Itleri meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş
guramasynyň baş direktorynyň
2016-njy ýylyň 11-nji martyndaky çykaran
27 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy
Itleri meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary
I. Umumy düzgünler
1. Itleri meýletin ätiýaçlandyryşyň şu Kadalary (mundan beýläk – Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, “Ätiýaçlandyryş hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.
2. Şu Kadalaryň şertlerine laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - Ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary bilen, Türkmenistanda hasaba alnan we onuň çäginde öz işini amala aşyrýan daşary ýurt döwletleriň ýuridik şahslary, olaryň şahamçalaryny we wekilhanalaryny goşmak bilen, şeýle hem Türkmenistanyň çäginde bolýan daşary ýurtlaryň fiziki şahslary we raýatlygy bolmadyk adamlary (mundan beýläk – Ätiýaçlandyrýan) bilen itleri meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) baglaşýarlar.
3. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;
ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs ýa-da ýuridik şahs;
ätiýaçlandyryjy – ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;
ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda Ätiýaçlandyryjynyň Ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;
ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;
franşiza – umumy zeleliň (zyýanyň) bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy Ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär. Şertli franşiza bellenilende Ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zeleliň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zeleli (zyýany) doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda Ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zelelden (zyýandan) aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär;
4. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça onuň aýry-aýry bölümlerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara ters gelmeýän beýleki şertler bolup biler.
5. Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş goragy diňe Türkmenistanyň çäginde degişlidir.
II. Ätiýaçlandyryşyň obýekti
6. Ätiýaçlandyrýanyň özüne eýeçilik hukugy ýa-da Kanunda göz öňünde tutulan beýleki esasda degişli bolan itlere eýelik etmek, olary peýdalanmak ýa-da hojaýynlyk etmek bilen bagly emläk bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar.
Şu Kadalara laýyklykda weterinar pasportynda sanjymlary görkezilen we bellige alnan 6 aýdan 8 ýaşa çenli sagdyn itler, ätiýaçlandyryşa degişli bolup durýar.
III. Ätiýaçlandyryş halaty
7. Şu aşakdaky ýagdaýlaryň netijesinde itiň ölmeginden, ätiýaçlandyryş geçirilýär:
keseller (ýokanç kesellerden, şol sanda gyrgyn, prawowirus enetrit, guduzlama, leptospiroz, inwazion, ýokaç däl kesellerden);
tebigy betbagtçylyklar (ýangyn, suw almagy, ýyldyrym urmagy, ýeriň titremegi, gaý, tupan, boran, doly);
betbagtçylykly halatlar (partlaýyş, elektrik togunyň täsiri, gün ýa-da ýylylyk urmagy, bogulmagy (asfiksiýa), zäherli otlardan ýa-da maddalardan zäherlenmegi, ýylanyň ýa-da zäherli mör-möjekleriň çakmagy, beýleki itleriň topulmagy, gark bolmagy, ulag serişdesiniň aşagyna düşmegi);
üçünji taraplaryň kanuna ters gelýän hereketi we ogurlanma;
epizootiýa ýa-da bejerilmeýän keseliň garşysana geçirilýän çäreler boýunça weterinariýa gullugynyň hünärmeniniň görkezmesi boýunça mejbury öldürmek halatyndan ätiýaçlandyryş geçirilýär.
Şu aşakdaky ýagdaýlardan ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylmaýar:
eger itler it urşuna gatnaşmaga niýetlenen bolsa;
eger itler kesel ýagdaýynda ýa-da ýokanç keselleri boýunça karantin zolagynda ýerleşýän bolsa;
eger itler hor, dogrumdan öňki ýa-da soňky ýagdaýda bolsa, şeýle hem itleriň soňky bruselýoz ýa-da inçekesel bilen kesellemekleri boýunça geçirilen barlagda keselli diýip bellenen bolsa.
