Ipotekany meýletin ätiýaçlandyryş
Ipoteka ätiýaçlandyryşy emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, gozgalmaýan emläk: binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary, öýler, beýleki emläk toplumlary we başga emläkler onuň obýekti bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň polisiniň bolmagy, size karzyň öz wagtynda gaýtarylmagyna we karz obýektiniň abat galmagyna kömek eder.
HasaplaňBiz nämeden ätiýaçlandyrýarys?
ýangyndan ýa-da ýangyn netijesinde ýetirilen beýleki zelelden; tebigy heläkçiliklerden: ýer titremesinden, wulkanyň atylyp çykmagyndan ýa-da ýerasty oduň täsirinden, ýer süýşmeginden, dag ýumrulmagyndan, ýyldyrym urmagyndan, silden, harasatdan, tupandan, tüweleýden, suw basmagyndan, suw joşmagyndan, ýerasty suwlaryň galmagy zerarly suw almagyndan; suw geçiriji, lagym, ýyladyş ulgamlaryndan we ýangyn söndüriş ulgamlaryndan suw arkaly emläge zelel ýetmeginden; gapy döwülip ogurlyk edilmeginden, talaňçylykdan we garakçylykdan; dolandyrylýan uçýan zatlaryň ýa-da olaryň döwük-ýenjikleriniň emlägiň üstüne gaçmagyndan; üçünji taraplaryň hyýanatçylykly hereketlerinden.
Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?
haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara (derňew, kazyýet, polisiýa ýa-da başga edaralara) habar bermeli
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar
-
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli
-
ipoteka baradaky şertnamanyň göçürme nusgasyny bermeli
-
gozgalmaýan emläk üçin hukuklaryň bir bitewi jemagat sanawynda eýeçilik hukugynyň we girew hukugynyň bellige alnandygyny tassyklaýan resminamany bermeli
Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?
-
ätiýaçlandyryş halatynyň hakyndaky arzany
-
ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny (polis)
-
ygtyýarly edaralaryň ýüze çykan wakanyň sebäbi we häsiýeti hakynda netije çykarmaga mümkinçilik berýän resminamalaryny
-
ygtyýarly gurama tarapyndan düzülen abatlamagyň dikeldiş bahasynyň hasaplamasyny
-
ätiýaçlandyryş halaty hakyndaky ykrarnamasyny
-
zeper ýeten ýa-da ýok edilen emlägiň suratyny