Howa gämilerini we awiagatnadyjylaryň jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň Baş direktorynyň
2006-njy ýylyň 28-nji martynda çykaran
31 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy
HOWA GÄMILERINI WE AWIAGATNADYJYLARYŇ JOGAPKÄRÇILIGINI MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞ KADALARY
1. Umumy düzgünler
1.1. Howa gämilerini meýletin ätiýaçlandyryşyň şu Kadalary Saparmyrat Türkmenbaşynyň Türkmenistanyň Raýat bitewi kanunyna, «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň Howa bitewi kanunyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň Türkmenbaşy aýynyň 29-nda çykaran №3001 karary bilen tassyklanylan, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakyndaky Düzgünnama we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanlydy.
1.2. Şu Kadalar bilen Türkmenistanyň raýat we döwlet howa gämileriniň döwlet sanawynda hasaba alnan howa gämilerini, şeýle hem ýokarda aýdylyp geçilen ätiýaçlandyrylan howa gämisi tarapyndan üçünji taraplara ýa-da olaryň emlägine ýetirilip bilinjek zelel üçin awiagatnadyjynyň raýat jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) bilen Ätiýaçlandyrýanlaryň arasynda baglaşmaklyk düzgünleşdirilýär.
1.3. Howa gatnatmalaryny we jemgyýetçilik bähbitleri bilen awiasion işleri ýerine ýetirmek üçin peýdalanylýan howa gämileri we beýleki awiasiýa serişdeleri raýat awiasiýasyna degişlidir.
1.4. Türkmenistanyň ulanylýan kanunçylygyna laýyklykda şu edara görnüşindäki taraplar we şahsy adamlar Ätiýaçlandyrýanlar bolup bilerler:
- howa gämileriniň eýeleri, doly hojalygy ýöretmek ýa bolmasa gündelik dolandyrmak hukugynda howa gämilerine eýeleik edýän adamlar;
- kärendeçiler, şeýle hem kanuny esaslarda howa gämilerine eýelik edýän beýleki adamlar.
1.5. Howa gämisi ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça şol emlägi gorap saklamakda kanuna, beýleki hukuk namasyna ýa-da şertnama esaslanýan bähbidi bolan tarapyň (Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Peýda alyjynyň) peýdasyna ätiýaçlandyrylyp bilner.
1.6. Awiagatnadyjynyň raýat jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy emläk bähbitlerine ýolagçylar gatnadylan ýa-da ýükler daşalan mahaly ulag serişdeleri peýdalanylanda ulanylýan kanunçylyk arkaly göz öňünde tutulan borçlaryny Ätiýaçlandyrýanyň tötänden bozmagy bilen zelel ýetirilen üçünji tarapyň peýdasyna geçirilýär.
Awiagatnadyjynyň raýat jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş şertnamasyna görä Ätiýaçlandyryjy şu Kadalaryň 3.2. - 3.5.-nji bölümlerinde sanalyp geçilen halatlarda ejir çekene töleg tölemäge borçludyr, Ätiýaçlandyrýan bolsa ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen tertipde ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölemäge borçludyr.
1.7. Töwekgelçilik gaýtadan ätiýaçlandyryşa geçirilen halatynda ätiýaçlandyryşyň şertleri we ätiýaçlandyryş nyrhlarynyň möçberleri halkara ätiýaçlandyryş bazaryndaky töwekgelçiligiň bahalanyşyny we gaýtadan ätiýaçlandyryş şertlerini hasaba almak bilen, taraplaryň ylalaşygy boýunça bellenilýär.
1.8. Şu Kadalarda ulanylýan esasy adalgalar:
1.8.1. HG (howa gämisi) - ýeriň ýa-da suwuň üstündäki howa bilen özara hereket etmekden tapawutlylykda howa bilen özara hereket etmegiň hasabyna atmosferada saklanýan uçýan abzal.
1.8.2. Howa gämisiniň heläkçilikli ýagdaýda abatlanmagy - hadysa bolmagy netijesinde özüne zeper ýeteninden soň howa gämisiniň guratlygyny dikeltmek üçin ýerine ýetirilýän meýilnamadan daşarky abatlaýyş.
1.8.3. Agregat - howa gämisiniň şu bölek üçin gönüden-göni abatlaýyşyň aralygyndaky döwürde bellenilen işlemek mümkinçiligi bolan we özi barasynda aýratyn pasport ýa-da formulýar resmileşdirilen düzüm bölegi. Howa gämisiniň hereketlendirijisi bir agregat hasap edilýär.
1.8.4. Howa gämisini dikeltmeklik tehniki taýdan mümkin bolmasa ýa-da ykdysady taýdan maksada laýyk bolmasa, şeýle hem ony göni maksady boýunça peýdalanmagyň mümkin bolmasa howa gämisi gurluş taýdan hatardan çykan diýlip düşünilýär.
1.8.5. Haçan-da howa gämisiniň hiç bir agregaty öz göni niýetlenilişi boýunça mundan beýläk-de peýdalanylyp bilinmese, şol howa gämisi doly ýok edilen diýlip düşünilýär.
1.8.6. Uçuş - howa gämisiniň uçmak üçin bat alyp başlan ýa-da uçmaga synanyşýan pursatyndan başlap hasaplanylýan wagty aňladýar we howada bolunýan wagty öz içine alýar hem-de, haçan-da, howa gämisi ýere gonandan soň bat almasyny doly tamamlan pursatynda tamamlanýar.
1.8.7. Ugrukdyrmak - uçuşy däl-de, eýsem, öz hereketlendirijileriniň dartyş täsiri astyndaky hereketini aňladýar. Ugrukdyrmak howa gämisiniň wagtlaýyn durmagy sebäpli tamamlanan hasaplanylmaýar.
1.8.8. Şwartowka - suwa gonmak we suwdan uçmak üçin niýetlenilen howa gämisi üçin uçuşda ýa-da ugrukdyrmakda däl-de, ýüzüşde bolmaklygy aňladýar we suwa goýberilmek we kenara çekip çykarmak töwekgelçiliklerini özünde jemleýär.
1.8.9. Ýer - howa gämisiniň uçuşda bolmaýandygyny, ugrukdyrylmaýandygyny we suwa şwartowka edilmändigini aňladýar.
2. Ätiýaçlandyryş obýektleri
2.1. Şu Kadalara laýyklykda Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş polisinde (ätiýaçlandyryş şertnamasynda) görkezilen howa gämisine eýelik etmek, ondan peýdalanmak we oňa ygtyýar etmek, şeýle hem ýolagçylar gatnadylan we ýükler daşalan mahaly ulag serişdeleri ulanylanda ulanylýan kanunçylygynyň tötänden bozulmagy netijesinde üçünji taraplara (ejir çekenlere) ýetirilen zeleliň öwezini dolmak borjy bilen baglanyşykly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekleri bolup durýar.
2.2. Şu Kadalara laýyklykda:
a) howa gämisiniň ulanylmagy ýa-da ondan islendik adamynyň ýa bolmasa zadyň gaçmagy netijesinde üçünji taraplara olaryň ömrüne we saglygyna, şeýle hem ýüzleý ýagdaýda olaryň emlägine;
b) howa gämisiniň bortunda bolýan wagtynda hem, ol gonan we/ýa-da ondan çykylan wagtynda hem ýolagçylara;
ç) hasaba alnan goş-golama ýa-da ýüke, şeýle hem ýolagçylaryň ýany bilen alyp gidýän zatlaryna ýetirilip bilinjek zeper üçin awiagatnadyjynyň raýat jogapkärçiligi ätiýaçlandyryşa
2.3. Şu Kadalar bilen harby hereketleri amala aşyrmagyň tertibinde we/ýa-da üpjün etmek üçin uçuşlary amala aşyrýan howa gämileriniň ätiýaçlandyryşy göz öňünde tutulmaýar.
2.4. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça bir ýa-da birnäçe howa gämileriniň ätiýaçlandyryşy göz öňünde tutulyp bilner.
3. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri.
Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çäkleri
3.1. Howa gämilerininiň ätiýaçlandyryşy:
3.1.1. Şu Kadalara laýyklykda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça aşakdakylaryň, ýagny:
a) awiasion hadysanyň ýa-da dawanyň ýa bolmasa islendik beýleki maddalaşdyrylan wakanyň;
b) ýer titremesiniň, tupanyň, suw joşmasynyň ýa-da beýleki tebigy heläkçiligiň;
ç) howa gämisiniň ýa bolmasa gönüden-göni oňa degişli bolan bölekleriniň ogurlanylmagynyň (alnyp gaçylmagyndan başga);
d) şu Kadalar ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen aradan aýrylmadyk duýdansyz we öňünden görülmedik beýleki wakalaryň netijesinde howa gämisiniň heläk bolmagyndan ýa-da oňa zeper ýetmeginden, şeýle hem ýitirilmeginden ýeten zeleliň (göni ýitgileriň) Ätiýaçlandyrýana öweziniň dolunmagy göz öňünde tutulýar.