IV. Ätiýaçlandyryş pul möçberi
8. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda taraplaryň ylalaşmagy boýunça saklanyş şertlerine baglylykda, semizliginden we beýleki ýagdaýlardan ugur alnyp kesgitlenilýär, ýöne şertnama baglaşylan mahalynda ol itiň hakyky bahasyndan ýokary bolup bilmez.
Itleriň hakyky bahasy bazar bahasyndan ýa-da bilermenleriň berýän bahasyndan ugur alyp kesgitlenilýär.
V. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)
9. Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberinden we töwekgelçilikleriň derejesinden, Itleri meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça bir ýyllyk nyrh möçberinden (1-nji goşundy) ugur alnyp kesgitlenilýär.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş nyrhlaryň möçberi ätiýaçlandyryşyň anyk şertlerine we töwekgelçilik derejesine bagly ýokarlanýan tarapa we peselýän tarapa üýtgedilip bilner.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy 1(bir) ýyldan az möhlete baglaşylsa, onda ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryşyň ähli möhleti üçin bir wagtyň özünde tölenýär. 1(bir) ýyldan köp möhlet bilen ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly, onda ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) bir wagtyň özünde ýa-da möhletlere bölüp, ýöne iki möhletden köp bolmazdan tölenilip bilner.
Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) iki möhletde tölenende birinji tölegi umumy ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) 50% möçberinde ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan mahaly tölenýär, galan 50%-ni bolsa ätiýaçlandyryş şertnamasy güýje gireninden soň 3 (üç) aýdan gijä galman tölenmelidir.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy birnäçe ýyla baglaşylýan bolsa, onda ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölegi her ýyl boýunça tölenip bilner. Tölegleriň tölenmeli möhleti ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilmelidir.
10. Ätiýaçlandyryş şertnamsy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan köp möhlete baglaşylan bolsa, onda 1 (bir) ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa şu bölümiň 1-nji bendine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.
11. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemek hasaplaşygyň nagt däl ýa-da nagt görnüşlerinde geçirilýär.
12. Birinji ýa-da bir gezekki ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda tölenýänçä Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.
13. Eger, ätiýaçlandyryş gatanjy öz wagtynda geçirilmese, Ätiýaçlandyryjy onuň geçirilmegi üçin iki hepdelik möhleti ýazmaça kesgitläp biler. Şonda gijä goýmagyň netijeleri hakynda görkezilmelidir.
Eger möhlet geçenden soň ätiýaçlandyryş halaty bolsa we şol wagta çenli Ätiýaçlandyrýan gatanç geçirmegi gijikdirse, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.
VI. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylmagynyň tertibi
14. Ätiýaçlandyryş şertnamasy Itleri meýletin ätiýaçlandyryşy barada arzanyň (2-nji goşundy) esasynda ýazmaça 1 (bir) ýyla çenli we ondan köp möhlete şu aşakdaky resminamalaryň berilmeginden soňra baglaşylýar:
itiň weterinar pasportynyň göçürme nusgasy;
itiň haýsy wetirinariýa gullugyna degişlidigi barada resminama delilhaty;
eger bar bolan ýagdaýynda itiň bahasyny tassyklaýan delilhaty.
15. Ätiýaçlandyryş şertnamasy eýesinde resmileşdirilen birmeňzeş görnüşdäki itleriň hemmesini ätiýaçlandyrmak şerti bilen baglaşylyp bilner.
16. Ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylanda howpuň döremegi ýa-da ätiýaçlandyryş halaty üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary Ätiýaçlandyryja habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň şertnamadan ýüz öwürmegine ýa-da ony üýtgedilen mazmun bilen baglaşmagyna täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlar bolup durýar.
Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýandan ýazmaça, aýdyň we düşnükli ýagdaýda talaby hem düýpli ýagdaý hasap edilýär.
17. Eger bu şertnamanyň baglaşylmagyna düýpli täsir etse, ätiýaçlandyrýan şertnama baglaşylandan soň dörän howpuň ýokarydygy hakynda Ätiýaçlandyryja şobada habar bermäge borçludyr.
