Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

28.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktorynyň

2017njy ýylyň 7-nji iýulynda çykaran

66 belgili buýrugy bilen tassyklanyldy

 

Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabrynda 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşylyp Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň baş direktorynyň buýruklary bilen tassyklanan hereket edýän meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna goşmaçalar we üýtgetmeler bilen

 

  1. Umumy düzgünler

 

1. Şu Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryşyň Kadalary (mundan beýläk Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, “Ätiýaçlandyr hakynda, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş kommersiýa guramasyny üýtgetmek hakyndaTürkmenistanyň Prezidentiniň 1997-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 3001-nji karary bilen tassyklanan Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň şertlerinde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk - ätiýaçlandyryjy) umumy bilim berýän mekdepleriň okuwçylaryny Türkmenistanyň çäklerinde betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamalaryny baglaşýarlar. Ätiýaçlandyryş şertnamalary Türkmenistanyň bellenen kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde mekdep okuwçysynyň ata-enesi, onuň beýleki kanuny wekilleri ýa-da bilelikde ýaşaýan garyndaşlary, (mundan beýläk - ätiýaçlandyrýanlar) bilen baglaşylýar. Şu Kadalarda bellenilip geçilmedik ýagdaýlarda hereket edýän ätiýaçlandyryş işi babatyndaky raýat Kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

3. Şu Kadalaryň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

bähbit görüji– Türkmenistanyň kanunçylygyna ýa-da ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

ätiýaçlandyrýan – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki şahs;

         ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan Türkmenistanyň telekeçilik ýuridik şahsy (ätiýaçlandyryş guramasy), ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

 

 

ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana töleýän pul öwezini dolmasy;

ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

ätiýaçlandyrylan şahs – emläk bähbitleri ätiýaçlandyryş şertnamasy esasynda ätiýaçlandyrylýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

Şu Kadalaryň mazmunynda ätiýaçlandyrylan şahs diýilip ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysy düşünilýär.

betbagtçylykly hadysa dürli daşarky ýagdaýlaryň (fiziki, himiki, tehniki we başgalar) ätiýaçlandyrylan adamynyň erkine bagly bolmazdan ýüze çykan we ätiýaçlandyrylan adamynyň bedenine zeper ýetiren, synasynyň sagdyn işlemegini bozan ýa-da onuň aradan çykmagyna getiren anyk kesgitlemegi mümkin bolan, bir pursatda ýüze çykýan duýdansyz täsiri;

okuwçylar - başlangyç, esasy orta we umumy orta bilim, şeýle hem mekdepden daşary bilim maksatnamalaryny özleşdirýän çagalar.

4. Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan ätiýaçlandyryş döwlet ätiýaçlandyryş guramasy tarapyndan her ýylyň sentýabr aýynyň 1-inden mekdepleriň çäginde ýa-da mekdep okuwçylaryň ýaşaýan salgysy boýunça geçirilýär.

5. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly döwlet durmuş ätiýaçlandyrmasy, durmuş üpjünçiligi boýunça oňa degişli bolan pul möçberlerine we zeleliň öwezini dolmak tertibinde degişli bolan pul möçberine garamazdan, şertleşilen pul möçberini ýa-da onuň degişli bölegini ätiýaçlandyrylana tölemäge borçludyr.

6. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysy bilen bolan, şu Kadalarda göz öňünde tutulan waka ýa-da ýagdaý ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.

7. Ätiýaçlandyryş şertnamalary şu Kadalaryň talaplaryna laýyklykda baglaşylýar, ýöne taraplaryň ylalaşygy boýunça şertnamanyň aýry-aýry bölümlerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna we şu Kadalara çapraz gelmeýän, şu Kadalardakydan başga şertler bolup biler.

