Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary

28.09.2022

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş

guramasynyň baş direktory

2021-nji  ýylyň 12-nji  noýabryndaky çykaran

119  belgili buýrugy bilen tassyklandy

 

Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş

 Kadalary

 

I bap. Umumy düzgünler

 

1. Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalary (mundan beýläk-Kadalar) Türkmenistanyň Raýat kodeksine, «Ätiýaçlandyryş hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş  guramasynyň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1684-nji karary bilen tassyklanan, «Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hakynda Düzgünnama» we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy.

2. Şu Kadalaryň şertlerinde Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy we onuň garamagyndaky döwlet ätiýaçlandyryş guramalary (mundan beýläk-ätiýaçlandyryjy) Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary bilen şol sanda ýuridik şahslary döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary we Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän we öz işini amala aşyrýan daşary ýurt ýuridik şahslary (mundan beýläk – ätiýaçlandyrýan) bilen Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar.

3. Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýany jogapkärçilikden boşatmalydyr, bu  borçnama ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän döwründe dörän jogapkärçilik babatda onuň üstüne üçünji taraplaryň öňünde jogapkärçilik ýükleýär.

4. Şu Kadalaryň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) bähbit görüji – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyrylan pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan fiziki ýa-da ýuridik şahs;

2) ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň tarapy ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şonuň ýaly bolup durýan, ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) töleýän we ätiýaçlandyryş obýektini ätiýaçlandyrmakda ätiýaçlandyryş bähbidine eýe bolan kämillik ukyply fiziki ýa-da ýuridik şahs;

 

 

3) ätiýaçlandyryjy-ätiýaçlandyryş (gaýtadan ätiýaçlandyryş) şertnamasynyň tarapy bolup durýan we ätiýaçlandyryş hakynda Türkmenistanyň Kanuny esasynda ätiýaçlandyryş işini amala aşyrmak üçin degişli ygtyýarnamasy bolan döwlet ätiýaçlandyryş guramalary, ol ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan ätiýaçlandyryş ýagdaýy (halaty) ýüze çykanda ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge borçly bolup durýar;

4) ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da – ätiýaçlandyryş şertnamasynda göz öňünde tutulan tertipde ätiýaçlandyrýan ýa-da ätiýaçlandyrýanyň adyndan başga şahs tarapyndan ätiýaçlandyryja (gaýtadan ätiýaçlandyryja) ätiýaçlandyryş boýunça töwekgelçilikleri kabul etmegiň ýa-da paýlamagyň ýerine tölenilýän pul möçberi;

5) ätiýaçlandyryş halaty – ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhletiniň dowamynda ýüze çykan ýa-da dörän we bu şertnama laýyklykda ätiýaçlandyrýana, ätiýaçlandyrylan şahsa ýa-da bähbit görüjä ätiýaçlandyryş pul möçberini ýa-da ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek üçin esas bolup durýan waka ýa-da ýagdaý;

6) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi – ätiýaçlandyryş şertnamasyna laýyklykda ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyrýana ýa-da üçünji taraplara töleýän pul öwezini dolmasy;

7) ätiýaçlandyryş pul möçberi – ätiýaçlandyryş şertnamasynda bellenilen ätiýaçlandyryş ýagdaýy ýüze çykanda, ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) we ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň möçberinden ugur alnyp bellenilýän ätiýaçlandyrylan töwekgelçilikleri (jogapkärçiligi) boýunça  pul möçberinde beýan edilen borçnamasy;

8) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy - ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyrýana we (ýa-da) ätiýaçlandyrylan şahsa berilýän, ätiýaçlandyryş şertnamasynyň baglaşylanlygyny tassyklaýan resminama;

9) ätiýaçlandyryş şertnamasy – ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň arasynda baglaşylan şertnama, oňa laýyklykda belli bir wakalar (ätiýaçlandyryş halatlary) ýüze çykanda ätiýaçlandyryjylar tarapyndan ätiýaçlandyrylan pul möçberleriniň we ätiýaçandyryş öwezini doluş töleginiň tölenmeginiň ýa-da şertnamada görkezilen başga bir hereketiň ýetirine ýetirilmeginiň maksady bilen, ätiýaçlandyryjylara töleýän ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) hasabyna fiziki we ýuridik şahslaryň  emläk we beýleki bähbitleriniň goramagynyňň tertibi we şertleri bellenilýär;

10) sanly hyzmatlar - elektron maglumat ulgamlaryndan, maglumat- telekommunikasiýa torlaryndan we elektron amallardan peýdalanmak arkaly edilýän hyzmat;

11) üçünji taraplar - ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen işi amala aşyrmagy sebäpli janyna, saglygyna we emlägine zyýan ýetirilen, şu Kadalara laýyklykda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) alyjy bolup durýan taraplar;

12) franşizaumumy zyýanyň bir bölegi, onuň öweziniň dolunmagy ätiýaçlandyrýanyň doly jogapkärçiliginde galýar we ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda ätiýaçlandyryş pul möçberine degişlilikde göterimde ýa-da tükeniksiz ululykda kesgitlenýär. Şertli franşiza bellenilende ätiýaçlandyryjy franşizanyň möçberinden geçmeýän zyýanyň öwezini dolmakdan boşadylýar we eger zyýanyň möçberi franşizadan ýokary bolsa, onda ol zyýany doly töleýär. Şertsiz franşiza bellenilen mahalynda ätiýaçlandyryjynyň jogapkärçiligi franşizanyň zyýandan aýrylan möçberi bilen kesgitlenilýär.

5. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (mundan beýläk – ätiýaçlandyryş şertnamasy) (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) şu Kadalaryň talaplaryna hem-de  Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda baglaşylýar hem-de ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) aýry-aýry bölümlerinde, taraplaryň ylalaşygy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän başga şertleri hem bolup biler.

 

II bap. Ätiýaçlandyryş obýekti

 

6. Fiziki we ýuridik şahslaryň ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan pursatyndaky emläk we başga bähbitleri ätiýaçlandyryş obýekti bolup durýar.

Ätiýaçlandyryşyň bu görnüşiniň obýektine ätiýaçlandyryşyň aýratyn görnüşleri boýunça kabul edilýän raýat-hukuk jogapkärçiliginiň töwekgelçiligi degişli däldir.

 

 III bap. Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri we ätiýaçlandyryş

halatlary

 

7. Ýüze çykmagynyň ähtimallyk we tötänlik alamatlaryna eýe bolan, ýüze çykan halatynda ätiýaçlandyryş geçirilýän çak edilýän wakanyň ýüze çykma mümkinçiligi bilen baglanyşykly şu aşakdakylar ätiýaçlandyryş töwekgelçiligi bolup durýar.

1) üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna;

2) üçünji taraplaryň emlägine;

3) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirlen zyýan bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň kazyýet çykdajylary.

8. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen işi amala aşyrmagy ýa-da durmuş bilen baglanyşykly üçünji taraplar janyna, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýan bilen baglanyşykly üçünji taraplaryň özlerine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy hakynda ätiýaçlandyrýana nägilelik bildiren ýagdaýy hem-de ýetiren zyýan bilen baglylykda ätiýaçlandyrýanyň kazyýet çykdajylary ätiýaçlandyryş halaty bolup durýar.

9. Şu aşakdakylar ätiýaçlandyryş halatyna degişli däldir:

1) hapa maddalaryň birsyhly çykarylmagy we dökülmegi, şeýle hem ätiýaçlandyrýanyň işgärleriniň işindäki başdansowmalyk netijesinde ýüze çykan wakalar;

2) radioaktiw hapalanmalary, şöhlelenme we ýadro ýangyjyny peýdalanmak bilen baglanyşykly işiň beýleki zyýanly netijeleri sebäpli ýüze çykan wakalar;

3) peýdalanylýan, şol sanda ulanmagyň kadalaşdyryjy möhletinden artyk peýdalanylýan gurnamalaryň, enjamlaryň, serişdeleriň könelmegi netijesinde ýüze çykan wakalar;

4) ätiýaçlandyrýanyň kanunlary, kararlary, pudaklaýyn we önümçilik kadalaryny, ölçeglerini hem-de kadalaşdyryjy resminamalary bozmagy bilen ýüze çykan wakalar;

5) önümçiligiň howpsuzlygyna gözegçilik etmek üçin jogapkär ýolbaşçylaryň we wezipeli adamlaryň günäsi bilen bolup geçen wakalar.

 

 IV bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberi.  

 

10. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi ätiýaçlandyrýan bilen ätiýaçlandyryjynyň arasynda ylalaşylyp, şu aşakdaky töwekgelçiligiň her bir görnüşi boýunça bellenilýär:

1) üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna;

2) üçünji taraplaryň emlägine;

3) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirlen zyýan  bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň kazyýet çykdajylary.

11. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş pul möçberini ýokarlandyrmak babatynda isleg bildirse şertnamanyň möhletiniň ahyryna çenli galan döwre goşmaça ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölemegi bilen goşmaça şertnama baglaşylyp bilner.

 

V bap. Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) hasaplamagyň we tölemegiň tertibi

 

12. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryjy tarapyndan hasaplanylýar we ätiýaçlandyryş pul möçberlerine, ätiýaçlandyryş möhletine, ätiýaçlandyryş töwekgelçiliginiň görnüşine, ätiýaçlandyrýan tarapyndan saýlanyp alnan töwekgelçilik toparlarynyň ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerine laýyklykda hasaplanylýar.

13. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyldan az möhlete baglaşylan ýagdaýynda bir ýyllyk ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) möçberi 365 (üç ýüz altmyş bäş) güne bölünýär we degişli ätiýaçlandyrylan güne köpeltmek arkaly ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.  

Eger ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyldan köp möhlete baglaşylýan bolsa, onda bir ýyl üçin ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) doly ýyl hökmünde tölenilýär, aýlar bolsa, şu Kadalaryň on üçünji böleginiň birinji tesimine laýyklykda hasaplanyp goşulýar.

Hasaplamagyň şolar ýaly usuly goşmaça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda hem ulanyp ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) hasaplanyp çykarylýar.

14. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) bir ýyl we ondan köp möhletde baglaşylan mahaly ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) möhletlere bölüp tölemäge hukugy bardyr: 50 (elli) göterimi ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanda, 50 (elli) göterimi ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereketi başlandan soň 3 (üç) aýdan gijä galman tölenýär.