3.1.2. Töwekgelçilikleriň ätiýaçlandyrylyşy ulanyşyň aýratynlykda seçilip alnan döwürleri üçin, ýagny: uçuşda, ugrukdyrylan mahaly ýa-da açyk ýerde duranda, awiasion angarda, ýüzüş mahaly (ýer, şwartowka) hem, olaryň utgaşdyrylan görnüşinde hem geçirilýär. Dikuçarlar üçin şu töwekgelçilikler: uçuş, ýer, şwartowka (işledilen ýa-da duruzulan hereketlendirijileri bilen), beýleki ýörite töwekgelçilikler: halas ediş işleri mahaly ýeriň, suwuň golaýynda asyl-asyl bolup durmak, nätanyş meýdançalara gonmak we ş.m. teklip edilýär.
3.1.3. Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki jogapkärçiliginiň çägi şu şertleriň biriniň esasynda taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.
A - howa gäimisiniň harap bolmagy ýa-da dereksiz ýitmegi netijesinde zelel ýetirilen halata ätiýaçlandyryş.
Şu şertlerde ätiýaçlandyrylan mahaly howa gämisiniň doly (hakykatda ýa-da gurluş taýdan) weýran bolmagy ýa-da onuň dereksiz ýitmegi netijesinde ýüze çykýan zeleliň öwezi dolunýar.
B - howa gämisiniň weýran bolmagy, dereksiz ýitmegi ýa-da oňa zeper ýetmegi netijesinde zelel ýeten halatyna ätiýaçlandyryş.
Şu şertlerde ätiýaçlandyrylan mahaly howa gämisiniň doly (hakykatda ýa-da gurluş taýdan) heläk bolmagy bilen baglanyşykly çekilen zelelleriň, şeýle hem howa gämisiniň gurnamalaryna, onuň enjamlaryna we esbaplaryna zeper ýetmegi netijesinde ýüze çykan çykdajylaryň öwezi dolunýar.
Ç - heläk bolmagy ýa-da zeper ýetmegi netijesinde zelel ýetirilen halatyna ätiýaçlandyryş, şol sanda halas etmek boýunça çykdajylar.
Görkezilen jogapkärçilik bilen şertler howa gämisiniň doly (hakykatda ýa-da gurluş taýdan) heläk bolmagy ýa-da onuň dereksiz ýitmegi netijesinde ýüze çykýan zelelleriň öwezini dolmagy göz öňünde tutýar. Mundan başga hem zeleliň öňüni almak (onuň möçberini azaltmak) boýunça zerur hem-de maksadalaýyk harçlanan çykdajylaryň we howa gämisini halas etmek boýunça çykdajylaryň öwezi dolunýar.
D - howa gämisine zeper ýetmegi netijesinde zelel ýeten halatyna ätiýaçlandyryş.
Ätiýaçlandyryşyň şu şertlerinde aşakdaky çykdajylaryň öwezi dolunmaga degişlidir:
a) howa gämisine ýeten zeperi düzetmek boýunça. Diňe zeper ýeten düzüm bölekleri we parçalary öwezi dolunmaga degişlidir;
b)
3.1.4. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykýan ähli zeleller babatda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş polisinde ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen çäklenýär.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi howa gämisiniň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylýan pursatynda ylalaşyk ýa-da seljeriş taýdan baha bermegiň esasynda kesgitlenilýän hakyky bahasyndan geçmeli däldir. Ätiýaçlandyrýan howa gämisini onuň doly bahasynda ýa bolmasa onuň belli bir böleklerini ätiýaçlandyrmaga haklydyr.
3.1.5. Ätiýaçlandyryş öwezini dolmasy howa gämisi heläk bolan mahaly, haçan-da:
- gämi we hereketlendiriji doly weýran bolanda ýa-da dikeltmäge degişli bolmadyk mahaly, gämi we hereketlendiriji beýleki sebäpler boýunça Ätiýaçlandyrýan üçin dolanuwsyz ýitirilende,
- dikeltmek üçin çykdajylar ätiýaçlandyrylýan desganyň ätiýaçlandyryş bahasyna ýetende ýa-da ondan artanda dolulygyna tölenilýär.
3.2. Üçünji taraplaryň öňündäki jogapkärçiligiň ätiýaçlandyryşy
3.2.1. Şu şertlere laýyklykda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça Ätiýaçlandyrýanyň Kanuna görä islendik üçünji tarapyň maýyp bolmagy ýa-da aradan çykmagy, onuň emläginiň (şol sanda mallarynyň) ýok edilmegi ýa-da olara zeper ýetirilmegi netijesinde, eger, görkezilen zelel gönüden-göni ätiýaçlandyrylan howa gämisi tarapyndan ýa bolmasa haýsydyr bir adam ýa-da şol gämiden gaçan zat bilen ýetirilen bolsa, şol üçünji tarapa öwezini dolmaga borçly bolan Ätiýaçlandyrýanyň ýitgileriniň öwezini dolmagy göz öňünde tutulýar.
3.2.2. Ýüze çykan mahaly peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan üçünji tarapa (ejir çekene) töleg tölemek barada Ätiýaçlandyryjynyň borçlary ýüze çykýan waka ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär.
Ulag serişdeleri ulanylan mahaly awiagatnadyjynyň hereket edýän kanunçylygy tötänden bozmagy netijesinde onuň emläk bähbitlerine ýetirilen zeleliň öwezini dolmak hakynda kanunçylyk arkaly bellenilen tertipde Ätiýaçlandyrýana ejir çekeniň emläk nägileligini bildirmeginiň halaty awiagatnadyjynyň raýat jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş halaty diýlip ykrar edilýär.
3.2.3. Şu bölüm boýunça Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çäkleri ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda - polisinde görkezilen möçberlerden geçmeli däldir.
3.2.4. Şular üçin ätiýaçlandyryş öwezini dolmasy tölenilmeýär:
- islendik ýolagçynyň bedenine şikes ýetmegi (şol sanda onuň aradan çykmagy) üçin we/ýa-da islendik ýolagçynyň emlägine zelel ýetirilmegi üçin;
- Iş beriji hökmünde Ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiliginden we öz zähmet borçlaryny ýerine ýetiren mahaly işgärleriň ömrüne hem-de saglygyna ýetirilen zeleliň öwezini dolmak barada Ätiýaçlandyryjynyň borçlaryndan gelip çykýan zelel üçin;
- howa gämisiniň bortunda zähmet borçlaryny ýerine ýetiren mahaly howa gämisiniň ekipažynyň islendik agzasynyň bedenine zeper ýetmegi (şol sanda onuň aradan çykmagy) üçin we/ýa-da ekipažyň islendik agzasynyň emlägine zelel ýetirilmegi üçin;
- howa gämisiniň bortunda bolan wagtynda hem, oňa ýüklenilen we ondan düşürilen wagtynda hem eýeçilik, kärende, lizing, karz almak ýa-da wagtlaýyn peýdalanmak şertlerinde Ätiýaçlandyrýana degişli emläge ýetirilen zelel üçin.
3.3. Ýolagçylaryň öňündäki jogapkärçiligiň ätiýaçlandyryşy
3.3.1. Şu şertlere laýyklykda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça Ätiýaçlandyrýanyň Kanuna görä howa gämisiniň bortunda bolan wagtynda hem, oňa münen we/ýa-da ondan düşen wagtynda hem islendik ýolagçynyň bedenine şikes ýeten (şol sanda aradan çykan) halatynda, şeýle hem awiasion hadysa ýa-da howa gämisi bilen baglanyşykly dawa-jenjel netijesinde islendik ýolagçynyň bagažy hem-de şahsy goş-golamy harap bolan we oňa zeper ýeten halatynda öwezi dolunmaly çykdajylaryň Ätiýaçlandyrýana öwezi dolunmagy göz öňünde tutulýar.
3.3.2. Şu bölüm boýunça Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çäkleri polisde görkezilen möçberlerden geçmeli däldir.
3.3.3. Şular üçin ätiýaçlandyryş öwezini dolmasy tölenilmeýär:
- Iş beriji hökmünde Ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçiliginden we öz zähmet borçlaryny ýerine ýetiren mahaly işgärleriň ömrüne hem-de saglygyna ýetirilen zeleliň öwezini dolmak barada Ätiýaçlandyryjynyň borçlaryndan gelip çykýan zelel üçin;
- howa gämisiniň bortunda zähmet borçlaryny ýerine ýetiren mahaly howa gämisiniň ekipažynyň islendik agzasynyň bedenine şikes ýetmegi (şol sanda onuň aradan çykmagy) üçin we/ýa-da ekipažyň islendik agzasynyň emlägine zelel ýetirilmegi üçin.