 

2. Ätiýaçlandyryş obýektleri

 

8. Ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň ömrüne we saglygyna zyýan (zelel) ýetmegi (ýetirilmegi) bilen bagly bolan şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

 

3. Ätiýaçlandyryş halatlary

 

9. Ätiýaçlandyryş halatlary betbagtçylykly hadysanyň netijesinde ýüze çykan aşakdakylar bolup durýar:

şikes ýetmegi;

 

süňkleriň tötänleýin döwülmegi, çykmagy, dişleriň gaçmagy, ýanyklar, nädogry saglygy goraýyş çäreleriniň geçirilmegi netijesinde synalaryň ýarylmagy (ýaralanmagy) ýa-da olaryň aýrylmagy;

zäherli ösümliklerden, himiki maddalardan (senagat ýa-da durmuş), hili pes önümlerden (iýmit toksikoinfeksiýasyndan, salmonellýozden, dizenteriýadan we ş.m.-den başga), dermanlardan tötänleýin ýiti zäherlenme, sakyrtga ýa-da sanjymdan soňky ensefalit (ensefalomielit), poliomiýelit, gematogen osteomiýelit bilen kesellemegi, elektrik togy arkaly (atmosfera elektriki hadysasy bilen) zeper ýetmegi, ýylan, awuly mör-möjekleriň çakmagy, bürmek keseli, botulizm;

(9-njy böleginiň 5-nji tesimi Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 16/21 belgi bilen ylalaşylyp güýjüni ýitiren).

Eger ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysy ýumşak dokumalarynyň, görüş, eşidiş synalarynyň ýa-da peşew ýollarynyň zeperini alan bolsa, onda ol ätiýaçlandyryjy tarapyndan bu zeperiň netijelerini kesgitlemek üçin ekspert-lukmanyň ýanyna barlaga iberilip bilner.

10. Ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň 9-njy bölümde görkezilen haýsydyr bir wakanyň netijesinde şertnamanyň hereket edýän döwründe aradan çykmagy, şeýle hem ätiýaçlandyrylanyň dem alyş ýoluna keseki zatlaryň tötänleýin aralaşmagyndan, gark bolmakdan, anafilaktiki şokdan, bedeniniň aşa sowamagyndan we gyzmagyndan ýogalmagy (sowuklama kesellerinden aradan çykmagy muňa girmeýär) ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.

11. Aşakdakylar sebäpli ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň alan şikesi (ölümi) ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir:

onuň derňew ýa-da kazyýet edaralary tarapyndan bilkastlaýyn jenaýatyň alamatlary bellenen hereketleri etmegi;

arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän mekdep okuwçysy bilen;

ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň öz-özüni öldürmegi ýa-da özüni öldürmek üçin janyna kast etmegi, üçünji taraplaryň bikanun hereketleri netijesinde onuň şeýle ýagdaýa ýetirelen halatlary muňa girmeýär.

 

4. Ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşmak we onuň hereket edýän möhleti

 

12. Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny şahsy (indiwidual) ýa-da köpçülikleýin (toparlaýyn) tertipde baglaşylyp biliner.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça (Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça arza, №1 goşundy) ýa-da dilden aýdan arzasynyň esasynda 1 ýyl möhlete (ýa-da indiki şertnama baglaşmaly möhlete çenli) baglaşylýar.

13. Şu Kadalar boýunça köpçülikleýin (toparlaýyn) ätiýaçlandyryşyň amala aşyrylan ýagdaýynda ätiýaçlandyryşa degişli bolan mekdep okuwçylaryň sanawy (Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça sanaw, 2 goşundy) 2 (iki) nusgada doldurylýar we arzasy bilen sanawyň 1 (bir) nusgasyny ätiýaçlandyryja tabşyrýar( ata-eneleriň, onuň beýleki kanuny wekilleriniň ýa-da bilelikde ýaşaýan garyndaşlarynyň gollary hökmany). Sanaw her bir aýry synp üçin aýry düzülýär. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy resmileşdirilende hem şol sanaw doldurylýar we ätiýaçlandyryş şahadatnamasyna goşulýar. Köpçülükleýin (toparlaýyn) ätiýaçlandyryşda ätiýaçlandyryş şahadatnamasy  we sanawy degişli synpyň ata-eneler guramasynyň başlygynda ýa-da ata–eneleriň ylalaşygy boýunça bellenilen ata-enede saklanylýar.

