TELEKEÇILIK-TÜRKMENISTANYŇBAZAR YKDYSADYÝETINIŇ HEREKETLENDIRIJI GÜÝJI
Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty
17-nji martda paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisi we maslahaty öz işine başlady. Ol ýurdumyzyň telekeçileriniň 26 müňe golaýyny birleşdirýän bu iri düzümiň döredilen gününe bagyşlanýar.
Maslahat milli Liderimiz TSTB-niň sergisene we maslahatyna gatnaşyjylara iberen gutlagyndan başlandy.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy açylyş dabarasyna gatnaşan hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri tarapyndan uly üns bilen diňlenildi.
Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde diňe gazanylan üstünlikler däl-de, eýsam, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly işjeňligini görkezýän işewür düzümleriň uly mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy. Şunda öňdebaryjy tehnologiýalara üns berlip, olaryň üsti bilen, daşary ýurtlardan getirilýän hem-de eksport ugurly önümleriň önümçiligi boýunça wezipeler çözülýär.
Her ýyl geçirilýän sergä—TSTB-niň ähli agzalary üçin möhüm hasabat çäresine gabatlanyp, täze önümleriň tanyşdyryş dabarasy geçirilýär. Ine, bu sergide hem şeýle boldy. “Owadan ülke”, “Aýaz baba”, “Elin”, “Gönezlik”, “Täze aý”, “Ýaşyl ýaýla” “Şawat”, “Hasar”, “Misgär”, “Duýgy” “Akdaş miwe içgileri”, “Berk akar”, “Ýakymly kümüş suwy”, “Biýat”, “Döwür gurluşyk”, “Çäksiz lezzet”, “Mahmal zip”, “Elin balyk”, “Parahat”, “Aýdyň gijeler”, “Türkmen ýyldyzy”, “Derýakeramika”, “Ak hünji”, “Çaly”, “Ak gaýa”, “Täç hil”, “Röwşen”, “Çigildem”, “Abraýly önüm”, “Abadan haly”, “Päk nesil”, “MB”, “Mahabatly ýollar” ýaly kärhanalar özleriniň täze önümlerini, hyzmatlaryny sergide hödürlediler.
Günüň ikinji ýarymynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde geçirilen maslahatda esasy döwlet maksatnamalary, ilkinji nobatda, ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda kesgitlenen wezipeler bilen baglylykda, ýurdumyzyň işewürler bileleşiginiň ýeten sepgitleri we maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maslahatyň çäklerinde TSTB-niň dürli ugurlar boýunça işi hakyndaky çykyşlar diňlenildi, hormatly Prezidentimiziň hususy pudagyň öňünde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek--şol sanda iri döwlet buýurmalaryny ýerine ýetirmek hem-de maýa goýum taslamalary, beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Telekeçiligiň gazananlarynyň sergisiniň ýurdumyzda şanly seneleriň – mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda geçirilýändigi üçin aýratyn ähmiýete eýe bolýar.
Serginiň baş maksady kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekdäki üstünlikleri hem-de mümkinçilikleri, düýpli özgertmeleri, onuň innowasion binýadyny, esasy zat bolsa, döwletiň we hususy bölegiň hyzmatdaşlygynyň netijeliligini açyp görkezmekden ybaratdyr. Şol hyzmatdaşlygyň özeninde bolsa eziz Diýarymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek wezipesi durýar.
Sergi öz işini dowam eder. Onuň çäklerinde TSTB-niň dürli ugurlar boýunça “Ýylyň iň gowy telekeçisi” atly bäsleşiginiň jemleri jemleniler.