Eger-de ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) birnäçe ýyla baglaşylanda, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) her ýyl üçin möhletlere bölüp töläp biler. Tölemegiň anyk möhletleri we möçberleri ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilýär.

15. Eger ätiýaçlandyryş şertleri bilen başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ätiýaçlandyryş pul möçberiniň bellenen pulunda tölenilýär.

16 Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

17. Ätiýaçlandyryjy bilen ätiýaçlandyrýanyň ylalaşygy boýunça ätiýaçlandyryş gatanjynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) düzüminde onuň gaýtarylyp berilýän bölegi göz öňünde tutulyp bilner, ol ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykmadyk ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti tamamlanandan soň ätiýaçlandyrýana tölenilýär.

 

VI bap. Ätiýaçlandyryş nyrhyny kesgitlemegiň tertibi we ätiýaçlandyryş

nyrhynyň möçberi

 

18. Ätiýaçlandyryş nyrhy ätiýaçlandyryş gatanjynyň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň birliginden ýa-da ätiýaçlandyryş obýektinden alynýan, ätiýaçlandyryjylarda ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) geçirmek, ätiýaçlandyryş ätiýaçlyk gorlaryny, öňüni alyş çäreleriniň gorlaryny we beýleki gorlary döretmek üçin¸ şeýle hem işiň alnyp barylmagy we ätiýaçlandyryjylaryň ösdürilmegi boýunça çykdajylaryň ödelmegi üçin ýeterlik maliýe serişdeleriniň emele gelmegini üpjün edýän möçberlerden ugur alnyp kesgitlenýär.

19. Ätiýaçlandyryş nyrhy bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh möçberlerine (Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 1-nji goşundy) laýyklykda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşanda ätiýaçlandyryjy tarapyndan kesitlenilýär.

20. Töwekgelçiligiň derejesine, emlägiň görnüşine we ýerleşýän ýerine, ätiýaçlandyryş pul möçberine we ätiýaçlandyryşyň möhletine baglylykda her bir halatda ätiýaçlandyryş nyrhlaryna peseldiji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýentler ulanylyp bilner.

Peseldeji ýa-da ýokarlandyryjy koeffisiýent ulanylan mahaly, (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynda görkezilmeli.

 

VII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) baglaşylmagynyň tertibi we hereket edýän möhleti

 

21. Ätiýaçlandyrýanyň ýazan ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmak barada arzasy (Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 2-nji goşundy) ýa-da sanly hyzmatlar arkaly elektron görnüşinde ýüz tutmasy esasynda ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylýar.

22. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) taraplaryň ylalaşmagy boýunça 1 (bir) ýyldan az möhlete, 1 (bir) ýyla we ondan köp möhlete baglaşylýar.

23. Ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylanda howpuň ýa-da ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy üçin düýpli ähmiýeti bolan, özüne mälim bolan ähli ýagdaýlary barada ätiýaçlandyryja ýazmaça habar bermelidir. Ätiýaçlandyryjynyň ätiýaçlandyryş şertnamadan ýüz öwürmegine ýa-da ony üýtgedilen mazmun bilen baglaşmagyna täsir edip biljek ýagdaýlar düýpli ýagdaýlar bolup durýar.

24. Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylanyndan soň ýüze çykan howpuň artmagy hakynda habary bir aýyň dowamynda habar bermese, ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) bozup ýa-da degişlilikde ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) artdyryp biler.

25. Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) ýa-da onuň birinji bölegi tölenilen pursatynda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyrýana öz aralarynda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň)  baglaşylandygyny tassyklaýan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) (Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 3-nji goşundy) gowşurýar.

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölenilen pursaty diýip hasaplanýar:

1) nagt däl görnüşinde tölenilende, ätiýaçlandyryjynyň hasaplaşyk hasabyna gelip gowşan güni;

2) nagt görnüşinde tölenilende, ätiýaçlandyryja ýa-da onuň wekiline tölenilen güni.

26. Öňki ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän möhleti tamamlanýança täze möhlete ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan mahaly onuň güýje girýän senesi hereket edýän şertnamanyň möhleti tamamlanýan günden soňky gelýän günden başlanylyp görkezilýär. 

27. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenenden soň, ätiýaçlandyryş şertnamada (ätiýaçlandyryş şahadatnamada) görkezilen möhletiň ahyryna çenli ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertleşilen ätiýaçlandyryş pul möçberi bilen tölenen ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegleriniň arasyndaky tapawudyň möçberinde güýjüni saklaýar. Eger ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) doly tölenen bolsa, onda ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereketi bes edilýär.

28. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) şertli ýa-da sertsiz franşiza göz öňünde tutulyp bilner.

29. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) baglaşylan gününde sagat 24-de başlanýar we şertnamada göz öňünde tutulan möhletiň soňky gününde sagat 24-de gutarýar.

.30. Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri görkezilýär.

 

 VIII bap. Gaýtadan ätiýaçlandyryş

 

31. Ätiýaçlandyryjynyň gaýtadan ätiýaçlandyrmak arkaly özüniň başga ätiýaçlandyryjyda (gaýtadan ätiýaçlandyryjyda) ätiýaçlandyryş boýunça borçnamalarynyň bir böleginiň ýapylmagyny üpjün etmäge haky bardyr.