14. Ätiýaçlandyrýanyň arzasy we ätiýaçlandyryşa degişli bolan mekdep okuwçylaryň sanawy esasynda ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilenden soňra ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça  şahadatnama, 3 goşundy) resmileşdirýär we ätiýaçlandyrýana gowşurýar.

15. Ätiýaçlandyryş şertnama baglaşylan güni sagat 24-de başlanýar we şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň soňky güni sagat 24-de tamamlanýar.

 

5. Ätiýaçlandyryş pul möçberi. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy)

 

16. Ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrýanyň we ätiýaçlandyryjynyň arasyndaky ylalaşyk boýunça bellenilýär.

17. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) ätiýaçlandyryş üçin töleg bolup, ýyllyk ätiýaçlandyryş pul möçberinden 0,2% möçberde bellenilýär.

18. Ätiýaçlandyryş şertnamasy bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan döwrüň gün sanyna köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

19. Ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) tölemegiň anyk tertibi we möhletleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda kesgitlenýär.

20. Ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) öz wagtynda tölenýänçä ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenen pursadyndan baglaşylan hasap edilýär.

21. Mekdep okuwçysy ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe başga umumy bilim berýän mekdebe geçen wagtynda, şol sanda Türkmenistanyň içinde ýaşaýan ýerini üýtgedende hem ätiýaçlandyrylan hasaplanylýar.

 

6. Ätiýaçlandyryş pul möçberini tölemekligiň tertibi

 

22. Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy hakynda ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň ata-enesi ýa-da beýleki kanuny wekilleri ätiýaçlandyryja haýal etmän habar bermäge borçludyrlar.

23. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenilmegi baradaky talap ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan ätiýaçlandyryş guramasyna berilýär. Şunda şu resminamalar berilmelidir:

ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň bedenine şikes ýetmegi ýa-da 9-njy bölümde göz öňünde tutulan beýleki ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy sebäpli - ätiýaçlandyryş şahadatnamasy, bellenen görnüşdäki arza (Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin arza, 4 goşundy), bejeriş edarasynyň delilhaty ;

ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň aradan çykan halatynda - ätiýaçlandyryş şahadatnamasy, bellenen görnüşdäki arza, ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň ölümi hakyndaky şahadatnamanyň kepillendiriş edarasynda güwä geçilen nusgasy, mirasa bolan hukugy barada şahadatnama.

Döwlet ätiýaçlandyryş guramalary zerur halatlarda degişli anyklaýyş, derňew ýa-da kazyýet edaralaryndan maglumatlary sorap alyp bilerler.

24. Ätiýaçlandyryş halatynyň bolmagy sebäpli pul möçberiniň tölegini almak hakyndaky arza bilen ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan ähli zerur resminamalary görkezmek bilen, ätiýaçlandyryş halatynyň bolan gününden soň 3 (üç) senenama ýylyň dowamynda ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan, döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýüz tutup biler.

25. Şu Kadalaryň 9-njy bölüminde göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrylan şahslara tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelindäki çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan “Ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine” we onuň goşundysyna laýyklykda we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň 2019-njy ýylyň 17-nji maýynda çykaran 135 belgili buýrugy bilen tassyklanylan görnüş 195/h Delilhaty esasynda kesgitlenilýär.

(Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 128 belgili buýrugy we Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen 2019-njy ýylyň 11-nji sentýabryndaky 16/21 belgi bilen ylalaşylyp tassyklanan)

26. Mekdep okuwçylaryny meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe bolup geçen bir ýa-da birnäçe ätiýaçlandyryş halatlary boýunça tölegleriň umumy möçberi ätiýaçlandyryş pul möçberinden ýokary bolup bilmez.