3.4. Ýük üçin jogapkärçiligiň ätiýlaçlandyryşy
3.4.1. Şu şertlere laýyklykda baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça Ätiýaçlandyrýanyň Kanuna görä howa gämisinde daşalan döwründe hasaba alnan ýük ýok edilen, kem çykan ýa-da oňa zeper ýeten halatynda öwezini dolmaga borçly bolan Ätiýaçlandyrýanyň çykdajylarynyň öwezini dolmaklyk göz öňünde tutulýar.
3.4.2. Şu bölüm boýunça Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çäkleri ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen möçberlerden geçmeli däldir.
3.4.3. Şular üçin ätiýaçlandyryş öwezini dolmasy tölenilmeýär:
- islendik ýolagçynyň howa gämisiniň bortunda bolan wagtynda hem, oňa ýüklenilen we ondan düşürilen wagtynda hem howa gämisinde gatnatmak şertnamasy boýunça Ätiýaçlandyrýanyň jogapkärçilik çekýän emlägine ýetirilen zelel üçin;
- ýüküň tebigy ýitgisi, temperaturanyň, çyglylygyň ýa-da aýratyn ýagdaýlar we ýüküň tebigy hiliniň netijesinde çekilen zelele üçin, munuň özi onuň ýok edilmegine, oňa zeper ýetmegine ýa-da onuň zaýlalanmagyna (guramagyna, sykylmagyna, öz-özüniň otlanmagyna, heňlemegine we başgalara) getirse, ýüklere gurçuklar, gemrijiler, mör-möjekler bilen zeper ýeten mahaly, daşky gaby abat ýagdaýynda ýük kem çykan mahaly.
3.5. Umumy kadadan çykmalar:
Şu ätiýaçlandyryş Kadalary boýunça aşakdakylar netijesinde göni ýa-da gytaklaýyn ýüze çykan zelelleriň öwezi dolunmaga degişli däldir:
3.5.1. howa gämisiniň bikanun maksatlar bilen ýa-da ätiýaçlandyryş polisinde (ätiýaçlandyryş şertnamasynda) kesgitlenilenindäkiden tapawutly maksatlar bilen peýdalanylmagy;
3.5.2. howa gämisiniň ylalaşylmadyk, ätiýaçlandyryş polisinde (ätiýaçlandyryş şertnamasynda) görkezilen ulanyş sebitinden daşynda bolmagy, eger munuň özi diňe ýeňip bolmajak güýjüň täsiri bilen ýüze çykmadyk bolsa;
3.5.3. howa gämisiniň muňa hukugy bolmadyk adam tarapyndan dolandyrylmagy;
3.5.4. öndüriji tarapyndan howa gämisiniň şu kysymy üçin bellenilen talaplara laýyk gelmeýän meýdançadan howa gämisiniň uçmagy hem-de oňa gonmagy üçin peýdalanylmagy,
3.5.5. howa gämisiniň ulagyň islendik beýleki görnüşi bilen daşalmagy,
3.5.6. öndüriji tarapyndan howa gämisiniň şu kysymy üçin bellenilen aňryçäk ýük göterijiligi we/ýa-da ýolagçy almagyny artdyrmak bilen ýükleriň daşalmagy ýa-da ýolagçylaryň gatnadylmagy;
3.5.7. howa gämisiniň enjamlarynyň, aýry-aýry parçalarynyň we ulgamlarynyň, şaýlarynyň, bölekleriniň we mehanizmleriniň tebigy ýagdaýda könelmegi, okislenmegi, poslamagy, şolarda gurluş taýdan ýetmezleriň bolmagy, döwülmegi, doňmagy,
Şular hem öwezi dolunmaga degişli däldir:
3.5.8. gytaklaýyn häsiýetdäki çekilen zeleller (peýdanyň duşdan geçirilmegi (
3.5.9. ätiýaçlandyryş goragynyň döwri tamamlanandan soň ýüze çykan ýitginiň;
3.5.10. howa gämisini we ekipažy saklamak boýunça çykdajylar;
3.5.11. harby, gümrük, polisiýa howa gämileri tarapyndan ýetirilen zeleller.
3.5.12. synag, okuw-türgenleşik uçuşlary,
3.5.13. ýükler daşyndan berk berkidelen we/ýa-da daşyndan çeýe ýagdaýda daňylan uçuşlar,
3.5.14. ýörite rugsatnamalar zerur bolan uçuşlar.
3.5.15 düýpli we awariýa ýagdaýynda abatlanandan soň howa gämisiniň uçup geçmegi,
3.5.16. görkeziş, akrobatiki, maşkly we ýokary netijeli uçuşlar, ýaryşlar ýerine ýetirýilen mahaly,
3.6. Taraplaryň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyna Ätiýaçlandyrýan goşmaça ätiýaçlandyryş baýraklaryny tölän şertlerinde şu Kadalaryň 3.5.-nji bölüminiň 3.5.12. - 3.5.16. bölümçelerinde görkezilen sebäpler netijesinde çekilen zeleller üçin Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi goşulyp bilner.
3.7. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasynda her bir ätiýaçlandyryş halaty boýunça franşiza (ýitginiň öwezi dolunmaýan bölegi) bellenilip bilner.
3.7.1. Franşizanyň anyk möçberi we häsiýeti ätiýaçlandyryş pul möçberlerinden göterimlerde ýa-da daşary ýurt pulunyň möçberinde bellenilýär we emele gelen halkara ätiýaçlandyryş tejribesi esasynda ätiýaçlandyryş şertnamasynda aýdylyp geçilýär.
4. Ätiýaçlandyryş pul möçberi we ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy)
4.1. Jogapkärçilik möçberleri we ätiýaçlandyryş pul möçberleri 3.1-nji, 3.2.-nji, 3.3-nji, 3.4.-nji bölümleriň her biri boýunça aýratynlykda bellenilýär.
4.2. Howa gämisi Ätiýaçlandyrýan tarapyndan yglan edilen pul möçberinde ätiýaçlandyrylan hasap edilýär.
Howa gämisiniň ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş polisinde görkezilen baha ätiýaçlandyryş pul möçberi bolup durýar.
Awiaulag serişdesiniň ätiýaçlandyryş bahasy diýlip könelmegini tutup galmak bilen, ätiýaçlandyryş baglaşylan pursatda şonuň ýaly derejedäki we ölçegdäki täze howa gämisini satyn almagyň bahasyna ýa-da taraplaryň özara razylaşmagy boýunça howa gämisiniň bahasyna
Ätiýaçlandyryş bahasy we ätiýaçlandyryş pul möçberi her bir awiaulag serişdesi boýunça ätiýaçlandyryş polisinde aýratynlykda görkezilýär.
4.3. Ätiýaçlandyryş howa gämisiniň kysymyny, derejesini, ulanyş we tehniki häýsiýetnamalaryny, tehniki ýagdaýyny, bahasyny, onuň könelmegini, uçuşlaryň çägini hem-de ýygylygyny, Ätiýaçlandyrýanyň işgärleriniň hünär derejesini we her bir anyk ýagdaýda düýpli bolan şertleri nazara almak bilen geçirilýär.
4.4. Ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş nyrhlaryna laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberinden (jogapkärçilik möçberlerinden) ugur alnyp bellenilýär. Bir ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen birnäçe töwekgelçilikler boýunça howa gämisi ätiýaçlandyrylan mahaly umumy ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) töwekgelçilikleriň aýry-aýry görnüşleri boýunça ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) jemlemek arkaly kesgitlenilýär (№4-nji goşundy).
4.5. Ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen möhletiň dowamynda Ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna ýa-da pulhanasyna pullary geçirmek arkaly tölenilýär.
4.6. Taraplaryň ylalaşmagy boýunça ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) birwagtyň özünde ýa bolmasa bölekler bilen (her çärýekde we başgalarda) tölenilip bilner.
Doly däl aý üçin ätiýaçlandyryş wznosy (baýragy) doly aý hökmünde tölenilýär.
5. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak
5.1. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin Ätiýaçlandyryja bellenilen görnüşde ýazmaça arzany berýär, şonda aşakdakylar görkezilmelidir:
- Ätiýaçlandyrýanyň ady, salgysy we bank maglumatlary;
- ätiýaçlandyrylýan zatlar we olaryň sany;
- howa gämisiniň serişdeleriniň kysymlary;
- bort belgileri;
- her bir howa gämisi boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi;
- bortda oturdylan enjamlaryň we ätiýaçlyk şaýlaryň sanawy hem-de bahasy;
- ätiýaçlandyryş döwri, uçuşlaryň ugurlary, ekipažlar baradaky maglumatlar;
- şertnamalar belgisi;
- töwekgelçiligiň derejesi hakynda pikir öwürmek üçin düýpli ähmiýeti bolan beýleki maglumatlar.