Öz jogapkärçiliginiň bir bölegini başga birine berýän ätiýaçlandyryjy bilen şol jogapkärçiligi öz üstüne alýan ätiýaçlandyryjynyň (gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň) arasyndaky gatnaşyklar gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen düzgünleşdirilýär. Şunda gaýtadan ätiýaçlandyrýanyň öňündäki borçnamalary doly möçberinde galýar.

Töwekgelçilikleri gaýtadan ätiýaçlandyrmak - Türkmenistanyň gaýtadan ätiýaçlandyryjylarynda ýa-da ätiýaçlandyryjylarynda, üsti dolunmadyk töwekgelçiligi gaýtadan ätiýaçlandyrmak bolsa, ätiýaçlandyryş işine döwlet gözegçilik barlagyny amala aşyrýan edara tarapyndan Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmak arkaly bellenilýän tertipde ätiýaçlandyryş işiniň daşary ýurt subýektlerinde geçirilýär.

Gaýtadan ätiýaçlandyryş şertnamasy bilen bir hatarda ätiýaçlandyrýan bilen gaýtadan ätiýaçlandyryjynyň arasynda gaýtadan ätiýaçlandyrmagyň şertleri hakyndaky ylalaşyklar ýa-da ätiýaçlandyrylan şahsyň talaplarynyň kadalaşdyrmagynyň tertibi hakynda, bähbit görüjileriň ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölegini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) amala aşyrmak boýunça gazanan ylalaşyklarynyň tassyklanylmagy hökmünde gaýtadan ätiýaçlandyryş babatda halkara durmuşynda we iş tejribesinde ulanylýan resminamalar ulanylýar.

Töwekgelçilik Türkmenistanyň çäginden daşyna gaýtadan ätiýaçlandyryşa berlen halatynda ätiýaçlandyryş şertleri we nyrhynyň möçberleri ätiýaçlandyryşyň halkara bazarynda töwekgelçilige baha bermegi nazara almak bilen, taraplaryň ylalaşmagy boýunça bellenilýär.

 

IX  bap. Taraplaryň hukuklary we borçlary

 

32. Ätiýaçlandyrýanyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmazdan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyşmaga;

2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe taraplaryň ylalaşygy esasynda oňa üýtgetmeler girizmäge;

3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga;

4) ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ýitirilen ýa-da ýok edilen mahaly onuň öwezligini almaga.

33. Ätiýaçlandyrýan şu aşakdakylara borçludyr:

1) ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) görkezilen möhletde we möçberde tölemäge;

2) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada ätiýaçlandyryşyň kadalarynda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan möhletde habar bermäge;

3) ýetirilen zyýanyň öňüni almak we ony azaltmak boýunça hem-de üçünji taraplaryň ömrüni ýa-da emlägini halas etmek boýunça mümkin bolan hem-de maksadalaýyk ähli çäreleri görmäge;

4) ätiýaçlandyryjynyň talap etmegi boýunça ätiýaçlandyryş halatynyň sebäpleri we getiren netijeleri, ýetirilen zyýanyň häsiýeti hem-de möçberi hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýän ähli maglumatlary we resminamalary bermäge;

5) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda 3 (üç) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryja ýazmaça ätiýaçlandyryş halaty barada (Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 4-nji goşundy) arzany bermäge ýa-da elektron görnüşinde habar bermäge;

6) ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça kazyýet çykdajylary ätiýaçlandyrylan ýagdaýynda ätiýaçlandyryja öňünden işiň kazyýete geçendigi barada habar etmäge, şeýle hem (jogapkär tarapyň) hat üsti bilen ätiýaçlandyrýanyň kazyýet çykdajylarynyň möçberini ylalaşmaga.

34. Ätiýaçlandyryjynyň şu aşakdakylara hukugy bardyr:

1) ätiýaçlandyryş halatyna degişli zerur resminamalary ätiýaçlandyrýandan almaga;

2) ätiýaçlandyrýanyň habar beren maglumatlarynyň ygtybarlylygyny kanunçylyga ters gelmeýän, özüne elýeterli islendik usul bilen barlamaga, şeýle hem olaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) talaplaryny we şertlerini ýerine ýetirşine gözegçilik etmäge;

3) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemegiň delillerine şübhe dörän halatynda ygtyýarly edaralardan goşmaça maglumatlar sorap almaga, bu şübheleriň tassyklanmasy ýa-da ýalana çykarylmasy anyklanýança onuň tölenmegini gaýra goýmaga;

4) öz serişdeleriniň hasabyna ätiýaçlandyryş halatynyň sebäbini we ýetirilen zyýanyň möçberini anyklamak üçin garaşsyz bilermenleri çagyrmaga;

5) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyryş halatyny ýa-da borçlaryň möçberini belli etmek üçin zerur bolan islendik maglumatlary ätiýaçlandyrýandan talap etmäge.

