Edara görnüşli taraplaryň emläginiň hem-de ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmägi mümkin bolan zyýan üçin ýüze çykan raýat-hukuk jogapkärçiliginiň ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy
Türkmenistanyň Hormatly Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 18-nji fewralynda çykaran I46I3-nji karary bilen Türkmenistanda Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy girizildi. Ýangyndan hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasyna degişli bolan edara görnüşli taraplaryň Sanawyna girizilen Türkmenistanyň çäginde iş alyp barýan edara görnüşli taraplar (Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýän edara görnüşli taraplar muňa girmeýär), şol sanda daşary ýurt edara görnüşli taraplar ätiýaçlandyryş şertnamasyny 1-nji ýanwardan 31-nji dekabr aralygyna bir senenama ýyly üçin baglaşylýar. 1-nji ýanwardan soň döredilen ätiýaçlandyrýanlar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellige alnan gününden başlap, degişli ýylyň 31-nji dekabry aralygyna ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşýarlar. Geljek ýyl üçin ätiýaçlandyryş şertnamasy dowam edýän ýylyň 1-nji oktýabryndan 31-nji dekabry aralygyndaky döwürde baglaşýarlar.
HasaplaňBiz nämeden ätiýaçlandyrýarys?
Ätiýaçlandyryşyň obýekti Ätiýaçlandyrýanlaryň emläk bähbitleri we ýangynlar sebäpli üçünji taraplaryň janyna, saglygyna we emlägine ýetirilmegi mümkin bolan zyýan üçin üçünji taraplaryň öňündäki raýat-hukuk jogapkärçiligi bolup durýar.
Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?
haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar
-
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli
Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?
-
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy
-
ätiýaçlandyryş talapnamasy
-
ätiýaçlandyryş kanuny
-
ygtyýarly edaralar tarapyndan betbagtçylykly halatyň bolandygyny tassyklaýan resminamalar (zerur bolanda)