27. Ätiýaçlandyryş pul möçberleri ätiýaçlandyryjy tarapyndan ähli zerur resminamalar alnandan soň 7 (ýedi) günüň dowamynda tölenilýär.

28. Eger ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagyna jenaýat hereketler sebäp bolan bolsa, töleg tölemek hakyndaky çözgüt kabul etmek şol iş boýunça kazyýetiň degişli karary kanuny güýje girýänçä gaýry goýlup bilner.

29. Ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysy kazyýet tarapyndan aradan çykan diýlip yglan edilen mahaly ätiýaçlandyryş pul möçberi şeýle şertde, eger çözgütde ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysy ölüm howpy salnan ýa-da ol belli bir betbagçylykly hadysadan ýaňa heläk bolan diýip çak etmäge esas berýän ýagdaýlar mahalynda ol nam-nyşansyz ýitendigi görkezilse hem-de onuň ýitirim bolan  ýa-da heläk bolandyr diýlip çak edilýän güni ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwrüne düşýän bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenilýär.

Kazyýet tarapyndan ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysy nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen mahaly ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenilmeýär.

30. Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň janyna bilkastlaýyn kast eden ýa-da önuň aradan çykmagyna getiren şikesleri tenine ýetiren bolsa, ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrýana tölenilmän, ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň beýleki mirasdarlaryna ýa-da wekillerine tölenilýär.

31. Anyklaýyş, bejeriş we öňüni alyş çäreleriniň (derman inýeksiýasy hem muňa girýär) ýaramaz netijeleri üçin, eger bular ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe bolan ätiýaçlandyryş halaty sebäpli geçirilen bejeriş bilen bagly bolmadyk bolsa, 9-njy bölüminiň 3-nji bendinden başga ýagdaýlarda ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenilmeýär.

32. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegi alyjynyň bankda adyna açylan hasaplaşyk hasabyna ýa-da goýum hasabyna geçirmek bilen ýa-da ätiýaçlandyryjynyň pulhanasyndan nagt pulda ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň ata-enesine, onuň beýleki kanuny wekillerine ýa-da bilelikde ýaşaýan garyndaşlaryna bermek arkaly tölenilýär, zerur halatynda hossarlyk howandarlyk edaralaryna habar berilýär.

Kämillik ýaşyna ýetmedik şahsa töleg diňe onuň adyna açylan goýum hasabyna geçirmek bilen, şol bir wagtda hossarlyk we howandarlyk edaralaryna habar bermek bilen tölenilýär.

 

7. Ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden boýun gaçyrylmagy

 

33. Eger ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetendigi barada öz wagtynda habar berilmese, şeýle hem ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen bolsa ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini doly ýa-da bölekleýin tölemekden ýüz döndermäge haky bardyr:

ätiýaçlandyrýanyň, ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň ýa-da öz peýdasyna ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan adamyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde. Görkezilen kada raýatlyk borjunyň ýerine ýetirilmegi ýa-da ömri, saglygy, abraýy we mertebäni goramak bilen baglanyşykly hereketler babatda ulanylmaýar;

ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysy tarapyndan bilkastlaýyn jenaýat edilende;

ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysy hereketlerini arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylyk ýagdaýynda amala aşyranda;

ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanşykda durýan bolsa;

ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysy tarapyndan dolandyrmak üçin degişli hukugynyň bolmazlygyna garamazdan, ulag serişdesini dolandyrmagy şeýle hem onuň görkezilen ulag serişdesini dolandyrmaga degişli hukugy bolmadyk adama geçirmekligi we ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde bolmagy;

 

ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň öz janyna kast etmegi (janyna kast etmäge synanyşmagy) netijesinde şikes almagy (ölmegi) üçünji taraplaryň bikanun hereketleriniň netijesinde onuň bu ýagdaýa getirilen halaty bulara girmeýär;

ätiýaçlandyrýan ýa-da bähbit görüji zyýanyň öňüni almak ýa-da möçberini azaltmak üçin göwnejaý we özüne elýeterli bolan çareleri bilkastlaýyn ýerine ýetirmänligi netijesinde zyýan (zelel) ýetirilen bolsa, ätiýaçlandyryjy, ätiýaçlandyrýanyň ýa-da bähbit görüjiniň hereketleriniň alyp baran zyýanyna (zeleline) deň derejede ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrmaga.

34. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş owezini doluş tölegini) tölemekden ýüz dönderýändigi barada, ätiýaçlandyrýana ýa-da bähbit görüjä şeýle karary kabul eden gününden soň 5 (bäş) iş günüň dowamynda, onuň sebäplerini görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde habar bermeli.

 

8. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň ýatyrylmagy

 

35. Şu halatlarda mekdep okuwçylaryny ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereketi ýatyrylýar:

 möhleti tamamlananda;

 ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda görkezilen ätiýaçlandyryş pul möçberi doly tölenen ýagdaýynda ( köpçülükleýin (toparlaýyn) görnüşi boýunça ätiýaçlandyryş amala aşyrylan halatynda aýry bir ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan şahs boýunça doly ätiýaçlandyryş pul möçberi tölenen ýagdaýy muňa degişli däl, emma bu ýagdaý sanawda bellik edilýär);

ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň Türkmenistanyň daşyna hemişelik ýaşamaga giden halatynda, bu ýagdaýda ätiýaçlandyryjy işi alyp barmaklygyň çykdajylaryny tutup galmak bilen, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň galan möhleti üçin ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) gaýtaryp berýär;

 ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysy aradan çykan halatynda;

mekdebiň hasabyndan çykarylanda (başga bir umumy orta bilim berýän mekdebe geçen halatlaryndan daşary).

 

9. Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň öweziligini bermek

 

36. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen halatynda ätiýaçlandyrýanyň ýazmaça arzasy esasynda, ony bermegiň çykdajylaryny tölemegi borçlandyrmak bilen, ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň nusgasy berilýär. Nusgasy berilenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şahadatnamsy hakyky däl diýlip hasap edilýär we şol ätiýaçlandyryş şahadatnamsy boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär.

 

10. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

37. Ätiýaçlandyryjy şulara borçly:

 

ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş Kadalary bilen tanyşdyrmaga;

ätiýaçlandyrýana ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny gowşurmaga;

ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen tertipde hem-de möhletlerde tölemäge.

38. Ätiýaçlandyrýan şulara borçly:

ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) wagtynda tölemäge;

betbagtçylykly hadysa ýüze çykan mahaly şeýle halatyň ýüze çykandygy hakynda ätiýaçlandyryjyny ýazmaça görnüşde habardar etmäge.

 

 

11. Jedelleri çözmekligiň tertibi

 

39. Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

 


 

 

 

Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan

meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

№1 goşundy

 

 

 

 

 

Mekdep okuwçylary betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryşy barada

 

 

A R Z A

 

Ätiýaçlandyrýan________________________________________________________

                                        (ata-enesiniň,beýleki kanuny wekiliniň ýa-da bilelikde ýaşaýan garyndaşlarynyň F.A.A.a)

___________________________________salgysy boýunça ýaşaýan,_______telefony

_____-nji (y) mekdebinde________synpynda okaýan mekdep okuwçysy  _________________________________________________________________bilen

                                                        (famiýasy, ady, atasynyň ady)

______________________________________________manat ätiýaçlandyryş pul möçberinde  ätiýaçlandyr şertnamasyny baglaşmagy haýyş edýärin.