18. Şeýle ýagdaýda Ätiýaçlandyryjy bir aýlyk möhleti berjaý etmek bilen şertnamany ýatyrmaga ýa-da ätiýaçlandyryş gatanjynyň degişli artdyrylmagyny talap etmäge haklydyr. Eger ätiýaçlandyrýan niýet edip öňünden howpuň artmagyna getirse, ätiýaçlandyryjy bir aý möhleti berjaý etmezden şertnamany ýatyryp biler.
19. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilende Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşylandygyny tassyklaýan Itleri meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (3-nji goşundy) gowşurýar.
20. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilende ýa-da ýok edilende Ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy esasynda Ätiýaçlandyryjy ony bermek boýunça çykdajylary tölemegi borçlandyrmak bilen, öwezligini berýär. Öwezligi berlenden soň ozalky ýitirilen ýa-da ýok edilen ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) geçirilmeýär.
21. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti (başlanýan senesi-şertnama baglaşylan güni sagat 24-de we tamamlanýan senesi-möhletiniň iň soňky güni sagat 24-de).
Ätiýaçlandyryş şertnamasyda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda), ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we (ýa-da) şertleri görkezilýär.
Ätiýaçlandyran ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:
nagt däl görnüşinde tölenilende – bank edarasy tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň hasabyndan öçüren güni;
nagt görnüşinde tölenilende – Ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.
Nagt däl görnüşinde tölenilende ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi baradaky bank edarasy tarapyndan berilýän tassyklaýjy resminamanyň nusgasyny Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja bermelidir. Bank edaralary tassyklaýjy resminamalary bermelidir.
22. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli we şertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.
23. Itler başga biriniň hususy eýeçiligine geçen halatynda we oňa ätiýaçlandyryş şahadatnamasy berlende, täze eýesi bu barada Ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr. Onuň ýazmaça arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna eýesi barada düzediş girizilýär we ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryşyň soňky möhletine çenli güýjüni saklaýar.
24. Öňki şertnamanyň hereketi tamamlanmaka täze möhlete itleriň ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylsa (dikeldilse), täze ätiýaçlandyryş şertnamasy öňki şertnamanyň hereketiniň tamamlanan pursatyndan başlap güýje girýär.
25. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny 3 (üç) senenama ýylynyň dowamynda yzygiderli baglaşan Ätiýaçlandyrýanlara täze şertnama baglaşmak üçin bir aý ýeňillikli möhlet berilýär.
26. Eger ýeňillikli möhletde ätiýaçlandyryş halaty ýüze çyksa, täze ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşylmadyk bolsa, onda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryşyň şu görnüşi boýunça öňki ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenen pul möçberinden ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) alyp galmak bilen tölenilýär.
VII. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi
27. Ätiýaçlandyryş şertnamasy şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:
hereket edýän möhleti geçende;
Ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalar doly möçberde ýerine ýetirilende;
şertnamada bellenilen möçberlerde we möhletlerde Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalaryň göz öňünde tutulan öz borçlaryny berjaý edilmese.
Eger ätiýaçlandyryş şertnamasynda bu göz öňünde tutulan bolsa, Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.
Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilen halatynda Ätiýaçlandyryjy şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger Ätiýaçlandyrýanyň talaby Ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş düzgünleriniň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.
Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilende, ol Ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şonda, eger Ätiýaçlandyryjynyň talaby Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş Kadalaryny bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol Ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.
28. Taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmeginiň bir aý öňünden, onuň bes edilýändigi hakynda birek-birege habar bermelidir.
VIII. Gaýtadan ätiýaçlandyryş
29. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga Ätiýaçlandyryjyda (Gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.
Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän Ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan Ätiýaçlandyryjynyň (Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda Gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň Ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.
Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň Gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da Ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işini daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.
Gaýtadýan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda Ätiýaçlandyrýan bilen Gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da Ätiýaçlandyrýanlaryň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, Bähbit görüjileriň we/ýa-da ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.
Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş nyrhynyň möçberi ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.