Ätiýaçlandyryja arzadan başga hem ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak üçin Ätiýaçlandyrýanyň hukuk ukybyny tassyklaýan resmi namalar, ätiýaçlandyryşa degişli howa gämisiniň eýesiniň ý-da oňa eýelik edýäniň derejesi, şeýle hem «Howa gämisiniň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakyndaky şahadatnama», «Howa gämisiniň uçuşlara ýaramlydygy hakyndaky şaýatnama», howa ulagynda howpsuzlygy üpjün etmek üçin döwlet hem-de pudagara dolandyryş edaralarynyň talap edýän resmi namalary berilmelidir.
5.2. Howa gämisi ätiýaçlandyryşa
5.3. Anyk ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär. Ätiýaçlandyryş şertnamasy belli bir möhlete ýa bolmasa uçuşa baglaşylyp bilner. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän iň ýokary möhleti bir ýyldan geçip bilmez.
5.4. Ätiýaçlandyryş şertnama baglaşylan günde sagat 24-de başlanýar we şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň iň soňky gününde sagat 24-de tamamlanýar.
5.5. Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi howa gämisiniň ätiýaçlandyryşa
5.6. Ätiýaçlandyryş polisi diňe Ätiýaçlandyryjynyň ýazmaça razylygy bilen şondaky geçiriş ýazgysyny (indosso) bermek arkaly başga tarapa Ätiýaçlandyrýan tarapyndan dolulygyna ýa-da kem-käsleýin berilip bilner.
5.7. Taraplaryň razylygy boýunça polise goşmaça Ätiýaçlandyrýan goşulyp bilner. Şu polis boýunça Ätiýaçlandyrýanlaryň sanyna garamazdan bir ýa-da ähli Ätiýaçlandyrýanlar babatda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň umumy möçberi polis tarapyndan bellenilen çäklerden (ätiýaçlandyryş pul möçberlerinden, jogapkärçiligiň möçberlerinden) geçmez.
6. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça taraplaryň borçlary
6.1. Ätiýaçlandyrýan şulara borçludyr:
- ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly yglan edilen ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň esaslandyrylandygyny we ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň derejesini tassyklaýan, talap edilýän ähli maglumatlary Ätiýaçlandyryja bermäge;
- ätiýaçlandyryş töwekgelçiligine baha bermek üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlar barada Ätiýaçlandyryja habar bermäge;
- hödürlenilýän ätiýaçlandyrylýan zatlar babatda baglaşylan ýa-da baglaşylýan beýleki ätiýaçlandyryş şertnamalary hakynda Ätiýaçlandyryja habar bermäge;
- ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilen töwekgelçiliklerdäki düýpli üýtgeşmeleriň ählisi barada (çekilen zelelleriň öwezini dolmaga degişlidigine ýa-da degişli däldigine garamazdan, ätiýaçlandyrylan howa gämisiniň eýeçilige geçmegi, beýleki tarapa girewe ýa-da kärendä berilmegi hakynda, howa gämisine zeper ýetmegi we başgalar hakynda) Ätiýaçlandyryja wagtynda habar bermäge;
- ätiýaçlandyryş üçin tölegi (ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny)) ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen tertipde wagtynda tölemäge;
- haýal etmän, Ätiýaçlandyryjyny bolup geçen ätiýaçlandyryş halaty hakynda habardar edip, soňra ätiýaçlandyrylan howa gämisi bilen ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň wagty, ýeri hem-de ýagdaýlary hakynda jikme-jik maglumatlary görkezmek bilen ýazmaça habarnamany tassyklamaga;
- ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda zeleliň öňüni almak ýa-da möçberini azaltmak üçin ähli zerur bolan çäreleri görmäge;
- hukuk goraýjy edaralara bolup geçen ätiýaçlandyryş halaty hakynda habar bermäge;
- ähli zerur maglumatlary habar bermäge, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň ýagdaýlaryny we çekilen zelleliň möçberlerini anyklamak üçin zerur resmi namalary bermäge, ätiýaçlandyryş halatynyň ýagdaýlaryny derňemegi geçirmekde Ätiýaçlandyryja kömek etmäge;
- üçünji taraplaryň özüne bildiren nägilelikleri hakynda haýal etmän Ätiýlaçlandyryja habar bermäge we şeýle nägileliklere ýa-da hak isleglere degişli ähli maglumatlary we resmi namalary bermäge, şeýle hem haýsydyr bir jogapkärçiligi boýun almazlyga hem-de Ätiýaçlandyryjynyň ýazmaça razylygy bolmazdan, haýsydyr bir tölegleri tölemezlige (ýa bolmasa wada bermezlige), Ätiýaçlandyryja günäkär taraplar barada regres talaplaryny bildirmek hukugyny üpjün etmäge we Ätiýaçlandyryjynyň bu hukugyny çäklendirip biljek hiç bir çäreleri görmezlige.
6.2. Ätiýaçlandyrýanyň şulara hukugy bar:
- şertnamanyň çak edilýän bozulmasynyň senesine çenli azyndan bir aý öňünden Ätiýaçlandyryjyny hökman ýazmaça habardar etmek bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasyny möhletinden öň bozmaga;
- Ätiýaçlandyryjynyň şertnamanyň talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirişini barlamga.
6.3. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:
- Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryşyň şu Kadalary bilen tanyşdyrmaga;
- Ätiýaçlandyrýan hakyndaky we onuň emläk ýagdaýy hakyndaky maglumatlary jar etmezlige;
- Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş polisini (ätiýaçlandyryş şertnamasyny) ýitiren mahaly onuň öwezligini bermäge;
- ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan we Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ýetirilen zeleliň möçberini bellemek üçin zerur bolan resmi namalar berlen mahaly anyk ätiýaçlandyryş şertnamasy arkaly bellenilen möhletiň dowamynda ätiýaçlandyryş güwänamasyny düzmäge;
- Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny tölemäge ýa bolmasa şu Kadalaryň 7-nji bölüminde hem-de «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny arkaly bellenilen esaslar boýunça ätiýaçlandyryş halaty hakynda güwänama düzüleninden soň 7 günüň dowamynda ätiýaçlandyryş tölegini tölemekden boýun gaçyrmaga;
- ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bozulan mahaly «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyny arkaly bellenilen tertipde ätiýaçlandyryş wznosynyň (baýragynyň) bir bölegini yzyna gaýtarmaga.
6.4. Ätiýaçlandyryjynyň şulara hukugy bar:
- ätiýaçlandyryş halatynyň derňewlerini geçirmäge, gözden geçirmäge gatnaşmaga we ätiýaçlandyryş halaty bilen ýetirilen zeleliň möçberini kesgitlemäge;
- zeper ýeten emlägi halas etmäge ýa-da gorap saklamaga gatnaşyp, munuň üçin zerur çäreleri görmäge ýa-da görkezmäge;
- Ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlaryny, şeýle hem Ätiýaçlandyrýanyň şertnamanyň talaplaryny we şertlerini berjaý edişini barlamaga;
- ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy boýunça ygtyýarly edaralara resmi sowallary ýollamaga, üçünji taraplaryň haýsydyr bir nägilelikleri boýunça Ätiýaçlandyrýanyň adyndan gepleşiklerde hem-de ylalaşyklarda çykyş etmäge, şeýle hem şol nägilelikler boýunça kazyýet işlerini ýöretmäge.
7. Ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny tölemekden boýun gaçyrmak üçin esas
7.1. Şular Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny tölemekden boýun gaçyrmagy üçin esas bolup durýar:
a) Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Peýda alyjynyň ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna gönükdirilen hereketleri amala aşyrmagy, şeýle hem Ätiýaçlandyrýanyň gödek seresapsyzlygy;
b) Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Peýda alyjynyň ätiýaçlandyryş halaty bilen göni sebäp arabaglanyşygy bolan jenaýaty etmegi.
Ýokarda sanalyp geçilen etmişler kazyýetiň çözgütleri, derňew geçirýän edaralaryň kararlary ýa-da bellenilen tertipde etmiş halatyny subut edýän beýleki resmi namalar esasynda şeýle etmişler diýlip ykrar edilýär.
7.2.
a) Ätiýaçlandyrýanyň (Peýda alyjynyň) ýa-da onuň işgärleriniň öz gulluk borçlaryny ýerine ýetiren mahaly bet niýeti hem-de gödek seresapsyzlygy;
b) Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň işgärleriniň ygtyýarly edaralar tarapyndan bellenilen howa gämilerini ulanmagyň kadalaryny, howpsuzlyk usullarynyň kadalaryny hem-de ýangyna garşy howpsuzlyk kadalaryny, ýangyçlary we partlaýjy maddalary hem-de zatlary saklamagyň kadalaryny we başgalary bozmagy;
ç) Ätiýaçlandyrýanyň Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyrylýan zatlar barada bilgeşleýin galp maglumatlary habar bermegi;
d) Ätiýaçlandyrýanyň zeleliň ýetirilmeginde günäkär adamdan ýetirilen zeleliň degişli öwezini dolmasyny almagy (
e) Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryşyň şu Kadalaryny bozmagy;
ä) Türkmenistanyň kanunçylygy arkaly göz öňünde tutulan beýleki halatlar.
8. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny ýatyrmak
8.1. Şu halatlarda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi bes edilýär:
- hereket etmeginiň taraplar tarapyndan bellenilen möhleti geçende ýa-da Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça öz borçlaryny doly möçberde ýerine ýetirende;
- Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) şertnamada bellenilen möhletlerde tölemese;
- gatnadyjy-daşaýjy ýolagçylary gatnatmaga we ýükleri daşamaga bolan hukukdan mahrum edilse;
- edara görnüşindäki tarap bolup durýan Ätiýaçlandyrýan ýapylsa, «Ätiýaçlandyryş hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny arkaly göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär;
- şahsy adam bolup durýan Ätiýaçlandyrýan aradan çykan halatynda, ätiýaçlandyrylan zat babatda hukuk oruntutary bolmasa;
- kazyýet tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasyny hakyky däl diýip ykrar etmek hakyndaky çözgüt
8.2. Ätiýaçlandyryş şertnamasy taraplaryň ylalaşmagy boýunça möhletinden öň ýatyrylyp bilner. Taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasyny möhletinden öň ýatyrmak baradaky meýli hakynda ätiýaçlandyryş şertnamasyny ýatyrmagyň çak edilýän senesine çenli azyndan bir aý öňünden birek-birege ýazmaça görnüşde duýdurmalydyrlar.
8.2.1. Ätiýaçlandyrýanyň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň ýatyrylan halatynda Ätiýaçlandyryjy oňa ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) çekilen çykdajylary tutup galmak bilen şertnamanyň geçmedik möhleti üçin gaýtaryp berýär.
8.2.2. Ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň ýatyrylan halatynda ol Ätiýaçlandyrýana öz tölän ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýanyň şu Kadalary ýerine ýetirmezligi bilen şertlenýän bolsa, şonda ol Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş wznoslaryny (baýraklaryny) çekilen çykdajylary tutup galmak bilen şertnamanyň geçmedik möhleti üçin gaýtaryp berýär.
9. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hakyky däldigi
9.1. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu ýagdaýlarda hakyky däldir:
a) ol ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykandan soň baglaşylan pursatyndan başlap;
b)
ç) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.
9.2. Ätiýaçlandyrylan obýekte bolan eýeçilik hukugynyň üçünji tarapa geçmegi hakynda kazyýet çözgüt çykarandan soň hem şertnama hakyky däl diýlip ykrar edilýär.
10. Ýetirilen zeleliň möçberini kesgitlemek, ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny tölemek
10.1. Ätiýaçlandyryş öwezini dolmasynyň möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ýok edilen, ýitirilen ýa bolmasa zeper ýeten ätiýaçlandyrylan howa gämisiniň hakyky (ätiýaçlandyryş) bahasyndan ugur alnyp kesgitlenilýär.
Awiagatnadyjynyň raýat jogapkärçiligi babatda ätiýaçlandyryş öwezini dolmasynyň möçberi her bir ätiýaçlandyryş halaty boýunça aňryçäk ätiýaçlandyryş pul möçberlerinden (jogapkärçiligiň möçberlerinden) we Ätiýaçlandyrýana bildirilýän hak islegler boýunça orta atylýan pul möçberlerinden ugur alnyp kesgitlenilýär. Ätiýaçlandyryş polisinde (ätiýaçlandyryş şertnamasynda) görkezilen jogapkärçiligiň möçberleriniň çäklerinde göýberilen peýdalardan başga ätiýaçlandyryş halatyny düzgünleşdirmek bilen, ähli kazyýet harajatlary hem-de çykdajylary hem tölenilip bilner.
10.2. Haçan-da ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrylan howa gämisiniň hakyky bahasyndan pes bolan halatynda ätiýaçlandyryş öwezini dolmasynyň möçberi,
Zerurlyk ýüze çykan halatynda ýüze çykan zeleliň sebäplerini we möçberini kesgitlemek üçin şeýle seljermäni geçirmegi talap
10.3. Howa gämisi dolulygyna heläk bolan ýa-da dereksiz ýiten halatynda Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberine barabar möçberde ätiýaçlandyryş tölegini töleýär.
10.4. Howa gämisine zeper ýeten halatynda:
10.4.1. Ätiýaçlandyryjynyň razylygy bolmazdan enjamlary söküp aýyrmak, daşamak ýa-da abatlamak boýunça hiç bir işe başlamaly däldir, munuň özi howpsuzlygyň bähbitleri üçin, howa gämisine mundan beýläk-de zeper ýetmeginiň öňüni almak üçin zerur bolan halatlar ýa-da degişli dolandyryş edaralary tarapyndan çykarylan buýruklar mejbury ýagdaýda ýerine ýetirilýän halatlar muňa girmeýär;
10.4.2.
10.4.2.1. Abatlaýyş işleri üçin hakykatda harçlanylan çykdajylary, şol sanda:
a) kömekçi serişdeleri we ätiýaçlyk şaýlaryny, gurallary, ýangyç-çalgy serişdelerini satyn almak, howa gämisiniň bellenilen tehniki mümkinçilikleriniň işlenilip geçilmedik böleginiň şol mümkinçiliklere - ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykan pursatyna çenli has köp iş öndürijiligi bolan ölçegleriň biri boýunça gatnaşygyna deňeçerlikdäki möçberde howa gämisine gözegçilik etmek, ony synagdan geçirmek üçin çykdajylary;
b) abatlaýyşyň aralygyndaky mümkinçilikleriň çäklerinde zeper ýetmegi zerarly şol agregatlaryň işlenilip geçilmedik mümkinçiligine (sagatlar, tapgyrlar, gonuşlar) deňeçerlikde zawod şertlerinde abatlanylan ýa-da çalşyrylan her bir agregaty abatlamak üçin çykdajylary;
ç) zeper ýeten howa gämisiniň howpsuzlygyny we abat saklanylmagyny üpjün etmek boýunça çykdajylar;
d) işçileri, serişdeleri, ätiýaçlyk şaýlaryny we agregatlary zeper ýeten howa gämisiniň bolýan ýerine eltmek, şeýle hem hadysanyň bolan ýerinden binýatlyk aerodroma (abatlaýyş kärhanasyna) çenli uçup gelmek boýunça çykdajylary;
e) haçan-da howa gämisi öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri bilen ýa-da ýalňyşlyk netijesinde haýsydyr bir ýerde gonsa we şol ýerden uçmak mümkin bolmasa, şeýle halatda howa gämisini sökmek boýunça çykdajylary, şeýle hem haýsy görnüşiň has maksadalaýyklygyna baglylykda, howa gämisini binýatlyk aerodroma ýa-da howa gämisini ulanmak üçin ýaramly bolan, hadysanyň bolan ýeriniň golaýyndaky aerodroma gaýtaryp getirmek üçin akylly-başly çykdajylary;
10.4.2.2. Şu Kadalaryň 10.4.-nji bölüminiň 10.4.2.1.-nji kiçi bölüminde görkezilen çykdajylar,
10.5. Ätiýaçlandyrýan öz güýçleri bilen howa gämisini abatlaýan halatynda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi zeper ýeten zatlary çalyşmak hem-de abatlamak üçin zerur bolan şaýlaryň we serişdeleriň hakyky bahasyndan we zähmete hak tölemek üçin çykdajylardan artyk bolup bilmez. Mümkin bolan goşmaça haklary, baýraklary we iş wagtyndan daşary işlenilendigi üçin haklary tölemek bilen baglanyşykly çykdajylaryň üsti dolunmaýar.
10.6. Eger abatlamak we çalyşmak Ätiýaçlandyrýanyň öz güýçleri bilen ýerine ýetiriylmeýän bolsa, Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi, eger baýraklary we iş wagtyndan artyk işlenilendigi üçin haklary tölemek öňünden Ätiýaçlandyryjy bilen ylalaşylmadyk bolsa, şolary goşmazdan, Ätiýaçlandyrýana berilýän hasaplar bilen tassyklanylan işleriň hakyky bahasy bilen çäklenýär.
10.7. Mundan başga hem zeper ýeten bölekleri ýa bolmasa zeper ýeten howa gämisini abatlaýyş ýerine daşamagyň hem-de olaryň haýsynyň ýakyndadygyna baglylykda, soňra howa gämisiniň heläkçiligiň bolan ýeriniň golaýyndaky aeroporta ýa-da ýerleşýän ýerindäki aeroporta gaýtarylyp getirilmeginiň bahasy çekilen zeleleň möçberine goşulýar. Şunda daşamak ähli usullaryň iň tygşytlysy bilen amala aşyrylmalydyr. Howa gämisiniň aýry-aýry bölekleriniň ýitirilmegi we olara zeper ýetmegi üçin Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi hiç bir halatda howa gämisiniň doly heläk bolmagy üçin Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiliginiň çäklerinden geçmeli däldir.
