýa-da olaryň häsiýetiniň düýpli üýtgemegi;
2) buraw enjamynyň ýa-da buraw işleriniň üçünji taraplara berilmegi;
3) buraw ýa-da beýleki ätiýaçlandyrylan işleri geçirmek üçin ätiýaçlandyryş şertnamalar (ätiýaçlandyryş şahadatnamalar) boýunça taraplaryň borçnamalarynyň üýtgemegi ýa-da olaryň möhletleriniň düýpli üýtgemegi.
VIII bap. Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyryş
48. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.
Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bilen düzgünleşdirilýär. Şunda gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.
Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.
Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.
Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertleri we nyrhynyň möçberleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.
IX bap. Ätiýaçlandyryjynyň borçlary we hukuklary
49. Ätiýaçlandyryjy şulara borçlydyr:
1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyş etmäge;
2) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen möhletde ätiýaçlandyrýana ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;
3) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär.
50. Ätiýaçlandyryjynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:
1) ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga;
2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişlerine gözegçilik etmäge;
3) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;
4) ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary ätiýaçlandyrýandan almaga;
5) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş halatynyň sebäbini kesgitlemek üçin zerur bolan islendik maglumatlary talap etmäge;
6) zerur çäreleri görmek we görkezmek bilen, ätiýaçlandyrylýan obýektini halas etmäge hem-de abat saklamaga gatnaşmaga;
7) ýetirilen zyýan barada ätiýaçlandyrýanyň habarnamasyna garaşmazdan, ätiýaçlandyrylan zyýan ýeten desgalary gözden geçirmäge girişmäge hukugy bardyr. Ätiýaçlandyrýanyň oňa bu babatda päsgel bermäge haky ýokdur;
8) eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanyndan soň ýüze çykan howpyň artmagy hakynda habary bir aýyň dowamynda habar bermese, ätiýaçlandyryjynyň bir aýlyk möhleti berjaý etmek bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) bozmaga ýa-da degişlilikde ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) artdyrmagy talap etmäge haky bardyr.
9) ätiýaçlandyrylan guýularyň we beýleki ätiýaçlandyrylan desgalaryň ýagdaýyny barlamaga;
10) ätiýaçlandyrylan guýularyň bahasyny barlamaga;
11) buraw işleriniň ýa-da beýleki ätiýaçlandyrylan işleriň, enjamlaryň, ätiýaçlandyrylan guýularyň ýa-da beýleki ätiýaçlandyrylan obýektleriň bahasy hakyndaky maglumatlar babatda ätiýaçlandyrýanda (potratçyda) ýa-da bähbit görüjide bar bolan hasapçylyk kitaplaryny we gaýry resminamalary barlamaga;
X bap. Ätiýaçlandyrýanyň (Potratçynyň) borçlary we hukuklary
51. Ätiýaçlandyrýan (potratçy) şu aşakdakylara borçludyr:
1) ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen tertipde tölemäge;
2) özüne mälim bolan, ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin düýpli ähmiýeti bolan ähli ýagdaýlar barada maglumatlary ätiýaçlandyryja bermäge we mundan beýläk-de ätiýaçlandyryş töwekgelçiligindäki islendik üýtgeşmeler hakynda ätiýaçlandyryja habar bermäge;
3) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;
4) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän ýitgileri we çykdajylary azaltmaga, onuň möçberini anyklamak boýunça mümkin bolan we maksada laýyk ähli çäreleri görmäge;
5) ätiýaçlandyryja onuň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri we getiren netijeleri, ýetirilen zyýanyň häsiýeti hem-de möçberi hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýän ähli maglumatlary we resminamalary bermäge;
6) ýetirilen zyýanyň gözden geçirmäge we möçberini kesgitlemäge ätiýaçlandyryjynyň gatnaşmagyny üpjün etmäge;
7) ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça onuň soraýan, ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň derejesine baha bermäge mümkinçilik berýän ähli resminamalary bermäge;
8) eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bilen bagaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyrylan enjamlary özbaşdak ýagdaýda we diňe öz işçi güýçlerini peýdalanmak bilen ulanmaga;
9) buraw we beýleki işler geçirilýän ýerde aýlawly burawlaýan enjamlar üçin Türkmenistanyň degişli edaralary tarapyndan bellenilen tertibi we kadalary, şeýle hem ähli zerur howpsuzlyk çärelerini berjaý etmäge;
10) burawlanylýan mahaly buraw ergini hökmünde düzüminde nebit, ýag bolan ýa-da aerirlenen garyndylaryň peýdalanylmagyna ýol bermezlige;
11) buraw we beýleki işleriň ätiýaçlandyrylyşy amala aşyrylanda Türkmenistanyň ätiýaçlandyryş kanunçylygynyň düzgünlerini berjaý etmäge;
12) işi buraw we beýleki işleriň geçirilmegi bilen baglanyşykly bolan Operatordan we Kömekçi potratçydan degişli kömekçi potrat şеrtnamalarynda we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan görnüşlerde we möçberlerde ätiýaçlandyryşy ulanmagy talap etmäge;
13) ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyrylan guýular we beýleki ätiýaçlandyrylýan obýektler babatda beýleki ätiýaçlandyryş guramalary bilen baglaşylan ähli ätiýaçlandyryş şertnamalary (ätiýaçlandyryş şahadatnamalary) barada ätiýaçlandyryjyny habar etmäge;
14) şu kadalaryň bäşinji böleginde ätiýaçlandyryşa hödürlenilýän guýularyň nähili ýagdaýdadygy, şeýle hem işleriň geçirilýän wagtda ätiýaçlandyryşyň baglaşylýandygy barada ätiýaçlandyryjyny habar etmäge.
52. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyrýan (potratçy) şulara borçludyr:
1) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada şobada, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline ýazmaça arzasy (şu kadalara 4-nji goşundy) ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde, şeýle hem dessine degişli edaralara habar bermäge;
2) ätiýaçlandyrylan guýularyň gözegçilikden çykmagynyň öňüni almak we öň gözegçilikden çykan guýulara gözegçiligi dikeltmek boýunça mümkin bolan ähli çäreleri görmäge;
3) eger muňa mümkinçilik bolsa, ýetirilen zyýanyň öňüni almak boýunça we ätiýaçlandyrylan obýekti halas etmek boýunça mümkin bolan ähli çäreleri görmäge;
4) ýolunan we ýeriň aşagynda gysylyp galan buraw enjamlaryny tutup almak hem-de ýokaryk çykarmak boýunça ähli zerur çäreleri görmäge;
5) ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça oňa dikeldiş ýa-da ätiýaçlandyrylan işleri ýerine ýetirmek üçin ähli şertnamalary, iş buýurmalaryny, geçirilen işler üçin tölegleriň tölenilendigni tassyklaýan töleg resminamalaryny, şeýle hem zyýan ýetirmegiň sebäplerini hem-de onuň möçberini tassyklaýan gaýry resminamalary bermäge;
6) zyýan ýeten emlägi ätiýaçlandyryş halaty bolup geçenden soňky ýagdaýynda saklamaga. Ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) diňe eger munuň özi howpsuzlyk, ýetirilen zyýanyň möçberiniň azalmagy babatda talap edilýän bolsa, ätiýaçlandyryjynyň razylygy bilen ýa-da ätiýaçlandyryjy çekilen zyýan barada habar edileninden soň bir hepdäniň geçmegi boýunça çekilen zyýanyň ýagdaýyny üýtgetmäge hukugy bardyr.
53. Ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) şulara hukugy bardyr:
1) ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyşmaga;
2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge;
3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga;
4) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly onuň öwezligini almaga;
5) ätiýaçlandyryş pul möçberini üýtgetmäge.
XI bap. Ätiýaçlandyryjynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň
öňüni almak
54. Ätiýaçlandyryjylar “Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda degişli çäreleri amala aşyrmalydyrlar, şeýle hem ygtyýarly döwlet edarasyna degişli maglumatlary bermelidirler.
XII bap. Işleriň howpsuzlygy. Howpsuzlyk düzgünlerini bozmak
55. Eger ätiýaçlandyrýan (potratçy), kömekçi potratçy ýa-da buraw işlerini ýa-da beýleki ätiýaçlandyrylan işleri geçirýän beýleki tarap şu aşakdakylary berjaý etmäge borçludyr:
1) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň şertlerinde we şol ýerlerde buraw işleri geçirmegiň adaty tejribesine laýyklykda ätiýaçlandyryş işleri geçirmegi üpjün etmäge;
2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy-hukuk namalaryna laýyklykda buraw işleriniň we beýleki işleriň howpsuzlygyny üpjün etmäge;
3) ätiýaçlandyrylan guýularyň gözbaşynda standart kysymly, önümleriň atylyp çykmagyna garşy ulanylýan prewentorlaryň oturdylmagyny hem-de olaryň degişlilikde barlanylmagyny amala aşyrmaga;
4) öň gözegçilikden çykan ätiýaçlandyrylan guýulara gözegçiligi dikeltmek boýunça ähli zerur çäreleri görmäge;
5) buraw işlerini ýerine ýetirmäge gatnaşýan öz kömekçi potratçylarynyň ýa-da beýleki adamlaryň howpsuzlyk ölçeglerini ýerine ýetirmegini üpjün etmäge;
6) ätiýaçlandyrylan buraw işleriniň işgärler düzümini degişli hünär derejesi bolan işgärler bilen üpjün etmäge;
7) daş-töweregiň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça ýörite niýetlenilen enjamy ulanmak bilen, ähli çäreleri görmäge.
56. Eger ätiiýaçlandyrýan (potratçy) howpsuzlyk kadalaryny bozýan bolsa ýa-da eger şeýle bozma ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) habarly bolmagynda amala aşyrylýan bolsa, onda ätiýaçlandyryjynyň şeýle bozulmalar hakynda oňa mälim bolan günden başlap bir aýyň dowamynda görkezilen bozulmalar düzedilýänçä ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) bes etmäge ýa-da onuň hereketini wagtlaýyn bes etmäge hukugy bardyr.
57. Ätiýaçlandyryjynyň gönüden-göni sebäbi howpsuzlyk kadalarynyň bozulmagy bolup durýan ätiýaçlandyryş halaty boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmaga hukugy bardyr. Emma ätiýaçlandyryş ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini), eger şol kadalaryň bozulmagy zyýanyň ýüze çykmagynyň sebäpleri bilen baglanyşykly bolmasa ýa-da eger ätiýaçlandyryjy bir aýyň tamamlanmagy bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) bozmak hakyndaky öz hukuklaryndan peýdalanmasa, şonda tölenilýär.
XIII bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi
58. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyrýandan (potratçydan) ýazmaça arzasy ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde habar alandan soň 5 (baş) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhatyny (şu kadalara 5-nji goşundy) düzmelidir.
59. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygynyň subutnamasy degişli resminamalar we dogrulygyna şubhe döretmeýän beýleki maglumatlar esasynda, kazyýetleriň, derňew, we beýleki edaralaryň çözgütleri bilen, şeýle hem zerur bolan halatlarda bolsa, bilermenleriň netijenamalary esasynda bellenilýär.
60. Zyýanyň möçberi ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş halaty hakynda ykrarhatynyň esasynda ýa-da degişli edaralaryň berýän hasaplamasynyň esasynda kesgitlenýär we şoňa laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenýär.
61. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ýetirilen zyýanyň ýüze çykmagynyň sebäpleri we möçberi doly bellenileninden soň tölenilmäge degişlidir. Ätiýaçlandyrýan (potratçy) ätiýaçlandyryja ýetirilen zyýanyň ýüze çykmagynyň sebäplerini we möçberini tassyklaýan ähli zerur resminamalary bermelidir.
62. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bilen şu kadalaryň sekizinji bölegine (guýularyň gözegçilikden çykmagy) laýyklykda ätiýaçlandyryş goragy göz öňünde tutulan bolsa, öň gözegçilikden çykan guýa gözegçiligi dikeltmek üçin ýa-da guýulardaky ýangyny söndürmek üçin zerur bolan, guýularyň gözegçilikden çykan ýa-da ýangyn ýüze çykan pursatdan başlap guýa gözegçilik dikeldilen ýa-da ýangyn gutarnykly söndürilen pursatyna çenli döwür üçin ähli maksadalaýyk harçlanylan şu aşakdaky çykdajylaryň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) töleýär:
1) emläkler doly ýok bolanda bahasyny;
2) eger ol buraw işleri geçirilýän ýerde bolmaly däl bolsa, ýörite enjamy kärendä almak ýa-da hakyna tutmak boýunça çykdajylary;
3) guýulara gözegçiligi dikeltmek ýa-da guýulardaky ýangynlary söndürmek üçin ýöriteleşdirlen adamlar ýa-da edaralar tarapyndan edilen hyzmatlaryň we ýerine ýetirilen işleriň bahasyny;
4) guýa gözegçiligi dikeltmek üçin zerur bolan buraw işlerini hem-de beýleki işleri ýerine ýetirmek boýunça çykdajylary;
5) bularyň hemmesi guýa gözegçiligi dikeltmek ýa-da ýangyny söndürmek üçin zerur bolan we ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) göz öňünde tutulan jogapkärçiligiň bellenilen möçberinden (şu kadalaryň bäşinji bölegi) ýokary bolmadyk derejede beýleki maksadalaýyk harçlanylan çykdajylary özünde jemleýär.
Bu çykdajylar zyýan ýeten guýulary dikeltmek ýa-da olary gaýtadan burawlamak üçin harçlanylan möçberleri özünde jemlemeýär.
63. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bilen (şu kadalaryň sekizinji bölegiň 2-nji bendine) laýyklykda ätiýaçlandyryş goragy göz öňünde tutulan bolsa, onda ätiýaçlandyryş halaty netijesinde hatardan çykan ýa-da zyýan ýeten ätiýaçlandyrylan guýulary ýa-da olaryň islendik böleklerini gaýtadan burawlamak üçin zerur bolan, hakykatda maksadalaýyk harçlanylan şu aşakdakylar ähli çykdajylaryň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge degişlidir:
1) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykanda ätiýaçlandyrylan guýynyň çuňlugyndan geçýän çuňluga ýa-da gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary netijeli çykarmak mümkin bolan geologiki zolaklaryň ýa-da gatlaklaryň ýatýan ýeriniň çuňlugyndan köp bolan çuňluga guýulary burawlamak üçin;
2) guýulara gözegçiligi dikeltmek (şol sanda degişli buraw işleri) üçin ýa-da ýangyny söndürmek üçin.
Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan pursatyna çenli berýän önümi azalan ýa-da taşlanan hasaplanylýan guýulary gaýtadan burawlamak ýa-da dikeltmek üçin zerur bolan çykdajylar muňa girmeýär.
64. Ätiýaçlandyryjynyň şu aşakdaky halatlarda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi gaýra goýup biler:
1) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenilmegini talap edýän şahslaryň şeýle ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga hukuk ygtyýaryna şübhe dörese-zerur subutnamalar berilýänçä;
2) ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň), bähbit görüjiniň ýa-da onuň ygtyýarly wekiliniň garşysyna degişli edaralar tarapyndan jenaýat işi gozgalan bolsa we zyýanyň emele gelmegine getiren halatlaryň derňewi geçirilýän bolsa, şol iş boýunça degişli çözgüdi kanuny güýje girýänça.
65. Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölegi Türkmenistanyň ulanylýan kanunçylygyna laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamada (ätiýaçlandyryş şahadatnamada) aýdylyp geçilen franşizalary hem-de ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynda günäkär üçünji taraplardan şol zyýanyň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) üçin ejir çeken adamynyň alan pul möçberini tutup almak bilen, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça jogapkärçiligiň bellenilen möçberinden köp bolmazdan tölenilýär.
66. Ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) ätiýaçlandyryş halatyndan soň galan emläkden, oňa zyýan ýeten hem bolsa, boýun gaçyrmaga hukugy ýokdyr. Şeýle emlägiň galyndy bahasy ätiýaçlandyryş pul möçberlerden (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden) tutulyp alynmaga degişlidir.
67. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şu aşakdaky ýagdaýlarda tölenýär:
1) emläk doly ýok bolanda - onuň hakyky gymmatyndan galyndylaryň bahasynyň aýrylan möçberde;
2) emläge zyýan ýetende - dikeldiş çykdajylarynyň möçberinde, ýagny ätiýaçlandyrylan emlägiň ätiýaçlandyryş halatynyň öň ýanyndaky ýagdaýyna dikeltmek üçin çykdajylaryň möçberinde.
68. Dikeldiş çykdajylary şu aşakdakylardan ybarat bolup durýar:
1) abatlamak üçin serişdeler we ätiýaçlyk şaýlary üçin çykdajylar;
2) abatlamak işlerini tölemek üçin çykdajylar;
3) serişdeleri abatlanylýan ýere getirmek boýunça çykdajylary we ätiýaçlandyrylýan obýektleri dikeltmek, şol sanda olaryň ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykýança bolan ýagdaýynda dikeltmek üçin zerur bolan beýleki çykdajylar.
69. Dikeldiş çykdajylaryna şu aşakdakylar degişli däl:
1) ätiýaçlandyrylan obýektleri üýtgedilmegi ýa-da gowulandyrylmagy bilen ýüze çykan goşmaça çykdajylara;
2) wagtlaýyn ýa-da goşmaça abatlanylmagy ýa-da dikeldilmegi bilen ýüze çykan çykdajylara;
3) gereginden artyk harçlanylan beýleki çykdajylara.
70. Ätiýaçlandyrylan obýektine ýeten zyýanyň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi), ýeten zyýan boýunça düzülen hasaplamada görkezilen çalyşylmaga degişli bolan çalşylýan bölekleriň, uzelleriň, agregatlaryň we şaýlaryň bahasyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwrüniň könelme bahasyny hasaba almak bilen kesgitlenilýär.
71. Doly weýran bolmak diýlip, dikeldiş çykdajylary ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan pursatynda zyýan ýeten ýa-da ýitirilen zadyň hakyky bahasyna deň bolmagyna ýa-da geçmegine aýdylýar.
72. Şu kadalaryň şertlerinde şu aşakdakylaryň netijesinde ýüze çykan zyýanyň hem ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenýär:
1) nebitiň we gazyň öňünden görülmedik ýagdaýda atylyp çykmagy;
2) kraterleriň, grifonlaryň we çukurlaryň tötänleýin emele gelmegi;
3) maçtalaryň, kranlaryň ýa-da derrikleriň gollarynyň ýokary galmagy ýa-da aşak goýberilmegi;
4) buraw enjamlarynyň, derrikleriň ýa-da maçtalaryň çökmegi ýa-da guýa gaçmagy;
5) ätiýaçlandyrylan çäklerde ýerüsti daşalmagy.
72. Ýeriň aşagynda ulanylýan buraw guraly, şeýle hem beýleki enjamlar diňe şu aşakdakylar netijesinde ýetirilen zyýanyň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenýär.
1) nebitiň we gazyň öňünden görülmedik ýagdaýda atylyp çykmagy;
2) kraterleriň, grifonlaryň ýa-da çukurlaryň tötänleýin ýagdaýda emele gelmegi;
3) ýanmagy;
4) partlanmagy.
74. Atylyp çykmagy diýlip, guýudan buraw ergininiň tötänleýin ýagdaýda we üzül-kesil atylyp çykmagyna düşünilýär, şeýle atylyp çykmadan soňra guýunyň çuňluk sütüni üstünden geçýän ýeriň üst tarapynyň aşagyndaky haýsydyr bir gatlakda nebitiň, gazyň ýa-da suwuň basyşynyň guýudaky buraw ergininiň sütüniniň basyşyna garanyňda ýokary bolmagy netijesinde nebitiň, gazyň ýa-da suwuň gözegçilik edilmeýän ýagdaýda akymy ýüze çykýar, munuň özi bolsa guýynyň gözegçilik ýgdaýdan çykmagyna getirýär.
75. Kraterleriň, grifonlaryň ýa-da çukurlaryň tötänleýin ýagdaýda emele gelmegi diýlip, gözegçilik edip bolmaýan guýudan çykýan nebitiň, gazyň ýa-da suwuň akymynyň täsiri astynda topragyň haraplanmagy netijesinde guýunyň gözbaşynyň töwereginde çukur görnüşli çuňlugyň emele gelen halatyna düşünilýär.
76. Guýuda ýa-da buraw ýerinde ýangyny söndürmek boýunça çykdajylaryň, şeýle hem gymmatly düzümleriň, köpürjik emele getirýän düzümleriň ýa-da ýangynlary söndürmek üçin peýdalanylýan islendik beýleki serişdeleriň bahasynyň ýangyn mahaly olara zyýan ýetendigine (ýitirilendigine) ýa-da ýangyny söndürmek üçin peýdalanylandygyna garamazdan, ätiýaçlandyryş bilen üsti dolunmaýar.
