Ulaglaryň ähli görnüşleriniň ýolagçylarynyň, howa ulagynyň ekipažynyň agzalarynyň, demir ýol, deniz, içerki suw we awtomobil ulaglarynyň işgärleriniň hökmany döwlet ätiýaçlandyrmasy

Ýolagçylary we ekipažlaryň agzalarynyätiýaçlandyryşy şahsy görnüşleriň biri bolup durýar, betbagtçylykly hadysa netijesinde ýolagçylaryň we ekipažlaryň agzalarynyň ömri we saglygy bilen baglanyşykly şahsy bähbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar. Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasynyň satyn alynmagy bilen, Siz özüňizi halkara, şäherara we şäherýaka gatnawlarynda, ekskursiýa, syýahat edilende we gezelenç ugurlarynda we suw giňişliklerinde ulag serişdelerinde ýolagçy ýa-da ekipaž agzalary hökmünde garaşylmadyk ýagdaýlardan we harajatlardan gorarsyňyz.

Hasaplaň

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

Ulag serişdelerinde, şeýle hem oňa münende we/ýa-da ondan düşende.bolup geçenbetbagtçylykly hadysalardan

Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?

haýal etmän ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galmanýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli

Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?

  • ätiýaçlandyryş pul möçberiniň tölenmegi hakyndaky arza

  • ätiýaçlandyryş şahadatnamasy

  • Ätiýaçlandyrýan ýa-da ulag kärhanasy tarapyndan ulag serişdesinde bolup geçen betbagtçylykly hadysa hakynda düzülen ykrarhatyny

  • Ätiýaçlandyrylan şahsyň şikes almagy boýunça bejeriş hakynda saglygy goraýyş edarasynyň delilhaty

  • Ätiýaçlandyrylan şahs bolup durýandygyny tassyklaýan petek (ýol resminamasy) ýa-da başga bir resminama

  • ätiýaçlandyryş pul möçberini almaga hukugy bolan şahsyň şahsyýetine güwä geçýän resminama

Giňişleýin maglumat almak üçin Size amatly bolan usul arkaly bize ýüz tutup bilersiňiz