IX. Ätiýaçlandyrýanyň borçlary
30. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:
ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyrylan obýekt boýunça borçnamalara baha kesmek üçin özüne mälim möhüm ähmiýeti bolan ýagdaýlaryň ählisi barada, şeýle hem ätiýaçlandyrylan obýekt bilen bolup geçen islendik düýpli özgeriş (oňa bolan eýeçilik hukugyny hem goşmak bilen), şonuň ýaly-da onuň zaýalanmak ýa-da ýok etmek howpunyň artýanlygy barada Ätiýaçlandyryja habar bermäge. Soňky ýagdaýda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberiniň köpeldilmegini talap etmäge ýa-da birtaraplaýyn tertipde ätiýaçlandyryş şertnamasyny bes etmäge haky bardyr;
ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bellenilen möhletlerde geçirmäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryşyň düzgünlerinde ýa-da şertnamasynda göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;
Ätiýaçlandyryja Ätiýaçlandyrýana ýetirilen zyýan (zelel) üçin jogapkär şahsa regres talabyny bildirmek üçin bar bolan maglumatlary we resminamalary geçirmäge;
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň öňüni almaga we ol ýüze çykan ýagdaýynda şonuň netijesinde emele gelýän çykdajylary azaltmak boýunça özüne bagly çäreleri görmäge.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen Ätiýaçlandyrýanyň hereket edýän ätiýaçlandyryş hakyndaky kanunçylyga we ätiýaçlandyryş Kadalaryna ters gelmeýän beýleki borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
X. Ätiýaçlandyryjynyň borçlary
31. Ätiýaçlandyryjy şulara borçludyr:
Ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň düzgünleri we şertleri bilen tanyş etmäge;
ätiýaçlandyrýan tarapyndan görlen çäkleriň netijesinde, şeýle hem ätiýaçlandyrýanyň çalşyrylmagy bilen baglanyşykly, ätiýaçlandyrylan emlägiň bahasy ýokarlanan mahaly ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmak töwekgelçiliginiň peselmegi ýa-da onuň ýetirip biläýjek zyýanynyň möçberiniň üýtgemegi sebäpli, ätiýaçlandyrýanyň arzasy boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny täzeden baglaşmaga;
ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda şertnamada ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen möhletde ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge,
ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
Ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen Ätiýaçlandyrýanyň hereket edýän ätiýaçlandyryş hakyndaky kanunçylyga we ätiýaçlandyryş Kadalaryna ters gelmeýän beýleki borçlary hem göz öňünde tutulyp bilner.
XI. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini
kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi
32. Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:
degişli edaralara habar bermäge (weterinariýa, polisiýa we ş.m.);
Ätiýaçlandyryja haýal etmän, ýöne üç iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde habar bermäge. Soňra ätiýaçlandyryş öwezini doluş pulunyň tölegi baradaky arzany (4-nji goşundy) doldurmaly.
33. Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky arzasyny alandan soň Ätiýaçlandyrylan itleriň ölendigi hakynda Ykrarhaty (5-nji goşundy) düzmäge borçludyr. Ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarhaty Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyrýanyň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten agzasynyň we şaýatlaryň gatnaşmaklarynda düzülýär. Ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarhat onuň düzülmegine gatnaşan adamlar tarapyndan gol çekilýär we Ätiýaçlandyryjynyň möhüri bilen berkidilýär.
34. Itiň ölen, öldürilen ýa-da ogurlanan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky düzülen ykrarhatynyň we wetirinar hünärmeniň itiň ölmegine (mejbury ýagdaýynda öldürülmeginiň) sebäbiniň netijenamasynyň esasynda tölenýär. Netijenama ölen (öldirilen, ogurlanan) itiň gözden giçiriş we ambulator (stasionar) bejergisiniň, ýa-da gerekli ýagdaýda – weterinar laboratoriýasynyň barlamagynyň esasynda berilýär. Şunlykda, eger wetirinar gullugynyň hünärmenleri tarapyndan ölen itiň kesip görlen teswirnamasynda keseliň döremeginiň we itiň ölmeginiň sebäbi görkezilen bolsa onda itiň ölmeginiň sebäbiniň netijenamasy talap edilmeýär.