 

 

 

 

Ätiýaçlandyryň şertleri bilen tanyşdym we razy       ______________________

             (ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 

 

 


 

 

 

Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan

meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

3 goşundy

 

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET ÄTIÝAÇLANDYRYŞ GURAMASY

 

Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça

ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 000 - 000 0000

Ätiýaçlandyryjy___________________________________________________________________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Salgysy/telefony __________________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyrýan__________________________________________________________________________________

(ata-enesi, onuň beýleki kanuny wekilleri ýa-da bilelikde ýaşaýan garyndaşlarynyň F.A.A.a)

Salgysy/telefony __________________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyrylan şahs ______________________________________________________________________________

(okuwçynyň F.A.A.a)

_______mekdebiň_______________________synpynyň okuwçysy

 

Bähbit görüji______________________________________________________________________________________
(F., A., Aa.,salgysy)

 

Ätiýaçlandyryşyň obýekti Ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçysynyň ömrüne we saglygyna zyýan (zelel) ýetmegi (ýetirilmegi) bilen bagly bolan emläk bähbitleri

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi ________________________________________________ manat

 

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) _____________________________manat

 

Ätiýaçlandyryş möhleti                     20__ ýylyň _____________ aýynyň “_____”dan (den)

20__ýylyň ______________ aýynyň “_____ çenli

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri__________________________________________________________________________________________

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) ikinji töleginiň möhleti__________________________________________________________________________________________

 

Tölenendigi barada bellik____________________________________________________________________________

(tölegiň görnüşi: (nagt,nagt däl), nagt däl bolsa töleg tabşyrygyň №,senesi)

Beýleki şertler ____________________________________________________________________________________

___________________________________________________________________________________

 

 

Ätiýaçlandyryjy:

 

_________________________

(welaýat, şäher, etrap)

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

 

M.Ýe.

________________________________

_________________________

(ätiýaçlandyryjynyň goly)

Ätiýaçlandyrýan:

 

 

_________________________

(F.A.A.a.)

 

 

________________________________

_________________________

(ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

 

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň arka tarapy

 

Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly hadysalardan meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 20__-nji ýylyň "____"__________ çykaran ____ buýrugy bilen tassyklanyldy

Türkmenistanyň Maliýe ministrligi bilen “___” “_________ 20 ___ý. ylalaşyldy

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasy 20___ ý. «_____»________________ berildi.

 

Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym           

_________________________

       (ätiýaçlandyrýanyň goly)

 

Bellik: Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrylan bu barada ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habardar etmäge borçludyr. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy möhletinden öň bes edilip bilner. Ilkinji ýa-da bir gezeklik ätiýaçlandyryş gatanç (ätiýaçlandyryş baýrak) wagtynda tölenýänçä ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan azatdyr.

 

 


 

 

 

Mekdep okuwçylaryny betbagtçylykly

 hadysalardan meýletin ätiiýaçlandyryş Kadalaryna

4 goşundy

 

______________________________________

(welaýatynyň, etrabynyň, şäheriniň)

 

Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

 

_____________________________________________

 

____________________________________ dan (den)

(Ätiýaçlandyrýanyň F.A.A.a., salgysy we telefony)

 

 

A R Z A

______________________________________________________________________

(ätiýaçlandyrylan mekdep okuwçynyň F.A.A.a.)

20__ ý. ____________ aýynyň «____» alan şikesi (aradan çykmagy) sebäpli degişli bolan pul möçberini tölemegiňizi haýyş edýärin _______________________________

______________________________________________________________________

(nagt pulda ýa-da hasabyna geçirmek arkaly, munda hasap belgisini görkezmeli)

______________________________________________________________________

(bank edarasynyň ady)

Şikesi (ölümi) halaty _____________________________________________________

(bejeriş edarasynyň ady)

______________________ tarapyndan berlen kepilnama arkaly subut edilýär.

 

Şikes (ölüm) aşakdaky ýagdaýda ýüze çykdy _________________________________

________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________________

 

Goşulýar:    №_______ ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny

bejeriş edarasynyň delilhatyny ___________________________________

(berlen senesini we belgisini görkezmeli)

Öň ___________________________________________________________________

(ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýeti we ätiýaçlandyryş pul möçberi görkezilýär)

___________________________ sebäpli ätiýaçlandyryş pul möçberini aldym/almadym

 

20__ ý._______________aýynyň «_____»          ____________________

tiýaçlandyrýanyň goly)