35. Ätiýaçlandyryjy şu aşakdakylara borçludyr:

1) ätiýaçlandyrýany ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmazyndan öň ätiýaçlandyryşyň kadalary we şertleri bilen tanyş etmäge;

2) ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) hereket edýän döwründe ätiýaçlandyryş halaty bilen bagly üçünji taraplaryň öňünde ýüze çykýan jogapkärçilik boýunça ätiýaçlandyrýanyň üstüne ýüklenilýän borçnamalardan boşatmaga;

3) ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahalynda ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen möhletde ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge;

4) ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemek hakynda netijenamany çykarmak üçin degişli bolan resminamalary jemlemäge we zerurlyga görä degişli edarlardan almaga;

5) ätiýaçlandyryş işiniň barşynda özüne mälim bolan ätiýaçlandyrýanyň gizlin maglumatlaryny aýan etmezlige, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.

6) ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy hakyndaky habary alanyndan soň 3 (üç) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş halaty bolan ýerine gitmäge we ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarhatyny (Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryna 5-nji goşundy) resmileşdirmäge. Şol sanda eger ätiýaçlandyryş halaty barada habar elektron görnüşinde alnan bolsa, habar eden ätiýaçlandyrýandan ätiýaçlandyryş halaty barada ýazmaça arzany almaga;

7) ätiýaçlandyryş halaty diýip ykrar edilen ýagdaýynda we ähli degişli resminamalary alandan soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemäge.

 

X bap. Ätiýaçlandyryjynyň jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagynyň we terrorçylygyň maliýeleşdirilmeginiň we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmeginiň öňüni almak

 

36. Ätiýaçlandyryjylar «Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda degişli çäreleri amala aşyrmalydyrlar, şeýle hem ygtyýarly döwlet edarasyna degişli maglumatlary bermelidirler.

 

XI bap. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň we tölemegiň tertibi

 

37. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölemek hakynda çözgüdiň kabul edilmegi üçin aşakdaky degişli resminamalar esas bolup durýar:

1) ätiýaçlandyryş halaty barada arza;

2) ätiýaçlandyryş şahadatnamasy;

3) ätiýaçlandyryş halaty barada Ykrarhaty;

4) ätiýaçlandyryş halatynyň bolandygyny tassyklaýan ygtyýarly edaralaryň resminamasy;

5) üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna zyýan ýetende saglygy goraýyş edarasynyň resminamasy;

6) üçünji taraplaryň emlägine zyýan ýetende ygtyýarly edaralaryň berýän abatlaýyş işleriniň hasaplamasy;

7) üçünji tarap ölen ýagdaýynda-ölüm hakynda şahadatnamasynyň nusgasy mirasa bolan hukuk hakynda şahadatnamasynyň nusgasy;

8) ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga hukugy bolan şahsyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;

9) üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirlen zyýan  bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň kazyýet çykdajylaryny tassyklaýan resminamasy (kazyýet çykdajylary ätiýaçlandyrlan bolsa).

38. Ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almak üçin ätiýaçlandyryja aşakdaky taraplar ýüz tutup bilýärler:

1) ätiýaçlandyrýan, jebir çeken ýa-da jebir çeken ölen ýagdaýynda ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) almaga hukugy bolan şahs;

2) kazyýet çykdajylar ätiýaçlandyryşa kabul edilen bolsa we ol kazyýet çykdajylaryny töländigi baradaky tassyklaýan resminamalary bar bolsa ätiýaçlandyrýan.

39. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde jebir çekenlere zyýan ýeten möçberinde we kazyýet çykdajylarynyň möçberinde (eger olar ätiýaçlandyryşa kabul edilen bolsa) kesgitlenilýär, ýöne ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätýaçlandyryş şahadatnamasynda) kesgitlenen ätiýaçlandyryş pul möçberinden geçmeli däl.

40. Ýetirilen zyýanyň möçberi ätiýaçlandyryjy ýa-da ygtyýarly edaralar tarapyndan aşakdaky tertipde kesgitlenilýär:

1) jebir çekeniň emlägi ýok bolan ýagdaýynda-bar bolan galyndylaryň bahasyny tutup galmak bilen, ätiýaçlandyryş halaty bolan gününde onuň hakyky bahasyna barabar möçberde, ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen jogapkärçiliginiň çäklerinden köp bolmadyk möçberde.

Ätiýaçlandyryş halaty netijesinde emlägiň ýok bolmagy bu abatlamak işleriniň bahasynyň ätiýaçlandyryş halatynyň bolan günündäki emlägiň hakyky bahasyna deň bolmagy ýa-da geçmegi;

2) jebir çekeniň emlägine zyýan ýeten ýagdaýynda:

a) emlägi zyýan ýetmänkä bolan ýagdaýyna getirmek üçin edilen dikeldiş çykdajylaryň bahasynda (abatlamak, himiki usul bilen arassalamak, ýuwmak we başgalar) ýöne ätiýaçlandyryş halaty bolan gününde emlägiň hakyky bahasyndan köp bolmadyk möçberde;

3) jebir çekeniň saglygyna (janyna) zyýan ýetirilen ýagdaýynda öwezini dolmaga degişli çykdajylar:

a) jebir çeken şikes alan ýagdaýynda-Türkmenistanyň çäklerinde saglygyny dikeltmek üçin edilen çykdajylar;

b) jebir çeken ölen ýagdaýynda-ätiýaçlandyryş pul möçberinde.

Eger bir ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde birnäçe adamlaryň janyna, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirilen zyýanyň möçberi ätiýaçlandyryjynyň bellenilen jogapkärçiliginiň çäginden ýokary bolsa we şol zyýan birwagtda arza edilen bolsa, onda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) her bir jebir çekene zyýan ýetmeginiň derejesine deňeçerlikde ätiýaçlandyryş pul möçberiniň çäginde tölenilýär.