10.8. Haçan-da Ätiýaçlandyrýan şol bir ätiýaçlandyrylýan obýekt babatda, umuman alnanda, ätiýaçlandyrylýan obýektiň hakyky bahasyndan geçýän möçbere birnäçe Ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyryş şertnamasyny (goşa ätiýaçlandyryş) baglaşan halatynda şol zadyň ätiýlaçlandyryşy boýunça onuň ähli ätiýaçlandyryjylardan alýan ätiýaçlandyryş öwezini dolmasy onuň hakyky bahasyndan geçmeli däldir. Şunda Ätiýaçlandyrýanlaryň her biri şol Ätiýaçlandyrýanyň görkezilen desgany ätiýaçlandyrmagyň ähli şertnamalary boýunça umumy ätiýaçlandyryş pul möçberine öz baglaşan şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberiniň gatnaşygyna deňeçerlikdäki möçberde ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny töleýär.
10.9. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça aýdylyp geçtilmedik bolsa, ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly ähli çykdajylary ilki başda Ätiýaçlandyrýan çekýär, soňra bolsa Ätiýaçlandyryjy tarapyndan onuň öwezi dolunýar, howa gämisiniň dolulygyna heläk bolmagy muňa girmeýär.
10.10. Şu Kadalaryň 3.1.-nji bölümi boýunça ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny Ätiýaçlandyrýan (Peýda alyjy) töleýär.
Awiagatnadyjynyň jogapkärçiligi ätiýaçlandyrylan mahaly (şu Kadalaryň 3.2.-nji, 3.3.-nji, 3.4.-nji bölümleri) ätiýaçlandyryş öwezini dolmasy taraplaryň razylygy boýunça gönüden-göni bähbitlerine Ätiýaçlandyrýan tarapyndan zelel ýetirilen adam tarapyndan tölenilip bilner.
Nägileligiň bildirilmegi baradaky resmi namalar arkaly ýazmaça tassyklama Ätiýaçlandyrýan tarapyndan alnan pursatyndan başlap emläk nägilelikleri bildirilen hasap edilýär.
10.11. Ömre we saglyga ýetirilen zelel üçin öwezini doluş tölegi, durmuş ätiýaçlandyrmasy, durmuş üpjünçiligi boýunça we şahsy ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça oňa degişli bolan pul möçberlerine garamazdan, ejir çekene tölenilýär.
10.12. Ätiýaçlandyryş tölegi resmi namalary we Ätiýaçlandyryjy tarapyndan düzülen ätiýaçlandyryş güwänamasyny (№5 goşundy) goşmak bilen, Ätiýaçlandyrýanyň (Peýda alyjynyň) ätiýaçlandyryş tölegi hakyndaky ýazmaça görnüşindäki arzasy (№3 goşundy) esasynda Ätiýaçlandyryjy tarapyndan tölenilýär.
10.13. Ätiýaçlandyryş tölegi hakyndaky arza şular goşulýar:
- ätiýaçlandyryş polisi ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasy;
- howa gämisi bilen bolup geçen hadysalaryň hasaba alnandygy hakyndaky resmi namalar, şol sanda,
- howa gämisine zeper ýetenden soň ony gözden geçirmegiň tehniki güwänamasy, ol heläk bolan halatynda bolsa - howa gämisiniň hasapdan çykarylmagynyň güwänamasy;
- Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş babatda bähbidiniň bardygyny tassyklaýan, howa gämisine onuň eýeçilik (eýelik etmek, peýdalanmak) hukugynyň bardygyna güwä geçýän ýa-da howa gämisi heläk bolan ýa-da oňa zeper ýeten halatynda onuň eýesiniň öňündäki jogapkärçiliginiň möçberini belleýän resmi namalar;
- Ätiýaçlandyryjynyň bilermenleri we işleri ýerine ýetirijiler bilen deslapdan ylalaşylan, ätiýaçlandyryş öwezini dolmasynyň möçberini esaslandyrmak üçin zerur bolan, awariýa babatdaky abatlaýyşyň meýilnamasy hem-de çykdajylaryň sanawy;
- ätiýaçlandyryş halatynyň ýagdaýlaryna we hakykatda ýetirilen zelele degişli beýleki resmi namalar (töleg resmi namalary, hyzmatlar we işler üçin şertnamalar, karta-narýadlar we başgalar), Ätiýaçlandyrýandan ýetirilen zeleli üçünji taraplaryň peýdasyna tutup almak hakynda kazyýetiň çözgüdi.
10.14. Ätiýaçlandyryş güwänamasy ýokarda görkezilen resmi namalar Ätiýaçlandyryja gelip gowşandan soň Ätiýaçlandyryjy tarapyndan düzülýär we tassyklanylýar.
10.15. Ätiýaçlandyryjynyň hasabyndan ätiýaçlandyryş töleginiň möçberi hasapdan çykarylan gün töleg güni hasap edilýär.
10.16. Şu ätiýaçlandyryş Kadalarynyň 7-nji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar ätiýaçlandyryş töleglerini tölemekden boýun gaçyrmak üçin esas bolup durýar.
10.17. Ätiýaçlandyryş öwezini dolmasy ähli ätiýaçlandyryş pul möçberine barabar dolulygyna tölenileninden soň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi täze şertlere şertnama baglaşylýança durzulýar ýa bolmasa bes edilýär. Eger ätiýaçlandyrylan zat üçin ätiýaçlandyryş öwezini dolmasy ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçmeýän möçberde tölenilen bolsa, şonda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi onuň tamamlanýan senesine çenli dowam edýär, şunda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen tölenilen ätiýaçlandyryş öwezini dolmasynyň arasyndaky tapawuda barabar möçberde kesgitlenilýär.
10.18. Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş öwezini dolmasynyň tölenilmegi baradaky talap Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen hak-isleýiş möhletiniň içinde, töwekgelçilik gaýtadan ätiýaçlandyryşa geçirilen halatynda bolsa, halkara kadalaryna laýyklykda bildirilip bilner.
10.19. Ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny tölän Ätiýaçlandyryja öz tölän pul möçberleriniň çäklerinde Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny alan beýleki adamynyň ýetirilen zelel üçin jogapkär adama bolan talap hukugy geçýär.
Ätiýaçlandyrýan özünde bar bolan ähli resmi namalary we subutnamalary Ätiýaçlandyryja bermäge, we şol hukugy amala aşyrmak üçin zerur bolan ähli resmilikleri ýerine ýetirmäge borçludyr. Eger Ätiýaçlandyrýan ýetirilen zelel üçin jogapkär adama özüniň talap hukugyndan boýun gaçyrýan bolsa ýa-da şol hukugy amala aşyrmak onuň günäsi bilen mümkin bolmasa (nägilelikleri bildirmek möhletiniň geçmegi we başgalar), Ätiýaçlandyryjy degişli möçberde ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny tölemek borjundan boşadylýar.
10.20. Şular ätiýaçlandyryş töleginiň möçberine goşulmaýar:
10.20.1. Goýberilen peýda ýa-da ätiýaçlandyryş halatyndan soň ätiýaçlandyrylan howa gämisini ýa-da onuň aýry-aýry agregatyny ulanmagyň mümkin däldigi bilen baglanyşykly goşmaça çykdajylar;
10.20.2. Howa gämisi dereksiz ýiten halatynda agtaryş işleri üçin çykdajylar;
10.20.3. Eger şeýle işler heläkçilik bilen baglanyşykly abatlaýyş işleri bilen utgaşyp gelýän bolsa, howa gämisini gaýtadan enjamlaşdyrmak, döwrebaplaşdyrmak, goşmaça işläp geçmek üçin harajalar, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşygy bolmadyk, ýöne ätiýaçlandyryş halaty bilen baglanyşykly heläkçilik sebäpli abatlaýyş işleri geçirilen mahaly ýüze çykarylan zeper ýetmeleri abatlamak üçin harajatlar;
10.20.4. Ätiýaçlandyrýanyň ýetirilen zeleliň öwezini dolmak tertibinde töleýän pul möçberleri.
10.21. Ätiýaçlandyrýan goşmaça ätiýaçlandyryş wznosyny (baýragyny) tölän şertlerinde şu Kadalaryň 10-njy bölüminiň 10.20.2. bölümçesinde görkezilen çykdajylar ätiýaçlandyrylyp bilner.
