Ulag serişdelerini meýletin ätiýaçlandyryş
Ulag serişdelerini ätiýaçlandyryş emläk ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir. Ätiýaçlandyrýanyň ulag serişdesine eýelik etmegi, peýdalanmagy, ygtyýar etmegi bilen baglanyşykly emläk bahbitleri ätiýaçlandyryşyň obýekti bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň şahadatnamasy Siziň ulag serişdäňizie ýetirilen zyýan üçin ýüze çykan harajatlardan gorar.
HasaplaňBiz nämeden ätiýaçlandyrýarys?
Heläkçilikden, tebigi betbagtçylykdan, ulag serişdesiniň ogurlanyp alnyp gidilmeginden, ýangyndan, öz özünden ot almagyndan, betbagtçylykly hadysalardan
Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?
Haýal etmän ýöne 3 (üç) iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna habar bermeli
Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar
-
Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna ýazmaça görnüşde arza bermeli
-
Ulag serişdesini gözden geçirmek üçin görkezmeli.
Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?
-
ätiýaçlandyryş şertnamasy baglaşylandaky ulag serişdesiniň fotosuratlary
-
ätiýaçlandyryş halatynyň ýüze çykanlygy hakyndaky arza
-
ätiýaçlandyryş şahadatnamasy
-
polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň, derňew edaralarynyň ýa-da beýleki degişli edaralaryň güwänamasyny
-
polisiýadan güwänama (eger-de ulag serişdesi ogurlanyp alyp gidilen bolsa)
-
ulag serişdesiniň abatlaýyş işleriniň hasaplamasyny
-
zaýalanan ulag serişdesiniň fotosuratlary
-
bellige alnanlygy hakynda güwänamanyň göçürme nusgasyny
-
sürüjilik şahadatnamasynyň göçürme nusgasyny