Eger-de anyk anyklanan ýagdaýda, itiň ölmegi şularyň, ýagny ýangyn, suw alma, ýyldyrym urmagy, ýer titreme, opurylma, gaý, tupan, boran, doly, doňmak, partlaýyş, elektrik togunyň täsiri, gün ýa-da ýylylyk urmagy, sowama, bogulmak (asfiksiýa), zäherli otlardan ýa-da maddalardan, ýylanyň çakmagyndan ýa-da zäherli mör-möjeklerden birden zäherlenmek, itleriň we haýwanlaryň topulmagy, şeýle hem, haçan-da, itiň gark bolmagy ýa-da ogurlanmagy netijesinde bolan bolsa, onda wetirinar gullugynyň hünärmenleriniň netijenamasy talap edilmeýär.
Şeýle ýagdaýda ygtyýarly edaralardan (gidrometgullugy, ýangyn gullugy, polisiýa) degişli resminamalar ulanylýar.
35. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ygtyýarly edaralaryň netijenamasynyň esasynda tölenýär.
36. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezi doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertleşilen ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň çäklerinde tölenýär.
37. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Ätiýaçlandyryjy tarapyndan hemme gerekli resminamalar alnandan soňra 7 (ýedi) iş günüň dowamynda tölenilýär.
38. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini dolyş tölegini, tölän Ätiýaçlandyryja, şol möçberiň çäginde itiň ölmeginde günäkär şahsa Ätiýaçlandyrýanyň bolan talap etmek hukugy geçýär. Eger itiň ýitmegi ýa-da ogurlanmagy bilen yzyna gaýtarylsa, onda Ätiýaçlandyrýan ätiýäçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) yzyna gaýtaryp bermäge borçludyr.
39. Ätiýaçlandyryjynyň şu halatlarda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegi gaýra goýmaga hukugy bardyr:
eger onda Ätiýaçlandyrýanyň (Bähbit görüjiniň) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga hukugynyň tassyklanmasy ýok bolsa – zerur subutnama berilýänçä;
eger degişli içeri işler edaralary tarapyndan Ätiýaçlandyrýanyň (Bähbit görüjiniň) ygtyýarly edilen adamlarynyň garşysyna jenaýat işi gozgalan bolsa, ýa bolmasa, ygtyýarly edaralar tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna getiren ýagdaýlaryň derňewi geçirilýän bolsa – derňew ýa-da kazyýet seljermesi tamamlanýança.
40. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) Ätiýraçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş şertnamasynda şertlenen franşizanyň pul möçberini ýa-da göterimini tutup galmak bilen tölenilýär.
Eger bir ätiýaçlandyryş halaty bilen birnäçe ýitgiler ýüze çykan bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberinde ýa-da göterimde beýan edilen franşiza diňe bir gezek tutulyp alynýar.
Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) franşiza we zyýan ýetirmekde günäkär adamdan şol ýitginiň öwezini dolmakda alnan pul möçberi tutulyp alnandan soň bellenilýär.
XII. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden
boýun gaçyrylmagy
41. Eger Ätiýaçlandyrýan (Bähbit görüji) tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:
Ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri;
Ätiýaçlandyrýan tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilip, şol jenaýatlar üçin olar jenaýat jogapkärçiligine çekilende we iş kesilende;
Ätiýaçlandyrýan hereketlerini alkogol, neşe ýa-da başga hili zäherlenme serhoşlygy ýagdaýynda amala aşyranda;
Ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykda durýan bolsa;
itiň ölmegi ýa-da öldürilmegi Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten agzasynyň bilkastlaýyn hereketleriniň netijesinde bolan bolsa;
weterinar hünärmeniniň ýokanç keseller bilen göreşmek boýunça öňüni alyş çärelerini geçirmek barada beren görkezmelerini ýa-da kesellän itiň öldürmek hakyndaky kararyny Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da onuň maşgalasynyň kämillik ýaşyna ýeten agzasynyň bilgeşleýin ýerine ýetirmezliginiň netijesinde it ölen bolsa;
itiň ogurlanmagy we ýitmegi içeri işler edarasy tarapyndan tassyklanmadyk bolsa;
Ätiýaçlandyrýan bilen sanjym möhletlerini ýerine ýetirmezligiň netijesinde ätiýaçlandyrylan itiň kesellemegi we ölmegi;
Bölekleýin boýun gaçyrmagyň möçberi Ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesgitlenýär.