41. Kazyýet çykdajylary bu ätiýaçlandyrýanyň (jogapkär tarapyň) kazyýet çykdajylary (döwlet pajy we kazyýetde iş seredilmegi bilen bagly iş ýörediş kanunçylygynda bellenilen harajatlar).

42. Zyýan ýetmeginiň sebäpleri we onuň möçberi hakynda talaplaryň arasynda jedeller ýüze çykan halatynda taraplaryň her biriniň seljermeleri geçirmegi talap etmäge hukugy bardyr. Seljerme ony geçirmegi talap eden tarapyň hasabyna geçirilýär.

43. Haçanda waka ätiýaçlandyryş halaty diýip ykrar edilende ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) hasaplamasyny amala aşyrýar. Ätiýaçlandyryş şertnamasy ätiýaçlandyryş gatanjyny (ätiýaçlandyryş baýragyny) möhlete bölüp tölemek bilen baglaşylan bolsa, degişli ýyl üçin soňky tölenmeli ätiýaçlandyryş gatanjy (ätiýaçlandyryş baýragy) tölenilmedik bolsa, onda tölenmeli ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginden tutulyp alnyp galynýar.

44. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) tölenilýänçä tölenilmäge degişli ähli resminamalaryň dogry resmileşdirilendigini barlamaga borçludyr. Olary beren guramalaryň möhüri ýa-da gollar bolmadyk güwänamalary, hasaplamalary, delil hatlaryny we beýleki resminamalary kabul etmek we olar esasynda tölegi geçirmek gadagan edilýär.

45. Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) zyýanyň möçberinde we kazyýet çykdajylaryň möçberinde (kazyýet çykdajylary ätiýaçlandyrylan ýagdaýynda), ýöne ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň çäklerinden geçmeli däl.

46. Ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) tölenmegi üçin degişli hemme resminamalar alandan soň 7 (ýedi) iş günüň dowamynda ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilýär.

Ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) gös-göni jebir çekene, ýa-da jebir çeken ölen ýagdaýynda ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini almaga hukugy bolan şahslara, emma kazyýet çykdajylar ätiýaçlandyrylan ýagdaýynda şol çykdajylary amala aşyran ätiýaçlandyrýana (jogapkär tarapa) nagt ýa-da nagt däl görnüşinde tölenilýär.

Eger ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjynyň razylygy bilen jebir çekene zyýanyň öwezini dolan bolsa, onda ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) ätiýaçlandyrýana, onuň öwezini dolan pul möçberlerinde, emma ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen ätiýaçlandyryş jogapkärçiliginiň çäklerinden geçmeýän möçberinde töleýär.

Ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrylan şahslara şikes üçin tölenmeli ätiýaçlandyryş pul möçberiniň (ätiýaçlandyryş öwezini doluş töleginiň) möçberi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 8-nji aprelindäki çykaran 1190-njy karary bilen tassyklanan “ätiýaçlandyryş bilen baglanyşykly şikesiň agyrlyk derejesine laýyklykda tölenilmäge degişli ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini) kesgitlemegiň Tertibine” we onuň goşundysyna laýyklykda we Saglygy goraýyş edarasynyň Delilhaty esasynda kesgitlenilýär

 

XII bap. Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň bes edilmegi

 

47. Ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) şu aşakdaky halatlarda bes edilýär:

1) hereket edýän möhleti geçende;

2) ätiýaçlandyryjy tarapyndan şertnama boýunça borçnamalary doly möçberde ýerine ýetirilende;

3) ätiýaçlandyryş şertnamada (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) bellenilen möçberlerde we möhletlerde ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) tölenilmedik ýagdaýynda;

4) ätiýaçlandyrýan şahsy tarap aradan çykanda, (ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça onuň hukuklarynyň we borçlarynyň kanun esasynda mirasdaryna ýa-da başga şahslara geçen ýagdaýy muňa degişli däldir);

5) ätiýaçlandyrýan tarapyndan şu Kadalarda göz öňünde tutulan borçlary berjaý edilmedik ýagdaýynda.

Eger şertnamada bu göz öňünde tutulan bolsa, ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasyny möhletinden öň bes edilip bilner.

Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilen halatynda ätiýaçlandyryjy şertnamanyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyrýanyň talaby ätiýaçlandyryjy tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulmagy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana onuň ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär.

Ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş möhletinden öň bes edilende, ol ätiýaçlandyrýana onuň tölän ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) dolulygyna gaýtaryp berýär. Şunda, eger ätiýaçlandyryjynyň talaby ätiýaçlandyrýan tarapyndan ätiýaçlandyryş kadalarynyň bozulandygy bilen şertlendirilen bolsa, onda ol ätiýaçlandyrýana şertnamanyň tamamlanmadyk möhleti üçin ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny), edilen çykdajylary aýyrmak bilen, oňa gaýtaryp berýär.

48. Ätiýaçlandyrýanyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilen halatynda, ýöne ätiýaçlandyryş şahadatnamasy ýitirilen ýa-da ýok edilen bolsa, onda ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryjydan öwezligini talap edip biler. Öwezlik berlenden soň ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilip bilner.