Kraterleriň, grifonlaryň ýa-da çukurlaryň emele gelmeginiň ýa-da nebitiň, gazyň ýa-da suwuň atylyp çykmagynyň bes edilmegi ýa-da öňüniň alynmagy boýunça islendik çykdajylar hem öwezi dolunmaga degişli däldir.
77. Eger kärendä almak ýa-da buraw enjamlaryna hyzmat etmek üçin baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamalar (ätiýaçlandyryş şahadatnamalar) arkaly kärendä berijiniň ýa-da tehniki taýdan hyzmat edýän guramanyň kärendä berlen işleriň ýa-da olaryň hyzmat edýän buraw enjamlarynyň ygtybarlylygy ýa-da hili babatda haýsydyr bir çäklendirmeler göz öňünde tutulýan bolsa, şonda şeýle çäklendirme şu ätiýaçlandyryş kadalaryna laýyklykda üsti dolunýan ýitgiler boýunça ätiýaçlandyryjynyň regres talabynyň hukugyna täsir etmeýär.
78. Hapalanmagynyň çeşmesi ätiýaçlandyrylan, gözegçilikden çykan (şu kadalaryň onynjy bölegi) guýular bolan daş-töweregiň haraplanmagy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryjy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda tölemäge degişlidir:
1) üçünji taraplaryň saglygyna ýa-da emlägine ýetirilen zyýan üçin;
2) üçünji taraplaryň özlerine degişli ýa-da özleri tarapyndan kärendä alnan gozgalmaýan emlägi peýdalanmaga mümkinçiligiň ýokdugy üçin;
3) daş-töweregi hapalaýan maddalary toplamagyň ýa-da ýok etmegiň bahasyny, şeýle hem açyk deňizde nebit tegmilini tutup almak boýunça we daş-töweregiň mundan beýläk-de hapalanmagynyň öňüni almak boýunça çykdajylary goşmak bilen, tebigaty dikeldiş çäreleriniň geçirilendigi üçin;
4) kazyýetlerde we Araçy kazyýetlerde ätiýaçlandyrýana we/ýa-da ätiýaçlandyryja daş-töweregiň ýokarda görkezilen hapalanmagy bilen olaryň ýetiren zeleliniň öwezini dolmak hakynda üçünji taraplar tarapyndan bildirilen hak islegler boýunça işleri ýöretmek baradaky çykdajylaryň, şol sanda kazyýetiň ýa-da araçy kazyýetiň çözgüdi boýunça ätiýaçlandyryjy öwezini dolmaga borçly bolan hak isleg bildirijiniň kazyýet çykdajylarynyň möçberleri üçin.
79. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhletiniň dowamynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýçlandyryş şahadatnamasynyň) şertleri boýunça ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge degişli zyýany emele getiren wakasy ýüze çyksa we eger şol waka ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) tamamlanan senesinden ýa-da şeýle şertnamanyň bozulan senesinden soň dowam etse, şonda şeýle zyýanyň şonuň ýaly ätiýaçlandyryş bilen üsti dolunýar hem-de ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) şol babatda ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça jogapkärçiligiň bellenilen möçberleriniň çäklerinde tölenilýär.
80. Ýetirilen zyýanyň sebäpleri we möçberi hakynda taraplaryň arasynda jedeller ýüze çykan halatynda taraplaryň her biriniň seljermeleri geçirmegi talap edip biler.
Seljerme ony geçirmegi talap eden tarapyň hasabyna geçirilýär. Eger seljjermäniň netijeleri bilen ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmagynyň esassyzlygy anyklanylsa, ätiýaçlandyryjy seljerme boýunça çykdajylaryň tölenilmek ilki başda boýun gaçyrylan pul möçberleriniň we seljerme geçirileninden soň tölenilen ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberleriniň özara gatnaşyklaryna laýyk gelýän paýyny öz üstüne alýar.
Seljerme geçirileninden soň ätiýaçlandyryş halatyna degişli däl diýip ykrar edilen halatlar boýunça seljermeleri geçirmek üçin çykdajylar ätiýaçlandyrýana (potratça) degişli edilýär.
81. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bilen şu kadalaryň ýetmiş sekizinji bölegi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) göz öňünde tutulan bolsa, onda:
1) ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly ýetirilen zyýanyň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) hakynda üçünji taraplar tarapyndan ätiýaçlandyrýana (potratça) talaplar, şol sanda kazyýet ýa-da araçy kazyýet tertibinde talaplar bildirilen halatynda ätiýaçlandyryjynyň özbaşdak ýagdaýda ýa-da ätiýaçlandyrýan (potratçy) bilen bir hatarda şeýle nägilelikler öz üstünden bildirilýän edaralarda ony we öz bähbitlerini goramaga hukugy bardyr, ýöne muňa borçly däldir;
2) Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana (potratça) kazyýetde ýa-da araçy kazyýetde segseninji böleginde görkezilen işleri ýöretmek boýunça çykdajylaryň ýa-da ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) bähbitlerini goramak boýunça şolar barasynda ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryjynyň deslapky razylygy alynmadyk gaýry çykdajylarynyň ätiýaçlandyrýana (potratça) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge degişli däldir;
3) Ätiýaçlandyrýanda (potratçyda) işleýän ýa-da ondan gündelik tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegi üçin ondan hemişe hak alýan adamlara hak tölemekden başga, ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) bähbitlerini goramak boýunça çykdajylaryň ätiýaçlandyrýana (potratça) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly däldir;
4) Ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) ätiýaçlandyryjynyň razylygy bolmazdan segsen birinji bölegiň 1-nji bendinde görkezilen talaplary, şeýle hem ejir çeken adamlar tarapyndan hem bildirilýän talaplary kanagatlandyrmak tertibinde haýsydyr bir pul möçberlerini tölemäge degişli däldir. Eger ätiýaçlandyrýan (potratçy) şeýle borçnamany bozýan bolsa, ätiýaçlandyryjynyň kanun boýunça ýa-da şu ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) onuň jogapkärçiliginden artýan bölegini tölemekden boýun gaçyryp biler;
5) kazyýet çykdajylary we segsen birinji bölegiň 2-nji bendinde görkezilen gaýry çykdajylar talaplara degişli edaralaryň garamagy tamamlanandan we olaryň çözgütleri güýje gireninden soň ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge degişlidir.
82. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahdatnamasynda) ähli jogapkärçiligiň bellenilen möçberleri, franşizalaryň möçberi, ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi we bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberi olaryň doly bahasyndan ugur alnyp görkezilýär. Eger ätiýaçlandyrýanyň (potraçynyň) ätiýaçlandyrylan guýularda, beýleki ätiýaçlandyryş obýektinde ýa-da olaryň haýsydyr bir böleginde doly ýetmeýän paýly bähbidi bar bolan halatynda jogapkärçiligiň bellenilen möçberleriniň, franşizalaryň, ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberleri we bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberleri ätiýaçlandyrýanyň (potraçynyň) ätiýaçlandyryş obýektindäki paýly bähbide deňeçerlikde azaldylýar. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýanyň (potraçynyň) ätiýaçlandyryş obýektindäki paýly bähbidine deňeçerlikde we şol paýly bähbidiň çäklerinde jogapkärçilik çekýär hem-de çekilen zyýanyň ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenýär.