Ätiýaçlandyryjy Ätiýaçlandyrýana boýun gaçyrmagyň sebäplerini esaslandyrmak bilen ýazmaça habar bermäge borçludyr.
XII. Jedelleri çözmegiň tertibi
42. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
Itleri meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
1-nji goşundy
ITLERIŇ MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA
BIR ÝYLLYK ÄTIÝAÇLANDYRYŞ NYRH MÖÇBERLERI
(ätiýaçlandyryş pul möçberinden %-de)
№ |
Töwekgelçiligiň görnüşleri |
Nyrh möçberi |
1 |
keseller (ýokanç kesellerinden: gyrgyn, prawowirus enetrit, guduzlama, leptospiroz; inwazion, ýokaç dal kesellerden);
|
2,0 |
2 |
tebigy betbagtçylyklar: ýangyn, suw almagy, ýyldyrym urmagy, ýer titremegi, opurlanmagy, gaý, tupan, boran, doly;
|
0,5 |
3 |
betbagtçylyk halatlar: partlaýyş, elektrik togunyň täsiri, gün ýa-da ýylylyk urmagy, bogulmak (asfiksiýa), zäherli otlardan ýa-da maddalardan zäherlenmegi, ýylanyň ýa-da zäherli mör-möjekleriň çakmagy, beýleki itleriň topulmagy, gark bolmagy, ulag serişdesiniň aşagyna düşmegi;
|
1,0 |
4 |
üçünji tarapyň kanuna ters gelýän hereketi we ogurlanma; |
1,0 |
5 |
Weterinariýa gullugynyň hünärmeniniň görkezmesi boýunça mejbury öldürmek; |
0,5 |
6 |
Hemme töwekgelçiliklerden |
5,0 |
Töwekgelçiligiň derejesine we ätiýaçlandyryş pul möçberine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş wznoslarynyň (baýraklaryň) nyrhlary kesgitlenilende peseldiji (0,6-dan 1 çenli) we ýokarlandyryjy (1,0-den 3,0 çenli) nyrhlary ulanmak mümkindir. Ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda nyrhyň möçberi esasy nyrhy düzediş koefisiýentine köpeltmek ýoly arkaly kesgitlenilýär.
Itleri meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
2-nji goşundy
__________________________________________________
(ätiýaçlandyryş guramasynyň ady, salgysy)
Itleri meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça
ARZA
Ätiýaçlandyrýan __________________________________________________________________
(familiýasy, ady, atasynyň ady)
Öý salgysy ______________________________________________________________________
201_ ý« ____ »____________ dan(den) 201_ ý. « ____ » ___________ çenli möhlete ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýär.