11. Jedelleri çözmekligiň tertibi
11.1. Şu Kadalar bilen aýdylyp geçilmedik beýleki şertleriň hemmesi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
11.2. Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ähli jedellere gepleşikler geçirmek arkaly, taraplar razyçylyga gelmedik mahaly bolsa - Türkmenistanyň ulanylýan kanunçylygyna laýyklykda garalýar.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2006-njy ýylyň Nowruz aýynyň 28-ine №31
buýrugy bilen tassyklanylan, Howa gämileriniň
we awiagatnadyjylaryň jogapkärçiligini
meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
№1 goşundy
Howa gämisini we awiagatnadyjylaryň jogapkärçiligini ätiýaçlandyrmak üçin
A R Z A
(şu arza geljekki Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň esasy bolup durýar)
______________________________________________________________________________ (Ätiýaçlandyrýan kärhananyň hukuk görnüşi we ady, şahsy adamyň A.,Aa, F.)
200_-nji ýylyň _____________ aýynyň «____» başlap __________________________________ ___________________________________________________________________ çenli döwüre
(ätiýaçlandyryş döwrüni - ýyly, çärýegi, aýy ýa-da uçuşlaryň anyk sanyny görkezmeli)
_____________________________________________________________________________ (uçuşlaryň häsiýeti we gatnatmalaryň-daşamalaryň görnüşi görkezilýär)
we ___________________________________________________________________________ (çäklerinde uçuşlaryň meýilnamasy düzülýän sebitler we ýurtlar görkezilýär)
uçuşlary amala aşyrylýan mahaly ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýär.
Goşmaça Ätiýaçlandyrýan ________________________________________________________
Uçuşlaryň ýygylygy _____________________________________________________________ (yzygiderli, çarter uçuşlarynyň ýygylygy görkezilýär)
A) Howa gämileriniň ätiýaçlandyryşy (awiakasko)
Töwekgelçiligiň görnüşi __________________________________________________________ (töwekgelçilikler- howa gämisiniň heläk bolmagy, ______________________________________________________________________________dereksiz ýitmegi we oňa zeper ýetmegi doly görkezilýär)
Howa gämisiniň bahasy __________________________________________________________ ______________________________________________________________________________ (howa gämisiniň balans, şertnamalaýyn bahasy san bilen we ýazmaça görkezilýär)
Howa gämisi boýunça yglan edilýän ätiýaçlandyryş pul möçberi __________________________ ______________________________________________________________________________ (howa gämisiniň ättiýaçlandyrylýan pul möçberi san bilen we ýazmaça görkezilýär)
Peýda alyjy (awiakasko ätiýaçlandyryşy boýunça) _____________________________________
B) Awiagatnadyjynyň jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy
______________________________________________________________________________ (üçünji taraplaryň öňündäki, ýolagçylaryň öňündäki, ýük üçin - jogapkärçiligiň görnüşi görkezilýär)
jogapkärçiligiň şu bellenilen möçberi bilen:
utgaşdyrylan jogapkärçilik boýunça _________________________________________________
üçünji taraplaryň öňündäki jogapkärçilik boyunça ______________________________________
ýolagçylaryň öňündäki jogapkärçilik boýunça _________________1 ýolagça ________________ ýolagçylaryň sany ______________________ adam.
Ýük üçin ______________________________________________________________________,
bagaž üçin _____________________________________________________________________,
1. Howa gämisiniň kysymy__________ Howa gämisiniň milli we hasaba alyş nyşanlary _______
2. Howa gämisiniň eýesi __________________________________________________________ ______________________________________________________________________________ (howa gämisiniň eýesi bolan kärhananyň ady, ýerleşýän ýeri-şäher, ýurt ýa-da A., Aa., F.)
Howa gämisiniň kärende ýa-da lizing şertnamasy ______________________________________
______________________________________________________________________________ (taraplar we baglaşylan şertnamanyň maglumatlary görkezilýär)
3. Howa gämisini ulanyjy _________________________________________________________ (kärhananyň ady, ýerleşýän ýeri-şäheri, ýurdy)
Ulanyjy _______________________________________________________________________ (howa gämisi kärendä ýa-da lizinge berlen halatynda doldurylýar)
möçberde howa gämisiniň abat saklanylmagy üçin howa gämisiniň eýesiniň öňünde maddy jogapkärçilik çekýär.
4. Howa gämisiniň tapgyrlaýyn (zawod) belgisi _______________________________________;
5. Howa gämisiniň çykarylan ýyly __________________________________________________,
6. Howa gämisiniň döwlet tarapyndan hasaba alnandygy hakynda ____ ý.___________ «____» № ____ şahadatnama.
7. Howa gämisiniň uçuşlara ýaramlylygy hakynda ____ ý.____________ «____» № ____ şahadatnama, hereket edýän möhleti 200__ ýylyň ______________ aýynyň «____» çenli.
8. Doly derejedäki uçuş agramy _____________tonna.
9. Doly derejedäki ýük göterijiligi _____tonna;
10. Ýolagçy sygymy______________adam.
11. Howa gämisiniň könelmegi:
Iş mümkinçiligi: bellenileni ____sagat; Abatlamakdan aralykdaky __________sagat;
Işlän döwri: ulanylyp başlanylmagyndan ____ sagat; soňky abatlaýyşdan soň _____ sagat.
Gonmalaryň sany _________________
Howa gämisiniň abatlanmagy hakyndaky maglumatlar: düýpli abatlamalaryň sany _____________, soňky abatlamanyň görnüşi _________ we onuň geçirilen senesi
_____ ý. _________________aýynyň «____».
12. Bar bolan ýörite enjamlar we abzallar ____________________________________________ ______________________________________________________________________________
13. Howa gämisine zawod kepillendirmesiniň möhleti ___________
14. Mesgen tutulan aeromenzil______________________________
15. Ulanyjynyň (awiakompaniýanyň) ekipažy _________________________________________
(özüniňki ýa-da kärendä alnan)
16. Şular tarapyndan tehniki taýdan hyzmat edilýär _____________________________________ ______________________________________________________________________________ (öz tehniki işgärleri bilen ýa-da şertnama boýunça - kompaniýanyň adyny, ýerleşýän ýerini (şäher)
______________________________________________________________________________ we howa gämisiniň şol kysymynya hyzmat etmekde iş tejribesini (haýsy ýyldan başlap) görkezmeli)
17. Soňky bäş ýylyň içinde ulanyjyda howa gämisiniň şu kysymy üçin awiasion hadysa bolup geçdimi _______________________________________________________________________ (awiahadysa bolan bolsa, ýylyny, bolan wakany we esasy sebäbini görkezmeli)
18. Uçuşlaryň howpsuzlygy boýunça wezipedäki hünärmeniň inspeksiýasy geçirildimi ______ (hawa, ýok)
19. Hereketlendirijisiniň kysymy ____________________________;
Zawod belgileri: 1.________________; 2._____________________;
3.________________; 4_____________________.
20. Ulanylyp başlanany bäri işlenen wagt 1______ 2_______ 3___________ 4___________
21. Soňky abatlamakdan soň işlenilen wagt 1________ 2_______ 3_________ 4________
22. Şular üçin zawod kepillendirmesiniň möhletleri 1_______ 2________ 3_______ 4_______
Töleg şertleri ___________________________________________________________________ (birwagtyň özünde; gaýra goýup, tölegleriň sanyny we möhletlerini görkezmek bilen)
Ätiýaçlandyryş üçin yglan edilýän töwekgelçilikler
1-nji bölüm: Awiakasko
a) «Uçuş» töwekgelçilikleri b) «Ugrukdyrmak» töwekgelçilikleri |
ç) «Ýer» töwekgelçilikleri d) «Gonmak» töwekgelçilikleri |
Ätiýaçlandyryş şertleri:
a) howa gämisiniň heläk bolmagy ýa-da dereksiz ýitmegi netijesinde zelel ýetirilende ätiýaçlandyrmak
b) howa gämisiniň heläk bolmagy, dereksiz ýitmegi ýa-da oňa zeper ýetmegi netijesinde zelel ýetirilende ätiýaçlandyrmak
ç) howa gämisiniň heläk bolmagy ýa-da oňa zeper ýetmegi netijesinde zelel ýetirilende ätiýaçlandyrmak, şol sanda halas etmek boýunça çykdajylar
d) howa gämisine zeper ýetmegi netijesinde zelel ýetirilende ätiýaçlandyrmak
2-nji bölüm. Üçünji taraplaryň öňündänki raýat jogapkärçiligi
Bir halat boýunça jogapkärçiligiň çägi _______________________________________________
Ätiýaçlandyryş döwri: 200__ý._____________ «___»dan 200_ý._____________ «____» aralygy
3-nji bölüm. Ýolagçylaryň öňündäki raýat jogapkärçiligi
Bir halat boýunça jogapkärçiligiň çägi _______________________________________________
Ätiýaçlandyryş döwri: 200__ý._____________ «___»dan 200_ý._____________ «____» aralygy
4-nji bölüm. Ýük (bagaž) üçin raýat jogapkärçiligi
Bir halat boýunça jogapkärçiligiň çägi________________________
Ätiýaçlandyryş döwri: 200__ý._____________ «___»dan 200_ý._____________ «____» aralygy
5-nji bölüm. Ätiýaçlandyrýanyň islegi boýunça ätiýaçlandyrmagyň goşmaça şertleri
6-njy bölüm. Öz golunyň nusgasy bilen awiasion ätiýaçlandyryşyň meselelerini çözmek üçin awiakompaniýadan ynanylan adam: ______________________________________________
Özümiziň şu borçlarymyzy tassyklaýarys:
- ýokarda berlen maglumatlar, bize mälim bolşy ýaly, ygtybarly bolup durýar;
- ätiýaçlandyryş şertnamasynyň ähli şertlerini ýerine ýetirmek boýunça;
- şu arzada töwekgelçilige we maglumatlara islendik düýpli üýtgetmeler hakynda Ätiýaçlandyryja wagtynda habar bermek boýunça;
- bolup geçen ätiýaçlandyryş wakasy hakynda hem-de zeperi we ýetirilen zeleli azaltmak üçin ähli akylly-başly çäreleri görmek barada Ätiýaçlandyryja wagtynda habar bermek boýunça;
- yglan edilen habar maglumatlary we ätiýaçlandyryş şertnamasynyň çäklerinde şertleşilen maglumatlary tassyklaýan resmi namalaryň asyl nusgalaryny ýa-da nusgalaryny bermek boýunça.