Ähli ýagdaýlarda öwezlik bermek boýunça çykdajylary ätiýaçlandyrýan çekýär. Öwezlik berlenden soň ýitirilen ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) ätiýaçlandyryjynyň buýrugy bilen hakyky däl diýlip hasap edilýär we ýitirilen ýa-da ýok edilen  ätiýaçlandyryş şahadatnamasy boýunça hiç bir ätiýaçlandyryş pul möçberi (ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegi) tölenilmeýär diýip görkezilýär. Bu barada ätiýaçlandyryjy degişli guramalara habar edip biler.

 

XIII bap. Ätiýaçlandyryş öwezini doltöleginden boýun gaçyrylmagy

 

49. Ätiýaçlandyryş halaty şu aşakdaky ýagdaýlar netijesinde bolup geçen halatynda, ätiýaçlandyrjy ätiýaçlandyryş öwezini doluş tölegini tölemekden ýuz döndermäge haklydyr:

1) ätiýaçlandyrýanyň ätiýaçlandyryş halatynyň gelip ýetme töwekgelçiliginiň artmagyna gönükdirilen bilkastlaýyn hereketleri netijesinde;

2) ätiýaçlandyryja ätiýaçlandyryşyň ýagdaýlary barada görnetin ýalan maglumatlar habar berlende, eger ýagdaýlaryň gizlenilmegi ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagy bilen sebäpli baglanşykda durýan bolsa;

3) ätiýaçlandyrýan ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy barada öz wagtynda habar bermesi we şonuň netijesinde ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykandygy saglygy goraýyş, derňew, kazyýet we beýleki edaralaryň resminamalary bilen tassyklanmasy ýa-da zyýanyň möçberini, ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykmagynyň sebäbini anyklamak mümkin bolmasa.

50. Ätiýaçlandyryjy ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş owezini doluş tölegini) tölemekden boýun gaçyrýanlygy barada, onuň sebäplerini görkezmek bilen ätiýaçlandyrýana ýazmaça görnüşde 7 (ýedi) iş günüň dowamynda habar berýär.

 

XIV bap. Jedelleri çözmek

 

51 Ätiýaçlandyryş babatyndaky gatnaşyklarda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.

 

 


 

 

 

Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna 1-nji goşundy

 

 

Bir ýyllyk ätiýaçlandyryş nyrh  möçberleri

 

 

(ätiýaçlandyryş pul möçberine %-de)

t/b

Töwekgelçiligiň görnüşleri

Nyrh möçberi

1

Üçünji taraplaryň ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýan

 

0,5

2

Üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan

 

0,4

3

Üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirlen zyýan  bilen baglanyşykly ätiýaçlandyrýanyň kazyýet çykdajylary.

 

1,5

 

Bellik: Her bir anyk halatda töwekgelçiligiň derejesinden we ätiýaçlandyryş pul möçberinden ugur almak bilen, ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýragynyň) möçberi bellenilen mahaly peseldiji (1,0-den 0,5 çenli) we ýokarlandyryjy (1,0-den 5,0-e çenli) derejeleri ulanmak mümkindir.

 

 


 

 

 

Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna 2-nji goşundy

______________________________

 döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny)

baglaşmak barada arza

Ätiýaçlandyrýan______________________________________________________

___________________________________________________________________

(guramanyň ady ýa-da şahsy adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady)

Salgysy/Telefony ____________________________________________________

(şahsy adamyň ýaşaýan ýeri)

20__ ýylyň«___»____________dan 20__ ýylyň «___» ____________ aralygyna ätiýaçlandyryş şertnamasyny (ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny) baglaşmagy haýyş edýäris.

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi san we ýazmaça görkezmeli:

1) adamyň janyna we saglygyna ýetirilen zyýan_____________________________

a) bir adam üçin _____________________________________________________

 

2) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan_______________________________

___________________________________________________________________

 

3) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirlen zyýan bilen baglanyşykly kazyýet çykdajylary________________________________________

___________________________________________________________________

 

Kärhananyň önümçilik işi hakyndaky maglumatlar __________________________

Durmuş bilen baglanyşykly maglumatlar ________________________________

_________________________________________________________________

 (sebäbi ýa-da durmuş bilen baglanyşykly, geregini görkezmeli)

 

Beýleki maglumatlar_________________________________________________

___________________________________________________________________

 

20___ ý.«____»____________

 

Ätiýaçlandyrýan                                             _____________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

M.Ý.  

 

 


 

 

 

Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna 3-nji goşundy

 

 

Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy

 Raýat-hukuk jogabkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş boýunça

 ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy)

görnüş 000 № 0000000

 

Ätiýaçlandyryjy

(welaýat, şäher, etrap)

 

Salgysy/telefony

 

Bank maglumatlary

 

Ätiýaçlandyrýan

(guramanyň ady ýa-da şahsy adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady)

 

Salgysy/telefony

 

Bank maglumatlary

 

Bähbit görüji

 

Ätiýaçlandyryş obýekti

 

Ätiýaçlandyryş pul möçberi

(san bilen we ýazmaça)

 

1) adamyň janyna we saglygyna ýetirilen zyýan

 

a) bir adam üçin

 

2) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan

 

3) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirlen zyýan  bilen baglanyşykly kazyýet çykdajylary