Bähbit görüji _____________________________________________________________________
(familiýasy, ady, atasynyň ady)
Öý salgysy ______________________________________________________________________
№ |
Itiň görnüşi |
Sany |
Reňki we bellikleri |
Ätiýaçlandyryş pul möçberi (manat) |
Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) (manat) |
|||
Görnüşi |
Jynsy |
Ýaşy |
Bir ite |
Hemme it üçin |
||||
1 |
|
|
|
|
|
|
|
|
2 |
|
|
|
|
|
|
|
|
3 |
|
|
|
|
|
|
|
|
Jemi: |
|
|
|
|
|
Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň möhletleri:
1-nji 201_ ýylyň «___»____________ , 2-nji 201_ ýylyň « ___ »______________
Itler şu halatlardan ätiýaçlandyrylýar:
keseller (ýokanç kesellerinden: gyrgyn, prawowirus enetrit, guduzlama, leptospiroz; inwazion, ýokaç dal kesellerden);
tebigy betbagtçylyklar: ýangyn, suw almagy, ýyldyrym urmagy, ýer titremegi, gaý, tupan, boran, doly;
betbagtçylyk halatlary: partlaýyş, elektrik togunyň täsiri, gün ýa-da ýylylyk urmagy, bogulmak (asfiksiýa), zäherli otlardan ýa-da maddalardan zäherlenmegi, ýylanyň ýa-da zäherli mör-möjekleriň çakmagy, beýleki itleriň topulmagy, gark bolmagy, ulag serişdesiniň aşagyna düşmegi;
üçünji tarapyň kanunçylyga garşy hereketi we ogurlanma;
Weterinariýa gullugynyň hünärmeniniň görkezmesi boýunça mejbury öldürmek halatyna epizootiýa ýa-da bejerilmeýän keseliň garşysana geçirilýän çäreler boýunça.
Ätiýaçlandyrmak isleýän töwekgelçilikleriňizi görkeziň ________________________________
Ätiýaçlandyrýan__________________________________________________________________
(F.A.A.a. we goly)
201_ ýylyň « _____ »_______________
Itleri meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
3-nji goşundy
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY
ITLERI MEÝLETIN ÄTIÝAÇLANDYRYŞY BOÝUNÇA
ÄTIÝAÇLANDYRYŞ ŞAHADATNAMASY
№00000
Ätiýaçlandyrýan ___________________________________________________________________________________________
(F.A.Aa)
Salgysy, telefony/faks________________________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryjy ____________________________________________________________________________________________
Salgysy, telefony/faks________________________________________________________________________________________
Bähbit görüji ______________________________________________________________________________________________
(F.A.Aa)
Salgysy, telefony/faks________________________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş döwri: 201__ ýylyň « _____ » _______________dan(den)
201__ ýylyň « _____ » _______________ çenli
Atiýaçlandyryşyň hereket edýän ýeri: __________________________________________________________________________
Itleriň:
Görnüşi____________________________________________________________________________________________________
Jynsy______________________________________________________________________________________________________
Ýaşy______________________________________________________________________________________________________
Sany______________________________________________________________________________________________________
Reňki we bellikleri__________________________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş pul möçberi:
Bir it üçin_____________________________________________________________________________________________manat
Hemme it üçin_________________________________________________________________________________________manat
Ätiýaçlandyryş nyrhy _______________________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)_________________________________________________________________
______________________________________________________________________________________________________manat
Töwekgelçiligiň görnüşleri: __________________
1) keseller (ýokanç kesellerinden: gyrgyn, prawowirus enetrit, guduzlama, leptospiroz; inwazion, ýokaç dal kesellerden);
2) tebigy betbagtçylyklar: ýangyn, suw almagy, ýyldyrym urmagy, ýer titreme, opurlanma, gaý, tupan, boran, doly;
3) betbagtçylyk halatlar: partlaýyş, elektrik togunyň täsiri, gün ýa-da ýylylyk urmagy, bogulmak (asfiksiýa), zäherli otlardan ýa-da maddalardan zäherlenmegi, ýylanyň ýa-da zäherli mör-möjekleriň çakmagy, beýleki itleriň topulmagy, gark bolmagy, ulag serişdesiniň aşagyna düşmegi;
4) üçünji tarapyň kanuna ters gelýän hereketi we ogurlanma;
5) Weterinariýa gullugynyň hünärmeniniň görkezmesi boýunça mejbury öldürmek
Ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberleri we tölemeli möhletleri:
___________________________________________________________________________________________________________
Aýratyn şertler _____________________________________________________________________________________________
___________________________________________________________________________________________________________
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 20__ -nji ýylyň « ____ »_________________ berildi.