83. Ätiýaçlandyryjynyň we onuň wekilleriniň munuň üçin zerur çäreleri görmek we görkezmek bilen, ätiýaçlandyrylýan obýekti halas etmäge hem-de abat saklamaga gatnaşmaga hukugy bardyr, emma ätiýaçlandyryjynyň bu hereketlerine onuň ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny tölemek ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) borjuny ykrar etmek hökmünde garalyp bilinmez. Eger ätiýaçlandyrýan (potratçy) muňa päsgel berýän bolsa, ätiýaçlandyryjynyň tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberini munuň özi çekilen zyýany artdyrmaga getirip biljek ýagdaýda azaldyp biler.
84. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) tölemek saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň hökmany tertipde berýän resminamalarynyň hem-de netijenamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.
Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) tölemek, zyýanyň sebäbi we möçberi doly kesgitlenenden we ätiýaçlandyrýan tarapyndan hemme zerur resminamalar berlenden soň 15 (on bäş) iş günüň dowamynda amala aşyrylýar.
85. Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen töwekgelçilikler boýunça ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda gözden geçirmeleriň, hasaplamalaryň we geçirilýän seljermeleriň çykdajylaryny düzmegiň we tölemegiň şertleri gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) kesgitlenýär.
Eger ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň häsiýetlerinden ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) tölemegi gümansyz bolsa, ýöne zerur guramaçylyk-tehniki işleri üç aýyň dowamynda gutarylmadyk bolsa, onda agzalan ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleglerini) almaly tarap işiň ýagdaýyndan gelip çykýan möçberde tölegi hakujy görnüşinde talap edip biler.
86. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borjunyň ýüze çykmagyna getirýän waka dörän ýa-da şol wakanyň ýüze çykmak howpy dörän halatynda enjamlary halas etmek boýunça zerur bolan hem-de maksadalaýyk çykdajylaryň ätiýaçlandyryş arkaly üsti dolunýar. Ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça umumy bellenilen ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçmeli däldir.
XIII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş
şahadatnamasynyň) bes edilmegi
87. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:
1) hereket edýän möhleti geçende;
2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;
3) ätiýaçlandyryş şertnamada (ätiýaçlandyryş şahadatnamada) bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;
4) ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda;
5) ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) islegi boýunça diňe burawlanylýan döwürde ätiýaçlandyrylan guýular boýunça - buraw işleri tamamlanan pursatyndan başlap, ýagny guýynyň gözbaşynda sorujy enjam, prewentorlar ýa-da başga hili şonuň ýaly enjam oturdylan ýa-da buraw enjamy buraw meýdançasyndan sökülip aýrylan we aýrylan pursatynda;
6) ätiýaçlandyryş şertnamada (ätiýaçlandyryş şahadatnamada) göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş möhleti geçýänçä ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) ätiýaçlandyryş bähbidi ýitirilen guýular barasynda şol guýular boýunça - şeýle ätiýaçlandyryş bähbidi ýitirilen pursatda;
7) burawlamak boýunça buýrujy bilen baglaşylýan şertnama arkaly geçirilýän guýular barasynda - guýy buýruja berlen pursatynda;
88. Eger ätiýaçlandyryş şertnama (ätiýaçlandyryş şahadatnamada) buraw işleri, guýyny çuňaltmak, ony abatlamak, gaýtadan enjamlaşdyrmak ýa-da oňa enjamlaýyn hyzmat etmek boýunça işler geçirilýän döwürde baglaşylan hem-de ätiýaçlandyrýan (potratçy) ätiýaçlandyryş baýragyny (ätiýaçlandyryş gatanjyny) metrleýin möçberler boýunça ýa-da gaýry ýörite möçberler boýunça tölän bolsa, eger şu işleriň tamamlanýan pursaty ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) göz öňünde tutulan seneden soň ýüze çykýan hem bolsa, işleriň şolar barasynda şeýle ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan görnüşleriniň tamamlanmagy boýunça bes edilýär.
89. Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) möhletinden öň bes edilip bilner.
Ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamanyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamanyň) tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana (potratça) onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.
Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana (potratçaň) onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan (potratçy) tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamanyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamanyň) tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.
Ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilen halatynda, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen ýa-da ýok edilen bolsa, onda ätiýaçlandyrýan (potratçy) ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik berlenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilip bilner.
Ähli ýagdaýlarda öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan (potratçy) çekýär. Öwezlik berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyryjynyň buýrugy bilen hakyky däl diýlip hasap edilýär we ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça hiç bir ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär diýip görkezilýär. Bu barada ätiýaçlandyryjy degişli guramalara habar edip biler.
XIV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş öwezini doluş
töleginden boýun gaçyrylmagy
90. Ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden ýüz döndermäge haklydyr:
1) ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde;
2) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanşykda durýan bolsa;
3) ätiýaçlandyrýan (potratçy) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada öz wagtynda habar bermese we şonuň netijesinde ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň resminamalary bilen tassyklanmasa ýa-da zyýanyň möçberi, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklamak mümkin bolmasa;
4) ätiýaçlandyrýan (potratçy) şu kadalarda görkezilen borçlaryň haýsy-da bolsa birini ýerine ýetirmedik bolsa;
91. Eger ätiýaçlandyrýan (potratçy) ýa-da onuň ýolbaşçy işgärleriniň biri bilgeşleýin ýa-da gödek seresapsyzlyk boýunça zyýanyň ýüze çykmagyna getirýän hereketi amala aşyrsa ýa-da şeýle herekete ýol berse, ýa-da ätiýaçlandyryjyny ýa- da onuň wekillerini zyýanyň ýüze çykmagynyň sebäplerini ýa-da onuň möçberini kesgitlän mahaly bulaşyklyga getirse, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana (potratça) şol zyýan boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden dolulygyna boşadylýar.
92. Eger ätiýaçlandyrýana (potratça) ýa-da onuň ýolbaşçy işgärleriniň birine ätiýaçlandyrylýan obýektlere bilgeşleýin ýetiren zyýany üçin ýa-da zyýanyň ýüze çykmagynyň sebäpleri ýa-da möçberi kesgitlenilen mahaly galplyk, aldawçylyk, kezzaplyk edendigi üçin jenaýat kanunçylygy arkaly bellenilen tertipde iş kesilen bolsa, şeýle höküm güýje gireninden soň ätiýaçlandyryjyny ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek borjundan boşatmak gutarnykly hasap edilýär.
