Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryş

Karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryşy şahsy ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Ätiýaçlandyrylan şahsyň ömrüne ýa-da saglygyna zyýan ýetirilmegi bilen baglanyşykly Ätiýaçlandyrýanyň şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasy Sizi karz alýan fiziki şahsyň ömrüni meýletin ätiýaçlandyryşy boýunça betbagtçylykly hadysalaryň netijesinde ýüze çykan garaşylmadyk harajatlardan gorar.

Hasaplaň

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

betbagtçylykly hadysanyň netijesinde Ätiýaçlandyrylan şahsa I ýa-da II maýyplyk toparynyň bellenmegi ýa-da onuň aradan çykmagy.

Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?

Haýal etmän, ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza

  • Ätiýaçlandyrylan şahsyň pasportynyň nusgasyny

  • karz şertnamasynyň hem-de onuň goşundylarynyň nusgasyny

  • ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylan gününde karz boýunça bergisiniň pul möçberini görkezmek bilen, bähbit görüjiniň delilhatyny bermeli

Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?

  • 1) ätiýaçlandyrylan şahs aradan çykan halatynda:
    - Arza;
    - Ätiýaçlandyryş şahadatnama;
    - ölüm hakynda şahadatnamanyň nusgasy;
    - ölümiň sebäbi barada saglygy goraýyş edarasynyň namasynyň nusgasy;
    - döwlet notarial edarasy tarapyndan berlen mirasa bolan hukugy hakynda şahadatnama;
    - alyjynyň şahsyýetini tassyklaýan resminama;
    - karz edarasyndan berginiň möçberini tassyklaýan resminama.

  • 2) ätiýaçlandyrylan şahsyň saglygyna zyýan ýetmegi bilen maýyp bolan halatynda:
    - Arza;
    - Ätiýaçlandyryş şahadatnama;
    - Hemaýata mätäçligi anyklaýjy toparyň maýyplygy bellemek baradaky güwänamasynyň nusgasy;
    - kesel anyklanmasyny we bejermegiň möhletlerini görkezmek bilen, maýyplygyň bellenilen halatyny tassyklaýan, möhür bilen güwä geçilen saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty (saglygy goraýyş kartasyndan göçürme), bejermegiň ähli döwri üçin keseliň taryhyndan göçürmesi;
    - ätiýaçlandyrylan şahsyň şahsyýetine güwä geçýän resminama.

Giňişleýin maglumat almak üçin Size amatly bolan usul arkaly bize ýüz tutup bilersiňiz