 

Ätiýaçlandyryş töwekgelçilikleri

 

Ätiýaçlandyryş nyrh möçberleri

(eger koeffisiýent ulanylýan bolsa, onda onuň möçberi anyk görkezilmeli)

 

 

 

Ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary)

(san bilen we ýazmaça)

 

1) adamyň janyna we saglygyna ýetirilen zyýan

 

2) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan

 

3) üçünji taraplaryň ömrüne, saglygyna we (ýa-da) emlägine ýetirlen zyýan  bilen baglanyşykly kazyýet çykdajylary

 

Ätiýaçlandyryş gatançlaryny (ätiýaçlandyryş baýraklaryny) tölemegiň tertibi we möhletleri

 

Ätiýaçlandyryş gatançlarynyň (ätiýaçlandyryş baýraklarynyň) tölenendigi barada bellik

(tölegiň görnüşi (nagt, nagt däl) töleg tabşyrygyň №, senesi)

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň hereket edýän möhleti

 

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) güýje girmeginiň senesi we şertleri

 

Franşiza

(şertli, şertsiz)

 

Beýleki şertler

 

 M.Ý. Ätiýaçlandyryjy

(familiýasy, ady, atasynyň ady, wezipesi we goly)

 

M.Ý. Ätiýaçlandyryş kadalary we şertleri bilen tanyşdyryldym

(ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)

 

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň berlen senesi

 

 

Bellik:Ätiýaçlandyryş şertnamasynda (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynda) möhlete bölünen ätiýaçlandyryş gatançlary (ätiýaçlandyryş baýraklary) öz wagtynda tölenmese ätiýaçlandyryjy öz borçlaryndan boşadylýar.

Ätiýaçlandyryş halaty ýüze çykan mahaly ätiýaçlandyrýan bu barada ätiýaçlandyryjyny haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman habardar etmäge borçludyr. Ätiýaçlandyrýanyň ýa-da ätiýaçlandyryjynyň talaby boýunça ätiýaçlandyryş şertnamasy (ätiýaçlandyryş şahadatnamasy) möhletinden öň bes edilip bilner.

 


 

 

 

Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna 4-nji goşundy

 

 

_______________________________________

döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna

________________________________________

_______________________________tarapyndan

                                      (ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady we salgysy)

 

 

Atiýaçlandyryş halaty barada arza

 

20____ ý.«_____»_______________ ätiýaçlandyryş halaty bolup geçendigi Size habar bermek bilen, soňra üçünji taraplara ýetirilen zyýan boýunça ätiýaçlandyryş pul möçberini (ätiýaçlandyryş öwezini doluş  tölegini) tölemegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Ätiýaçlandyryş halatynyň häsiýetini görkezmeli __________________________ __________________________________________________________________

 

_________________________________________

(ätiýaçlandyrýanyň familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)

 

20____ ý.«_____»_______________ 

 

 

 


 

 

 

Raýat-hukuk jogapkärçiliginiň meýletin

ätiýaçlandyryş Kadalaryna 5-nji goşundy

 

Ätiýaçlandyryş halaty barada ykrarhaty

Ätiýaçlandyryjyn ____________________________________________________

                          (guramanyň ady, gatnaşan hünärmeniň familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi)

Ätiýaçlandyrýan _____________________________________________________

                               (guramanyň ady, fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi)

____________________________________________________________________________

Degişli edaranyň hünärmeni ____________________________________________

__________________________________________________________________

(edaranyň ady we hünärmeniň familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi)

____________________________________________________________________________

gatnaşmagynda 20___-nj ýylyň “____” _______________ üçünji taraplaryň  nägileligi barada şu ykrarhaty düzüldi we şu aşakdakylar anyklandy.

Ätiýaçlandyryş şertnamasynyň (ätiýaçlandyryş şahadatnamasynyň) belgisi, berlen senesi we möhleti____________________________________________________

Ätiýaçlandyryş halatynyň bolan senesi 20___-nj  ýylyň “____” _______________

Nägilelik bildiren üçünji taraplaryň (guramanyň ady ýa-da şahsy adamyň familiýasy, ady, atasynyň ady) _________________________________________

Ätiýaçlandyryş halatynyň netijesinde ýetirilen zyýan boýunça maglumat:

a) üçünji taraplaryň janyna we saglygyna ýetirilen zyýan barada________________ ___________________________________________________________________

___________________________________________________________________

b) üçünji taraplaryň emlägine ýetirilen zyýan barada ________________________

___________________________________________________________________

___________________________________________________________________

ç) kazyýet çykdajylary barada __________________________________________

___________________________________________________________________ Ätiýaçlandyrýan tarapyndan ýetirilen zyýana baha bermek barada_________ ___________________________________________________________________

___________________________________________________________________ Emlägi abatlamak/çalyşmak barada ______________________________________

___________________________________________________________________ Bellik _____________________________________________________________

___________________________________________________________________Ykrarhatyna goşulýan resminamalar______________________________________

M.Ý. Ätiýaçlandyryjy _________________________________________________

 (familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)

M.Ý. Ätiýaçlandyrýan ________________________________________________

(familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)

M.Ý. Degişli edaranyň hünärmeni _______________________________________

                            (familiýasy, ady, atasynyň ady we goly)