93. Islendik halatda şu aşakdaky ýalňyşlyklar netijesinde ýüze çykan zyýanyň ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge degişli däldir:
1) boş durulmagy, ätiýaçlandyrylan enjamy peýdalanmagyň wagtlaýyn mümkin däldigi we gaýry gytaklaýyn zyýanlary;
2) ogurlanylmagy, ýitirim bolmagy ýa-da gaýry öwsele zyýanlary;
3) içinde döwülmegi, motoryň partlamagy ýa-da gaýry şonuň ýaly sebäpler netijesinde enjama zyýan ýetmegi;
4) şeýle enjamy taslamakda, onuň gurnamasynda ýa-da gurluşy.
94. Eger töwekgelçiligiň derejesini ýokarlandyrýan ýagdaý ýüze çykandan soň ätiýaçlandyryş halaty bolup geçse, bu barada ätiýaçlandyryja wagtynda ätiýaçlandyrýan tarapyndan habar edilmedik bolsa, ätiýaçlandyryjynyň töwekgelçiligiň derejesiniň ýokarlanmagy ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna sebäp bolan derejede ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny tölemekden boýun gaçyryp biler.
XV bap. Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan üçin jogapkär adam babatda ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) hukuklarynyň ätiýaçlandyryja geçmegi
95. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ýetirilen zyýan üçin ätiýaçlandyrýanyň (potratçynyň) ýa-da üçünji bir şahsyň öňünde jogapkär adamdan regres talabyň hukugy şol pul möçberiniň çäklerinde ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölän ätiýaçlandyryja geçýär.
Eger ätiýaçlandyrýan (potratçy) görkezilen şol şahsa talaplary bildirmekden ýa-da şol talaplaryň ýerine ýetirmegi üpjün edýän hukuklardan boýun gaçyrsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) üçünji bir şahsdan tutulyp alynjak bölegini tölemekden boşadylýar.
96. Eger ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň peýdasyna ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) geçirilýän şahs ýetirilen zyýan üçin jogapkär şahsdan zyýanyň öwezini doluş tölegini doly alan bolsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmakdan boşadylýar. Günäkär tarapyndan zyýanyň öwezi bölekleýin dolunan ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy, onuň günäkärden alan pul möçberini hasaba almak bilen, ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) töleýär. Eger-de günäkär tarapyndan zyýanyň öwezi doly dolunan ýagdaýynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boşadylýar.
Şunuň bilen baglanyşykly ätiýaçlandyryjy degişli halatlarda bellenilen tertipde we möhletinde ýetirilen zyýan üçin jogapkär adama regres talabyny bildirmäge borçludyr.
XVI bap. Jedelleriň çözülişi
97. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
98. Regres talabynyň arzalaryna seredilen mahalynda Türkmenistanyň ätiýaçlandyryjylary döwlet paçlaryny tölemekden boşadylýar.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
20___-nji ýylyň “___” _________ ____belgili buýrugy
bilen tassyklanan Buraw işlerini meýletin
ätiýaçlandyryş Kadalaryna 1-nji goşundy
Ýyllyk ätiýaçlandyryş möhletine göterimde buraw işlerini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri
T/b |
Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri |
Ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri (göterimlerde) |
1. |
Öň gözegçilikden çykan ätiýaçlandyrylan guýulara gözegçiligiň dikeldilmegi ýa-da gözegçiligiň dikeldilmegine synanyşyk bilen baglanyşykly, şeýle hem ätiýaçlandyrylan guýuda gury ýeriň ýokarysynda ýa-da deňziň düýbünde ýüze çykan ýangyn, beýleki guýularda ätiýaçlandyrylan guýynyň gözegçilkden çykmagy netijesinde ýüze çykan ýangyn ýa-da ätiýaçlandyrylan guýynyň gözegçilikden çykmak ýa-da ýanmak wehimini salýan gaýry ýangyn söndürilen (söndürmäge synanyşyk edilen) mahaly ätiýaçlandyrýanyň çeken çykdajylary |
0,82 |
2. |
Guýularyň gözegçilikden çykmagy bilen guýulara zyýan ýetmegi ýa-da olaryň ýok bolmagy |
0,9 |
3. |
Buraw, abatlaýyş enjamyna ýa-da buraw platformalaryna ýeriň üst tarapynda ýa-da deňziň düýbünde partlama, ýangyn, tupan ýa-da harasat, ýer titremesi, ýyldyrym urmagy, ýerüsti, suw ýa- da howa ulag serişdesi bilen çakyşmagy, suw joşmagy, buraw diňiniň, derrigiň ýa-da kranyň ýykylmagy, ýakor, ýakor zynjyry, buý ýa-da balyk tutulýan zynjyr bilen çakyşmagy netijesinde zyýan ýetmegi ýa-da olaryň ýok bolmagy, şeýle hem buraw enjamynyň ýolunmagy ýa-da gysylmagy netijesinde bolup geçen bolsa, ätiýaçlandyrylan guýulary ýa-da olaryň belli-belli ýerlerini gaýtadan burawlamak ýa-da dikeltmek boýunça çykdajylary |
1,18 |
4. |
Üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi: üçünji taraplaryň janyna, saglygyna zyýan ýetmegi; üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetmegi; daşky gurşawa zyýan ýetmegi. |
0,4 0,6 2,0 |
5. |
Çäkleri döwük-ýenjiklerden we dökülen zatlardan arassalamak |
0,13 |
|
Ähli töwekgelçiliklerden |
6.03 |
Her bir anyk ýagdaýda töwekgelçiligiň derejesinden ugur alyp, ätiýaçlandyryş tölegleriniň möçberleri bellenilen mahaly peseldiji (1,0-dan 0,4-e çenli) we köpeldiji (1,0-dan 5,0-a çenli) koeffisiýetnleri ulanmak mümkindir.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
20___-nji ýylyň “___” _________ ____belgili buýrugy
bilen tassyklanan Buraw işlerini meýletin
ätiýaçlandyryş Kadalaryna 2-nji goşundy
______________________________________
(ätiýaçlandyryş guramasynyň ady)
________________________________
(salgysy)
Buraw işlerini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
arza
Ätiýaçlandyrýan (Potraçy) _____________________________________________
___________________________________________________________________
___________________________________________________________________
Salgysy, telefony/faks ________________________________________________
___________________________________________________________________
Bank maglumatlary___________________________________________________
___________________________________________________________________
Kömekçi potraçy_____________________________________________________
___________________________________________________________________
Salgysy, telefony/faks ________________________________________________
___________________________________________________________________
Bank maglumatlary___________________________________________________
___________________________________________________________________
Buraw işlerini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary bilen göz öňünde tutulan şertler bilen 20__ýylyň “___” ____________ dan 20__ ýylyň "____" ______________ aralygyna ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmagy haýyş edýäris.