M.Ý. Ätiýaçlandyryş wekili ____________________________________________
(F.A.A.a. goly)
Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdym ______________________________________________________________
(F.A.A.a. goly)
Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş günden gijä goýman Ätiýaçlandyrýan Ätiýaçlandyryja habar bermäge borçludyr. Birinji ýa-da birgezekki ätiýaçlandyryş gatançlary (baýragy) wagtynda tölenýänçä, Ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner.
Itleri meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
4-nji goşundy
_____________________________
( etrap, şäher)
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna
_________________________dan
(Ätiýaçlandyrýanyň F.A.A.a.)
A R Z A
___________________________________________________________bolup geçen ____________________________________________________________ (ýyl, aý, gün) (ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli)
sebäpli ______________________________________________________________
________________________________________________________ätiýaçlandyryşy
boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Arza şu resminamalar goşulýar:
____________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
201_ ýylyň «___» ___________ __________________________
(Ätiýaçlandyrýanyň goly)
Itleri meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna
5-nji goşundy
ÄTIÝAÇLANDYRYLAN ITLERIŇ ÖLENDIGI HAKYNDA YKRARHATY
Ätiýaçlandyrýan _______________________________________________
( F.A. A.a.)
Ätiýaçlandyryjy _______________________________________________
(welaýat, etrap, şäher)
20__-nji ýylyň”____” ____________ Ätiýaçlandyrýanyň arzasy esasynda çagyrylan hünärmen bilen ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarhaty düzüldi.
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy №____________
Ätiýaçlandyryş döwri: 201_ ýylyň « _____ » _____________
201_ ýylyň « _____ » _____________
1. Itiň görnüşi, ýaşy (ýyl, aý) ____________________________________________
2. Reňki we bellikleri ___________________________________________________
3. Kime we haçan itiň ölendigi, mejbury öldürilendigi, ýok edilendigi hakynda habar edildi _______________________________________________________________
Eger arza bellenen möhletden giç berlen bolsa, munuň sebäbini görkezmeli ____________________________________________________________________
________________________________________________________________________________________________
4. Nähili ýagdaýlarda it öldi, mejbury öldürildi, ýok edildi _____________________
____________________________________________________________________
5. Kimiň günäsi sebäpli it öldi ýa-da betbagtçylykly hadysa boldy, we bu günä nämeden ybarat ____________________________________________________________________
(itiň ölümine günäkär bolan şahsyň familiýasyny, adyny, atasynyň adyny,
________________________________________________________________________________________________
iş ýerini ýa-da ýaşaýan ýerini görkezmeli)
M.Ý. Ätiýaçlandyrýan __________________
(goly)
Ätiýaçlandyryjy __________________
(goly)
Çagyrylan hünärmen_______________
(goly)
201_ ýylyň « _____ » _____________
Wetirinar lukmanynyň netijenamasy
________________________________________________________________________
(netijenamany beren mal lukmanyň familiýasy, ady, atasynyň ady we onuň işleýän ýeri)
- Netijenama nämäniň esasynda berildi – ölen iti gözden geçirmek ýa-da ambulatoriýada bejermek maglumatlary esasyndamy (şol sanda daýhan birleşikleriň mal lukmanynyň bölümlerinde, weterinar bejerişhanalarynda, wetambulatoriýalarda işleýän weterinar hünärmenleriň ambulatoriýada bejermek (ölen itiň maslygynyň açylanlygy hakynda teswirnama)) we weterinar – bakteriologiki barlaghananyň maglumatlary esasynda.
- It haçan keselläpdir ________________________ bu hakda haçan we kime habar berlipdir__________________________________________________________
- Kesellän ite kim tarapyndan kömek berlipdir ________________________________
- Itiň kesellemegini hem-de ölmegini ýa-da mejbury öldürilmegini döreden sebäpler ______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
- It kimiň buýrugy boýunça mejbury öldürildi ______________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________
201__ - nji ýylyň “____” ______________ Mal lukmany ______________ (goly)