Ätiýaçlandyrýan ________________________
(goly)
200__ýylyň __________aýynyň «___».
№2 goşundy
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY
ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY-POLISI №_______
Howa gämilerini we awiagatnadyrylaryň jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
Tapgyr______
Ätiýaçlandyrýan _______________________________________________________
Salgysy/telefony _______________________________________________________
Peýda alyjy _______________________________________________________
Salgysy/telefony _______________________________________________________
Ätiýaçlandyryjy _______________________________________________________
Salgysy/telefony _______________________________________________________
Ätiýaçlandyryş döwri: 200_ ý.____________ «____» başlap 200_ ý. ____________ «___» aralygy.
1. Awiakasko
Uçar: Kysymy Çykarylan Hasaba alyş Ýolagçylaryň sany
ýyly belligi (ýükleriň agramy) tonna
|
|
|
|
|
|
т. |
Töwekgelçiligiň görnüşi __________________________________________________________
(töwekgelçilik- howa gämisiniň heläk bolmagy, dereksiz ýitmegi we howa gämisine zeper ýetmegi doly görkezilýär)
Ulanyş maksady _______________________________________________________
Hakyky bahasy _______________________________________________________
Ätiýaçlandyryş pul möçberi _______________________________________________________ (möçberi sanda we ýazmaça)
Geografiki çägi _______________________________________________________
Ätiýaçlandyryş wznosy _______________________________________________________
(möçberi sanda we ýazmaça)
2. Awiagatnadyjynyň jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy
______________________________________________________________________________ (üçünji taraplaryň öňündäki, ýolagçylaryň öňündäki, ýük üçin - jogapärçiligiň görnüşi görkezilýär)
jogapkärçiligiň bellenilen şu möçberleri bilen:
üçünji taraplaryň öňündäki jogapkärçilik boýunça ___________________________ 1 ýolagça ________________ ýolagçylaryň öňündäki jogapkärçilik boýunça, ýolagçylaryň sany_____adam
Ýük üçin _______________________________________________________
Bagaž üçin _______________________________________________________
Franşiza _______________________________________________________
Ätiýaçlandyryş wznosy _______________________________________________________
(möçberi sanda we ýazmaça)
Baýraklary tölemegiň _______________________________________________________
tertibi we möhletleri _______________________________________________________
Beýleki şertler _______________________________________________________
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY M.Ý. ___________________ (goly) |
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy-polisi 200__ ýylyň ______________aýynyň «____» berildi.
Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş Kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldy ______________
(goly)
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2006-njy ýylyň Nowruz aýynyň 28-ine №31
buýrugy bilen tassyklanylan, Howa gämileriniň
we awiagatnadyjylaryň jogapkärçiligini
meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
№3 goşundy
Türkmenistanyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
__________________________ tarapyndan
(Ätiýaçlandyrýanyň ady we salgysy)
A R Z A
_________________bolup geçen _____________________________________ (ýyly, aýy, güni) (ätiýaçlandyryş wakasynyň häsiýetini görkezmeli
sebäpli ________________________________________ ätiýaçlandyryşy boýunça
(ätiýaçlandyryşyň görnüşi)
ätiýaçlandyryş öwezini dolmasyny tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Arza şu resmi namalary goşýaryn:
______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
200_ ýylyň ______________ aýynyň «____». ___________________
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2006-njy ýylyň Nowruz aýynyň 28-ine №31
buýrugy bilen tassyklanylan, Howa gämileriniň
we awiagatnadyjylaryň jogapkärçiligini
meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
№4 goşundy
Nyrh möçberleri
Nyrh möçberleri hasaplanylan mahaly statistiki maglumatlary we bilermenlik taýdan baha bermegi seljermäge esaslanan ätiýaçlandyryş portfeliniň hödürlenilýän düzümi nazara alyndy. Awiakasko boýunça 2% we awiagatnadyjylaryň jogapkärçiligi boýunça 0,4%-den ybarat bolan hasaplanylan ortaça ätiýaçlandyryş nyrhy anyk ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagyň aýratynlyklaryny nazara alyp bilmez.
Her bir anyk ýagdaýda töwekgelçiligiň derejesinden ugur almak bilen ätiýaçlandyryş tölegleriniň möçberleri bellenilen mahaly peseldiji (0,3-den 1-e çenli) we köpeldiji (1-den 5-e çenli) koeffisientleri ulanmak mümkindir. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly nyrh möçberiniň ortaça möçberi howa gämisiniň ulanylýan möhletine, onuň tehniki ýagdaýyna we her bir anyk halatda töwekgelçiligiň derejesine düýpli täsir edýän beýleki şertlere baglylykda mdegişli düzediş koeffisientlerine köpeltmek arkaly kesgitlenilýär.
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň
2006-njy ýylyň Nowruz aýynyň 28-ine №31
buýrugy bilen tassyklanylan, Howa gämileriniň
we awiagatnadyjylaryň jogapkärçiligini
meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
№5 goşundy
Howa gämileriniň we awiagatnadyjylaryň jogapkärçiliginiň ätiýaçlandyryşy boýunça ätiýaçlandyryş halaty hakynda
GÜWÄNAMA
Ätiýaçlandyrýan ______________________________________________________________________
(guramanyň ady, F.A.Aa.)
_____________________________________________________________________________________
(Ätiýaçlandyryjynyň işgäriniň wezipesi, F.A.Aa.)
Ätiýaçlandyrýanyň 200_ýylyň____________aýynyň „____” arzasy esasynda şu güwänamany düzdüler:
Degişli resmi namalaryň esasynda şular bellenildi:
- üçünji taraplara
- ätiýaçlandyrylan howa gämisine
- ýolagça
-ýüke (gereginiň aşagyny çyzmaly) 200 _ ýylyň ____________ aýynyň «___» bolup geçen ______________________________________________________________________________
(ätiýaçlandyryş halatynyň ady)
____________________________________________________ netijesinde zelel ýetirildi (ýok edildi.
Ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetnamasy we onuň sebäbi ___________________________________
_____________________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş pul möçberini tassyklaýan resmi namalar:
Polis № |
|
|
|
|
Inwoýs № |
|
|
|
|
Zeleliň ýüze çykan halatyny tassyklaýan resmi namalar:
Bolup geçen hadysa hakynda bellik etmek bilen, ulag ýanhatlary:
Awia |
|
|
|
|
Konosament |
|
|
|
|
Baş güwänama |
|
|
|
|
Awiagullugyň täjirçilik güwänamasy_________________________
Garaşsyz bilermenleriň güwänamasy_________________________
Kasko boýunça ýetirilen zeleleň möçberini kesgitlemek
Howa gämisiniň ady |
Hakyky bahasy |
Ätiýaçlandyryş pul möçberi |
Zeper ýetmegiň teswiri |
Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde nyrhynyň gaçmagynyň göterimi |
Ýetirilen zeleliň möçberi |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
Jogapkärçilik boýunça ýetirilen zeleliň möçberini kesgitlemek
Ätiýaçlandyryş halatynyň ady |
Jogapkärçilik möçberi |
Zeper ýetmeginiň teswiri |
Ýetirilen zeleliň möçberi |
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
|
Ätiýaçlandyryjy __________________ (goly) M.Ý.
Ätiýaçlandyrýanyň wekili ____________ (goly) 200_ ýylyň _____________aýynyň «___».