Bähbit görüji ________________________________________________________
___________________________________________________________________
Salgysy, telefony/faks ________________________________________________
___________________________________________________________________
Bank maglumatlary___________________________________________________
___________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş döwri:
Potraçy/ Kömekçi potraçy:
Salgysy, telefony/faks ________________________________________________
Bank maglumatlary___________________________________________________
Geçen döwürde çekilen ýitgileriň bardygy _________________________________
Sany _________________ Ýitgileriň möçberi _____________________________
Esasy sebäpler ______________________________________________________
_______________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş obýektiň |
Obýektiň bahasy |
Ätiýaçlandyryş pul möçberi |
1-nji obýekt: desgalar, enjamlar, gurluşlar we nebit işlerini geçirmekde ulanylýan ýa-da ulanmak üçin niýetlenen ähli emläkler; |
|
|
2-nji obýekt: önümleriň subýektlere geçirilýän pursadyna we nokadyna çenli uglewodorod serişdeleriniň we olaryň ugurdaş önümleri; |
|
|
3-nji obýekt: üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi: üçünji taraplaryň janyna, saglygyna zyýan ýetmegi; üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetmegi; daşky gurşawa zyýan ýetmegi. |
|
|
4-nji obýekt: guýularyň gözegçiligi görnüşi, oňa goşmak bilen şertnamalaýyn çäkde guýularda heläkçilikler bilen ýüze çykarylan guýularyň gaýtadan burawlaýyşy we gözegçilik bilen bagly çykdajylar; |
|
|
5-nji obýekt: nebit işlerini geçirmegiň halkara tejribesine laýyklykda ätiýaçlandyrmaga degişli ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan ulanylýan beýleki işler (haýsy işler doly görkezmeli). |
|
|
Ätiýaçlandyryş obýektiniň ýerleşýän ýeri _________________________________
__________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri |
|
Öň gözegçilikden çykan ätiýaçlandyrylan guýulara gözegçiligiň dikeldilmegi ýa-da gözegçiligiň dikeldilmegine synanyşyk bilen baglanyşykly, şeýle hem ätiýaçlandyrylan guýuda gury ýeriň ýokarysynda ýa-da deňziň düýbünde ýüze çykan ýangyn, beýleki guýularda ätiýaçlandyrylan guýynyň gözegçilkden çykmagy netijesinde ýüze çykan ýangyn ýa-da ätiýaçlandyrylan guýynyň gözegçilikden çykmak ýa-da ýanmak wehimini salýan gaýry ýangyn söndürilen (söndürmäge synanyşyk edilen) mahaly ätiýaçlandyrýanyň çeken çykdajylary |
|
Guýularyň gözegçilikden çykmagy bilen guýulara zyýan ýetmegi ýa-da olaryň ýok bolmagy |
|
Buraw, abatlaýyş enjamyna ýa-da buraw platformalaryna ýeriň üst tarapynda ýa-da deňziň düýbünde partlama, ýangyn, tupan ýa-da harasat, ýer titremesi, ýyldyrym urmagy, ýerüsti, suw ýa-da howa ulag serişdesi bilen çakyşmagy, suw joşmagy, buraw diňiniň, derrigiň ýa-da kranyň ýykylmagy, ýakor, ýakor zynjyry, buý ýa-da balyk tutulýan zynjyr bilen çakyşmagy netijesinde zyýan ýetmegi ýa-da olaryň ýok bolmagy, şeýle hem buraw enjamynyň ýolunmagy ýa-da gysylmagy netijesinde bolup geçen bolsa, ätiýaçlandyrylan guýulary ýa-da olaryň belli-belli ýerlerini gaýtadan burawlamak ýa-da dikeltmek boýunça çykdajylary. |
|
Üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi: üçünji taraplaryň janyna, saglygyna zyýan ýetmegi; üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetmegi; daşky gurşawa zyýan ýetmegi. |
|
Çäkleri döwük-ýenjiklerden we dökülen zatlardan arassalamak |
|
Ähli töwekgelçiliklerden |
|
Şol bir ätiýaçlandyryş halaty netijesinde her bir ýitgi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş) töleginiň bellenilen möçberi _________
________________________________________________________________________________________________________________________________________
Ýangyna garşy gorag hakyndaky jikme-jik maglumatlar _______________________
Biziň iň gowy meýiller bilen hereket edip, şu arzada hakyky hem-de ygtybarly bolup durýan maglumatlary habar berendigimiz we arzanyň ýokarda görkezilen töwekgelçilik (obýekt) boýunça berilýän ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) esasy hem-de düzüm bölegi bolandygy bilen razydygymyz şunuň bilen tassyklanylýar.
Äiýaçlandyryjynyň diňe ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) şertlerine laýyklykda jogapkärçilik çekýändigi, ätiýaçlandyrýanyň bolsa her hili beýleki talaplary bildirmejekdigi barada ylalaşdylar.
M.Ý. 20__-nji ýylyň “___”____________ ___________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň f.a. we goly)
* Zerurlyk ýüze çykan mahaly aýratyn sahypany peýdalanmaly.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
20___-nji ýylyň “___” _________ ____belgili buýrugy
bilen tassyklanan Buraw işlerini meýletin
ätiýaçlandyryş Kadalaryna 3-nji goşundy
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY
Buraw işlerini meýletin ätiýaçlandyryşy boýunçaätiýaçlandyryş şertnamasy
(ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) № 0000000
Ätiýaçlandyryjy |
|
Salgysy/telefony |
|
Bank maglumatlary |
|
Ätiýaçlandyrýan (Potraçy) |
|
Salgysy/telefony |
|
Bank maglumatlary |
|
Kömekçi potraçy |
|
Salgysy, telefony/faks |
|
Bank maglumatlary |
|
Bähbit görüji |
|
Salgysy/telefony |
|
Ätiýaçlandyryş obýekti: |
|
1-nji obýekt: desgalar, enjamlar, gurluşlar we nebit işlerini geçirmekde ulanylýan ýa-da ulanmak üçin niýetlenen ähli emläkler; |
|
2-nji obýekt: önümleriň subýektlere geçirilýän pursadyna we nokadyna çenli uglewodorod serişdeleriniň we olaryň ugurdaş önümleri; |
|
3-nji obýekt: üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi: üçünji taraplaryň janyna, saglygyna
|
|
zyýan ýetmegi; üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetmegi; daşky gurşawa zyýan ýetmegi. |
|
4-nji obýekt: guýularyň gözegçiligi görnüşi, oňa goşmak bilen şertnamalaýyn çäkde guýularda heläkçilikler bilen ýüze çykarylan guýularyň gaýtadan burawlaýyşy we gözegçilik bilen bagly çykdajylar; |
|
5-nji obýekt: nebit işlerini geçirmegiň halkara tejribesine laýyklykda ätiýaçlandyrmaga degişli ätiýaçlandyrýanlar tarapyndan ulanylýan beýleki işler (haýsy işler doly görkezmeli). |
|
Ätiýaçlandyryş obýektiniň ýerleşýän ýeri |
|
Ätiýaçlandyryş pul möçberi şol sanda: |
|
1-nji obýekt boýunça: |
|
2-nji obýekt boýunça: |
|
3-nji obýekt boýunça: |
|
4-nji obýekt boýunça: |
|
5-nji obýekt boýunça: |
|
Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri we ätiýaçlandyryş nyrh möçberi
|
|
Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) |
|
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhletleri |
|
Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi barada bellik (tölegiň görnüşi (nagt, nag däl), nag däl töleg tabşyrygyň №, senesi) |
|
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti |
|
Franşiza (şertli ýa-da sertsiz) |
|
Beýleki şertler |
|
M.Ýe. Ätiýaçlandyryjy (familiýasy, ady, atasynyň ady, wezipesi we goly) |
|
Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym (ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly) |
|
Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) berlen senesi |
|
Ätiýaçlandyrýan (ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly) |
|
Bellik:
Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan ýa-da onuň wekili ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman, şeýle hem degişli edaralara dessine habar etmäge borçludyr.
Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilip bilner.
Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) möhlete bölünip tölenilende ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen möhletde tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur resminamalar alnandan soň 15 (on bäş) iş günüň dowamynda tölenilýär.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
20___-nji ýylyň “___” _________ ____belgili buýrugy
bilen tassyklanan Buraw işlerini meýletin
ätiýaçlandyryş Kadalaryna 4-nji goşundy
_____________________________
(welaýat, etrap şäher)
döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
_______________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň ady we salgysy)
_________________________tarapyndan
Ätiýaçlandyryş halaty barada
arza
________________________________________________________ bolup geçen (güni, aýy, ýyly)
___________________________________________________________________
(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)
bilen baglanyşykly ___________________________________________________
(ätiýaçlandyryşyň görnüşi)
ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş halaty barada habar berýärin we soňra ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi Sizden haýyş edýäris.
Arza şu resminamalar goşulýar: ____________________________________ ________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
20__ýylyň “___”____________ |
_______________________ (Ätiýaçlandyrýanyň f.a.a-a, we goly) |
20___-nji ýylyň “___” _________ ____belgili buýrugy
bilen tassyklanan Buraw işlerini meýletin
ätiýaçlandyryş Kadalaryna 5-nji goşundy
Ätiýaçlandyryş halaty hakynda
Ykrarhaty ______
20___ ýylyň “_______“ ________________
|
|
||||
|
welaýatynyň etrabynyň (şaheriniň) |
||||
|
|||||
(kärhananyň, guramanyň ady) |
|||||
|
ýok bolmagy (zaýalanmagy) hakynda |
||||
(emlägiň görnüşi) _________________________________________________welaýatynyň, etrabynyň (şäheriniň) döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň |
|||||
___________________________________________________________________ (işgäriň wezipesi, familiýasy, ady, atasynyň ady)
|
|||||
tarapyndan ätiýaçlandyrýanyň 20__ ý.______________ “ _____ “ arzasynyň esasynda kärhananyň, |
|||||
guramanyň ýolbaşçysynyň (wekiliniň) ____________________________________, |
|||||
(wezipesi , familiýasy, ady, atasynyň ady) çagyrylan hünärmenleriň ______________________________________________ __________________________________________________________________ |
|||||
(käri, wezipesi, F.A.A.a.) |
|
||||
1. Ýerlerdäki geçirilen barlaglaryň, şeýle hem bar bolan resminamalaryň_________ |
|||||
|
|
(guramanyň ady) |
|||
esasynda kärhana, gurama degişli emläk 20___ ýylyň ___________ “ ____” ____sagat _____ min. dan(den) 20__ ý._____________ “ ______ ”______ sagat______ min. aralygynda bolup geçen
|
|||||
(betbagtçylygyň ýa-da wakanyň ady) |
|||||
netijesinde ýok bolandygy (zaýalanandygy) anyklandy.
Ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýeti
|
(çaltlygy, ugry, ýaýramagy we s.m.) |
Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäpleri
|
|
Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak mümkinçiligi hakynda ätiýaçlandyryjy habar edilendigi bolsa, kim tarapyndan we haçan, bu hakda haýsy resminama bar
|
|
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan aşakdakylar üçin nähili çäreler görüldi:
a) emlägin ýok bolmagynyň (zaýalanmagynyň) öňüni almak üçin
|
|
b) ätiýaçlandyryş halaty wagtynda emlägi halas etmek üçin
|
|
|
ç) mundan beýläk zaýalanmagyna ýol bermezlik üçin |
|
|
|
||
Ýokarda görkezilen ätiýaçlandyryş halatynyň netijeleri maglumatlar bilen häsiýetlendirilýär.
- Enjamlaryň we esasy serişdeleriň düzümine girýän başga emlägiň, şeýle hem tamamlanmadyk düýpli gurluşygyň jaýlarynyň ýok bolmagy (zyýan ýetmegi) hakynda maglumatlar
T/b |
Emlägiň ady we onuň inwentar belgisi, gysgaça häsiýetnamasy, möçberleri |
Gurulan ýa-da alynan ýyly, aýy |
Balans (inwentar) gymmaty, (manat) |
Zyýan ýetmegiň häsiýeti: doly galyndysyz ýok boldy, galyndylar bar, bölekleýin zeper ýetdi |
Zyýan ýetmegiň derejesi ýa-da ady we bölekleriň zaýalygynyň derejesi (gurluşyk bölekleri) |
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
2-nji bölüm boýunça hemmesi__________________________________________
3. Ýok bolan (zyýan ýeten) emlägiň galyndylary hakynda maglumatlar
T/b |
Galyndylar haýsy gurluşdan ýa-da onuň böleklerinden |
Galyndylaryň ady we olary peý-dalanmak müm-kinçiligi |
Ölçeg birligi (kub. m, sa-ny we s.m.) |
Muk-dary |
Birligiň gym-maty |
Galyndyla-ralyň bahasy (5setir х 6setir) |
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
7 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
3-nji bölüm boýunça hemmesi__________________________________________
4. Haryt-maddy gymmatlyklaryň galyndylary
T/b |
Galyndylaryň ady we olary peýdalanmak mümkinçiligi |
Ölçeg birligi (kg, m. we s.m.) |
Mukdary |
Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde gymmatynyň gaçmagyny we olaryň tertibe getirilmegini nazara almak bilen galyndylaryň bahasy |
|
Birligiň bahasy |
Umumy bahasy |
||||
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
4-nji bölüm boýunça hemmesi__________________________________________
Jemi: ____________________________________________
5. Ätiýaçlandyrylan emlägi halas etmek, zyýanyň öňüni almak ýa-da peseltmek, şeýle hem ätiýaçlandyrylan emlägi we onuň galyndylaryny ätiýaçlandyryş halatyndan soň tertibe getirmek boýunça çykdajylar
T/b |
Işleriň ady |
Ölçeg birligi (kg, m. we ş.m.) |
Işleriň möçberi |
Bahasy |
|
Birligiň bahasy |
Umumy bahasy |
||||
1 |
2 |
3 |
4 |
5 |
6 |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
Jemi: ______________
M.Ýe. |
Ätiýaçlandyryjynyň wekili
Ätiýaçlandyrýanyň wekili
Çagyrylan hünärmenler |
______________________________ (F.a., we goly) ____________________________________ (F.a., we goly) _______________________________(F.a., we goly)
|
|
20___ ýylyň “ _____ ”________________
|
|
|
|
|