Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlaryň saglygyny meýletin ätiýaçlandyryş

Daşary ýurtlara gidýän raýatlary ätiýaçlandyryş şahsy ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, daşary ýurtlarda bolýan wagtyňyzda tötänleýin kesellemegiňiz ýa-da betbagtçylykly ýagdaý ýüze çykmagy netijesinde ömre we saglyga ýetirilen zelel onuň obýekti bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş polisini satyn almak bilen, siz daşary ýurtlarda bolýan wagtyňyzda tötänleýin keselläniňizde ýa-da betbagtçylykly ýagdaý ýüze çykanda özüňize kömek edip bilersiňiz.

Hasaplaň

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

duýdansyz kesellemekden ýa-da betbagtçylyk hadysalardan

Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?

ätiýaçlandyryş polisinde görkezilen telefon belgisi boýunça Ýardam etmek boýunça kompaniýasyna habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli

Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakda arzany

  • ätiýaçlandyryş şahadadatnamasyny (polis)

  • ätiýaçlandyryş halatyny, keseliň teswirini, saglygy goraýyş netijenamasyny, keseli bejermegiň, satyn alnan dermanlaryň, çykdajylaryny tassyklaýan resminamalary bermeli

  • (Ätiýaçlandyrylan şahsyň aradan çykan halatynda) aradan çykandygy hakynda şahadatnamasynyň kepillendiriş tertibinde güwä geçilen nusgasyny

  • mirasa bolan hukuk hakyndaky şahadatnamasyny

Giňişleýin maglumat almak üçin Size amatly bolan usul arkaly bize ýüz tutup bilersiňiz