Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylaryň raýat-hukuk jogapkärçiligini meýletin ätiýaçlandyryş

Halkara ýük daşamalaryny amala aşyrýan daşaýjylarynyň raýat-hukuk jogapkärçiligini ätiýaçlandyryş emläk taýdan ätiýaçlandyryşyň görnüşleriniň biridir, ýük daşaýjylaryň halkara ýükleri daşalan mahaly göz öňünde tutulan amallary ýerine ýetirmegi netijesinde ýüze çykan zeleliň öwezini dolmak barada gümrük edaralarynyň öňündäki borçnamasy onuň obýekti bolup durýar. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň ätiýaçlandyryş polisi size gümrük edaralarynyň öňünde ýük daşaýjynyň jogapkärçiligini goramaga kömek eder.

Hasaplaň

Biz nämeden ätiýaçlandyrýarys?

gümrük edaralarynyň öňündäki jogapkärçiligi.

Ätiýaçlandyryş hadysasynda näme etmeli?

haýal etmän, ýöne 3 iş gününden gijä galman ýazmaça görnüşde ätiýaçlandyryş guramasyna we degişli edaralara ( derňew, kazyýet, içeri işler ýa-da başga edaralara) habar bermeli.

Ätiýaçlandyryş şahadatnamasyny almak üçin talaplar

  • Döwlet ätiýaçlandyryş guramasyna arza bermeli

  • ýol-ulag serişdesiniň gümrük möhürleri we plombalary astynda halkara ýük daşamalaryna göýberilendigi hakyndaky şahadatnamanyň nusgasyny görkezmeli

Ätiýaçlandyryş möçberini tölemek üçin zerur resminamalar?

  • ätiýaçlandyryş halaty hakda arzany

  • ätiýaçlandyryş şahadadatnamasyny (polis)

  • ätiýaçlandyryş halaty boýunça ykrarnamasyny

  • awtoulag nakladnoýlary hasaplary we harytnamalary ýük manifestlerini HÝD kitapçalarynyň nusgalaryny

  • jerime salnandygy hakynda gümrük edaralarynyň kararyny

  • ýüküň ýok edilmegini, ýetmezligini, ýitirilmegini subut edýän ýazmaça subutnamalaryny, hukuk goraýjy edaralarynyň delilnamasyny

  • waka hakynda sürüjiniň ýazmaça düşündirişini

  • zeper ýeten ýüküň suratlaryny

Giňişleýin maglumat almak üçin Size amatly bolan usul arkaly bize ýüz tutup bilersiňiz